14:29 Asyl günäli kim? | |
ASYL GÜNÄLI KIM?
Publisistika
Wagşyýanalyk adamyñ başly-barat - akla sygmajak hereketimi? Günäli diñe öz erk-ygtyýary bilen hereket edip jenaýat edýärmi? Kriminal günälini döreden umuman alanda häzirki jemgyýetçilik sistemasy dälmi? Netije hakda aýdyp, sebäbi gapdala zyñýarys! Men-menligi, barlyşyksyz basdaşlygy, çemeçilligi durmuşyñ özenine öwren, sosial döwlet ýok edip raýaty garawsyz galdyran, ykdysady we syýasy-medeni şeýle adalatsyz sistemanyñ soñky ýyllarda artýan günäli profiline täsiri ýokmy? Raýdaşlygy, ynanyşmagy, mähirli gatnaşyklary ýykyp-ýok eden bu ideologiki sistemany derñemezden ýekeleýin wakalaryñ üstünden baha bermek düýp meseläni giderip bilýärmi? Kyrk ýyl bäri sarp edijilige ýapja edilen - pula, emläge gul edilip "ýeke tipleşdirilen" jemgyýet ahyrynda tutuşlygyna çüýredi. Jemgyýetiñ gowşamagy bilen ahlak kodlarynda uly döwülmeler emele geldi, milli etiki gymmatlyklar sozuldy, kollektiwleýin ylalaşyk dyr-pytrak edildi, birek-birege ýakynlaşmalar we raýdaşlyk ýok edildi... Her dürli "keseki" howply saýyldy, gorkulmaga başlandy. Ýaşaýyş massiwleri, köçeler, prospektler ugursuz görüldi. Maşgala gowşadyldy, funksiýasy bozuldy, çagşady. Döz gelip bilmeýän, ýeke özi galan adam trawmatiki-pisihologiki waka ahwalyna öwrüldi. Güýç güýç ýeteniñki... * * * Şizoid şahsy aýratynlyk bozuklygy ýakyn gatnaşyklar gurmakdan we jemgyýete goşulmakdan gaça durýan, duýgularyny bildirmeýändigi üçin sowuk-iteriji görünýän içimtap adamlardyr. Bular ýaly adamlar añsat dostlaşyp gidibermeýän, özüni çetde saklaýan ýekemen, şeýle-de öwgä we tankyda perwaýsyz bolýar. Beýle ruhy ahwalat şizofreniýanyñ başlangyjydyr... Şahs şeýle. A jemgyýet? Jemgyýetçikik gurluşynda-da edil şahsy bozuklykda bolşy ýaly şübheçi-içimtap psihologiki täsirleri bolan paranoid-şizoid ýagdaý bar! Seksuallykdan etnosa çenli egoistik şahsy aýratynlyklary bölekleýän, derbi-dagyn edýän, doýdum-dolmaz bu düzgüniñ sebäpleriniñ üstünde durmazdan wakalary çözüp bolmaýar. Her gezek aslynda biri-birine meñzeş ýagdaýlary başdan geçirmeli bolýarys... Hawa, asyl günäli nirde? Durmuşy kimler şeýlekin dereje bozdy? Täze dünýä düzgünini döreden (köp ulusly kapitalyñ-imperializmiñ sypaýy aýdylyşy bolan) globallaşmagyñ boýnumyza dakan ýaşaýyş-durmuş formasy-medeni sarsgyny derñelmezden sud wakalaryna añ ýetiril bilmersiñiz! Her bolan wakada detektiwlik oýnamagy bes ediñ... Işe ilkinji nobatda jemgyýeti, maşgalany, adamy haýsy ugra gitjegini bilmeýän "çopansyz sürä" öwrüp-öýdekileşdirip sistemany derñetmeýän bu eksplutasion ideologiýa-režime nähili yrza edilendigiñiz bilen başlap bilersiñiz. Raýdaşlygy, pynhanlygy, seksuallygy, söýgini, dostlugy bozan bu diwersion düzgüne gumanitar ýüz gazandyrmaly. Başga hili çykalgasy ýok. * * * Globallaşmagyñ şahsyñ-jemgyýetiñ fiziki bolşy ýaly ruhy saglyga ýetirýän täsirleriniñ üstünde ýörite durup geçmeli bolarsyñyz. Ýeke günäli komfort ýaşaýyşda ýaşajak bolup ruhuny global şeýtany sistema satmaga mejbur edilen adam däl. Bu sistemany kyrk ýyl bäri ýurduñ boýnuna dakan syýasatçylary günäsiz saýyp bolarmy? A jemgyýetiñ özi ähli gymmatlyklaryñ eroziýa uçradylmagyna näderejede sesini çykardy? Hiç hili. "TikTok"-daky roliklerden köp zat öwrenip bolýar. Mysal üçin: Hyjaply aýal-gyzlaryñ sarp edijilik gyzýan ugurlaryny-meta fetişizmini haýran galyjylyk bilen yzarlaýaryn! Açgözlük doýanok. Geleñsizlik çaýyr ýaly ýaýraýar... Aýal-gyzlara garşy edilýän jenaýatlar ýaly nirä barsañ garşyña çykýan agressiýa tarapdarlygyny edýän fanatizm-global kadasyzlyklar şundan tapawutly däl... Bularyñ barsy globallaşmaga boýun egen 22 ýyllyk neoliberal häkimiýetiñ diñe ykdysady-syýasy ugura däl, ýurda ýetiren medeni zyýanlarynyñ netijesidir. Ymamhatyp mekdeplerini açanyñ bilen mesele çözülenok... Beýleki oppozision partiýalar şundan üýtgeşikmi? Ideologiýany, syýasaty elmydama şahslaryñ üstünden jedelleşip jemgyýetçilik çüýrükliginiñ öñüne geçip bolarmy? Bolmaz. Syýasy paranoýýa bilen özbaşyna bulam-bujar haldaky syýasaty kontrollyga aldy! Depgilenýänem elmydama öleñlik bolýar: Globalçy tehnologiýa ýaly çaltlyk bilen üýtgeşmä eýerip bilmeýän, ygtybarsyz, şahsy aýratynlyksyz, ýeke galdyrylan, ruhy saglygy bozuk şahsy düzeltmek üçin düzgün çalşygy gerek. Ýogsam bolmasa, bu täze dünýä düzgüniniñ sakçylary hemmeleriñ ruhy saglygyny bozmagyny dowam etdirerler. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 08.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |