21:16 Pensioneriñ sowalgasyndan asylmak | |
PENSIONERIÑ SOWALGASYNDAN ASYLMAK
Publisistika
Soñky döwürde mediýada ýygy-ýygydan pensiýa hak-heşdeklerine hüjüm edilýän habarlary görýärin. Ýogsam bolmasa... Hakykat ony göz öñüne getirişimiz ýaly däl, öz bolşy ýaly ýagdaýda... Näme diýjek bolýaryn. Ilki käbir taryhy maglumatlary dykgatyñyza ýetireýin: Adamzat taryhynda pensiýa çykmagyñ düzgüni täze çykan zat. Senagat rewolýusiýasyndan öñki döwürde garramak, kesellemek ýa-da şikes almak ýaly ýagdaýlarda zähmet ukybyny ýitiren adamlara maşgalanyñ öz içinden, işleýän ýerindäki işdeşlerinden ýa-da döwlet tarapyndan edilýän kömekler azdy. Taryh arenasyna çykan işçiler synpy göreşmek bilen pensiýa hakyny gazandy... Biziñ taryhymyzda-da pensionerlik soñ dörän zat. Osmanlyda XIX asyryñ ikinji ýarymyna çenli döwlet gullukçylaryndan başga adamlaryñ sosial-üpjünçiligi dürli görnüşlerde kanagatlandyryldy. Aýal-gyzlara berilýän mehir (süýthaky), hossarsyz çagalar üçin eýtam, ýanyçarlar üçin ortalyk sandyklar, söwda raýdaşlygy üçin zähmetkeş sandyklary, oba ýerde we şäher eteklerinde ýaşaýan garyp-gasarlar üçin awariz sandyklary ýaly... Dürli fondlar garry-gurtylaryñ, ýarawsyzlaryñ, howandarlyga mätäç adamlaryñ gerek-ýarak zatlaryny üpjün ederdi. Bularyñ maddy çeşmeleri sadaka, hudaýýoly, hüşür-zekat, pitre ýaly dini amallardyr haýyr-sahawatlardy. Tradision döwlet formasyndan häzirkizaman merkeziýetçi döwlet formasyna geçiş döwrüniñ başyny başlan Tanzimatda pensionerlik zamanabaplaşdyrylmaga synanyşylan bolsa-da, netije gazanylmady. Galyberse-de, Osmanlynyñ başdan geçiren maliýe krizisleri sebäpli pensiýa hak-heşdeklerinde ýüze çykýan problemalaryñ yzy üzülmedi. Zhmetkeşler köplenç aýlyklaryny alyp bilenokdylar... * * * Birnäçe täzelikde bolşy ýaly, zamanabap pensioner sistemasynyñ gurulmagynda osmanly harby edaralary öñbaşçylyk etdi. Goşunyñ şahsy düzüminiñ pensionerlere, dul aýallara, ýetimlere hak tölemegi üçin 1866-njy ýylda Harby pensiýa fondy (Tekaüd sandygy) guruldy. Yzyndan raýat gullukçylarynyñ pensiýa çykmagyny tertipleşdirýän düzgünnamalar, kanunlar çykaryldy... Siziñ üstüñize garym-gatym detallary ýagdyryp oturmaýyn: Işgäriñ zähmet möhleti otuz ýyldy. Işleýänleriñ aýlygyndan 5% pensiýa üçin fonda ýygnalýardy. Pensiýa haky bolsa ortaça aýlygyñ 50%-ne barabardy. Üstesine pensionerleriñ sany-da sanaýmaly derejede azdy. Mysal üçin, ilaty şol döwür bary-ýogy 20 milliona deñ Osmanlyda 1880-1912-nji ýyllarda pensiýa çykan işgärleriñ sany bary-ýogy 10 müñ 146-a ýetýärdi. Şol pensionerleriñem köpüsi hafyz ýaly dini işlerde işlän adamlardy. Harby ulgamda pensionerlik has talabalaýyk işleýärdi: mysal üçin, otstawka çykan gullukçylarynyñ sany 1907-1908-nji ýyllarda 23 müñ 288-di. Biziñ günlerimize geleliñ: * * * Respublikan režim sosial üpjünçiligi döwletiñ sosial adalaty gurşawynda ele aldy. Şeýle-de, döwlet gullukçylaryna goşmaça hak tölenmezden aýlyk tölemek kabul edildi. Emma bu aýlyklaryñ ujypsyzja bolmagy we güzeranyñy dolamagyñ kyn bolandygy sebäpli 1949-njy ýylda Pensiýa fondy (Emekli Sandığı) gurlup, goşmaça hakly sistema geçildi. Ine... Indem gürrüñimiziñ göleli ýerine geçeliñ: Döwlet pensiýa çykanyñyzda makul-oñaýly durmuşda ýaşamagyñyz üçin işlän ýyllaryñyzda aýlygyñyzyñ ujundan belli bir bölegini tutup alýar. Döwlet alan puluny hasam artdyryp biler ýa-da saga-sola sowrup uly býužet boşlugyny döredibem biler. Haçan häkimiýetler ikinjisini eden bolsa, pensionerler jemgyýetiñ öñüne gurban zyñyldy. Ençeme ýyllaryñ dowamynda aýlygyndan tutulyp gelnen pensionerleriñ muny almaga haklary ýokmy eýse? Zähmetkeşleriñ geljekki pensiýasy üçin olardan tutulýan pullar syýasy häkimiýetleriñ üsti bilen manysyz harçlamalara gidýän bolsa, munda pensioneriñ günäsi näme? Döwlete ynam edip ençeme ýyllaryñ dowamynda halal gazançlaryndan pul töläp gelipdirler, indem öz haklaryny talap edýärler! Ýagny, ýeri bolsa-bolmasa pensionerleri nyşana almak naýynsaplykdyr. Ýeke-täk günäli syýasy häkimiýetlerdir. Ýurdy baýatmadylar sebäbi. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 10.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |