14:47 Haýsy medisina bandasy | |
HAÝSY MEDISINA BANDASY
Medisina
Nemes ýazyjysy, dramaturg Bertold Breht daşyndan göräýmäge çepçi ýaly görnüp, aslynda kapitalizmiñ dargamazlygy üçin täze pikirleri orta atýan intelligentlere "Tui" diýdi... Bu onuñ nemes dilindäki intellektual (tellektual) sözüniñ harplarynyñ ýerini üýtgedip toslan sözüdi. Hatda B.Breht "Tui" atly roman ýazmaga başlapdy. Gutarylman galdy... Tötänlik däl - M.Horkhaýmer Germaniýada şol döwür otuzynjy ýyllarda "köpbilmiş" sözüni teýeneli söze öwürdi. Köpbilmişler - faktorlaryñ garşysynda obýektiw pozisiýada durýandyrys öýden bihepbelerdi! Ýagny köpbilmişsiräp özbaşdak hereket edýänler intelligent däldi, olar kapitalizmiñ oýnatgysy, hatda belkäm bilmezdenem bolsa sistemanyñ ýol arçan kösençlikleriniñ jenaýatçy şärikdeşidi. Onda temany soraglar bilen açalyñ: Bularyñ ugruna intellektual klassifikasiýa berlip bilnermi? Diñe meşgullanýan ugry sebäpli bir lukmana intellektual diýip bolarmy? Ýa-da içinde hormatlanýan adamlar bar bolanda-da, Türkiýäniñ Tebipler soýuzy ýaly edara-guramalar intellektual gurluş hökmünde görlüp bilnermi? Ýa bolmasa bular özleri bilmeseler-de "tui"-mi, "köpbilmişler" sürüsimi? Bularyñ üstünde hiç pikir alyşamzok. Sud wakalarynyñ jedeli bilen wagtymyzy ötürýäris! * * * Bir hepde bäri has köp pul almak üçin bäbejikleri kuwezlere salan we käbiriniñ ölmegine sebäp bolan "Ýenidogan" bandasy hakdaky habarlary okaýarsyñyz. Bildirilýän nägilelikler dogry welin, bular ýaly pula esaslanýan bidüzgünçilikler täzelikmi? Asyl "global banda" gözden sypdyrylýar! Günbatar merkezli kapitalistik medisina garaýşyny derñeýän "Gara guty. Ýüzleşme wagty" kitabyny ýazdym. Käbir lukmanlaryñ we guramalaryñ agyr paýyş sözlerine sezewar boldum. Öñ aýdylmadyk zady paş etmegiñ kynçylygyny bilmän duramokdym, ýöne sözde antikapitalistik çepçileriñem häzirki sistema gujak gerişlerine haýran galdym. Medisinany eldegrilmesiz pudak, özlerini hökmürowan edipdiler we diagnozdyr bejergilerine jemgyýetiñ hemişelik bil baglama ýagdaýynyñ dowam etmeginiñ tarapdarydylar. Öz-özüñi tankyt diýildän zat ýokdy. Kapiyalistik medisina programmasynyñ we munuñ kemala getiren garaýşynyñ derñelmegini, ümsümligiñ bozulmagyny islänokdylar. Ylmyñ maskasyna öwrülen "häzirkizaman medisinasy" ýalanyna hemmeleri ynandyrypdylar. Žurnalistlik gözleglerimiñ miwesi bolan kitabymyñ ýeke sahypasyny okamazdan nämeleri diýmediler... Bularyñ başynda ýokarda agzalan "köpbilmişler" bardy! * * * Geçmişi ýada salmak täzeçe jebir çekmegiñ formasy ýaly bir zat boldy. "Ýenidogan" bandasy ilkinji-de däl, soñkusy-da bolmaz. "Gara guty" kitabymda şuña meñzeş onlarça wakanyñ üstünde durup geçipdim. Çöküş şeýle bir sepgide geldi welin, esgerlerimize çenli ulanyldy... Makalamyñ çägi dar, şoñ üçin uzaltmaýyn. Mysal üçin, 2007-2010-njy ýyllarda ysraýyllylar başlyklaýyn ýurdumyzda geçirilen daşary ýurtlylaryñ derman synaglarynda 893 türk raýaty aradan çykdy. Titrleri akyllaryndan uly medisina işgärlerine garşy polisiýa operasiýa hem geçirmedi. Nädip bular ýaly zat çalt ýatdan çykaryldy? "Ýenidogan" mafiýasy birinji gezek gabat gelýän ýaly gürrüñ edilýär. Seretseñizläñ: "Dile geldi-bile geldi", ölen bäbejikleriñ gürrüñini orta atanyñyza görä, kitabyma salgylanaýyn - Kiprde ölen bäbekler: "Talidomide" dermanyna "bäbek serediji" diýdiler. Bu agyry aýryjy derman serişdesi göwreli aýallara-da berildi. Ýeterlik derejede synag edilmändigi barada nägilelik bildirip ýazsalaram, "medisina baronlary" muña gulak asmady. Meselem, onuñ goşmaça döredýän täsirlerinu ýazan doktor Uilýam Makbraýdyñ makalasy "Lancet" medisina žurnaly tarapyndan çap edilmekden ýüz öwrüldi! Kipr, Gollandiýa, Ispaniýa, Belgiýa ýaly ýurtlarda öli we maýyp çagalar doguldy. "New York Times" gazeti şindizem "Talidomid saglyga ýaramsyz derman däl" diýip çykyş etdi. Emma ýetmişinji ýyllaryñ başynda Kiprde bolup geçen ölümleri derñän "Sunday Times" iñlis gazetiniñ tutanýerli çykyşlary bilen bu derman serişdesiniñ ölüm howply goşmaca täsirleriniñ bardygy subut edildi. Mesele diñe derman serişdesimi? 2015-nji ýylda Gollandiýada bäbejikleri garnyndaka ýeterlik derejede ösüşini almaýan enelere "Viagra" berilendigi sebäpli 19 bäbek öli doguldy. Synag togtadyldy. Saglygy pul gazanmagyñ serişdesine öwren kapitalistik medisina garaýşyny derñemezden "Ýenidogan" bandasyna garşy göreşip bilmersiñiz. Bileñzokmy näme, medisinanyñ atasy Gippokrat bireýýäm öldürildi. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 22.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |