13:19 Döwür, adamlar, wakalar: Ilkinji ýatda galan zatlar, ilkinji ädimler... | |
ILKINJI ÝATDA GALAN ZATLAR, ILKINJI ÄDIMLER...
Ýatlamalar
Men ejemiň we kakamyň keşbini göz öňüne getirip bilmeýärin. Çagalyk döwrümiň Tejen bilen baglanyşykly hiç bir tarapy-da açyk ýadymda ýok. Ýöne näme-de bolsa, bir-iki sany zat edil düýşümde ýaly çala ýadymda bar... Birinjisi: öýüň içi, keçäniň üsti. Aýagymyň başy akyp dur. Umsa meni göterjek bolýar... Ikinjisi: Men bir aýalyň elinde otyryn. Aşakda bir adam otyr, onuň kellesi edil tamdyryň agzyndan görünýän ýaly bolup dfur. Ol käte ýokary galyp, ýene oturýar. Ýaňky iki görnüş barada soň-soňlar enemden soranymda, ol birinjisiniň Tejende bolup biljekdigini, şol ýerde meniň sag aýagyma peşehorda çykyp, köp wagtlap heläk edendigini, enem ýekelli bolansoň, daş-iç çykanda meni Umsa tabşyryp çykmaly bolýandygyny aýdardy. Ikinjisini gürrüň berenimde bolsa ol gülerdi-de: “Munyň-a otlyň içinde bolmaly. Tejenden göçüp gaýdanymyzda magunyň aşagynda ýer bolmady. Ogsoltan jan seni goltugyna alyp ýokary çykdy. Aşakda bolsa bir-iki sany papakly otyrdy. Ana ýaňky diýýäniň şolar bolar” diýerdi. Mara göçüp gelenimizden soň meniň ilkinji ýadymda galan zat, işigimizdäki tam kepbeden daş çykyp, girip gulpagyny tasadyp ýören keltejik gara gyzdy. Soň görüp otursam ol gyz Molla kakamyň talabany Gulamyň ýaşajyk aýaly Leýla bolup çykdy. Olar şol wagtlar Molla kakamyň edil biziň öýümiziň işigindäki kepbesinde ýaşaýar ekenler. Soňra: çigrejik howa. Men düýe ýatagynyň işigine baka barýaryn. Bir uly gyz yzyma gaýtarýar-da, öýüň gapdalyna söýenip oturýar. Ýatan kesegi alyp ýaňky gyza zyňýaryn. Onuň topugyna degýär. Aýagyny tutup ýerinden turýar, aglamjyraýar... Yzy ýadymda ýok. Bu gyz Molla kakamyň uly gyzy Küti bolmaly. Şol wagtlar ol on-on iki ýaşlarynda ekeni. Gözümiň öňünden gitmeýän ýene bir pajygaly waka. Maňlaýy ak uly gara it. Men ony synlaýaryn. Burny kesik bir adam ol iti ilerki ýabyň boýundaky uly tala daňdy-da, onuň kellesine palta bilen urup başlady. It erbet ses edip dyzady-dyzady-da, iň soňunda ýaňky adama baka bir seredip ýere ýykyldy... Hoja, Eziz dagymyz beýleräkde seredip duran ýerimizden gaçyp gaýtdyk... Mäter molla kakamyň Garabaý diýen itini öldüripdir. Ol it köp uwlaýan ekeni. Mäteriň burnuny merez ýeli alypdyr. Gyzykly bir zat. Başdaňysy gyzyl jümjüme bir garry aýal öz-özi bilen gepleşip obanyň arasynda aýakýalaňaç onda-munda gezip ýör. Men bu kim diýip enemden soraýaryn. Enem: “Bu pahyra Sakawja diýerler. Birneme üýtgäpdir. Ol hor ilerki goç işanyň enesi bor” diýýär. Men ondan, näme üçindir: “Ene, Sakawjaň göbek enesi kimkä?” diýip soraýaryn. Enem: “Älhepus, dünýämjan, süýt soran ýaly soradyň-ow. Men-ä biljek däl, şonuň göbek enesi sen bolaýma?!” diýip gülýär. Ýene-de: Düýeli gidip barýarys. Howa yssy. Köplük, gala-gopluk. Ikindin aralar bir ýere baryp düşýäris. Nätanyş adamlar: aýal-erkek, oglan-uşak. Basym düýäniň agarany bilen nan berýärler. Nany agarana batyryp iýýärin. Baran ýerimizdäki başga wakalar ýadymda ýok. Soň görüp otursam, bu 1918-nji ýylyň tomsy, graždanlyk urşy döwründäki birinji gaça-gaçlyk bolup çykýar. Şonda biziňkiler Molla kakamyň Hojaýaply burkaz aşnasy Aşyr agalara gaçyp barypdyrlar. Şonda bolşewik we menşewik sözleri köp eşidilýärdi. Menşewige “garageýim” hem diýilýärdi. Ýene bir gaça-gaçlyk. Ýaňy yssy düşüp ugrapdy. Enem işikde ikindi namazyny okap otyr. Beýleräkde Baýly kakam iki sany eşege dürli öý goşlaryny (keçedir palas ýorgan-ýassyk, gap-gaçdyr tüňçe-çäýnek) ýükläp dur. Umsa oňa kömekleşýärdi. Men bolsam öýe söýenip hybabaýlap, gyzdyrma tutup otyryn. Baýly kakam eşeklere ýük urup boldy-da, eneme garap: “Hesel eje, basymrak ugraweräli, ynha hä diýmän otly gelmeli diýýärler. Bilip bolmaz, garageýim massurda durup oba çozaýmagam ähtimal” diýdi. Enem, namazynyň soňky süresini okap gutardy-da: “Baýmuhammet, hanym, meniň dogamy bölme. Ynha agşam namazynam bir okaýyn, onsoň kere-mara ugrabereris” diýip, namazlygyň üstünde şol oturşyna gozganman, ýene doga okap başlady. Baýly kakam alaçsyz garaşmaly boldy. Enem agşam namazyny okap gutaransoň çaklaňrak bir çäýnegi gatykdan dolduryp, daşyny ykjam sarap daňdy-da, içine saldy, bir nanam göni iki epläge-de galyň ýüň guşagyna gysdyrdy. Şondan soň Umsa ikimizi bir eşege mündürdiler. Beýleki, ýüki has köpräk eşege enemem münmedi, Baýly kakamam. Ol eşegi sürüp, Baýly kakam öňden ýöräp, enem bolsa onuň yzyndan biziň münüp oturan eşegimizi sürüp ugrady. Şeýdip iňrik garalanda ýola düşdük.. ýolda enem maňa bir-iki ýerde gatyk içirdi. Umsa nan döwüp berdi. Barjak ýerimize, Mollameläniň ileri golaýynda gum içinde burkaz işanlarynyň obasyna gijäniň bir pillesi bardyk. Bu indi 1919-njy ýylyň maý aýy bolmaly. Şol obada näçe wagt bolanymyzy bilemok. Ýöne şol ýerde bolan bir waka häzirem gözümiň öňünde dur. Süýr günortanlar oba bir topar atly döküldi. Olaryň birentegi başlary çişmek kazak telpekli, gysgajyk murtly. Öýün-öüýn aýlanyp erkek adamlary öňlerine salyp, obanyň ýeňsesindäki metjidiň ýanyna ýygnadylar. Gidip barýarkalar “doňuz ogly” diýip sögýärdiler, atyň öňüne düşüp barýanlaryň käbirine gamçy salýardylar. Bir salymdan soň ýygnalan adamlaryň aglabasyny metjidiň içine salyp, agzyna dört-bäş atlyny goýdular. Galanlary bolsa bölünişip ýedi-sekiz adamyny öňüne salyp, dürli taraplara dagadylar. Şolaryň arasynda Molla kakam bilen garry Ýaýlym hojam bardy. Olaryň kellelerine gamçy bilen urup “doňuz ogly, derrew düýeleri tap!” diýip gygyrýardylar. Näçe wagt geçenini biljek däl, emma kem-kemden ýaňkuy äkidilen adamlaryň her birini bir atly öňüne salyp getirip, metjidiň agzyndaky atlylara tabşyryp gidýärdi. Iň soňunda bolsa metjidiň agzyndakylar her bir ýana baka at salyp ugradylar. Olar obanyň töwerek-daşyndaky ähli düýeleri ýygnap sürüp äkidipdirler... Oba adamlary ýaňky atlylar barada: “Bular bolşewikden basylyp gaçyp barýan “garageýim” bilen Goçgulynyň talaňçylary bolmaly” diýişýärdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |