01:04 "...Kim ýüpek şaly gözlär" | |
"...KIM ÝÜPEK ŞALY GÖZLÄR"
Geň-taňsy wakalar
• ýa-da dünýä baýlary hakynda Кimdir biri Hassanal Bolkiah diýen milliarder-hökümdary tanaýarmy? Bruneý atly nebite baý kiçijek döwletiň bu soltany taryh üçin sähelçe wagt bolan ýigrimi ýyl öň milliarderleriň sanawynda ilkinjilerden biri, ajaýyp ýaşaýyş boýunça şübhesiz birinji orundady. Şol wagtlar reýtinglerde gazylmalardan uly baýlyk toplan rossiýaly oligarh-milliarderlerem ep-esli bardy. "Forbes” reýtingi diňe bir milliarderleri däl, puldur baýlygyňam näderejede biwepadygyny görkezip berýär. Ýene-de bir gyzykly fakt bar - milliarderlik nyşanyna öwrülen Uorren Baffetiň 90 ýylda tapan baýlygyny Ilon Mask bary-ýogy dokuz aýda tapdy. Geliň uzak taryha dälde, on ýyl yza gaýdalyň we güýçli onlukda ýerleşýänleň baýlygy we ugry bilen gyzyklanyp göreliň: 1. Karlos Slim Elu ("Grupo Carso" telekommunikasiýa kompaniýasy) – 74,0 mlrd dollar; 2. Bill Geýts ("Microsoft kompýuter tehnologiýasy kompaniýasy) – 56,0 mlrd dollar 3. Uorren Baffet ("Berkshire Hathaway" kompaniýasy) – 50,0 mlrd dollar; 4. Bernar Arno (LVMH) – 41,0 mlrd dollar; 5. Larri Ellison ("Oracle" kompaniýasy) – 39,5 mlrd dollar; 6. Lakşmi Mittal (metallurgiýa boýunça) – 31,1 mlrd dollar; 7. Amansio Ortega (dokmaçylyk boýunça) – 31,0 mlrd dollar; 8. Eýke Batista (dag-magdan senagaty) – 30,0 mlrd dollar; 9. Mukeş Ambani (miras kapitaly boýunça) – 27,0 mlrd dollar; 10. Кristina Uolton ("Walmart" dükanlary) – 26,5 mlrd dollar; Ine şu ýyllarda özboluşly taryhy ýagdaý ýüze çykýar-bu reýtingiň köp ýyllyk lideri Bill Geýts ikinji oruna düşýär hem-de onuň ornuny inwestor Karlos Slim eýeleýär. Häli dünýä Mark Zukerberg, Jef Bezos, Sergeý Brin ýa-da Larry Peýj dagyny bu sanawyň öňdebaryjylary hökmünde bilmeýärdilerem. Ilon Mask diýen adamy köpçülik tanamaýardy hem. Dünýä baýlarynyñ 2022-nji ýyl boýunça sanawy Maglumat üçin: Häzirki wagtda öňdebaryjylygy ýitirip, güýçli üçlükde hem galyp bilmedik Bill Geýts rekort wagt - 18 ýyl (1996-2007-nji, 2009-2016-njy ýyllar) milliarderlar sanawyny dolandyrdy. Şeýle döwürler boldy,"Bill Geýtsden geçmek mümkin däl we ilkinji trilliin dollar hem şonda bolar" diýýärdiler. On ýyl öňki sanawa üns berilse, ýokary tehnologiýalar arkaly öňdebaryjylara öwrülen diňe iki milliarderi görmek mümkin - Bill Geýts we Larri Ellison. Güýçli onlukdaky galan sekiz wekil esasan söwda, tebigy baýlyklar we miras sebäpli baýanlardyr. Bu günki kartina bolsa bütinleý başgaça. "Forbes” reýtingi düzüp başlan ýyllary'ha aýdybam oturmaýyn,diňe şu soňky onýyllygyň özi hem adam kapitaly nähili güýçli derejede ýokary göterilip biljekdigini aňladýar we köpçülik ýaşlary (bizi, sizi) çynlakaý pikirlenmäge çagyrýar. Diýmek, milliarderleriň şu günlerdäki onlugy şeýleräk (şahslaryň we sanlaryň nähili tiz üýtgänligine üns beriň): 1. Ilon Mask ("Tesla", "SpaceX" kompaniýalary) – 296.2 mlrd dollar; 2. Jeff Bezos ("Amazon" kompaniýasy) – 210.7 mlrd dollar; 3. Bernar Arno (LVMH) – 200.6 mlrd dollar; 4. Bill Geýts ("Microsoft" kompaniýasy) – 139.0 mlrd dollar; 5. Larri Ellison ("Oracle" kompaniýasy) – 128.2 mlrd dollar; 6. Larri Peýj ("Google") – 127.2 mlrd dollar; 7. Mark Zukerberg (Facebook) – 123.5 mlrd dollar; 8. Sergeý Brin (Google) – 122.5 mlrd dollar; 9. Stiw Ballmer ("Microsoft" kompaniýasy) – 107.7 mlrd dollar; 10. Uorren Baffet ("Berkshire Hathaway" kompaniýasy) – 102.1 mlrd dollar. Görýäňizmi, onlukdaky iki ýaşuly - Bernar Arno we inwestisiýalar boýunça "garry möjek" Uorren Baffetden başga hemmesi öz baýlygyny özi, öz akly bilen we gysga wagtyň dowamynda tapmagy başaran. Şeýle-de, döwrebap üçlüge girmek üçin azyndan 200 mlrd, onluga girmek üçin bolsa 100 mlrd dollar zerur. Bill Geýts bolsa indi lider bolmak beýlede dursun, hatda üçlüge girmegi hem gümana. 2011-nji ýylda sanawy dolandyran Karlos Slim Elu bu gün 16 orunda. Ruslaryň ilkinji wekili - Alekseý Mordaşow bolsa bary-ýogy 45 oruny eýeläp bildi. 2007-nji ýylda, 23 ýaşynyň içinde iň ýaş milliarder adyny alan, 2020-nji ýylada bolsa 100 mlrd dollarlyk finişi geçip, güýçli bäşlige girmegi başaran we bu günki günde onlukdaky ornuny ynamly saklap gelýän Mark Zukerberg bolsa aýratyn üns berilmegine mynasyp. Ýöne bu gyzykly faktlaryň hiç biri Ilon Maskyň reýtingi agdar-düňder edip taşlaýşy ýaly gyzykly däl. 2018-nji ýylda hatda güýçli onlukda hem bolmadyk "Tesla" kompaniýasyny esaslandyryjy tizlik bilen ýokarlaryk dyrmaşyp başlady we 2020-nji ýylyň ahyryna gelip öňdebaryjylaryň hataryna goşuldy. 2021-nji ýylyň 7-nji ýanwar güni onuň baýlygy 185 mlrd dollara ýetdi we reýtingi dolandyryp gelýän Jeff Bezosy tagtdan agdaryp, liderligi öz eline aldy. Muňa esasy sebäp hökmünde "Tesla" aksiýalarynyň gymmaty bir ýylyň içinde müň göterimden hem köpräk ýokarlanmagy boldy. Emma bu hem hemmesi däldi. 2022-nji ýylyň 1-nji noýabr gününe gelip Ilon Mask baýlygy 300 mlrd dollardan geçen ilkinji adama öwrüldi. Taýýarlan Saparmyrat DÖWLETOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |