13:29 Häkimiýetiñ legitimasiýasy | |
HÄKIMIÝETIÑ LEGITIMASIÝASY
Publisistika
Amin Maluf Liwanyñ graždanlyk urşuna çenli Beýrutda žurnalistlik etdi. Ýaşamaga hiç hili şert galmansoñ, 1976-njy ýylda Pariže göçdi. Romanlary bilen tanalýan Maluf Ýakyn Gündogar halklarynyñ yzagalaklygyna, çöküşine degişli ylmy kitaplary-da ýazdy. 2009-njy ýylda "Çamalagy çaşan dünýä. Siwilizasiýalarymyzyñ soñuna gelinende" (“Çivisi Çıkmış Dünya/ Uygarlıklarımız Tükendiğinde”) kitaby çap edildi. Kitabynda iki milli lideriñ - häkimiýetde 15 ýyl galan Atatürk bilen häkimiýetde 18 ýyl galan Jemal Abdynasyry deñeşdirdi. Iki liderem Günbatar kolonializmine, imperializme garşy göreşipdi. Eýsem-de bolsa, Atatürk üstünlik gazanyp, araplaryñ ikonasy Abdynasyryñky nädip paşmady? Atatürk türkleri birleşdirdi, Abdynasyr nämeden birleşdirip bilmedi? Uzatmaýyn. Amin Maluf türk modelindäki üstünligiñ Mustapa Kemalyñ harby üstünliginden gözbaş alýandygyny we halkyñ mundan ötri Atatürküñ getiren täzeliklerini gepsiz-gürrüñsiz kabul edendigini nygtady. Şeýle ýazdy: * * * "Abdynasyryñ eýeren ýoluna baha bermezden öñ "watansöýüji legitimasiýany" düşündiresim gelýär. Aýratyn, özem juda aýratyn, hatda belki-de yslam äleminde meñzeşine gabat gelinmedik mysaldan halkyny weýrançylykdan halas etmegi başarypdyr. Şonuñ üçinem söweşjeñ legitimasiýasyna mynasyp beýle artykmaçlygyñ nähili güýçli bolup biljegini we ondan nähili peýdalanyp boljakdygyny görkezen serdardan ugur alyp aýdasym gelýär. Atatürküñ gürrüñini edýärin... Halky-da Atatürkiñ yzyna eýeripdir. Onçakly nägile bolmazdan urp-adatlarynyñ we dini ynançlarynyñ gysylmagyna rugsat beripdir. Nämüçin? Çünki ol halkyny ýañadandan galkyndyrypdyr. Halkyñ mertebesini dikelden adam oña örän köp zady kabul etdirip biler... Syýasatda diniñ özi aýratyn maksat däl, diñe düşünjeleriñ biri bolup galýar. Legitimasiýa dini ynanjy iñ güýçli bolana däl-de, alyp barýan göreşi halkyñky bilen bir bolana berilýär... Atatürküñ gazanan legitimasiýasy (kanunylygy) onuñ ölüminden soñam dowam edipdir. Türkiýe häzirem şonuñ adyndan dolandyrylýar. Onyñ pikirleri bilen pikiri bir dällerem, oña belli bir derejede wepalydyklaryny görkezmelidigini duýýar..." Amin Maluf kitabynyñ "Sandan çykan legitimasiýalar" bölüminde "legitimasiýalaşdyrma" (kanunylaşdyrma) düşünjesiniñ üstünde şeýle durup geçýär. * * * Uzyn girişi ýazmagymyñ sebäbi, Maluf bilen bir döwürde kitaplar ýazan Daron Ajemogly tezislerinde ösüşiñ diñe Günbatar demokratiýasyndaky döwlet edaralary we strukturalar bilen bolmalydygyny öñe sürdi. Onuñ pikiriçe arasyna Atatürki-de zoñtarlyk bilen goşýan awtoritarlygy muña päsgel berýärmiş! Kimiñki dogry? Mysallara ýüzleneliñ: Isleýşiñizçe azatlyga iñ köp gol ýapýan konstotusion üýtgeşmeleri geçiräýiñ, häkimiýetiñ halkhñ arasynda abraýy (legitimasiýasy) bolmasa, näme etseñem "öli çaga dogran ýaly" bolar! Iki gyzykly mysal bereýin: Osmanly döwründen respublikan döwrümize çenli halk harby-goranyş senagatyna elmydama ýardam edip geldi. Halk "pygamber ojagyna" (harby bölümlere) gözüniñ göreji ýaly seretdi. A indi bolsa häzirki häkimiýetoñ goranmak senagatynyñ býužetine gatanç goşmak üçin kredit kartlaryndan her aýda almak islän 63 lirasy halkyñ gazaply nägileligine getirdi. Üstesine häkimiýetiñ "Ysraýyl üstümize çozjak bolýar" diýen ýaly tasa gelmejek ýalan psihologiki propogandasyna garamazdan! Hawa... Gürrüñ gelip ýene hemişeki syýasy legitimasiýa gelip direýär. Sizi üç gezek saýlaw sandygynda ýeñen Ekrem Imamoglyny "akmak" diýenmiş bahanasy bilen sud arkaly syýasatdan çetleşdirseñiz, halk munuñ legitimasiýasyny indär... Çünki hiç bir syýasy häkimiýet zol gara güýje baýrynma haýbaty bilen ömrüni dowam etdirip bilmez... Jemlär bolsam: Ajemoglynyñ tezisinde "legitimasiýa" düşünjesine kän ýüzlenilmeýär. Owganystana we Yraga "demokratiýa getirýäris" bahanasy bilen çozan ABŞ-nyñ legitimasiýa problemasy gözümize dürtülip durka, onuñ haýsy döwlet edarasynyñ, strukturasynyñ gazanan üstünliginiñ gürrüñini edip bolar? Esasy gürrüñ häkimiýetleriñ legitimasiýasydyr. Özem munuñ diñe saýlaw sandygy, ses bermek, demokratiýa bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Nobel baýragynyñ şuña meñzeş çekişmelere, pikir alyşmalaryñ döremegine sebäp bolaryny umyt edýärin. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 17.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |