16:00 BOGM-ñyzda bogluñ | |
BOGM-ñyzda BOGLUÑ
Publisistika
"El-Jihat" - Muhammet Faraç, "El-Kaide" - Usame bin Ladin, "Hamas" - Ahmet Ýasin, "YŞYD" - El Zerkawi... "Hizbullahy-da", "El-Seýýafy-da" şuña goşup bilersiñiz. "El-Nusra", "Ensar Eş-Şeriat", "Boko Haram", "Leşkeri-Taýýibe", "Eş-Şebab"... Örän köp yslamçy topar bar. Sanawy näçe uzaltsañ uzaldyp oturmaly... BMG bu toparlaryñ barsyny "terrorçy" sanawyna girizdi. Eýsem-de bolsa hemmesi soñky ýarym asyrra orta çykan bu "terrorçy toparlaryny" kim dünýä inderdi? Soragyñ dürli jogaplary bar. Meselem, K.Marksdan sorasak, dialektiki materializm teoriýasyna laýyklykda düşündiriş bererdi: "Adamlaryñ düşünjesi içinde ýaşaýan şertleri bilen başa-baş bolýan hadysalary tarapyndan formulirlenýär we yzyndan düşünje herekete şert taýýarlaýar. Bu hadysanyñam emele getirýän täze ýagdaýy has soñky düşünjelere ýol arçaýar..." Köp günbatarly akyldar bolsa yslam fykhyndaky jihat düşünjesiniñ radikal hereketlere ýol arçandygyny öñe sürýär. Eý-ho! Nätdiñizaý muny! Bu toparlar jihat düşünjesini soñky ýarym asyrda ýadyna salaýdymyka? Meseläniñ düýbi şeýleräk: * * * Günbatar aýratynam Orta Gündogarda doly garaşsyzlykçy, modernistik, dünýewi, milli bitewiligi öñe sürýän ýa-da çepçi-sosialistik hereketleriñ garşysyna radikal dinçi toparlary çykardy. Iñlis-fransuz imperializmine garşy göreşmek bileleşigini öñe süren garşydaş güýçler bölünip, para-para edildi. Döwür "Sowuk uruş" döwrüdi we Günbataryñ umumy duşmany Sowet Soýuzydy. Günbataryñ iñ esasy ýaragy dini röwüşli "global taýpalardy"! Yslamçylaryñ aldanylmagy "hudaýsyz kommunistler" arkaly ap-añsat amala aşyryldy. Owganysgana "jihada" ýollandylar. Döwür ýurtlaryñ biri-birleri bilen üçünji taraplary ara salmak arkaly hüjüm edýän "wekilçilik uruşlarynyñ" döwrüdi. "Sowuk uruşdan" soñ "dünýä imperatory" ABŞ Beýik Orta Gündogar Maksatnamasy (BOGM) bilen ýigrimi iki ýurt döretmek üçin "gan sarp edişligini" artdyryp, sebitiñ bokuny çykardy. "Demokratiýa" ýalany bilen hoşniýetsizligi gylawlandyrdy. Ine... Häzir şonuñ ajy netijelerini görýäris, başdan geçirýäris. Bir döwür Orta Gündogaryñ Pariži hasaplanan Beýruty-Liwany kim bu hala getirdi? Hawa; soramaly bolýarys: Işleriñ bu hala gelmeginde Günbataryñ günäsi ýokmy? Ýogsam bolmasa bulary diñleseñ bolşundan bäşbeter zeýrenýärler! Sowet Soýuzy dargap naýzanyñ ujy özlerine dürtülensoñ, geçmiş bilen ýüzleşmezden radikal dinçi çozuşlara gargynyp başladylar. Bir döwür "watan goragçysy", "gahryman" diýenlerine "terrorçy" diýdiler. Olar häzirem özlerinde müýn bardyr öýdenok. Şindizem zoñtar, öýkeli... Yragyñ, Siriýanyñ, Liwiýanyñ, hatda Eýranyñ we Gazadaky genosidiñ sebäpkäri özleri... * * * Bu makalany ýazmak bilen agressiw hereketlere sebäp gözläp, diñe günbatar kolonializmini aýyplap, şerebämizi pürkmek maksadymyz ýok. Adamzat taryhynda bular ýaly seýrek görülen Gaza bilen birlikde bolup geçen weýrançylyklara tutaryk gözlemek ýaly pikirimiz-ä hiç ýok. Niýetimiz düşünmek, hemmetaraplaýyn öwrenip añ ýetirmek. Jöhitler we araplar 1919-njy ýylda Ýaraşyk konferensiýasynda ýaraşdy, yzy bolmady... Ysraýyl-Palestina çaknyşyklaryny soñlandyrmak üçin 1978-nji ýylda Kemp-Dewidde ýaraşyldy, yzy bolmady... Bir tarapy aýyplamakdan añsat zat ýok. Mesele çözgüt üçin "nähili etmegiñ" gürrüñini etmekde. Palestina-Ysraýyl urşy haçan soñlandyrylarka? Seretseñizläñ... Hyýaly hakykatlar, içi köwülen gymmatlyklar, süýji-süýji boş sözler diñe has köp gan akmagyna sebäp bolýar. Umumy gürläp, zol Ysraýylyñ ýa-da Netanýahunyñ garşysyna agyr sözleri aýdyp uruşda üstünlik gazanyp bilmersiñiz. Ýüzleşmeli bolarsyñyz; Milli aýratynlyklar ideologiýalaryñ şypbygyny üçege zyñansoñ, jemgyýetler syýasy hadysalara diñe dini dahyllylyklaryñ üstünden garşylyk berermen boldy. Bu Ysraýyl üçinem şeýle, Arap dünýäsi üçinrm şeýle. Bu ýerden çözgüt çykmaýar, çykmazam. Ýeke-täk çykalgasy bar - dünýewilik. Adamzat siwilizasiýasy taryhyñ dowamynda garym-gatym ideýalardan kemala geldi. Müñlerçe ýyllaryñ dowamynda biri-birine eýlenip-ýugrulyp gelen adamlary, medeniýetleri gan döküp müñ bölege bölüp bilmersiñiz. Nebsiñiz agyranokmy Orta Gündogara. BOGM-yñyzda bogulyñ-da, ylahym! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 15.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |