08:38 Wagşylaryň mekany | |
WAGŞYLARYÑ MEKANY
Geň-taňsy wakalar
• ýa-da «Gara delfin» türmesindäki durmuşdan bir bölek «Gara delfin» Russiýadaky iň gorkunç türme hasaplanýar. Bu ýerde manýaklar, adamhorlar we söweşjeň kellekeserler mekan tutandyr. Türme tussaglary gije-gündiz gözegçilik astyndadyr. Arassa howa seýline her bir tussagy tutyş bir türme otrýady alyp çykýar. Gaçmaga synanyşmazlyklary ýa-da tertipsizlik etmezlikleri üçin tussagyň kellesine gara gap geýdirilýär. Bu türmä düşenler ömrüniň ahyryna çenli azatlykdan mahrum edilenler. Türme şa aýaly Ýekaterina döwründe, has takygy 1773-nji ýyly Pugaçýowyň ýolbaşçylygyndaky gozgalaňçylar otrýadyny derbi-dagyn edilensoň gurulýar. Türmede gozgalaňçylar ömürlik saklanypdyr. 1893-nji ýylda türmäniň içinde "Илецк" tussaglar bölümi döredilýär. Bölüm 400 sany tussaga niýetlenendi. Tussaglar bu ýerde dürli eşik we aýakgaplar tikmek, ýaz aýlary ekerançylyk bilen meşgul bolupdyrlar. «Gara delfin» 2000-nji ýylda ýörite režimdäki koloniýa statusyna eýe boldy. Tussaglaryň ilkinji partiýasy getirilmezden öň türmäniň içiniň durky täzelendi (abatlandy). Gözegçilik kameralary oturdyldy. Kameralara goşmaça gözenekler goýulyp çykyldy. • Kellesine gara gap geýenler Ol bu ada ("gara delfin" adyna) howlusynda gara delfiniň şekili peýda bolandan soň eýe boldy. Heýkeli manýak Wladimir Kriştopa döretdi. Bu tussag 1996-njy ýylda iki adamy wagşylarça öldürendigi üçin ölüm jezasyna höküm edilipdi. Soňra ölüm jezasy ömürlik türme tussaglygy bilen çalşyldy. Kriştopanyň bu sungat işi türme ýolbaşçylaryna ýaraýar we heýkeli suw çüwdürimine öwürýärler. Aradan birnäçe wagt geçip türmä şol at berilýär. Ýöne tussaglaryň özi bu delfin şeklindäki suw çüwdürimini görmek bagtyndan mahrum. Sebäbi olary kellesine gara gap geýdirilen ýagdaýda alyp çykýarlar. Munuň iki sebäbi bar eken. Birinjisi, ariston türmedäki hiç bir obýekti görmezligi ýadynda saklap galmazlygy üçin. Ikinjisi, türmäniň töwereginde köp gatly öýleriň üçeginde gandarlaryň gizlenen bolmagy, aristonyň öldürilmegini kimdir biri sargyt etse, ýüz şekilinden tanap ony öldürmeginiň mümkindigi üçin. Şu ýagdaýlar üçinem aristonyň kellesine gara gap geýdirip alyp çykýarlar. • Adamhorlar Iki sany üç gatly binadan ybarat «Gara delfin» bu günki günde Russiýadaky iň uly ýörüte režimli koloniýa hasaplanýar. Türmede jemi 900 sany tussag saklanýar. Türme işgärleriniň sany hem şunça. Koloniýada talaňçylyk (бандитизм) jenaýatyna baş goşanlar, manýaklar, adamhorlar, söweşjek kellekeserler we mafiýaçylar saklanýar. Mysal üçin, bu ýerde çuwaşystanly adamhor Wladimir Nikolaýew hem otyr. Ol 1997-nji ýylda dostlaryndan birini öldürip, jesedini maýda böleklere bölüp halta salýar. Maksady jesedi hiç kime bildirmän gözden sowa ýere äkidip gömmekdi. Emma ajygany üçin böleklenen jesedi bişirip iýip görýär. Nikolaýew ikinji tanyşyny bilgeşleýin, adam etini küýsäni üçin öldürýär. Bir bölegini iýýär. Bir bolegini bolsa tanyşlarynyň birine sähel pula satýar. Satan wagty munyň keýigiň etidigini aýdýar. Tanyşy eti öýüne getirýär. Aýaly manty (плимен) bişirýär. Emma mantyny iýen wagtlary etiň tagamy hiç hili keýigiň etiniňkä meňzemeýär. Är-aýal şübhelenip mantylary ekspertiza tabşyrýarlar. Ine, şulam Nikolaýewi paş edýär. Nikolaýew ölüme höküm edilýär. Ýöne soň ölüm jezasy ömürlik türme tussaglygy bilen çalşylýar. «Gara delfinde» ýene bir adamhor Altaý ülkesinden gelen Aleksandr Matiç "ýaşaýar". Ol dört kişini öldürip, etini iýen wagşylardan. Soňky öldüreni Rubsow koloniýasynda jeza müddetini geçýärkä bir kamerada oturan tanşy bolup çykdy. Masliç ony öldürip içki agzalaryny kameranyň özünde gowrup iýipdir. Çaý ornuna öldürileniň ganyny içipdir. Ine, şul işi ony ömürlik türme tussaglygynyň berilmegine sebäp boldy. • Ganly geçmiş «Gara delfinde» tolýattili çagalaryň ganhory, manýak Oleg Rylkow hem otyr. 1993-1997-nji ýyllar aralygynda manýak 37 sany ýetginjek ýaşyna ýetmedik gyzlaryň namysyna degýär. Üç çaga we bir aýaly wagşylarça öldürýär. Derňew wagtynda ol çagalaryň namysyna degmek, soň olary öldürip, içgi organlaryny daşyna çykarmakdan lezzet alýandygyny aýdýar. Ýene bir manýak Rostow welaýatyndan Wladimir Muhankin. Oňa enesi Lenine ýanap şeýle at goýýar. Ýöne ulalansoň, Wladimir wagşylykda Çikatilodan hem geçip gidýär. 1995-nji ýylyň birinji ýarymynda ol sekiz kişiniň ölümine sebäp bolýar. Öldürenleriniň içki organlaryny kesip alyp, özüniň uklaýan krowatynyň aşagyna düzüp goýmak manýagyň iň söýgüli hobbisi bolupdyr. Ýene bir manýak Mihail Iwansow gabanjaňlyk sebäpli göwreli aýalyny wagşylarça öldürýär. Muny ol alty ýaşly oglunyň gözüniň öňünde amala aşyrýar. Bu görnüş çaganyň hem ruhy saglygyna zeper ýetirýär. 15 ýaşa dolanda jenaýat edýär. Ýöne, durmak islemeýär. Yzly-yzyna jenaýat ediberýär. Şu ýol bilen «Gara delfinde» saklanýan atasyny görjekdigne ynanýardy. • Türmedäki bir gün «Gara delfindäki» durmuş berk grafik esasynda düzülen. Her gün irden 06:00 da tussaglar turuzylýar. Ýerlerini tertibe salansoňlar el-ýüzlerini ýuwýarlar. Kamerada aýna, unitaz, stol, taburetka we tumboçka bar. Ähli ulanýan zatlaryny ariston arassa saklamagy berk talap edilýär. Aýakgaby we beýleki geýimleri bagjyksyz bolmagy hökmany. 06:30-da ertirlik başlanýar. Ertirligiň dowamynda ariston radio diňlemek hukugyna eýe. 07:15-de ertirlik gutarýar. Rozetkalar ýakylýar. Elektrik togundan olar sakal almak, eşikleri ýuwmak üçin peýdalanýarlar. 08:00-da tok kesilýär. Kim ýetişmese öz problemasy. Şol wagt gözegçilikden geçirmek başlanýar. Kamera gapysy açylandan tussag diwara öwrülip, iki elini arka tutyp egilen ýagdaýda adyny, adyny haýsy madda bilen basylandygy hakynda maglumat bermeli. Irden sagat 06:00-dan tä gije 22:00-a çenli aristonlar oturmak, ýatmak hukugyndan mahrum. Diňe gije sagat 22:00-dan soň gadaganlyk aýrylýar. Ýöne tussag çyrany öçürmän, kellesini kameranyň gapysyna bakdyryp, ýüzüni büremän uklamaly. Göwün açyjy pursatlar ýok diýen ýaly. Çilim çekmek gadagan. Çekse ýörite izolýatora salynýar. Telewizora tomaşa etmek bagtyna tussag türmede 10 ýyl oturansoň mynasyp bolýar. Şonda-da garyndaşlary telewizor alyp berse. Köp sanly tussaglardan bolsa eden jenaýatlary sebäpli garyndaşlary ýüz öwüren. Telewizory barlary hem bir gije-gündizde 4 sagat 15 minut görmek hukugyna eýe. Şonda-da diňe merkezi kanallary görüp bilýärler. Reklama bloga salynýar. Taýýarlan Saparmyrat DÖWLETOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |