10:54 Döwür, adamlar, wakalar: Ýakymsyz äheňler | |
ÝAKYMSYZ ÄHEŇLER
Ýatlamalar
• Illi kör Ol Merjeniň ileri ýanyndaky Müjewür obasyndandy. Onuň daş sypaty bigelşikdi: ýüzi egridi, burny gyşykdy, gözleri pomidor ýaly gyzarar durardy. Ýöne näme-de bolsa sag wagty adamkärçiligi ýaman däldi. Ol rewolýusiýadan ozal rus-ýerli mekdebinde ganymat sowat alan adamdy. Maryda edaralaryň birinde dilmaç bolup işleýärdi illi körden oňat ýazyp bilýän ýok diýip ilat arzadyr hat-petegini şoňa ýazdyrardy. Ýöne welin günüň ikinji ýarymynda Illi körüň sag wagtyny tapaýmak aňsat däldi. Ol her gün ertir bilen Merjeniň ortarasyndaky ýol bilen eşekli ýa-da ýabyly şähere baka aman-sag geçip giderdi. Emma giç öýlänler baryp demir ýoluň ýeňsesinden onuň “kursak propal” diýen orsça-türkmençe sögünç gatyşykly sesi eşidilip ugrardy. Indi onuň eşegem-ýabysam bolmazdy. Käte boýnundan asylgy horjuny bolardy. Adamlar: “Illi körüň eşegi” ýa-da “ýabysy bireýýäm geçip gitdi” diýip gülüşerdiler. Şeýdip Illi kör Merjeniň deňine ikindi bilen agşamyň aralygynda zordan ýeterdi. Biz çagalar “Illi kör gelýär-de, Illi kör gelýär” bolşup, ylgap ýola çykardyk. Ýöne onuň golaýyna baryp bilmezdik-de, ep-esli ýerden garama-garama yzyna düşerdik. Ol bolsa bir zat-bir zat diýerdi, süýkdürip aýdym aýdardy, birdenem hapa-hapa sögünerdi-de, zörledip aglardy. Soň birneme köşeşip, “waý, gursak propaleý-ý” diýerdi-de, uludan demini alyp, daşyna köwerjekläp bir durardy. Şonda biz: “Ind-ä birneme özüne gelýär öýdýän, obanyň içindedigini aňlaýan bolara çemeli, bolmasa Massuryň ýanyndaka “waý, gursak” diýmän, diňe “kursak propal” diýýä diýşip pyşyrdaşardyk. Şol barmana ol “Hä-ýý-ý!” diýip bize baka barmagyny çommaldanda biz dyr-dagyn bolup gaçardyk. Emma onýança onuň öwrüljek bolanda entirekläp, güpüläp ýykylanyny görüp, ýene-de yzymyza gaýdardyk-da, onuň golaýyna baryp serederdik. Ol guma bulaşyp ýatyşyna öz-özi bilen gepleşerdi, kimedir bir zatlar diýerdi. “Marusýa, Nadenka, ýa, ty, peý, gulýat” ýaly sözleri köp aýdardy. Ol käte şol ýatyşyna harlap uklap galardy. Käte bolsa ýerinden turup entirekläp giderdi. Elbetde Illi körüň öýüne näwagt barýanyny bilýän ýok. Emma welin ertesi irden ol ýene ýabyly ýa-da eşekli şähere geçip barýandyr. Günsaýyn diýen ýaly şeýledi... Illi kör pahyr ir aradan çykdy. Ýatan ýeri ýagty bolsun. Ýöne ol heniz garry däldi, kyrka ýeter-ýetmezdi. Arak onuň ölümini çaltlaşdyran bolsa gerek. • Aky pýan, Ybr jan Elbetde, şol wagtlar oba adamlarynyň arak içýäni örän seýrek bolardy. Ýek-ýarym bolaýanda-da ilat olara “pýan” lakamyny dakardy. Şolaryň birem merjenli Aky pýandy. Ol şäherden içip gelen badyna ozaly bilen öýüne barman, adybir garyndaşlary peltekleriňkä baryp, olaryň hemmesini gyran-jyrana salardy. Olara agzyndan gelenini porsap-porsap içini gowzadanyna-da kaýyl bolman, peltekleriň haýsy biri eline ilse, ýakasyndan tutardy-da, halta silkelän ýaly silkeläp başlardy. Aýal-oglan-uşak bary yzanda-çuwan daşary çykyp, gowurga düşen garynja ýaly iki ýanyk ylgaşardylar. Şeýdip göwün solpusyndan çykandan soň ol hiç bir zat bolmadyk ýaly öýüne baka giderdi. Beýle ýagdaý her gün diýen ýaly bolardy. Özünem Aky pýanyň Illi körüňki ýaly belli bir wagty bolmazdy. Ertir irdenem içip geläýerdi, günortanam, öýlänem, agşamam galmagal turubererdi. Munuň sebäbini soranymyzda, Aky bilen peltekleriň gaýyn-guda gatnaşyklary bolup, aralarynda bir näsazlyk, kitüw galypmyş diýerdiler. Akynyň başga kişi bilen işi bolmazdy. Onuň arak içişiniňem kän ugry bolman, ýöne peltekleriň üstüne dökülmek bahanasy bilen edäýýärmişin diýerdiler. Aky barypýatan neşekeşdi, özüniň tirýekhanasy bardy. Şoňa garamazdan, il oňa Aky pýan lakamyny goýupdy. Beýle “hormata” ol arak içip ýöreni üçin däl-de, eýsem ýaňky galmagallary zerarly eýe bolupdy. Merjen “pýanlaryň” beýlekisi Ybrdy. Ilat oňa Ybr pýan diýmän, Ybr jan diýerdi. Kelçikligi üçin Ybram lüt tirýekidi. Emma güni erbet däldi. Şähere gatnap söwda-satyg ederdi. Il ýüzüne deridir-telpek söwdasyny edýänem bolsa, aşaklyk bilen tirýek satýarmyş diýerdiler. Näme-de bolsa bütin ömrüne süňňüni gyzdyryp işlemändir. Ýöne ol, iliň aýdyşy ýaly, “işi ugruna” adamdy. Örän tibitje geýnerdi. Gyrmyzy don, galbiri jalbar, ýakasy bejerilgi keteni köýnek, ak telpek bilen jam börük, keteni guşak, “emirkän” köwüş... Muňa şol wagtlar “ahal” nysagy, ahal modasy diýerdiler. Ybr günde-günaşa şähere gidip, ikinnin aralar gaýdyp gelerdi. Ol şäherden oba gelýänçä ýolda palança hili üýtgärdi. Ynha görseň donuny ýasgynjak alyp, guşagyny selle edinendir-de, telpegini eline alandyr. Bir görseň donuny eline alyp, guşagyny boýnundan asyp gelýändir. Uzagrakdan tanyş-biliş adamlary görse, görmedik bolup, içipdir diýdirmek üçin yraň atyp, entireklän bolup başlar. Birdenem öz-özi bilen gepleşip orsçalap bir zatlar diýen bolar. Şol barmana merjenlilerden biri gabat geläýse, şol wagtyň belliräk gullukçylaryndan kimleriňdir adyny tutup, şu gün şolar bilen oturyşandygyny, haýyş edip duransoňlar ýüzlerinden geçip bilmän, olaryň öýlerine barandygyny, olaryň göwnüni ýykmaýyn diýip birneme içendigini öwünip gürrüň bererdi. Şol barmana birdenem: Şäher gezýän aýlanyp, Ilden-günden saýlanyp, Keýpim kökläp gaýdýaryn, Endam-janym peýlenip – diýip gygyryp başlardy. Merjene golaýlaşdygyça onuň sesi has batlanardy. Massuryň ýanyna gelip edil demir ýoluň ötüginiň üstüne çykardy-da, ýaňky zeýilli suwjuk aýdymlaryny gaýtalardy. Onýança kiçi göwünli okolodoçnik-master Fedor pahyr gelerdi-de: “Polno-polno, Irbrçik, zaçem tak, zaçem tak, poýdýom domoý” diýip, Ybry goltuklap öýüne baka ugradardy. Onuň ogly, burnuny merezýel alan uzynak Stepan bolsa “Poýdýomte dýadýa Ibr” diýip ony öbüne eltip gaýdardy. Ana şonda Ybr jan bolubilmäji bolardy. Onuň: - Dat-dara-dam, dat-dara-dam, Bilýäňizmi, gelýän kim! diýen garyljyk inçe sesi tä öýüne girýänçä geler durardy. Bu ýagdaýy gören käbir adamlar: “Heý, toba tagsyr, ilden utanyp, Hudaýdan gorkmasaň, näme etseň edip ýörmeli-dä!” diýip, ýakalaryna tüýkürerdiler. Aglaba halk bolsa: “Guýma gursak bolmasa, dürtme gursak neýlesin” nakylyny ýatlardy-da, “Aý, näme, Ybr jandyr-da” diýşip gülüşer ötägiderdiler. Ybr ýaňky zeýilli fokuslaryny soňabaka ýöne suw içibem ediberermişin diýerdiler. • Welnepesler Welnepes Merjeniň içindäki dik ilerligine geçip gidýän ýoluň günbatar boýunda, demir ýola golaý çägesöwje ýerde oturýardy. Nobura mal-hal ýakmaga gidilýän ýoda hem şonuň öýüniň düýbünden geçerdi. Welnepes barypýatan garypdy, ýeri-suwy ýok diýerlikdi, güni agyrdy. Bir garaja öýi bolardy, içi towuga ýükläýmelidi. Işiginde bolsa jotdaja eşek güne jyzrap syryljar durardy. Welnepesiň aýalyna Mama diýerdiler. Welnepes elliden agan, aýalam şol töwereklerdi. Olaryň dört ogly bardy. Ulusy Möwlam öýli-işikli özbaşyna ýaşardy, atasyndan habaram tutmazdy. Galan üçüsi haky, Seýpil hem Çörli ata-enesiniň ýanynda ýaşaýardylar. Käte-käte bu maşgalanyň güni galmagal bilen geçerdi. Güni bir bolsa urşy ikidi... Aý, men-ä, üç-dördem barmydyka diýýärin... Birden ir-ertirem, giç agşamam, günortanam “walalaý-walalaý” bolubererdi. Şonda il-gün “Welnepesler-ä başlady!” diýerdi. Özünem soňunyň uzaga çekjegine hemme kişi boýundy. Sebäbi Welnepesler galmagallaryny ara kesip-kesip, dynç alyp dowam ederdiler... Ynha, birden görseň aýakýalaň, başaçyk Welnepes eli kerpiçli, ýapyrylyp, ogullarynyň biriniň yzyndan kowalap: “Häý, doňuzyň çagasy, sen Haky bolsaň, men sokudyryn! Ýagşy-da bir... iýipsiň. Tapdyň bu ýerde oýunjagyňy. Gözüňe gül salaryn. Hany, dur-da indi çöpdüýbi!” diýip porsap barýandyr. Aýaly bende bolsa onuň yzyndan: “Welnepes, ile betnam bolduk-la, beýtmesene!” diýip, hünibirýan ýalbaryp tasap barýandyr. Ol pahyryň telper börügi ýere gaçyp, bş bogusynyň yzyndan süýrenip ýelk-ýelk edip bökýär-de, kiçijik tozan turuzýar. Ol tozan Welnepes bilen oglunyň tozanyna goşulyp, Mamanyň börügini gaplap alýar-da, soňabaka börtük rezin pökgi ýaly gaýmalyp käýarym göze ilýär. Welnepes aýalynyň töwellasyny alman, haşylap ylgamasyny dowam edýär. kerpiji aýlap salýar welin ýetenok, sebäbi ara daş. Gaçyp öýüň daşyna aýlanyp ýören ogly käte yzyna seredip kakasyna dodagyny çöwürýär. Şonda Welnepes dergazap bolup, iň soňky güýjüni ýygnap, ädimini ýygjamlaşdyrýaram welin, ogly niresindendir bir ýalaňaç gamany çykaraga-da, yzyna öwrülýär-de, atasyna baka topulýar. Daljygyp gelýän Welnepes gamany gören badyna kürtdürip bir durýar-da, “be-be, muny görle-muny görle” diýip götinjekläp başlaýar. Onçança Mama eje-de yzlaryndan ýetip, ataly-ogul ikisiniň arasyna düşýär. Ogly “goýber eje, muny ykjam kaklaýyn” diýip dyzaýar. Halys eňkamy giden Welnepesiň ýaňky ýagdaýy görüp duran beýleki ogullarynyň hiç birem gatyşman käte ýöne “ölüşiň bakaly” diýerdiler-de, beýleräkde özara gürrüň edişer oturardylar. Olaryň bu bolup oturyşlaryny gören Welnepes edil otly köýnek geýen ýaly hasam ýanyp-bişerdi. Zordan ýerinden turup, daş-töweregine garanjaklardy. Soňra bolsa, ösüp giden kirli ak saçyny sypalap, syh-syh bolup duran köselenç kepje sakalyny ýokary galdyrardy-da, eňegini sandyradyp: “haý, perreň eşitgin haw! Men köp ogully bidöwletdirin haw! Bularyň her birisi erte daýysy ýaly deşli gara gedaý bolup ýetişer, başga zada ýaramazlar haw!” diýip uly ili bilen gygyrardy. Ine şondan soň olaryň hemmesi köşeşerdiler-de, äbede-jüýbe boluşardylar. Emma bu imi-salalyk gaty uzaga çekmezdi. Dem-dynç alyşansoňlar ýene galmagala başlardylar. Ýöne indi, bu gezek kowalanýan başga ogludyr, Welnepes bolsa oňa: “...sen Seýpil bolsaň, men keýpildirin!..” diýip gygyrýandyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |