11:34 Döwür, adamlar, wakalar: Dürli owazlar | |
DÜRLI OWAZLAR
Ýatlamalar
• Aýdym sesi Biziň çagalyk ýyllarymyz türkmen obasynda radio, kino, teatr, konsert we ş.m. zatlar bolmazdy, ýöne Merjende ir ertir-giç agşam ýek-ýarym aýdym sesleri eşidilip durýardy. Amansähet işanyň aýdymy aýratynam ýakymlydy. Ol obanyň demirgazyk-günbatar böleginde ýaşaýardy. Hiç bir saz guralyny ulanman, ýöne aýdym aýdardy. Onuň aglaba aýdymlary daglar, çöller, aýralyk, dogan-garyndaş, ýekelik, hossar, perzent baradaky liriki-gahrymançylyk aýdymlary bolup, olary ajaýyp ýumşak ses bilen birneme gaýgyly-zarynrak äheňde aýdardy. Özünem hut ertir namazy töwereginde, soňam ýassynyň yz ýanyndan aýdardy. Howa arassa, bütin daş-töwerek bolsa imi-salalyk bolany üçin onuň örän daşdan gelýän ýaly bolup eşidilýän mylaýym heňi uzak wagtlap ýaňlanar durardy. Elbetde, Amansähet işan iliň öňünde ýörite aýdym aýdyp ýören adam däldi. • Saz-söhbet Merjen obasynda dutardyr gyjak çalýan ýokdy. Tüýdük çalýan, oňa goşup aýdym aýdýan bardy. Tüýdükçileriň iň ökdesi Söýün “kördi”. Onuň gözi hamyşrak bolany üçin şeýle diýilýärdi. Emma has ýörgünli ady Söýün handy. Söýün dogrudanam ökde tüýdükçi bolsa gerek, sebäbi ony goňşy obalara, hatda Semennikdir Sugty, Çöňürdir Akýap ýaly uzagrak ýerlere-de çagyryp äkidýärdiler. Onuň çalýan heňlei dürli-dürlidi, dürli ugur hem ýollara eýerip çalýardy, emma hemmesem ýakymlydy. Söýün ýany bilen aýdymçysyz ýöne tüýdük çalanda hem ony sagatlap diňleýändikleri ýadymda. Söýüniň ýanynda aýdym aýdýanlaram ýok däldi. Olaryň iň ökdesem Ýazdy. Şol sebäpli olam Ýaz han adyny alypdy. Elbetde, gargy tüýdüge, özünem Söýün ýaly ökde tüýdükçä eýerip aýdym aýtmak aňsat iş däldi. Şonuň üçinem onuň ýanynda käte Gurban tokgadyr Öwezdurdy möle ýaly käbiri hiňlenenem bolsa, ýöne şeýle, ýokdan gowy hasabynda diňlenerdi. Emma Ýazyň bar wagty olardan seza çykmazdy. Ýazyň goýy hem ýumşak belent sesi tüýdügiň howalanç hallan atýan owazyndan “basylmaýardy”, sazlaşykly goşulmak bilen, oňa itergi berýän, has batlandyrýan ýaly duýulýardy. Toýa-tomga çagyranlarynda Söýün bilen Ýazyň ikisinem bilelikde alyp gitmek alajyny ederdiler. Elbetde, olaryň ikisem “professional” sazanda hem aýdymçy däldiler. Olara hiç kim bagşy hem diýmeýärdi. Olar häli-şindi il içine aýlanybam ýörmeýärdiler. Öz güzeranlaryny daýhançylyk (ekin, mal-gara) arkaly görýärdiler. Özlerem gurply adamlar däldi. Şoňa garamazdan, saz-söhbet diýlip ýüz tutulyp barylanda aňryujy ýagdaýlary bolsa myzaýyk etmezdiler. Ýöne pul gürrüňini orta atmazdylar, taňryýalkasyna hyzmat ederdiler. Oba adamlary munuň beýle bolmagynyň sebäbini Ýazyň kakasy Durdymyrat ahallynyňam, Söýüniň agasy Gurt kembagalyňam örän kanagatly, hakyna kanu adamlar bolup, olary-da şol äheňde terbiýeländikleri bilen düşündirýärdiler. Dogrudan-da, Söýüniňem, Ýazyňam adamkärçilikleri artykmaçdy. Olar ýumşak hem sada adamlardy. Merjenliler heniz-henizlerem olary hormat bilen ýatlaýarlar. Obamyzda birnäçe Nazar atly bardy. Şolaryň biri juda keltejik, emma tokarjady. Oňa Nazar tokga diýerdiler. Belki, Nazar kelte ýa-da Nazar gysga diýenden, Nazar tokga diýmek gelşikliräk bolýandyr-da, biljek däl. Ine şu Nazar dilli tüýdük çalardy. Ýöne ol diýen ökde tüýdükçi däldi. Ony diňleýänlerem köplenç maçdarak oglanlar bolup, olaram ýöne tüýdük owazy üçin däl-de, Nazaryň gürrüňçiligi, degişgen hem bälçikligi üçindi. Öýli-işikli epeý adam bolsa-da, Nazar çagalar bilen oýnamagy, bälçireşmegi gowy görerdi. Nazara gyzgyn nahary sowatman iýdirmek onuň girdeneje ejesi Dürsoltan eje bilen daýanykly görmegeý aýaly Ogulnäzik ikisine uly iş bolýardy. Olaryň: “Nazar, çaýyň sowady”, “Nazar çorba sowady” diýen çakylyklary, onuň bolsa “ynha bardym” diýen jogaby ir-ertirdir giç-agşam gaýtalanar durardy. Töwerekdäki adamlar bolsa: “Nazardyr-da, goý oýnabersin, onuňam boýy şolaryňkydan uzyn däl” diýşip ýylgyrşardylar. • Oýunlar Hawa, oýnaýanlar diňe bir çagalar ýa-da Nazar tokga däldi. Jahyllar, ýetginjekler, oglanlar üýşüp çilik, aşyk oýnardylar, guýruktutdy, gizlenpeçek, gözdaňdy, düzzüm oýnardylar, nobura suwa düşerdiler, şaldak oýnardylar. Göreşerdiler, itdir horaz uruşdyrardylar, ylgaşardylar, pökgi oýnardylar, eşek çapyşdyrardylar. Atbaşşa giderdiler, çelpek syrardylar. Oýun oýnamakda gelin-gyzlaram yzda galmaýardy. Olar agşamlaryna topar-topar bolup, giňişlik ýerlere çykyp ala-ýaz boluşardylar. Ylgaşardylar, böküşerdiler, pyrlanşardylar, läledir yhymmyl kakyşardylar, ýomak atyşardylar, gopuz çalyşardylar. • Gopuz hem läle sesi Merjende gopuzsyz öý bolmazdy diýen ýaly. Gopuz çalyşlygyna hatda sarydiş aýallaram gatnaşardy. Gelin-gyzlaryň arasynda özboluşly läle-gopuz ansamblyna “dirižýorlyk” edýänleri hem bardy. Hemmeler tarapyndan hormatlanýan oba gyzy Saparsoltan (lakamy Çotduk) läledir gopuzyň “piridi”. Şol wagtlar ýörgünli läleleriň: Il gelýär-ä il gelýär, Sandyk doly nil gelýär. Meniň dogan aýjemal Aýda-ýylda bir gelýär. Ýa-da: Elimden iňňäm uçdy, Bilmedim nirä düşdi. Meniň dogan Aýjemal Arkamyza dag düşdi. Ýa bolmasa: Ýaz gelýär-ä ýaz gelýär, Gök köýnekli gyz gelýär. Gök köýnegi dyzyndan, Atly ýetmez yzyndan. Ýeten aty ýorgadyer, Aýaklary çorgadyr. ýaly hünjülenç ritmleri gijäniň asuda howasyna aralaşyp, uzak ýerlere ýaýrap gidýärdi. Gopuzlaryň “gübür-gübür, dabyr-dabyr, şaýyr-şaýyr, doýr-doýr” sesleri batlana-batlana aňry çägine ýeterdi-de, bütin kalbyňy heýjana getiribererdi. • Darak sesi Dokma daragynyň sesem ýöne bir howaýy urgy sesi däldi. Onda hem belli bir ritm bar, sebäbi dokmanyň erşi özboluşly tar-kiriş roluny oýnaýar. Dogry, ýeke darak kakylanda ritm heniz ýaňlanyp ýetişmeýär. Şonuň üçinem ýöne “hüt-hüt” bolup duran ýaly duýgy döreýär. Emma köp darak kakylanda ritmler biri-birine sepleşip “Dabyr-dabyr, gübür-gübür” heňleri belentli-pesli öwran-öwran ýaňlanyp durýarlar. Şoňa görä-de güýçli gollar darak kakanlarynda beýleräginde diňläp dursaň, saz diňländen kem bolmaýar. • Kyssa Irki döwürde eşidilýän ýakymly owaz barada aýdylanda meniň gözümiň öňüne Annaseýit mollanyň kyssa okap oturyşy gelip, onuň saldamlyrak ýuwaştap sesi gulagymda ýaňlanyp gidýär. Annaseýit Rahmanberdi ogly Ýolöteniň Goýunjy obasyndan bolmaly. Şol wagtlar, ýagny ýigriminji ýyllaryň başlarynda ol elli ýaş töweregindäki adamdy. Molla kakamyň şol obadan aşnalary bardy. Olardan has köp gelip-gidýänlerine Keýmir hem Gurbandurdy diýerdiler. Gurbandurdy käte ejesi Bibi eje bilen gelip, birnäçe günläp bolup giderdiler. Annaseýit mollanam ana şol Keýmir dagy alyp gelipdi. Annaseýit molla diňe bir Talhatandyr Ýolötende däl, eýsem Pendide, hatda Mary etraplarynda tanalýan kyssaçydy. Ol molla kakamyňka gelende agşamdan tä daňa golaý diýen ýaly “Zöhre-Tahyr”, “Şabährem” hem “Gül-Bilbil” dessanlaryndan kyssa okady. Öýüň içi adamdan hyryn-dykyndy, işikde, öýüň töwerek-daşynda oturan, donuny ýasgynjak alyp tirsegine gyşaryp ýatanlaryň hetdi-hasaby ýokdy. Meniň göwnüme bolmasa, Annaseýit özüniň hoş owazy bilen adamlary melul edip, baglap goýan ýalydy. Dogrusy, men kyssa okalanyny şondan soňam diňläp görüpdim. Emma Annaseýit ýaly ussat kyssaça duş gelmedim. Ýeri gelende, umuman, ýigriminji ýyllaryň ortalaryndan başlap kyssa okamagyň köp ýaýrap ugrandygyny, aýratynam ýaşlaryň arasynda belli bir manyda “moda” öwrülendigini aýdasym gelýär. Munuň sebäbi bardy. Birinjiden-ä ilatyň arasynda sowatly ýaşlaryň sany köpelip ugrapdy. Ikinji tarapdan bolsa, Magtymgulynyň, Seýdiniň goşgular ýygyndysy, “Ýusup-Ahmet”, “Zöhre-Tahyr”, “Saýatly-Hemra” dessanlary neşir edilip başlanypdy. Onuň daşyndanam “Göroglynyň”, “Şabähremiň”, “Ymam Hüseýiniň” Daşkent, Samarkant we Gazan neşirleriniň käbir ekzemlýarlaryny tapyp göçürip almak başardýardy. Bu “moda” otuzynjy ýyllaryň başlaryna çenli diýen ýaly dowam etdi. Başga okara zat ýokdy, diňläre hem. Gide-gide gazet-žurnallaryň, dürli kitaplaryň oba aralaşmagy, gurjak teatrynyň-drama studiýasynyň soňra professional tetatryň döremegi, radionyň halk aýdym-sazlaryny berip ugramagy, onda-munda dramkružoklarynyň ýüze çykyp başlamagy bilen ýaňky kyssa “modasy” soňabaka gowşap gitdi. Ýöne men Annasähet mollanyň kyssa okaýşy ýadyma düşende, häzir biziň milli professional we halk sungatymyzda kyssaçylyk görnüşiniň seýrek duş gelýändigi barada käte pikirlenýärin. Belki, bu yzagalak pikirdir! Bilemok! Biziň garyndaşlarymyzyň içinde aýdym-saz bilen, kyssa bilen meşgullanýany ýokdy. Olaryň arasynda hiňlenip ýörenlerem ýadyma düşenok. Dogry, enem pahyr köp hiňlenerdi. Onuňam aglaba aýdýany gaýgyly: “Kap dagynda gezen kör döw, elindedir gara kesew”, “Aýlanha dünýe aýlan, ne gülen galar ne aglan” ýa-da hupbat siňen: “Mürzeweliň aty ýeser, gamçylasaň gaýra basar” diýen aýdymlardy. Bu aýdymlary ol bir hili agyr hesretli hem gynançly äheňde ýuwaşja ýakymly dury ses bilen aýdardy. Ol, umuman, Magtymgulynyň goşgularyny köp bilerdi, emma olary hiňlenip aýtman, wagyz-nesihat görnüşinde ýöne saz bilen aýdardy. Tejenli galdaw garyndaşlarymyzyň arasynda hem aýdym aýdýany barlygy ýadyma düşenok. Baýjan ýegenem aýdym aýtmaýardy, hiňlenmeýärdem. Gulmet ýegen hiňlengiçdi. Ýöne onuňam “repertuary” baý däldi. Ol köplenç allegorik manydaky “Garynjasy bolmasa how-w-w kümüşeý-ý-ý,ý mis olmaz” diýen tekstli aýdymy ýakymly ses bilen süýkdürip hiňlenerdi. • Gedaý sanawajy Meniň gulagymda galan täsirli owazlaryň arasynda oba gelýän käbir gedaýlaryň sanaýan sanawaçlary hem bar. “Esrek” diwana has-da tapawutlanvardy. Ol owganmydy, parsmydy biljek däl, türkmen-ä däldi. Ýüzüni mama dişän deşli garaýagyz adamdy. Ýaşy elli töweregindedi. Gapdalyndan serkeç bilen ep-esli suwkädi sallanar durardy, başy sellelidi. Kepjelenç mäşbürünç gür sakaly bardy. Ol birnäçe ýylyň dowamynda günde diýen ýaly gelerdi. Obanyň gündogar çetinden girip başlan badyna onuň sesi hemme ýerde eşidilerdi-de, tä çykyp gidýänçä obaň içine düşnüksiz sözler gatyşykly ýumşakdan ýognas ajaýyp ses owazy ýaňlanar durardy. Ol başga gedaýlar ýaly her bir öýüň işigine gelende sanamagyny täzeden başlamady-da, bir başlan heňini kesmän birentek öýe aýlanýardy. Şol barşyna kim çykyp zat uzatsa, ýüzüniň ugruna alardy-da, köp säginip durman geçibererdi. Sanawajynyň soňuny bolsa: “Sahyjan kabul etsin, heý bereketini Alla bersin!” diýen sözler bilen tamamlardy. Onuň ähli sanaýan zatlarynyň içinde diňe ýaňky sözler düşnüklidi. Biz çagalar tä ol obadan çykýança yzyndan galmazdyk. Ýaňky düşnükli sözler bilen aýdýan alkyş-dilegleriniň haýsy öýüň gabadynda aýdylandygyny belleýärdik-de, indi haýsy öýe gabat geljegini öňünden çaklardyk, şol hakda öňünden jedelleşerdik. Biziň yzyna düşüp ýörşümizi görüp ol käte sakga durardy-da, yzyna öwrülägeden dilini çykaryp edil düýäniň esreşi ýaly lummurdap esrärdi. Emma ýekeje agzam söz diýmezdi. “Esrek” diwana bilen obanyň itlerem öwrenişipdi. Üýrüp topulmagyň ýerine gaýtam olaram biziň gapdalymyzdan edil gulagy kesilen ýaly dymyşyp barýardylar. Obanyň käbir degişgenräk adamlary bu bolşa syn edip, “Esrek diwananyň aýdymlaryny itlerem diňleräýrler-ow” diýip gülüşerdiler. Dogrudan-da, Esrek diwananyň aýdýan zatlary beýleki gedaýlaryňky ýaly ýöne bir sanawaç däl-de, adamyň ruhy ýagdaýyna täsir edýän, ýürekden çykýan aýdym owazlary ýaly bolup ýaňlanýardy. Indi-indi, göwnüme bolmasa, onuň aýdýan aýdymlary arap dilindemikä diýip durun. Sebäbi, eger pars dilinde bolsa Merjende oňa düşünjek adamlar ýok däldi. Emma onuň aýdymlarynyň sözüne düşünjek adamlar ýok däldi. Emma onuň aýdymlarynyň sözüne düşünýän adam bardygy ýadyma düşenok. Ýogsam şunuň yz ýanyndaky, ýagny 1924-1926-njy ýyllarda talabançylyk etmäge Owganystandan we Eýrandan gelýän buluçdyr jemşidi, parsdyr kürtler gowaça otap ýören ýerlerinde: “Nasrow nasrow jan, Jana nasrow jan, Temmäki talhan-ow...” Ýa-da: “Sabaýe şirazy gerdem, Jamaýe mübärek erdem, Aý-ý-ý ýar gerdem, ýar gerdem...” - diýip zowaldyp ýörkäler olaryň pars dilinde aýdýandyklary aňşyrylýardy. • Jaň sesi Çagalykda kalbyma ykjam ornaşan owazlaryň birem jaň sesi bolupdy. Elbetde, men düýe kerwenleriniň jaňyny nazara alýaryn. Gijäniň bir pillesi, daňa golaý-da hupdan wagtlaram uzakdan gelip, barha golaýlaşýan ýa-da ýakyndan ugrap, bar-gör nämeleri döretmeýär, adamynyň ruhuny gör nirelerik göçürmeýär... Ýekeje jaň sesi “jyňňyr-r-jyňňyr-r-r” edip yzy üzülmän gelip dur-gelip dur. Ýüregiň gysýar. Aňyrsyna göz ýetmeýän giň meýdan. Azajyk kerwen. Bir-iki sany düýekeş. Olaryň daş-töweregi gowaryp ýatyr... setanda-seýranda bir şagaldyr möjegiň uwwuldysy ýa-da çopan itiniň uzakdan gelýän sesi bolaýmasa dünýäden seza çykanok. Ukyň gelenok. Göwnüňe her zat gelýär. Diňe öz-özüň bilen gepleşýärsiň. Geçen ömrüň dürli wakalary, gören-eşden birtopar zatlaryň ýadyňa düşýär. Käwagtlar “tykyr-r-r-tykyr-r-r” edip ýekeje tokurtga sesi gelip durýar. Birküç sanjak ejizje düýe göz öňüňe gelýär. Ýüküniň ugry ýok: jygar çerkez-u-pizzik gandym. Çepiksije gandahar eşeginiň üstünde aýaklary ýere sallanyp barýan ýeke düýekeş irkilip otyr. Başga yns-jyns ýok. Tukatlyk. Gulagyň kesilen ýaly. Birdenem dürli jaň sesleri ümmüzlmez giňişlige ýaýrap gidýär. Bu uly kerwen. Äpet demir düňk. Dili düýäniň injik süňki. Hallanlaýar: “doň-ň-ň-doň-ň-ň”, orta hilli düňk: “taň-rň-r-taň-r-ň-r”. Olara sazlaşykly seslenýän mähnet bürünç gap: “Joň-ň-ň-joň-ň-ň”, çaklaňragy: “jaň-r-ň-r-ň-jaň-r-ň-r”. Aaralaşyk sepleşýän tokurtgadyr gulak jaňy hem-de dyz düwmeleri: “tyk-rt-tyk-rt”, “jyňňyr-r-r-jyňň-ňyr-r-r”, “şygyr-r-şygyr-r-r-r, wagyr-r-r-wagyr-r”... Bularyň hemmesi ajaýyp tertipde utgaşyp, tutuş bir ansambl döreýär. Onuň owazy bolsa alys ýerlere ýetýär-de, diňleýjiniň tukat göwünen bir hili giňişlik, arkaýynlyk, ynanç aralaşdyrýar. Ruhuň göterilýär. • Guş sesi we başgalar Elbetde, düňküň we jaňyň batly owazy bilbilgöýäniň näzik sesini, gumrynyň ýognas güňleç, bedenäniň hykyrdawuk bogaz sesini, serçäniň dury ýiti jüýgüldisini basyp bilmeýärdi. Bu eýjejik guşjagazlaryň owazy maňa has golaýdy. Sebäbi bütin Merjende öýüň alkymynda bag ekýän diňe Galabegi kakam bilen Molla kakam ikisidi. Olaryň bagynda almadyr nar, armytdyr şetdaly, üzümdir erik agaçlary dürli bezegde apalanyşyp durardylar. Biz hatda bagyň içinden geçýän ýapda suwa düşüp otyrkagam suwy pažžyldatmajak bolup demimizi alman bilbil owazyny diňläp, uzak wagtlap oturýardyk. Galabegi kakamyň we Molla kakamyň öýleriniň işiginde eýwanly tamlary bardy. Eýwanyň ýokarsy agyn gumry ketegidi. Biz gumrulara zat degmeýärdik, olar bizden gaçmaýardy. Gumrynyň ajaýyp ýumşak sesi bardy. Galabegi kakam bedenäni ýörite satyn alyp torda saklardy. Serçäniň ýakymlyja jüýgüldisi her ädimde eşidilýärdi. A çaganyň mylaýym hüwdüleniş owazy, suwuň şildireýiş sesi näme ýamanmy?.. • Darbazlar, masgarabaz Bulary ilkinji ýola 1921-nji ýylda görüpdim. Olar Begli perreň oba komitetiniň kätibi merjenli Söýüniň (Söýün jugdyň) öýlenme toýunda çykyş eden lezgi darbazlary bilen ahmet masgarabazdy. Lezgiler üç adam bolup, olaryň biri zurnaýçy, biri deprekçi, birem keýik sypatyna girip tans edýärdi. Tomaşaçylaryň arasyna aýlanyp, agzy bilen pul ýygnaýanam şol “keýikdi”. Dogrusyny aýtmak gerek, zurnaý çalýan örän ýakymly heňleri ussatlyk bilen ýerine ýetirýärdi. Deprege ol diýen üns berilmeýärdi. “Keýigiň” tans edişi keýige mynasyp däldi, ýöne sygyr ýaly moýmullap durdy. Biz onuň diňe daş sypaty bilen, aýratynam kellesini keýigiňki ýaly edip öwrüşi bilen gyzyklanardyk. Ahmediň milleti özbekdi. Ol Mary etrapynda ile belli çilimsazdy. Mary bazaryna barsaň Ahmedi görmejek gümanyň ýok. Ol hokurdawuk bezemen çilimini tä bazar sowulýança elinden düşürmän aýlanardy. Ýöne Ahmediň masgarabazlyk edýänini hemme kişi bilmeýärdi. Ahmet ol kärini diňe belli-belli ýerlerde, ýagny toýda-tomugda, ýörite çagyrylyp äkidilende ýöredýärdi. Ana ýaňky Söýün jugduň toýunda ol hem çilimsazlygyny hem-de masgarabazlygyny etdi. Ol eline dutar alyp aýlanyp başlaýar. Aýlanyp ýörkä bir zat-bir zatlar diýýär. Birdenem gezip ýören ýerinde dutaryň taryna, aýratynam gapagyna kakyşdyryp käbir türkmen halk heňlerini çalan ýaly edýär-de, şolara kybapdaş hereketler etmäge durýar: moýmul-moýmul ýöreýär, egilýär, arkan gaýyşýar, aýagyny kakyşdyrýar, syrtyny towlaşdyrýar, ýokary galdyrýar, dutary her tarapa bulaýlaýar, öňüne tutýar, arasynda-da “hoh-hoh, wah-wah, hüm-hüm” we ş.m. sesleri çykarýar. Emma onuň ähli hereketlerinde birhili edepsizlik, ahlaksyzlyk alamatlary duýulýar. Tir-ahyry ol dutary beýläk taşlaýar-da, eline bir taýak alyp öňüne tutýar, tomaşaçylaryň birini oturdyp, şol taýagyň ujuny, hamala kündükden suw döken ýaly edip, onuň kellesiniň töwereginde aýlaýar, ýagny buşugan şekilli bolýar. şol taýagyň ujy bilenem onuň kellesini, eňeklerini sermeleşdirýär, ýagny syran bolýar. (“Näme bilen?” diýen sowal gelip çykýar). Elbetde, märeke gyzyl-gyran bolup gülýär. (It uruşdyrsaňam gülýärlär-dä!) Emma Ahmediň munsunda hakyky sungatyň ysam ýokdy, ol ýöne masgarabazlykdy. Özem iň bir paýyş, gödek formada, Ahmediň bogaz sygyr ýaly moýmuldap duruşy, onuň ýakymsyz garyljyk sesi iniňi tisgindirýärdi. Ýöne welin ýakymsyz ses ýeke Ahmediňki däldi... Mämmetdurdy ANNAGURDOW. Surat: "Sag eli şlýapaly gedaý" ("Beggar with a staff in his left hand") / Fransisko Goýa | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |