18:54 Beýlekiler nirede? | |
BEÝLEKILER NIREDE?
Medisina
Wenger psihoanalisti Şandor Ferensi (1873-1933)… Onuñ işlän ugurlarynyñ birem uruş newrozynyñ ösüşi. Ol birinji jahan urşunda syn eden zadyny ýazdy: “Uruşyñ trawmasyny başdan geçiren newroz hassalarynyñ ýatan palatasyna girenimde görýän zatlaryma añk bolup galdym. Palatada hamana uçdantutma hemmesi agyr ýaralanan, hatda maýyp bolan adamyñ görnüşini berýän ellä golaý näsag bardy. Käbirleri hereket edip bilenokdy, käbirlerine bolsa çala gymyldadygy aýaklarynyñ çakdanaşa titremegine getirýärdi, olaryñ sesi ýer sürýän azalyñ sesini basýar diýen ýalydy. Iñ gözeilginç ýerem titrewükleriñ ýöreýşidi, olaryñ bolşy ysmaza uçranlaryñ bolşuny ýatladýardy. Dürli-dürli titreme, gagşama, üýşenme we gowşaklyk alamatlarynyñ utgaşmagy diñe artistiñ özboluşly hereket edip biljek keşbidi…” Bu setirler mende şu soraglary döretdi: Bugün ýurdumyzda COV 19 wakalary meselesinde könekileriñ “tejâhül-i ârif” diýýän ritoriki soraglaryñ üstünden jedel ýöredilýär: - Lukmançylyk barlagyndan geçirilýänleriiñ gündelik görkezijisi… - Her günde kesele ýoluganlaryñ jemi sany… - Gündelik aradan çykýanlaryñ sany... Saglygy goraýyş ministrliginiñ berýän statistiki maglumatlarynyñ üstünde çekişmeler häzirem dowam edýär. Psihoanalitik Ferensiniñ syn eden epizodyna gollansak, şuny sorap bileris: - Dürli wirus görnüşindäki dümewli näsaglaryñ näçesi “maña koronawirus ýolugypdyr öýdýän” diýip hassahana ýüz tutupdyr ýa ýüz tutýar? Öñümiz-ardymyz, sagymyz-solumyz durşuna koronawirusly näsaglardan doly. Ýeri, koronawirusdan daşgaryn beýleki wiruslaryñ sebäp bolýan dümew-influenza näsaglary nirede? Ýa bolmasa dümew näsaglary özleri-de bilmezden özlerini koronawirusly hasaplaýarmyka? Çünki muny biri-birinden aýyl-saýyl etmek hiç añsat däl… ■ BEÝLEKI WIRUSLAR Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ (BSGG) we ABŞ-nyñ Kesellere gözegçilik we öñüni alyş merkezleriniñ (CDC) berýän maglumatlaryna görä, her ýyl dümew häsiýetli ýokanç kesellere 11%-i influenza we RSV wiruslary, 14%-i SARS-dan MERS-e CoV maşgalasyna degişli wiruslary, 29%-i Rhino wiruslary we galan 46%-ni bolsa näbelli wiruslar sebäp bolýardy. Hut şol maglumatlara görä ýylda hermüñ adamdan biri dümewden ynjalyksyzlanyp ýogalýan eken. Ölenleriñ 5-14%-i kowid wirusy sebäplidi… Ýurdumyzda her ýyl dümew bilen baglanşykly ölýänleriñ sany ortaça 80 müñe ýetýär we munuñ 4-11 müñ aralygyndakysy kowid sebäpli bolup geçýär. Mediýada bir ýyl mundan öñ diñe şeýle görkezijileriñ üstünde pikir alşylardy, jedel edilerdi. Bugün diñe kowid-19 bar! Emma wirus görnüşleriniñ döredýän dümewi wr munuñ bilen baglanyşykly ölümleri indi agzaýan ýok! Näbileýin: 2009-2010-njy ýylyñ dümew möwsüminde epidemiýa sebäp bolan influenza A maşgalasyndan H1N1 wirusy bardy… Näbileýin: 2014-2015-nji ýylyñ dümew möwsüminde iñ köp gabat gelinen influenza A maşgalasyndan H3N2 wirusy bardy… Wiruslaryñ barsy mutasiýa uçrap täsirini ýitiräýdimiä? Nirede “beýleki” wiruslaryñ döredýän keselleri? ■ GYRMYZY OTAG "Gyrmyzy otag" (“Kırmızı Oda”) teleserialynyñ 15-nji bölüminde "Monjugyñ kyssasyna" gabat geldim. Ünsümi çekdi-de, serialyñ birinji bölümini tapyp “Meliha hanymyñ kyssasyna-da” tomaşa etdim. Maña gabat geldimi, bilmedim: "Lukman hanym" kabul eden iki näsagyna-da dessine derman ýazyp berdi. Yzyndan şol iki näsag öz janyna kast etdi! “Gara guty” kitabymyñ bir bölümini psihologiýa-psihiyatriýa aýyrdym. Dünýäde bolup geçýän jedeliñ ýurdumyzda-da bolmagyny isledim: Neoliberal psihiatriýanyñ düşüren güni. Galyberse-de, ýagdaýyny tapsa amerikan gollanma kitaplaryna seredip derman ýazyp berme başdansowmalygynyñ üstünde durdum. Ahmet Hamdi Tanpynar “Sagatlary sazlama instituty” romanynda şeýle ýazdy: “Psihoanalitika çykany bäri hemmeler azda-kände näsagdyr.” Bary-ýogy iki bölümine tomaşa edendigim üçin serial barada gutarnykly pikire gelmek islämok. Ýöne onuñ neoliberalizmiñ döreden çöküşliginiñ adam durmuşyna nähili düýpli täsir edişini-de suratlandyrýandyr diýip umyt edýärin. Ýa-da dermanlaryñ döredýän agyr goşmaça täsirinden söz açýandyr. Günbatarda "Prozac" ýaly dermanlaryñ adamy “beýnisiz” goýma ýaly ýykgynçylygyna bagyşlanyp birgiden kitaplar ýazyldy, kinofilmler surata düşürildi. Bular ýurdumyzda haçan amala aşyrylarka? Gürrüñimi biraz uzatdym. Aýtjak bolýan zadym şu: COV 19 gorkusynyñ döreden trawmalary ýaly psihologiki nukdaýnazarlar ylmy-barlag işlerine tema bolýarmy? Ýogsa-da näçe kişi koronawirus näsagynyñ bolşuny gaýtalaýar? Şandor Ferensi bugün hassahanalara aýlanyp görse, käbir palatalarda gaýtalanýan trawmalary görerdimikä eýse? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 23.12.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |