13:42

Derman serişdeleriniñ syry

Medisina
Категория: Medisina | Просмотров: 697 | Добавил: Moderator | Теги: Saparmyrat Döwletow | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Medisina bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 401 2 3 »
0
1 pezzek  
1631
Awtor bilen ylaşýan. Derman öndürýän kompaniýalar esasy meselesi, kesellileriň keseli ýeňäýmegi däl. Ýok beýle däl, ilkinji nobatda biznes. Lomaý girdeýji gazanmaly. Meselem rak ýa-da spit keseline, we ýene-de şeýle gutulgysyz kezellere waksina tapylaýjak ýaly. Eger şol kesellere bejergi tapylsa. Derman öndürýän kompanialaryň köpüsni ýapaýmaly bolar. Onsaň milliardlap dollardan jyda düşmek bolar.

0
2 yagsymadowabibi  
1850
Aslynda waksinalardyr priwiwkalar hem wagt geçdigisaýyn adam bedenini iýýän sistema diýip okapdym. Nämä ynanjagyňy bilip bolanok bu döwür. Türkmen milli emlerini edibermeli öýdýän, meselem dümewleseň sogan aganyň suwy-da özem derman, bal aganam arkaňa kükrege ýapybermeli, alma aganam gaýnadyp, ülje aga bilen mürepbe edip çaý demläp içseň peýdaly we ş.m. Derman otlarymyzam gök çaýyň deregine içerdiler ata-babalarymyz.

0
5 Garadag  
128
Ot-çöpler gowy elbetde, ýerini bilip ulansaň.

0
3 agtygyturkmen  
1831
No comment...

0
4 pezzek  
1631
Mende öt haltamda kemçilik bar. Derman bary içildi, wagtlaýynça peýda etýär. Ýöne bejeriliberenok. Çaýa atylyp tebigy ot-çöplerem içip gördim. Dogry onuň esasy bejergisi berhiz. Hany onam uzak wagt tutyp bolýarmy.
Ýöne gyzyklanyp gördüm welin açlyk tutyp bejergi almak himiki dermanlardan has peýdalymyşyn. Hemme kesele-de. Gökdepede açlyk bilen bejerýän Atamyrat diýen doktar bar, wideolary görýäň welin sagalyp gaýtýanlar kän. Ine şol lukman şeýle diýýär: "Kör içegäni kesilip aýrylanda plan gram hapa aýrylýar, açlykdan beçergi alsaň plança klo hapa bedenden bölünip aýrylýar."

0
6 Döwletmyrat  
1892
Medisina, dermanlar hakynda kim näme ýazsa-da, ynsan ömri medisinaň ösmegi bilen adamzadyň ýaşy uzady. Mundan müň ýyl öň adamlaň ortaça ýaşy 30, ýüz ýyl öň 40 ýaşdan ýokary däldi. Häzir dünýäniň ortaça ýaşy 60-dan az däl. Ösen ýurtlarda ortaça ýaş 70-den geçdi. Adam ömrüniň uzalmagy medisinaň, derman senagatynyň şek-şübhesiz üstünligi.. Elbetde, ýerine bilip ulanmasaň, islendik zadyň zyýanyndan peýdasy azdyr.. Derrman öndürýänleriň käbiri päliýaman bolmagy mümkin, hatda öýkünilip ýasama derman ýasalýan ýerlerem bar bolmagy mümkin. Internetde ýalan-ýaşryk ýa sensasiýa üçin kim näme ýazmaýar. Adam ömrüniň uzamagynyň kemili ösen medisina hem derman senagaty. Ot-çöpler goşmaça serişde. Onuň goşmaça serişde hökmünde peýdasyny inkär edemok. Emma men pylan oty içip, agyr dümewden açyldym diýýän adam ýokdur, ýek-tük bar bolaýanda hem köpçülikleýin däldir. Açlyk bejergisiniň belli bir peýdasy bar. Emma açlygyň peýdasy belli-belli kesellere. Umuman adamzat heniz-ä özüni keselden açmak üçin, ösen medisinadan, derman senagatyndan gowy zady oýlap tapyp bilmedi.

0
33 Gurgencli  
324
Dertdeş ekenik gardaş, meňem böwregimde we öt haltamda sowuklama bar, ýylda birki gezek barlagdan geçip däri-derman alýan, diňe wagtlaýyn täsir edýär alýan dermanlarym.

0
7 Gökböri  
136
• Derman biznesi barada

Günbatar merkezli kapitalistik medisina garaýşyny derñeýän "Gara guty. Ýüzleşme wagty" kitabyny ýazdym. Käbir lukmanlaryñ we guramalaryñ agyr paýyş sözlerine sezewar boldum.
Öñ aýdylmadyk zady paş etmegiñ kynçylygyny bilmän duramok, ýöne sözde antikapitalistik çepçileriñem häzirki sistema gujak gerişlerine haýran galýaryn.
Medisinany eldegrilmesiz pudak, özlerini hökmürowan edipdiler we diagnozdyr bejergilerine jemgyýetiñ hemişelik bil baglama ýagdaýynyñ dowam etmeginiñ tarapdarydylar. Öz-özüñi tankyt diýilýän zat ýokdy. Kapitalistik medisina programmasynyñ we munuñ kemala getiren garaýşynyñ derñelmegini, ümsümligiñ bozulmagyny islänokdylar.
Ylmyñ maskasyna öwrülen "häzirkizaman medisinasy" ýalanyna hemmeleri ynandyrypdylar.
Žurnalistlik gözleglerimiñ miwesi bolan kitabymyñ ýeke sahypasyny okamazdan nämeleri diýmediler...

* * *

Gara guty" kitabymda şuña meñzeş onlarça wakanyñ üstünde durup geçipdim...
2007-2010-njy ýyllarda ysraýyllylar başlyklaýyn ýurdumyzda geçirilen daşary ýurtlylaryñ derman synaglarynda 893 türk raýaty aradan çykdy... Titrleri akyllaryndan uly medisina işgärlerine garşy polisiýa operasiýa hem geçirmedi. Nädip bular ýaly zat çalt ýatdan çykaryldy?..
"Talidomide" dermanyna "bäbek serediji" diýdiler. Bu agyry aýryjy derman serişdesi göwreli aýallara-da berildi. Ýeterlik derejede synag edilmändigi barada nägilelik bildirip ýazsalaram, "medisina baronlary" muña gulak asmady. Meselem, onuñ goşmaça döredýän täsirlerini ýazan doktor Uilýam Makbraýdyñ makalasy "Lancet" medisina žurnaly tarapyndan çap edilmekden ýüz öwrüldi!
Kipr, Gollandiýa, Ispaniýa, Belgiýa ýaly ýurtlarda öli we maýyp çagalar doguldy. "New York Times" gazeti şindizem "Talidomid saglyga ýaramsyz derman däl" diýip çykyş etdi. Emma ýetmişinji ýyllaryñ başynda Kiprde bolup geçen ölümleri derñän "Sunday Times" iñlis gazetiniñ tutanýerli çykyşlary bilen bu derman serişdesiniñ ölüm howply goşmaca täsirleriniñ bardygy subut edildi.
Mesele diñe derman serişdesimi? 2015-nji ýylda Gollandiýada bäbejikleri garnyndaka ýeterlik derejede ösüşini almaýan enelere "Viagra" berilendigi sebäpli 19 bäbek öli doguldy. Synag togtadyldy.
Saglygy pul gazanmagyñ serişdesine öwren kapitalistik medisina garaýşyny derñemezden farmasewtika bandasyna garşy göreşip bilmersiñiz.
Bileñzokmy näme, medisinanyñ atasy Gippokrat bireýýäm öldürildi...
https://kitapcy.ru/news/2024-10-23-31771

* * *

Saglyga-medisina ykdysady-syýasy taýdan garalmagy üçin elimden geleni ederin…
Soragsyz-sowalsyz her depäñden diräp durulanyñ gürrüñsiz dogry hasaplanýan saglyk ulgamy garaýşyny elekden geçirmegi dowam etjekdigim hak…

Bularyñ ählisiniñ ýyllyk girdejisi 29.7 milliard dollara barabar dünýäniñ iñ uly lukmançylyk enjamlaryny öndürýän "Medtronic" amerikan şereketi bilen näme baglanyşygy bolup biler?

"Gara gapyrjak" kitabyma garşy beslenen duşmançylygyñ sebäbini bilýärin. Saglyk-medisinanyñ eldegrilmesiz bolmagyny isleýärler.
Mysal üçin isleýärler: amerikanlaryñ "Medtronic" şereketi her ýyl Türkiýä 3-4 milliard lira barabar serişde satsyn we bu boýunça hiç jyñkyny çykarmasyn, muny ýagşydan-ýamandan seljermesin!
Her kesiñ kisesi dolsun, döwletiñ gaznasy boşap galsyn...
ABŞ-nyñ "Medtronic" şereketi Türkiýe ýaly ýurtlaryñ üstünden gazanýan pullary bilen diñe 2010-2019-njy ýyllarda otuz alty şereketi satyn alsyn, monopoliýalaşmaga çalyşsyn!
Ýagny… Seniñ milli anyklaýyş abzalyñy seniñ öz bazaryña saldyrmazlar, gadyrdan?
Gazetlerde-de okaýansyñyz, biziñ öndüren her medisina enjamymyzyñ hili pes, daşardan eksport edilenler üýtgeşik gowumyş! Näçe ýyllyk ýalan bu! Heý, gelmezmi bu medisina eksplutasiýasynyñ soñy…
Kyrk ýyl bäri görüp gelýäris: jübisini galñadanlara iki epilip salam berilýär, ýerli önümçiligi ösdürmegiñ tarapdarlarynyñ bolsa üstüne atanak çekilýär.
"Gara gapyrjak" (“Kara Kutu”) kitabymda yazypdym:
Medikal serişdeler pudagynyñ global söwda dolanşygy (2015-nji ýylyñ ahyrlaryndan bäri) 1 trillion 170 milliard dollara barabar. Medisina abzallaryny öndürýän dünýäniñ iñ uly otuz şereketi global bazaryñ 89%-ne eýelik edýär! Iñ uly on şereketiñ ýedisiniñ köki amerikanlara baryp direýär…
Hakyky watansöýüjilik ýerli medisina tehnologiýasyny galkyndyrmak bilen baglanşyklydyr.
Häkimiýetiñ alkyşçysyna öwrülen dostjan, gury söz bilen watansöýüji bolunmaýar, ýazsana Saglygy goraýyş ministrliginde nämeleriñ bolup geçýänini? Amerikanlaryñ "Medtronic" şereketiniñ ne pyssy-pyjurlyklary edýändigini?
Diñe men ýazmalymy?
Diñe men "taýak" iýmelimi?

0
8 Gökböri  
136
* * *

Pikirlenmek - pikiriñi başgalara beýan edip bilmek bilen netijelenýän proses...
Nädip pikirlenip bolýandygynyñ ýoly-usuly öwredilmeýär; filosofiýa dersi okuw jaýlarymyzdan kowuldy! Munuñ netijesinde ýurdumyzda mantyga esaslanýan sistematiki düşünje terzinden nam-nyşan galmady, içgin seljerme geçirip bilemzok. Wakalara, meselelere biri-birine dahylsyz baha berýäris, arasynda sebäp we netije baglanyşygynyñ bardygyna akyl ýetirmekden ejiz gelýäris.
Meselem:
ABŞ-nyñ Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Dewd Satterfield türk döwlet hassahanalarynyñ amerikan derman öndüriji şereketlerine 2,3 milliard dollar bergisiniñ bardygyny aýdýar.
Ilçi Satterfield ABŞ-nyñ Söwda ministri Wilbur Rossuñ bu barada geçen ýyl Prezident Erdogana, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýraga ýatladandygyny, olaryñ bar bolan bergini wagtynda üzlüşjekdikleri barada aýdyp, özlerini ynandyrandyklaryny aýtdy.
Ilçiniñ bu sözleriniñ üstünde pikir alyşan bolmady, berginiñ sebäpleri barada-da hiç hili dil ýarylmady.
Ýeri, biz munuñ ýerine nämäniñ üstünde durduk?
GATA-GEAH-yñ baş lukmanynyñ kömekçisi Aly Edizer!
Onuñ respublikamyzyñ önümi bolan Medeni kanunymyza garşy çykyp, köp aýallylygy mazamlandygyny, ýa-da osmanly erkeklerine ýerli arap eşiginiñ ýerine jalbar geýmegi ýola goýandygy üçin Soltan Mahmyt II-ni ýazgarandygyny bilýänsiñiz.
Reanimasiýada ýatan öñki premýer-ministrimiz hakynda "Edil häzir "Ymam Hatypda" okan öli ýuwýançymyzyñ bir gysym pagta bilen Mesut Ýylmaza sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny-da aýdaýyn" diýen gödek sözleriniñ üstünde Türkiýe näçe gün bäri gowur turuzýar.
Bu iki waka bir-birine baglanyşyklymy? Hawa...

* * *

WikiLeaks Türkiýäniñ derman önümçiligi pudagyndan käbir maglumatlary paýlaşdy.
ABŞ-nyñ Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Erik Edelman we saglygy goraýyş ministrimiz Rejep Akdagyñ geçiren ýygnaklarynda edilen gürrüñler bolsa habar beriş serişdelerine düşmedi...
"Gara gapyrjak" ("Kara Kutu") kitabymda ýazypdym:
Edelman derman önümleri öndürilende amerikan şereketlerine düşýän paýyñ hökmany suratda göz öñüne tutulmalydygyny aýtdy.
Edelman amerikan derman öndüriji kärhanalarynyñ maýa goýumlaryndan çeken zyýanyñ öwezi dolunmadyk ýagdaýynda alyp barýan işlerini bes etjekdiklerini we munuñ Türkiýe üçin howply ýagdaý döredip biljekdigini ýañzytdy.
Edelman "amerikan derman öndüriji kärhanalarynyñ maýa goýumlarynyñ öwezini dolduryp biljek ýeñillikler döredilmeli! Global taýdan bitewileşen dünýäde Türkiýe Ýewropa bileleşigine girmäge taýýarlanyp ýörkä, gorag häsiýetli çäreler Türkiýä oñlulyk getirmez" diýdi.
Edelman hatda ministr Akdaga haýbat hem atdy: "Garadeñiziñ kenarýakalary bilen birlikde HIV/AIDS keseliniñ Türkiýede giñden ýaýrama howpy bar!"
Saglygy goraýyş ministri amerikan ilçisi Ross Wilson bilenem ýygy-ýygydan duşuşdy.
WikiLeaks maglumatlaryndan hem bilşimiz ýaly Jeýms Jefriniñem derman önümçiligi pudagyna nähili bökdençlik döredişlerini Waşingtona yzygiderli habar berdi durdy we ş.m...
Ýurdumyzda işlän amerikan ilçileriniñ ählisi derman önümçiligi pudagy bilen ýakyndan gyzyklandy. Çünki amerikan derman öndüriji şereketlerk üçin Türkiýe iñ gowy bazarlaryñ biridi. Muny üpjün edýänleriñ başynda bolza saglygy goraýyş ministri Rejep Akdag bardy...
2,3 milliard dollarlyk berginiñ döremegine kimler sebäp bolupdyr, belli boldy gerek?
Ýagdaý şeýle bolsa, şuny näme üçin göremzok:

0
9 Gökböri  
136
* * *

Sahypalap ýazdym:
Goragsyz-galkansyz goýlan Türkiýäniñ saglyk bazarynda amerikan derman öndüriji şereketleri haýsy syýasatçylar bilen gol tutuşyp ýöredi!
Rejep Akdagyñ on iki ýyllap saglygy goraýyş ministri wezipesinde oturar ýaly nähili aýratynlyklary, artykmaçlygy bardy? (Gaýtam ol, premýer-ministriñ kömekçisi-de boldy!)
Rejep Akdag ministrlige näme üçin "Menzil" tarykatynyñ müritlerini toplady? Aly Edizeri näme üçin şahsy sekretary edip belledi?
Amerikan derman öndüriji şereketlere ministrligiñ gapysyny ardyna çenli hut şu müritler açmadymy?
"Menzil" toparynyñ saglygy goraýyş ministrliginiñ düzüminde toparlanmalaryna şu nukdaýnazardan baha berilse dogry bolmazmy?
Esasy mesele "Menziliñ" "Emsey" ýaly birküç sany hassahana açanlygynda ýa-da birküç sany ýolbaşçy wezipäni eýelänliginde däl. Milli strategik ähmiýeti bolan derman önümçiligi pudagymyzyñ amerikan şereletlrriniñ eline geçmeginde oýnan roluna üns bermegiñizi isleýärin...
"Gara gapyrjak" kitabymyñ ady agzalsa, käbirleri şobada "ana, ýene waksina!.." diýip kinaýaly ýylgyrýarlar! Şeýle bolýan bolsa waksinadanam mysal bereýin:
"Guş dümewi" howsalasynyñ ýaýran döwründe Rejep Akdag 8,4 million kapsulalyk waksima satyn aldy we ahyrynda 5 million kapsula ammarlarda çañ basyp galdy! Waksina kampaniýasynda jemi harç edilen 550 milliom dollaryñ kimleriñ kisesinr girdi, "Menzil" tarykatynyñmy? Şübhesiz, bärde jübüsini galñadanlar ABŞ-nyñ derman öndüriji şereketleridi...
Derman öndüriji şereketlere amerikan ilçisiniñ agzan 2,3 million dollar bergimiz bilen "Menzil" tarykatyndan Aly Edizeriñ sözleriniñ arasyndaky gönüden-göni baglanyşyga akyl ýetirip bildiñizmi?
Meselämiz bir sähne lukmanyñ samramalaryndan has düýplidir, üns bermeli meselämiz - "Menziliñ" saglygy goraýyş-medisina pudagyndaky eksplutator we global şereketlere "aýakçy" - "komprador" wezipesini ýerine ýetirenligidir...
Imperialistik gabawyñ soñky iki ýüz ýyl bäri tarykatlaryñ üsti bilen amala aşyrylmagy tötänlik däl. Olaryñ Atatürke duşmançylyk beslemekleriniñ düýp sebäbi-de şudur...
https://kitapcy.ru/news/menzilin_asyl_roly/2020-10-09-12442

• Psihotrop dermanlary barada

Ikbaly we Aýşenury öldüren on dokuz ýaşly Semih Çeligiñ psihotrop dermanlary ulanýandygy ýazyldy.
Nähili dermanlary ulanýardylarka? Gerdek ýuwtdurmadan başga nähili bejergi aldy?
Käbir hadysalary ýatladaýyn:
- On dört ýaşyndaky Maýkl Karnal üç okuwçyny öldürdi, bäş adamy ýaralady. Onuñ psihotrop dermanlary ulanýandygy aýdyldy...
- On üç ýaşyndaky Mişell Jonson bir mugallymy, dört okuwçyny ýaralady. Onuñ psihotrop dermanlary ulanýandygy aýdyldy...
- On alty ýaşyndaky Jeff Weýs dokuz adamy öldürdi, ýedi adamy ýaralady. Soñundan öz janyna kast etdi. Onuñ psihotrop dermanlary ulanýandygy aýdyldy...
- On sekiz ýaşyndaky Jeson Hoffman bir adamy öldürdi, bir adamy ýaralady. Onuñ psihotrop dermanlary ulanýandygy aýdyldy.
Uzatmaýyn, dünýäniñ çar künjünde bular ýaly gynançly wakalar ýygy-ýygydan gaýtalanyp dur.
Soñky ýyllarda ýurdumyzda-da depe saçyñy düýrükdirýän jenaýatlara şaýatlyk edýäris. Bizde-de adam öldürme jenaýatlarynyñ merkesinde psihologiki bimazalygy bar bolan ýaşlar bar...
Hadysalary köp taraplaýyn ele almaly bolýar. Meselem medisina tarapy şu bolup bilermi: derman ýeke-täk çäremi?

* * *

Bäş ýyl öñ "Gara guty. Ýüzleşme wagty" kitabymy çykartdym. Kitapda halkara derman önümçilik kompaniýalarynyñ her bir ýurdy "bazar" we her bir adamy "müşderi" hökmünde hökmünde görýändigini, kapitalistik medisina düşünjesiniñ adamyñ saglygyny söwda harydyna - meta öwrendigini ýazdym.
Derman satuwlarynda görlüp-eşdilmedik partlamalar boluo geçýärdi! Meselem:
Türkiýede her on adamdan biri psihiatriki dermanlary ulanýardy. 2003-nji ýylda 14 million 238 müñ guty antidepressiýa dermanlary ulanylan bolsa, bu san 2010-njy ýylda 34 million gura, 2015-nji ýylda 44.5 million guta, 2018-nji ýylda 55 million guta ýetdi. Häzir 62 million gelip diredi...
Raýatlarymyza "bal ýuwtdurylýan" ýaly nämüçin derman gerdejikleri ýuwtdurylýar? Megerem hünärmenlerimiz näme edýändiklerini bilýändir. Hernä global kompaniýalara özlerini oýnatdyrmaýan bolsunlar-da. Köpüsi reseptsiz zatsyz satylýar ýogsam...
Eýsemde bolsa antidepressiýalar ulanylýan wagtynda-da, derman ulanylyşy tapba kesilende-de öz janyña kast etmek ýa-da duşmançylykly hereketler-topulmak ýaly düýpli netijelere getirip bilýär.
Şu temada surata düşürilen dokumental filmler bar. "Döwlet mekdepleri. Psihotrop dermanlaryna iterilýärmi?" (“Public Schools: Pushing Drugs?”) ýaly...

0
10 Gökböri  
136
* * *

Hawa, ýurdumyzda soñky döwürde köpçülikleýin gandöküşlikler-jenaýatlar we öz janyña kast etmek wakalary bilen garşylaşýarys. Bu hadysalaryñ sebäpleriniñ arasynda psihotrop dermanlarynyñ nähili ýygylykda ulanylyp-ulanylmandygy boýunça geçirilen ýeke ylmy-barlag işini görmedim. Çünki "bu dermanlarda günä ýok" düşünjesi bar.
Serediñ... Bu dermanlar size bagt getirýän gerdejikler däl, käbiri agyr goşmaça agyrylary döredip bilýär. Özem köp wagtlap ulanylan ýagdaþtnrw mejbury antidepressiýa dermanlarynyñ öz bakna edip goýma howpy uly. ABŞ-nyñ özem özüni halas etmek üçin 2004-nji ýyldan bäri ähli antidepressiýa dermanlaryndla "gara guty" ýarlygyny ýelmemegi ýola goýdy. Sebäbi aýratynam 18-24 ýaş aralykdaky ýaş oglan-gyzlaryñ öz janyna kast etme meýli howpunyñ artmagy!
Garward uniwersitetiniñ Medisina fakultetiniñ mugallymy. professor Irwing Kirş antidepressiýa boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar. Ol ýazan kitaby "Imperatoryñ täze dermanlarynda" şeýle diýýär:
"Antidepressiýa dermanlarynyñ ulanylyşy depressiýanyñ soñky ýyllarda gaýtalanma howpuny 113-280% artdyrýar. Dört-sekiz hepde ýaly gysga wagtlaýyn ulanylyşlarda-da depressiýa muny gaýtalaýar. Biziñ günlerimizde depressiýa wakalarynyñ ýygylygynyñ iñ düýp sebäbi-de antidepressiýa dermanlarynyñ köp ulanylmagydyr! Çünki derman içeniñiz bilen depressiýa ýok bolup gidenok..."
"Gara gutyda" şuña meñzeş onlarça ylmy-barlaglaryñ netijesine, faktlara ýüzlendim, kitabyñ ýüz sahypasyny şu tema bagyşladym.
Ýokarda ady tutulan oglanlaryñ we başga-da onlarça ýaş ýigidiñ alýan bejergileri, içýän psihotrop dermanlary öwrenilmäge degişli.

* * *

Professor Loren Moşer…
Amerikaly psihiatrist.
Bakalawr derejesini Stanford uniwersitetinden, medisina işgäri derejesini Garward uniwersitetinden aldy. Ýel uniwersitetinde işledi. Ençeme ýyllap ABŞ-nyñ döwlet ruh saglygy institutynyñ direktory bolup işledi. "Şizofreniýa býulletenini" döretdi. Ýüzden gowrak ylmy ylmy-populýar makalalary ýazdy…
Döwrüñ gegemonlyk sürýän psihiatrik tärlerine we bejergisine gönükdirilen dermanlara barha artýan garaşlylyga garşy çykdy. 90-njy ýyllarda mung zol-zol ýazýan makalalarynda agzap başlady welin, wezipesinden boşadyldy...
Ol şonda-da yza tesmedi. Otuz ýyllap agza bolan ABŞ-nyñ Psihiatriýa bileleşiginiñ we Psihofarmakologiýa birleşiginiñ agzasy bolmagyñ mundan beýläk özüne bolan “ýigrenç duýgusyny” göterýändigini aýtmakdan çekinmedi:
“ - Psihiatriýa doly diýen ýaly derman öndüriji şereketler tarapyndan satyn alyndy.”
Dr. Moşeri ynjalykdan gaçyran bu kirli gatnaşygyñ psikihatriýa ulgamyna aralaşan weýran ediji täsiridi, psihiatrlaryñ köpüsiniñ adamlary sosial-sferalaýyn şertler bilen bitewilikde görmeýänligidi.
Ol psihiatriýanyñ has añyrdan gelýän düýpli döreýiş sebäbiniñ bardygyny bilýärdi. Derman senagatyna garşy çykanokdu. Emma himikatlaryñ giñ gerimli we nädogry peýdalanyşyna dowam etjek kärinde mundan beýläk işläsiniñ gelmeýändigini aýtdy:
“ - Pul, syýasat we bilim meselelerinde hakykatdan daşlaşmañ, her birini bolşy ýaly görkeziñ, dogruçyl-dürs boluñ…”

0
11 Gökböri  
136
* * *

Dünýädäki birentek psihiatrist, ABŞ tarapyndan taýýarlanan “gollanma kitaplara” seredip, derman ýazyp berýär!
1952-nji ýyl Psihologiýany klinika baglan we ABŞ-nyñ Psihiatriýa bileleşigi tarapyndan taýýarlan “Ruhy näsaglyklaryñ diagnozy we statistiki gollanmasy” (DSM) ruhy hassalyklara bolan düşünjänin gerimini giñeltdi.
Ilkinji gollanma kitabynda 108 sany kategoriýa bar bolan bolsa, 1980-nji ýylda neşir edilen üsti ýetirilen dördünji neşirde 410 sany kategoriýa bardy. 2013-nji ýyldaky bäşinji gollanmada kategoriýalaryñ sany iki esse artdy!
Her täze “gollanma kitap” çykandan soñra “täze ruhy näsaglyklary” seljermezden kabul edip bejerji ýazyp berýänlere garşy 2011-nji ýylda Fransiýada, Italiýada, ABŞ-da, Argentinada, Braziliýada, Belgiýada “Stop DSM” hereketi döredildi.
Hereketiñ öñbaşçylaryndan psihiatrist professor Gerard Pommier 2014-nji ýylda Parižde kärdeşlerine şeýle seslendi:
“ - Gündelik durmuş meseleleriniñ (hatda söýgi gatnaşyklarynyñam) näsaglyga öwrülmegi üçin goýulýan nädogry diagnozlaryñ zyýanyny görkezmeli diýen karara geldik…
Hiç bir ylmy tutarygy bolmadyk we gitdigisaýy has bulaşyk we howuñy basyjy tokaýa meñzeýän bu epidemiologik gollanmasy bilen ne-hä talyplaryñ gowy ylym biljegine, ne-de mugallymlaryñ göwnejaý formasiýa berip biljegine ynandyk…
“ - Şäherlerdäki lukmanlaryñ derman paýlaýjysynyñ derman öndüriji şereketleriñ wekiline öwrülendigine, çünki hemme ýerde kesel görýän bu gollanmanyñ adamy gorka düşürýändigine göz ýetirdik…
“ - Soñ yza dolanmak mümkin däl weýrançylyk howpy bilen ýüzbe-ýüz bolandygymyzy duýmakda gijä galandygymyz hakykat…”
Ýeri… Bu “yzygiderli derman berme” derejesine nähili gelindi?
* * *

Rokfelleriñ pikiriçe “añ gigienasy”!
Türkiýede medisina maksatnamasyny taýýarlan Rokfeller toparyndan Dr. Alan Gregg (1890-1957) ýigrimi ýyllap "Rockefeller" fondunuñ medisina ylymlarynyñ esasy ugrunda başlyklyk etdi.
Rokfelleriñ psihiatriýa strategiýasyny durmuşa geçirdi:
– 1931-1944-nji ýyllarda medisina fakultetlerinde psihiatriýany okuw maksatnamasyna aldyrdy… (Ýurdumyzda psihiatriýa bölümi ilkinji gezek Rokfelleriñ puly bilen gurulan Ankara uniwersitetiniñ binýadynda 1945-nji ýylda açyldy.)
– 40-njy ýyllarda başlangyç ylmy-barlag merkezlerini gurdy…
– Hassahanalara, okiw jaýlaryna, sudlara we sosial hyzmatlar pudagyna psihiatriýany aralaşdyrdy…
Dr. Gregg derman senagatyna goşan goşandy üçin "Lasker" baýragyna mynasyp boldy.
Onuñ psihiatriýa tejribesiniñ “beýnisi” ABŞ boldy. Döreden “diagnoz inflýasiýasy” bilen dünýäde depressiýa garşy dermanlaryñ söwdasyny ýokarlandyrdy.
Meselem… Türkiýede 2000-nji ýylda 11 million guty antidepressiýa dermanlary ulanyldy. Bu görkeziji 2018-nji ýylda 55 million guta ýetdi.
Bu dermanlaryñ döredýän goşmaça täsiri nähili? Bulary hiç agzamalyñmy? Kapitalistik medisina garaýşyny hiç aýyl-saýyl etmäliñmi, seljermäliñmi?
Heniz şu hepdäniñ içinde:
– Psihiatriýa bejergisini alan Ankara uniwersitetiniñ medisina fakultetiniñ talyby on dokuz ýaşly N.G. öz janyna kast etdi.
– Psihiatriýa bejergisini alan Stambul uniwersitetiniñ Edebiýat fakiltetiniñ talyby ýigrimi ýaşly S.Ü. öz janyna kast etdi.
Türkiýede günde azyndan on adam öz janyna kast edýär!
Bu jemgyýetçilik ruhy ýaranyñ üstünde durmaly dälmi? Adamy, adamzady kimler gorpa itekleýär?
Meseläniñ ykdysady taraplaryny ara alyp maslahatlaşmaly.
Meselenäniñ syýasy-medeni taraplaryny ara alyp maslahatlaşmaly.
Emma.
Gürrüñsiz meseläniñ medisina taraplaryny-da ara alyp maslahatlaşmalydyrys.
Sferalaýyn şereketleriñ bäş-üç günlük-bir hepdelik gezelenç howasynda gurnaýan badyhowa medisina konferensiýalary bu meseläni çözmeýär, gaýtam çuñlaşdyrýar…
https://kitapcy.ru/news....8-11492

0
12 Gökböri  
136
• Medisina statistikasynyñ galplaşdyrylyşy barada

Wenger psihoanalisti Şandor Ferensi (1873-1933)…
Onuñ işlän ugurlarynyñ birem uruş newrozynyñ ösüşi.
Ol birinji jahan urşunda syn eden zadyny ýazdy:
“Uruşyñ trawmasyny başdan geçiren newroz hassalarynyñ ýatan palatasyna girenimde görýän zatlaryma añk bolup galdym. Palatada hamana uçdantutma hemmesi agyr ýaralanan, hatda maýyp bolan adamyñ görnüşini berýän ellä golaý näsag bardy. Käbirleri hereket edip bilenokdy, käbirlerine bolsa çala gymyldadygy aýaklarynyñ çakdanaşa titremegine getirýärdi, olaryñ sesi ýer sürýän azalyñ sesini basýar diýen ýalydy. Iñ gözeilginç ýerem titrewükleriñ ýöreýşidi, olaryñ bolşy ysmaza uçranlaryñ bolşuny ýatladýardy. Dürli-dürli titreme, gagşama, üýşenme we gowşaklyk alamatlarynyñ utgaşmagy diñe artistiñ özboluşly hereket edip biljek keşbidi…”
Bu setirler mende şu soraglary döretdi:
Bugün ýurdumyzda COV 19 wakalary meselesinde könekileriñ “tejâhül-i ârif” diýýän ritoriki soraglaryñ üstünden jedel ýöredilýär:
- Lukmançylyk barlagyndan geçirilýänleriiñ gündelik görkezijisi…
- Her günde kesele ýoluganlaryñ jemi sany…
- Gündelik aradan çykýanlaryñ sany...
Saglygy goraýyş ministrliginiñ berýän statistiki maglumatlarynyñ üstünde çekişmeler häzirem dowam edýär.
Psihoanalitik Ferensiniñ syn eden epizodyna gollansak, şuny sorap bileris:
- Dürli wirus görnüşindäki dümewli näsaglaryñ näçesi “maña koronawirus ýolugypdyr öýdýän” diýip hassahana ýüz tutupdyr ýa ýüz tutýar?
Öñümiz-ardymyz, sagymyz-solumyz durşuna koronawirusly näsaglardan doly. Ýeri, koronawirusdan daşgaryn beýleki wiruslaryñ sebäp bolýan dümew-influenza näsaglary nirede? Ýa bolmasa dümew näsaglary özleri-de bilmezden özlerini koronawirusly hasaplaýarmyka? Çünki muny biri-birinden aýyl-saýyl etmek hiç añsat däl…

* * *

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ (BSGG) we ABŞ-nyñ Kesellere gözegçilik we öñüni alyş merkezleriniñ (CDC) berýän maglumatlaryna görä, her ýyl dümew häsiýetli ýokanç kesellere 11%-i influenza we RSV wiruslary, 14%-i SARS-dan MERS-e CoV maşgalasyna degişli wiruslary, 29%-i Rhino wiruslary we galan 46%-ni bolsa näbelli wiruslar sebäp bolýardy.
Hut şol maglumatlara görä ýylda hermüñ adamdan biri dümewden ynjalyksyzlanyp ýogalýan eken. Ölenleriñ 5-14%-i kowid wirusy sebäplidi…
Ýurdumyzda her ýyl dümew bilen baglanşykly ölýänleriñ sany ortaça 80 müñe ýetýär we munuñ 4-11 müñ aralygyndakysy kowid sebäpli bolup geçýär.
Mediýada bir ýyl mundan öñ diñe şeýle görkezijileriñ üstünde pikir alşylardy, jedel edilerdi. Bugün diñe kowid-19 bar! Emma wirus görnüşleriniñ döredýän dümewi wr munuñ bilen baglanyşykly ölümleri indi agzaýan ýok!
Näbileýin: 2009-2010-njy ýylyñ dümew möwsüminde epidemiýa sebäp bolan influenza A maşgalasyndan H1N1 wirusy bardy…
Näbileýin: 2014-2015-nji ýylyñ dümew möwsüminde iñ köp gabat gelinen influenza A maşgalasyndan H3N2 wirusy bardy…
Wiruslaryñ barsy mutasiýa uçrap täsirini ýitiräýdimiä? Nirede “beýleki” wiruslaryñ döredýän keselleri?

* * *

"Gyrmyzy otag"[/b] (“Kırmızı Oda”) teleserialynyñ 15-nji bölüminde "Monjugyñ kyssasyna" gabat geldim. Ünsümi çekdi-de, serialyñ birinji bölümini tapyp “Meliha hanymyñ kyssasyna-da” tomaşa etdim.
Maña gabat geldimi, bilmedim: "Lukman hanym" kabul eden iki näsagyna-da dessine derman ýazyp berdi. Yzyndan şol iki näsag öz janyna kast etdi!
“Gara guty” kitabymyñ bir bölümini psihologiýa-psihiyatriýa aýyrdym. Dünýäde bolup geçýän jedeliñ ýurdumyzda-da bolmagyny isledim: Neoliberal psihiatriýanyñ düşüren güni. Galyberse-de, ýagdaýyny tapsa amerikan gollanma kitaplaryna seredip derman ýazyp berme başdansowmalygynyñ üstünde durdum.
Ahmet Hamdi Tanpynar “Sagatlary sazlama instituty” romanynda şeýle ýazdy:
“Psihoanalitika çykany bäri hemmeler azda-kände näsagdyr.”
Bary-ýogy iki bölümine tomaşa edendigim üçin serial barada gutarnykly pikire gelmek islämok. Ýöne onuñ neoliberalizmiñ döreden çöküşliginiñ adam durmuşyna nähili düýpli täsir edişini-de suratlandyrýandyr diýip umyt edýärin. Ýa-da dermanlaryñ döredýän agyr goşmaça täsirinden söz açýandyr. Günbatarda "Prozac" ýaly dermanlaryñ adamy “beýnisiz” goýma ýaly ýykgynçylygyna bagyşlanyp birgiden kitaplar ýazyldy, kinofilmler surata düşürildi. Bular ýurdumyzda haçan amala aşyrylarka?
Gürrüñimi biraz uzatdym. Aýtjak bolýan zadym şu:
COV 19 gorkusynyñ döreden trawmalary ýaly psihologiki nukdaýnazarlar ylmy-barlag işlerine tema bolýarmy? Ýogsa-da näçe kişi koronawirus näsagynyñ bolşuny gaýtalaýar?
Şandor Ferensi bugün hassahanalara aýlanyp görse, käbir palatalarda gaýtalanýan trawmalary görerdimikä eýse?
https://kitapcy.ru/news/beylekiler_nirede/2020-12-23-13061

0
13 Gökböri  
136
• Sanjymlaryñ hiliniñ pesdigi we başga keselleriñ (hem goşmaça täsirleriñ) döremegine getirýändigi barada

Kowid-19-yñ gen shemasyndan mutasiýa geçirişine çenli...
PCR testleriniñ dogrudugyna-ýalñyşdygyna çenli...
Waksinalaryñ düzüminden döretjek täsirine çenli...
Adamlarda birgiden soraglar bar...
Emma... biziñ ýurdumyzda şübhe duýýany-sorag berýäni "dar agajyndan asýarlar!" “Ylym” diýip her orta oklanan zadyñ gürrüñsiz kabul edilmegine garaşylýar. (Medisina ylym däl!)
Adamlara öz pikirlerini kabul etdirmek ýa-da ony gorkuzyp, sem etdirmek üçin esasan şu metod ulanylýar:
- Bilgi, güýç, status-pozisiýa (wezipedir dereje) ýaly mümkinçilikleriñ üstünden meşhurlyk gazanan kişileriñ garaýyşlaryna ýüzlenmek!
Wolterden Russo çenli filosoflary täsirini astyna alan, liberalizmiñ düýbüni tutan Jon Lokk şeýle ýazypdy:
“Kimdir biri meniñ hormatlaýan we ýüzüne gelip bilmejek adamymyñ pikirini mejbury kabup etdirip bilmez. Has dogrusyny, has gowusyny bilmeýän bolmagym, başga biriniñ haklydygyny we onuñ bilen bir pikirde bolmagymyñ gerekdigini añlatmaýar.”
Birnäçe aýlap biri-biriniñ aýdanyny gaýtalap gelýän, amerikan bilim sistemasy bilen ýetişen “şan-şöhratly” akademik alymlar mediýanyñ çar tarapyny gurşap alypdyr. Gaýtalanyp leji çykan garaýyş, aslynda halkyñ añyndaky şübhe bulutlaryny dagadyp bilmeýär. (Bu çekişmä "medisina bilimiñ taryhyny"-medisinanyn şejeresini" ele alyp başlamak gerek: “Modern medisina” diýýänleri aslynda näme?)
Waksina meselesinde örän meşhur biriniñ eden işlerini ýazaýyn, göreliñ bakaly, aýdýanlarymy makullarsyñyzmyka?

* * *

ABŞ-ly Kennediler maşgalasyny bilýänsiñiz.
Ikisi-de ABŞ-nyñ janyna kast edilip öldürilen prezidenti Jon F.Kennediniñ inisi senator Robert F.Kennediniñ ogly Robert Frensis Kennedi Jr ABŞ-da alyp barýan köpugurly işleri bilen yzygiderli ünsden düşmeýän adamlaryñ biri...
Garward uniwersitetinde we "London School of Economics"-de okap bilim alan hukuk professory. Tebigaty goramak boýunça alnyp barylýan işlere berýän goldawy bilen tanalýar. Kölleri goramak boýunça Waterkeeper Alliance toparynyñ başlygy. Tebigy baýlyklary goramak geñeşiniñ (NRDC) aklawjysy.
Azyk önümleriniñ galyndysyna garşy alyp barýan göreşi dokumental filmlere çelgi boldy.
Onuñ iñ gowur turzan işi waksinalar baradaky işidi.
Waksinalaryñ çagalarda ünssüzlige, giperaktiw bozuklyga, iýmit arkaly döreýän allergiýalara, autizme, düwnük we muña bagly autoimmun keselleriñ döremegine sebäp bolýandygyny aýdyp “Children's Health Defense” atly çaganyñ saglygyny goraýyş komitetini gurdy.
“Waksinalar. Hökümet we derman öndüriji uly şereketleriñ kirli puly” makalasy Amerikanyñ esasy uly mediýasy tarapyndan ret edilensoñ, makalany "USA Today" gazetinde tölegli mahabat hökmünde çap etdirdi. Makalada şuny ýazdy:
“Uly derman önümçilik şereketleri geçen ýyl lobbi ücin syýasy talaşgärlere 31 million dollar berip ýurduñ iñ uly syýasy hemaýatkärleriniñ arasyna girdi.
1998-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli 3 milliard dollary dolan beýleki sektorlardan has köp syýasy lobbi üçin çykdajy edildi. Bu harçlanan pullar nebitiñ we tebigy gazyñ pulunyñ iki essesi we goranmak bilen howa lobbiçileriniñ dört essesi…”

Kennedi Jr diñe makaladyr kitap ýazmady, aktýor Robert de Niro bilen metbugat ýygnaklaryny-da geçirdi.
Ýagny... Kennedi Jr dünýäde waksina boýunça çekişme guran meşhurlaryñ biri. Ýeri, “meşhurmyşyn” diýip, onuñ aýdanlaryny kabul etmelimişmi? Ýok.
Aýtjak bolýanym şu:

0
14 Gökböri  
136
* * *

“Gaýnym öz islegi bilen sanjym etdirdi, hiç zadam bolmady!”
Sanjymyñ goşmaça täsirleri meselesinde ýatdan çykarylan zat şu:
Waksinalar iññäniñ sanjylan ýerinde çiş, gyzarma, agyry ýaly lokal ýa-da gyzgynlyk, dökündi, angina mäzleriniñ ulalmagy ýaly sistematiki täsirleri döredip bilýär.
Gozgamakçy bolýan zadym bular däl...
Gozgamakçy bolyan meselelerimden biri - waksinalaryñ agyr täsirleriniñ şobada bildirmeýänligi. Ine, asyl ikirjiñlenmäni döredýänem, waksinanyñ uzak wagtyñ dowamynda ýüze çykýandygy aýdylýan goşmaça täsirleri.
Meselem, hroniki kesellere sebäp bolup bolmaýandygy ýaly...
Meselem, tutgaý (epilepsiýa), allergiýa, MS... ýaly kesellere sebäp bolup bolmaýandygy ýaly...
Meselem, demrew (psoriaz), seliakiýa, tiroid mäzi (щитови́дная железа) ýaly autoimmun kesellere sebäp bolup bolmaýandygy ýaly...́
Bular we muña meñzeşleri entek çaklamalardan, gipotezalardan ybarat, heniz gutarnykly subut edilen zat ýok. Ýöne bu çaklamalary delillendirip ýa-da püçege çykaryp biljek işler dowam edýär, makalalar ýazylýar.
Emma. Goşmaça täsirleriñ birnäçe ýyldan soñ ýüze çykmagy we şunça wagt sarp edilen ylmy-barlag işleriniñ geçirilmezligi waksina meselesinde endişeleri artdyrmasa azaldanok.
Şu taýsy hakykat: waksinanyñ tutuşlaýyn kabul edilmegi ýa-da tutuşlaýyn inkär edilmegi sowatsyzlykdan, bilgi pesliginden gelip çykýar. Üstesine, ýokardan garaýan çemeleşme-de waksinalar babatda şübhäniñ barha artmagyna sebäp bolýar. Waksinanyñ aragatnaşyk strategiýasynda döredýän bökdençligi bilgeşleýin görmezlige salynýar. “Bu bilimdir” diýilip “mähelle basyşyny” gurap, köpçüligi boýun egdireris öýdýärler!
“Ölümi görkezip ysytma razy etmek isleýärler” endişesini bular ýaly hondanbärsilik bilen, paýyş söz bilen ýok etmek mümkin däl…
https://kitapcy.ru/news....1-13033

* * *

The Centers for Disease Control and Prevention (CDC)…
ABŞ-nyñ Kesellere garşy gözegçilik we öñüni alyş merkezleri.
Ikinji jahan urşundan soñ 1946-njy ýylda "Ysytma garşy göreş ofisi" ady bilen açyldy.
Onuñ döredilmeginde iñ uly goldawy "Rockefeller fondy" berdi. (CDC-niñ birinji işi alty ýarym milliondan gowrak öýe DDT "zyýansyzlandyryş dermanyny"-zäherini sepelemek boldy. Bolýa-la...
“Waksina” diýlende dünýäde ilkinji bolup ýada düşýän guramalaryñ biri CDC waksinalaryñ howpsuzlygyna jogapkärdir we bu gurama geçiriljek waksinasiýalaryñ sanawyny düzýär we ş.m.
Özem ýokanç kesellerden başlap azyk önümleri arkaly ýaýraýan keselleriñ barsyny seljerip, raýatlarynyñ saglygyny goramaga jan edýärler. Elbetde, olaram "ak jüýje" däl: 1951-nji ýylda Koreýa urşy döwründe Epidemologik kontrrazwedka serwisini (EIS) gurdular. Wagtyñ geçmegi bilen bu merkez biologiki uruşyñ harby bazasyna öwrüldi! Mysal üçin, 1984-nji ýyldan 1989-njy ýyla çeni Yraga botilinum toksini, "Günbatar Nil wirusy", "Ýersiniýa Pestis" wirusy we Dang lihoradkasy ýaly birnäçe biologiki uruş serişdesini ugradandygyny boýun aldy!
Garşyñyzda ölüm howply wiruslary gönderip, adamlaryñ ölmegine sebäp bolýan saglygy goraýyş edarasy bar! Ýene bir fakty mysal bereýin:
- Düýn ýazylan şarbon ýalanynyñ öñbaşçysy Juli Gerberding 2002-2009-njy ýyllarda CDC-nyñ başlygy wezipesinde oturdylyp, üsti ýörite sylaglardan gömüldi. Obama ýolbaşçy wezipeleri üýtgetmänsoñ, nirä gidendir öýdýärsiñiz: Global "Merck" derman öndüriji şereketiniñ waksinalar boýunça bölüm başlygy boldy!
Nähili tötänlik:
"Merck" şereketiniñ iñ gymmat “Gardasil” atly wirusa garşy waksinasynyñ iñ uly hemaýatkäri-de professor Gerberdingdi, ol şol wagt-2006-njy ýylda CDC-e ýolbaşçylyk edýärdi we waksinanyñ ygtybarlydygyny aýdýardy.
Bu waksina 2011-nji ýyla çenli 120 ýurtda idin berdiler. Şolaryñ biri-de Türkiýedi.

0
15 Gökböri  
136
Human Papilloma Virus (HPV), bitertip jynsy gatnaşyklar arkaly ýokuşýan kesel...
"Gardasil" waksinasy dokuz ýaşlylardan başlap, hem-ä ýatgyda döreýän düwnügiñ öñüni almak üçin gyzlara, hemem genital siññiller sebäpli oglanlara rutina hökmünde maslahat berildi.
"Gardasil" sanjymyny urduran ýigrimiden gowrak aýal-gyz aradan çykdy. CDC ölümlere waksinasiýanyñ dahylynyñ ýokdugyny aýtdy! Muña garamazdan zenanlaryñ immun goragynyñ pesligine bagly ysmaz keseli-Guillain-Barre Sindromy (GBS) gabat geldi. Munuñam waksina dahylynyñ ýokdugy aýdyldy! Hemmesi tötänlikmiş! Şeýdip, ABŞ-da waksina satuwy dowam etdi.
Emma başga ýurtlarda beýle bolmady. Mysal üçin:
Ispaniýa ýaş gyzlarda döredýän goşmaça täsiri (agyry-yzasy) sebäpli "Gardasiliñ" ulanylmagyna çäklendirme girizdi we ş.m.
Geleliñ, Türkiýä...
"Gardasil" waksinasy Türkiýede satylýar. Özem "Gardasil"-HPV waksinasynyñ Türkiýede rutina waksinasynyñ sanawyna girizilmegi üçin giñ gerimli lobbi ýöredilýär.
Dünýäde çekişmelere sebäp bolan "Gardasil" barada giñişleýin maglumat edinmek isleseñiz iki dokumental filme tomaşa etmegiñizi maslahat berýärin:
Dokumental filmiñ biri bu waksinanyñ Daniýada maýyp edip taşlan gyzlaryndan söz açýar.
Ikinjisi, Irlandiýada waksinanyñ döreden düýpli neýrologiki bozulmalary sebäpli maşgalalaryñ inisiatiwasy bilen başlanan kampaniýa hakynda.
CDC-iñ hakyky ýüzi şu ýyl belli boldy:

Human Papilloma Virus (HPV), bitertip jynsy gatnaşyklar arkaly ýokuşýan kesel...
"Gardasil" waksinasy dokuz ýaşlylardan başlap, hem-ä ýatgyda döreýän düwnügiñ öñüni almak üçin gyzlara, hemem genital siññiller sebäpli oglanlara rutina hökmünde maslahat berildi.
"Gardasil" sanjymyny urduran ýigrimiden gowrak aýal-gyz aradan çykdy. CDC ölümlere waksinasiýanyñ dahylynyñ ýokdugyny aýtdy! Muña garamazdan zenanlaryñ immun goragynyñ pesligine bagly ysmaz keseli-Guillain-Barre Sindromy (GBS) gabat geldi. Munuñam waksina dahylynyñ ýokdugy aýdyldy! Hemmesi tötänlikmiş! Şeýdip, ABŞ-da waksina satuwy dowam etdi.
Emma başga ýurtlarda beýle bolmady. Mysal üçin:
Ispaniýa ýaş gyzlarda döredýän goşmaça täsiri (agyry-yzasy) sebäpli "Gardasiliñ" ulanylmagyna çäklendirme girizdi we ş.m.
Geleliñ, Türkiýä...
"Gardasil" waksinasy Türkiýede satylýar. Özem "Gardasil"-HPV waksinasynyñ Türkiýede rutina waksinasynyñ sanawyna girizilmegi üçin giñ gerimli lobbi ýöredilýär.
Dünýäde çekişmelere sebäp bolan "Gardasil" barada giñişleýin maglumat edinmek isleseñiz iki dokumental filme tomaşa etmegiñizi maslahat berýärin:
Dokumental filmiñ biri bu waksinanyñ Daniýada maýyp edip taşlan gyzlaryndan söz açýar.
Ikinjisi, Irlandiýada waksinanyñ döreden düýpli neýrologiki bozulmalary sebäpli maşgalalaryñ inisiatiwasy bilen başlanan kampaniýa hakynda.
CDC-iñ hakyky ýüzi şu ýyl belli boldy:

* * *

Kowid-19-dan öñ amerikanlaryñ 80%-i Kesellere garşy gözegçilik we öñüni alyş merkezlerine (CDC) ynam edýärdi. Bir ýylda bu ynam ýarpa ýarpy azaldy. Şeýle boldy:
ABŞ-da koronawirus keseli 2020-nji ýylyñ 20-nji ýanwarynda ýüze çykdy. CDC-iñ başlygy, wirusolog, ätiýaçdaky polkownik, professor Robert R.Redfield test abzallary arkaly derhal keseli berk gözegçilik astyna aljakdyklaryny aýtdy. Emma CDC-iñ test abzallary näsaz bolup çykdy, "laboratoriýada ulanylman ýatansoñ poslapdyr" diýen boldylar. Bu ýagdaý üç hepde dowam etdi. Üns beriñ:
CDC-iñ ilkinji test toparynyñ ýalandygyny bilse-de, kesele ýoluganlaryñ sanyny görnetin artdyryp berýändigi ýüze çykdy! Hatda Prezident Tramp hem bularyñ oýnuna sessiz durup bilmedi, ol hassahanalara kowid-19 baradaky ähli maglumatnamalary CDC-e däl-de, Saglyk we ilata hyzmat ediş ministrliginiñ maglumatlar bazasyna ibermegi buýurdy.
Şeýlelikde, CDC-iñ iki dürli kowid-19 test netijenamasyny şol bir kişi üçin “pozitiw” we “negatiw” berýändigi ýüze çykaryldy. "The Atlantic" žurnaly kesele ýoluganlaryñ sanynyñ ep-esli artdyrylyp berilýändigini, ýurtdaky epidemiýanyñ ýagdaýyny çişirip, ýalñyş maglumatlaryñ berilýändigini ýazdy.
CDC-iñ iki işgäri ylmy maglumatnamalaryñ ýoýulýandygyny aýtdy.
Gelen şuña meñzeş tankydy belliklerden soñ CDC kowid-19-yñ görkeziji tablisasyny web saýtyndan wagtlaýyn aýyrdy.
Bize meñzeş ýurtlarda waksinalar üçin zol-zol salgylanma hökmünde görkezilýän CDC-e ABŞ-da indi şübheli göz bilen seredilýär, her aýdan zadyna ynanylanok, oña bildirilen ynam ters ýüzüne çöwrüldi. Kim bilýär, belki-de... CDC tarapyndan waksina-autizm baglanşygynyñ üstüniñ örtülendigini habar berendigi üçin CDC-den kowulan Dr. William W.Tompsonyñ ahy tutdy!
https://kitapcy.ru/news/ahy_tutdy/2020-12-19-13015

0
16 Gökböri  
136
* * *

Demagogiýa...
Halkyñ isleg-arzuwlaryna we gorkularyna esaslanyp ýöredilýän syýasat we goldaw gözlegi.
Halk bilen baglanyşykly islendik zady çişirmäge meýilli populizmiñ hödürleme biçüwi demagogiýadyr…
Sözümiñ başy: soñky günlerde hemmeleriñ diline düşen - waksina!
Adamzadyñ tamasy uly - waksina tapylsa dünýä kowid-19 belasyndan gutulmaly!
Soñky döwür adamlar "waksina" sözüni eşden badyna tapawutly pikir ýöretmeleri diñlemek islänok. Bu babatda olar mamla. Waksina tapylsa kimiñ garşylygy bar? Hiç kimiñ medisina bil baglamakdan başga alajy ýok. Anygyna ýetmek, seljermek her merdiñ işi däl...
Şonsuzam, waksinanyñ üstünde turan çekişme şeýle bir ýagdaýa geldi welin, muña "oýlanşykly" seretjek bolýan ýok, ýa goldaýan tarapda ýa-da garşy çykan tarapdasyñyz! Ýogsa-da… men hötjetlik bilen şuny düşündirmäge synanyşýaryn - waksina meselesi akly-garaly bir taraply mesele däl.
Waksinanyñ tabu halyna getirilmegi dogry däl.
Tabu - hakykatyñ duşmanydyr!
Emma görýäs welin: ne waksina görnüşlerini... ne-de waksina dozalaryny... ne waksinanyñ genetikasynyñ üýtgedilendigini... ne-de waksinanyñ satuwdaky möhletini… ne waksinanyñ düzümine goşulýan maddalary we şol goşulýan maddalar tebigymy ýa ýasamamy.... ne-de waksinanyñ her bedene uýgundygyny ýa däldigini, ne öñ test edilip-edilmändigini... bu zatlaryñ birisi hakda ýalandan-çyndan pikir alyşanoklar! Munuñ hökman bir sebäbi bolaýmaly…

* * *

Dünýä ýurtlarynyñ arasynda waksina boýunça tapawutlylyklar bar:

BCG: inçekesel waksinasy…
Awstriýa, Belgiýa, Daniýa, Germaniýa, Irlandiýa, Italiýa, Gollandiýa, Ispaniýa ýaly ýurtlaryñ waksina sanawynda ýok.

– "Gepatit A" waksinasy…
Fransiýa, Finlandiýa, Ispaniýa, Angliýa, Bolgariýa, Daniýa, Horwatiýa, Germaniýa, Wengeriýa, Gollandiýa, Italiýa, Malta, Norwegiýa, Polşa, Portugaliýa ýaly ýurtlaryñ waksina sanawynda ýok…

– Meningit waksinasy…
Daniýa, Finlandiýa, Horwatiýa, Bolgariýa, Wengeriýa, Malta, Norwegiýa, Rumyniýa, Sloweniýa, Şwesiýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlaryñ waksina sanawynda ýok.

– Rabies - guduz waksinasy…
Braziliýada we Çehiýa respublikasynda, Indoneziýada belli-belli kişiler, Latwiýada we Maltada hemmeler üçin mejbury, beýleki ýurtlaryñ waksina sanawynda ýok.

– Rotawirus-diareýa waksinasy…
Fransiýa, Gresiýa, Wengeriýa, Bolgariýa, Horwatiýa, Daniýa, Lýuksemburg, Gollandiýa, Norwegiýa, Ispaniýa, Angliýa, Ýaponiýa, Awstriýa ýaly ýurtlaryñ waksina sanawynda ýok.

– Varicella- suwçeçegiñ waksinasy... (ветряная оспа)
Fransiýa, Şwesiýa, Wengeriýa, Estoniùaa, Sloweniýa, Islandiýa, Horwatiýa, Daniýa, Bolgariýa, Irlandiýa, Romaniýa, Gollandiýa, Slowakiýa ýaly ýurtlaryñ waksina sanawynda ýok.

- TBE - sakyrtga waksinasy…
Awstriýada, Çehiýa respublikasynda, Latwiýada hemmelere, Sloweniýada, Finlandiýada belli-belli kişilere maslahat berilýär.

- Zoster-zona (rekombinant) waksinasy…
Ispaniýa, Fransiýa, Çehiýa respublikasy, Italiýa, Awstriýa, Gresiýa, Irlandiýa, Braziliýa ýaly ýurtlarda belli-belli kişilere, Ýaponiýada, Indoneziýada, Angliýada, Awstraliýada hemmelere maslahat berilýär.

- Yellow Fever - sarygetirmäniñ waksinasy (жёлтая лихорадка)…
Ukrainada mejbury. Braziliýada we Indoneziýda belli-belli kişilere maslahat berilýär.

Waksina diýlende birinji ýada düşýäni MMR (gyzamyk, epidemik paratit, gyzylja) waksinasy Awstraliýada ýok. Ýaponiýa mumps-paratit waksinasynyy sanawyna goşmadyk ýeke-täk ösen döwlet.
Çagalara dümewe garşy sanjym (priwywka) edilýändigine garamazdan...
Waksina meselesi köp taraply, kimdir birileri ýurtlaryñ arasyndaky bu tapawutlylyklary aýyrjak bolýarmyka? Hemmelerde sanly (dijital) çip waksinasy bolmalymyka?

0
17 Gökböri  
136
* * *

Waksinany diñe medisina-saglyk tarapy bilen göz öñüne getirip bilmersiñiz, meselem munuñ syýasy-ykdysady taraplary-da bar!
Waksinanyñ bar ýerinde global derman şereketler bar, şeýle dälmi?
Ýerli waksina önümçiligini ýok eden bu şereketler waksina üçin edilýän çykdajylaryñ döwletiñ gaznasyndan çykmagyny isleýär. Germaniýa ýaly kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryñ waksinasyny maliýeleşdirmeýän ýurtlary nyşana alýarlar! Türkiýe, Malaýziýa, Päkistan, Nigeriýa ýaly ýurtlarda waksinanyñ puluny döwletiñ özüne çykardýarlar...
Hawa, waksinanyñ puly meselesini başly-başyna öwrenmek gerek dälmi? Global şereketler holtumlaryny doldurmak üçin gerekli-gereksiz waksina satyn alma mejburlygyny döretmeýändir öýdýärsiñizmi?
Galyberse-de... soñky ýyllarda waksina näme boldy-da, birdenkä, ýurtlaryñ iñ köp gyzyklanýan meselesine öwrüldi?
Meselem... 2018-nji ýyl. Argentina, hem uly ýaşlylar üçin, hem bäbekler-çagalar üçin täze waksina doktrinasyny güýje girizdi. Okuwyñy dowam etmek ýa-da nika şahadatnamasyny, pasport, şahsyýeti anyklaýan beýleki resminamalary almak üçin priwywka (waksinasiýa, ýagny sanjym) etdirmek hökmany şerte öwrüldi.
2018-nji ýyl. Hytaý waksina synaglary boýunça berk gözegçilikleri girizýän kanunlary kabul etdi. On dört ýaşyna çenli çagalara dört gezek tölegsiz sanjym urulýardy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyñ mejbury talaplary bilen bu sanjymlara ýene dokuzy goşuldy. Puly kimden, gürrüñsiz - döwletden. Waksina öndüriji global derman şereketleriniñ Hytaýda degişli ýerleriñ kisesini ummasyz para-peşgeş bilen doldurandygyny "Gara gapyrjak" ("Kara Kutu") kitabymda ýazypdym...
Käşgä, birileri populizme boýun egmezden diñe şu perswektiwadan seredip, waksinanyñ kitabyny ýazsa! Meselem… sanly (sifrowoý, dijital) waksinanyñ puly kimden çykarka?

• Halk tebipçiliginiñ we ot-çöpleriñ derman serişdelerinden has peýdalydygy barada

Geçen ýyl amerikan metbugatynyñ üns merkezinde dümew bardy.
Kesele gözegçilik etmek we öñüni alyş merkeziniñ (CDC) mälim eden görkezijilerine görä, dümew 2017-2017-nji ýyllarda 80 müñe golaý adamyñ ölmegine getirdi. Bu soñky otuz ýylyñ iñ ýokary görkezijisidi. Ondan öñ iñ ýokary görkeziji 56 müñdi. Geçen dümew möwsüminde bolsa 61 müñ adam öldi.
Dünýädäki ölümleriñ umumy sany näçeräkkä? Anyk bilýän ýok. Çak boýunça "1-1,5 million aralyk".
ABŞ-da dümewden ölümler artyberensoñ, “sebäpleriñ” üstünde durulmaga başlandy. Mysal üçin… Orta çykan hakykatlardan biri şu boldy:
Dümew waksinalarynyñ täsiri 47%. Emma mutasiýa geçirýän wirus sebäpli täsir ediş 9%-de galyp, bütin möwsümiñ dowamynda waksinanyñ esasy täsir ediş ugry 29% bolup galdy! Ölenleriñ arasynda waksinasiýa (привывка) etdirenlerem bardy. Segsen müñ adamyñ dümewden ölen ýylynda ABŞ-da 145 million adam waksinasiýa etdiripdi! Waksinasiýanyñ dümewiñ öñüne doly böwet bolup bilmeýşi ýaly dem alyş ýollaryndaky infeksion howpy 4,4 esse artdyrýandygy-da belli boldy!
Professor Maýkl T.Osterholm - ABŞ-da biohowpsuzlyk we ýokanç keseller boýunça hünärmen. Ýokanç keseller boýunça ylmy-barlag we syýasat merkezi (CIDRAP) guramasyna degişli "Dümew barlaglary we gözegçilik merkezleriniñ (CEIRS) müdiri. Ol şeýle diýýär:
"– Waksinany aşa köp mazamladyk we çişirdik. Aslynda ol mazamlanyşy ýaly gorap bilenok. Hemmesi söwda-satuw oýunlary, halkyñ gözüni boýama işi".
Gepi süýndürip durjak däl.
Çekişmeler peýdaly bir netijäni orta çykardy:
Kellebaşaýak!

0
32 Döwletmyrat  
1892
Hormatly Gökböri!!! Meň hünärine gyzyklananyň üçin minnetdar. Hünärim boýunça filolog, žurnalist. Alan ylmy düşünjäm boýunça anyk faktlara ynanýan. Men medisinanyň, derman senagatynyň adam ömrüni uzaldandygyna özümiň 55 ýyllyk ömrümde şaýat boldum. 1975-nji ýyllarda çaga-da bolsam, häzir ýönekeý hasaplanýan köriçegeden, grižadan adamlaryň ölýändigine şaýat boldum. Gökböri, siziň diýýän zatlaryňyz medisinadaky, derman senagatyndaky korrupsiýanyň meseleleri. Men ýazan teswirimde medisinada asyl korrupsiýa ýok diýmedim. Siz başga zat aýdýaňyz men başga zat aýdýän. Siziň aýdyşyňyz ýaly, medisinada, derman senagatynda uly kemçilikleriň, korrupsiýanyň bardygyna garamazdan, anyk fakt şuny tassylklaýar. Dünýä döräli bäri adam ömrüniň uzak bolan zamany häzirki döwrümiz. Adam ömrüniň uzaklygynyň kepili bolsa medisina hem derman senagaty.

0
36 Saylaw  
1486
Жыпдырмасана яшулы. Хер харпына жогап берип билйэн болсан сен журналист дэлсин. Хем филолог-журналист диен хунэр бармай? Херси айры угур дэлми онун? :)

0
37 Saylaw  
1486
Фармацевтикада шулар ялы затлар эдилйэн болса, дерманлара ве хилине-де шубхели гарамалыдыгы бор-да!
Булар чаклама-ха дэл. Аргументлер билен язылыпдыр. Асыл сиз журналист болсаныз гаршылыклайын материаллар билен булары ялана чыкар. Бизем сана ынаналы.

1-15 16-30 31-32
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]