10:32 Imperatoryñ täze dermanlary | |
IMPERATORYÑ TÄZE DERMANLARY
Medisina
Ikbaly we Aýşenury öldüren on dokuz ýaşly Semih Çeligiñ psihotrop dermanlary ulanýandygy ýazyldy. Nähili dermanlary ulanýardylarka? Gerdek ýuwtdurmadan başga nähili bejergi aldy? Käbir hadysalary ýatladaýyn: - On dört ýaşyndaky Maýkl Karnal üç okuwçyny öldürdi, bäş adamy ýaralady. Onuñ psihotrop dermanlary ulanýandygy aýdyldy... - On üç ýaşyndaky Mişell Jonson bir mugallymy, dört okuwçyny ýaralady. Onuñ psihotrop dermanlary ulanýandygy aýdyldy... - On alty ýaşyndaky Jeff Weýs dokuz adamy öldürdi, ýedi adamy ýaralady. Soñundan öz janyna kast etdi. Onuñ psihotrop dermanlary ulanýandygy aýdyldy... - On sekiz ýaşyndaky Jeson Hoffman bir adamy öldürdi, bir adamy ýaralady. Onuñ psihotrop dermanlary ulanýandygy aýdyldy. Uzatmaýyn, dünýäniñ çar künjünde bular ýaly gynançly wakalar ýygy-ýygydan gaýtalanyp dur. Soñky ýyllarda ýurdumyzda-da depe saçyñy düýrükdirýän jenaýatlara şaýatlyk edýäris. Bizde-de adam öldürme jenaýatlarynyñ merkesinde psihologiki bimazalygy bar bolan ýaşlar bar... Hadysalary köp taraplaýyn ele almaly bolýar. Meselem medisina tarapy şu bolup bilermi: derman ýeke-täk çäremi? * * * Bäş ýyl öñ "Gara guty. Ýüzleşme wagty" kitabymy çykartdym. Kitapda halkara derman önümçilik kompaniýalarynyñ her bir ýurdy "bazar" we her bir adamy "müşderi" hökmünde hökmünde görýändigini, kapitalistik medisina düşünjesiniñ adamyñ saglygyny söwda harydyna - meta öwrendigini ýazdym. Derman satuwlarynda görlüp-eşdilmedik partlamalar boluo geçýärdi! Meselem: Türkiýede her on adamdan biri psihiatriki dermanlary ulanýardy. 2003-nji ýylda 14 million 238 müñ guty antidepressiýa dermanlary ulanylan bolsa, bu san 2010-njy ýylda 34 million gura, 2015-nji ýylda 44.5 million guta, 2018-nji ýylda 55 million guta ýetdi. Häzir 62 million gelip diredi... Raýatlarymyza "bal ýuwtdurylýan" ýaly nämüçin derman gerdejikleri ýuwtdurylýar? Megerem hünärmenlerimiz näme edýändiklerini bilýändir. Hernä global kompaniýalara özlerini oýnatdyrmaýan bolsunlar-da. Köpüsi reseptsiz zatsyz satylýar ýogsam... Eýsemde bolsa antidepressiýalar ulanylýan wagtynda-da, derman ulanylyşy tapba kesilende-de öz janyña kast etmek ýa-da duşmançylykly hereketler-topulmak ýaly düýpli netijelere getirip bilýär. Şu temada surata düşürilen dokumental filmler bar. "Döwlet mekdepleri. Psihotrop dermanlaryna iterilýärmi?" (“Public Schools: Pushing Drugs?”) ýaly... * * * Hawa, ýurdumyzda soñky döwürde köpçülikleýin gandöküşlikler-jenaýatlar we öz janyña kast etmek wakalary bilen garşylaşýarys. Bu hadysalaryñ sebäpleriniñ arasynda psihotrop dermanlarynyñ nähili ýygylykda ulanylyp-ulanylmandygy boýunça geçirilen ýeke ylmy-barlag işini görmedim. Çünki "bu dermanlarda günä ýok" düşünjesi bar. Serediñ... Bu dermanlar size bagt getirýän gerdejikler däl, käbiri agyr goşmaça agyrylary döredip bilýär. Özem köp wagtlap ulanylan ýagdaþtnrw mejbury antidepressiýa dermanlarynyñ öz bakna edip goýma howpy uly. ABŞ-nyñ özem özüni halas etmek üçin 2004-nji ýyldan bäri ähli antidepressiýa dermanlaryndla "gara guty" ýarlygyny ýelmemegi ýola goýdy. Sebäbi aýratynam 18-24 ýaş aralykdaky ýaş oglan-gyzlaryñ öz janyna kast etme meýli howpunyñ artmagy! Garward uniwersitetiniñ Medisina fakultetiniñ mugallymy. professor Irwing Kirş antidepressiýa boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar. Ol ýazan kitaby "Imperatoryñ täze dermanlarynda" şeýle diýýär: "Antidepressiýa dermanlarynyñ ulanylyşy depressiýanyñ soñky ýyllarda gaýtalanma howpuny 113-280% artdyrýar. Dört-sekiz hepde ýaly gysga wagtlaýyn ulanylyşlarda-da depressiýa muny gaýtalaýar. Biziñ günlerimizde depressiýa wakalarynyñ ýygylygynyñ iñ düýp sebäbi-de antidepressiýa dermanlarynyñ köp ulanylmagydyr! Çünki derman içeniñiz bilen depressiýa ýok bolup gidenok..." "Gara gutyda" şuña meñzeş onlarça ylmy-barlaglaryñ netijesine, faktlara ýüzlendim, kitabyñ ýüz sahypasyny şu tema bagyşladym. Ýokarda ady tutulan oglanlaryñ we başga-da onlarça ýaş ýigidiñ alýan bejergileri, içýän psihotrop dermanlary öwrenilmäge degişli. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 09.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |