01:45 Terjimedäki ýalňyşlyk sebäpli gorkunç taryhy wakalar | |
TERJIMEDÄKI ÝALÑYŞLYK SEBÄPLI GORKUNÇ TARYHY WAKALAR
Geň-taňsy wakalar
Dogry we anyk terjime - kyn we jogapkärli iş. Ýöne, käte çendenaşa jogapkärçilik hem terjimeçini ýalňyşdyrmagy mümkin. Ýekeje ýalňyşlyk käte bir ynsanyň, käte bolsa birnäçe müň adamlaryň ömrüne howp salmagy hem daşda däl. Häzir taryh üçin gymmata düşen ýalňyşlyklary ýatlap geçeliň: 1. On sekiz ýaşly ýigit bir ömürlik maýyp boldy Günorta Florida-da 1980-nji ýylda bolan bu waka örän gynandyryjy. 18 ýaşly kubaly Willi Ramires birden güýçli başy aýlanýandygyny we kellesi agyrýandygyny aýdýar. Ýagdaý şeýle bir erbetleşdi. Hatda onuň görüşi we pikirlenşi hem bozulypdy. Biraz wagtdan soň bolsa ol özünden gitdi. Birnäçe sagat öň ýigit kafede naharlanandygyndan habary bolan onuň ejesi "oglum nahardan zäherlenipdir" diýen gümana gidýäe. Emma iňlis dilini gowy bilmezligi "Tiz kömek" lukmanyna ýagdaýy dogry düşündirip bilmeginde kynçylyk döredýär. Düşündirýän wagty ýigidiň ejesi- ispan dilindäki «intoxicado» (terjimesi: zäherlenmek) sözüni ulanýar. Ýöne iňlis dilinde alkogol ýa-da neşe maddasynyň dozasy köp düşüp döreýän ýagdaýy aňladýan «intoxicated» diýen söz barlygy lukmany ýalňyşdyrýar. "Tiz kömek" lukmany ýigdekçäni bölüme eltip, özi düşünen diagnozy goýýar we hassany şol diagnoz boýunça bejermäge başlaýarlar. Aslynda bolsa ýigitde gemarrogik insult bardy. Bu kesel beýle ýaşdaky adamda ýüze çykmagy örän seýrek ýagdaýdygy üçin hem hiç kim muni güman edibem görmändi. Nädogry diagnozyň netijesindäki «bejergi» insult beden ysmazyny döredýän derejä göterilmegine sebäp boldy. Ýalňyşlyk sebäpli maşgala 71 million dollar möçberinde kompensasiýa tölendi, ýöne ýigit ömürlik maýyp boldy. "Näme bolsa ýagşylyga"- diýilişi ýaly bu ýagdaý ABŞ medisinasyndaky çynlakaý reformalara sebäp boldy, pasientlere hyzmat etmegiň tertibi bolsa düýbünden üýtgedildi. 2. «Biz sizi ýere duwlarys! (ýere gömeris, jaýlarys!)»– nädogry terjime sebäpli SSSR we ABŞ arasynda uruş başlamagyna az galypdy 1956-njy ýyl SSSR we ABŞ-nyň arasyndaky "Sowuk urşuň" gyzyşan pillesidi. Iki döwlet ýolbaşçylarynyň nutklarynda-da haýbat atyjylykly sözler ýaňlanyp durýardy. Emma terjimeçiniň kiçijik ýalňyşlygy sebäpli hakyky urşyň başlanmagyna az galanyndan köpçülik habarsyz bolsa gerek. Nikita Hruşýow Polşadaky sowwy ilçihanasynda nutuk sözledi. Ol köpçüligiň öňüne çykanda köplenç gyzyşyp giderdi we onun kontekstini içgin düşünmedik adam täsin jümleleri terjime etmekde ýalňyşmagy gaty mümkindi. Şol nutugynda ol aşakdaky jümleleri aýdyp geçdi: «Bu size ýaraýarmy ýa-da ýok, emma taryh biz tarapda. Biz sizi ýere duwlarys». Bu ýerde Hruşýow Marksyň «proletariat kapitalizimiň gabyr gazyjysydyr» tezisine meňzedip, ony biraz başgaça sözler bilen beýan edipdi. Terjimeçi bolsa bu sözi göniden- göni terjime edip, halkara dawaň sebäpkärine öwrüldi. «We will bury you!»– jümle sähel wagtdan Amerikanyň gazetlerinde çap edildi. Hatda, meşhur«Тime» žurnaly hem bu hakda tutuş bir makala çykardy. ABŞ-nyň diplomatik wekilleri şol pursatda SSSR-e nota iberdi we sowet diplomatlary gyssagly ötünç sorap, Hruşýowyň aýdan jümlesi uruş hereketlerini däl-de Marksyň üýtgedilen garaýşyny beýan edýändigini bildirdi. Soňra Hruşýowyň özi hem nutk üçin köpçülikleýin ötünç sorady we göni manydaky gabry dälde, işçi synpy kapitalizmi öldürjegini göz öňünde tutandygyny aýdyp geçdi. Ýöne muňa seretmezden Hruşýow sözleýiş usulyny üýtgetmedi. 1959-njy ýylda ol «ABŞ-na Kuzkanyñ enesini görkezjekdigi» hakynda aýtdy. Bu gezek hem terjimeçi jümläni «we shall show you Kazka’s mother» diýip, esasy mazmunyny ýetirip berip bilmedi. Amerikan jemgyýeti bolsa "Kuzkanyň enesi - Sowet Soýuzynda taýýarlanýan täze atom bombasy"- diýen pikire bardy. 3. Taryhdaky iň aýylganç ýalňyşlyk bolsa 1945-nji ýylyñ 26-njy iýulynda bolup geçen Potstam konferensiýasyndan soň bolup geçdi Ýaponiýa imperiýasyna iberilen ultimatum görnüşindäki deklorasiýada Ikinji jahan urşunda kapitulýasiýa etmek talaby öňe sürülipdi. Talap inkär edilse, olary «doly ýok etmek» garaşýandygy bellenip geçilipdi. Üç günden soň Ýaponiýanyň premýer-ministri Kantaro Sunzuki press-konferensiýa wagtyndaky nutugynyñ dowamynda Mokusatsu sözüni ulandy. Munyň manysy, «gürlemezlik, dymmaklykdy». Ýagny, premýer-ministr olaryñ gürlemejekdigini, goýulan talaba ümsümlik bilen jogap berýändiklerni bildirjek boldy. Bu çylşyrymly diplomatik jogapdy. Emma bu söz iňlis diline «we ignor that» («biz muňa üns bermeýäris» ýa-da «üns bereniňe degenok») görnüşinde terjime edildi. Ýapon hökümetiniň beýle jogaby ýaponlara atom bombasy arkaly hüjüm etmekligiň sebäpkäri boldy. 6-njy awgust güni Hirosima 15 kilotonna, 9-njy awgüst güni bolsa Nagasakä 21 kilotonna bolan atom bombasy taşlandy. Resmi maglumatlara görä Hirosimada 150 müñ, Nagasakide 75 müñ adam jebir çekipdir. Ýöne jebir çekenleriň real sany 450.000-e ýakyndygy aýdylýar. Görýäňizmi, birje ýönekeý ýalňyşlyk mazmuny düýbünden üýtgedip nämelere sebäp bolmagynyň mümkindigini... Daşary ýurt dilleri we terjimeçilik- örän çylşyrymly we çynlakaý ýagdaý. Dostlar bilen aragatnaşygyň dowamyndaky ýalňyşlyk dawa, ýokary derejedäki şahslaryň aragatnaşygy dowamyndaky ýalňyşlyklar bolsa urşa öwrülmegi hem mümkin. Toplan we terjime eden Saparmyrat DÖWLETOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||