22:03 Çilleçi akym | |
ÇILLEÇI AKYM
Publisistika
Şu ýazgyny ýazmagyñ pikirini kän wagtdan bäri edip gelýärdim. Döwlet Bahçeliniñ we onuñ yzyndan Erdoganyñ "täze kürt çözgüdi" temasyny birhili etdiler-de orta atanlaryndan soñ ýazmaly boljakdygyny pikir etdim. Kämahal akymyñ tersine kürek aýlamaly bolýar... Adorno şeýle diýipdir: "Teoriýa dar dünýägaraýyşly bolmadyk her bir zadyñ adyndan gürläp bilýär". Başlaberjek onda: Ömrümiz kapitalizmiñ adamy we jemgyýeti ruhy taýdan çökerden, çüýreden tankydy bilen geçdi. Ýaşaýşy bölek-büçek eden monopoliýaçy kapitalizm hakyndaky garaýyşlarymyzyñ dogrulygy babatda şindizem şübhäm ýok. Emma şunuñ üstünde durmalydygymyzy pikir edýärin. Tankyt edýän zadymyzy iñ bolmanda ýurdumyzda özgertmek babatda nämüçin üstünlik gazanyp bilmedik, güýjümiz ýeterlik bolmady? Öñe süren tezislerimiz, göreşimiz, hereketlerimiz halkda nämüçin mynasyp goldawyny tapmady? Ýogsam bolmasa... Bu ýurt üçin şahsy bähbidini pikir etmän müñlerçr rewolýusioner jan berdi, türmede ýatdy, işsiz galdy. Ýurtdaky köpçülik bu ýaş çepçi idealistlere gañrylybam seretmedi, elmydama diýdimzor syýasy häkimiýete boýun egdi. Elmydama jellady alkyşlady, hemişe atlary aýry-aýry bolsa-da, şol bir saýlaw seçgilerini etdi! Nämüçin? Dünýäni özgertmek babatda azmymyz, gaýratymyz, islegimuz bardygyna garamazdan, dünýäni dogry düşündirip bilme babatda şobir tagallany görkezmedikmi? Ýeke-täk bil baglaýan zadymyz bolan proletariatyñ taryhy roly garaşylşy ýaly bolup çykmadymy? Soraglar köp... Hökman çagşar diýlen, jähennem hasaplanan kapitalizm ömrüni "tüýsüni" üýtgedip dowam etdi durdy. Bu ýazýanlarymyñ "täze kürt çözgüdine" näme dahyly bar? Freýdçi psihoanalitiki çekişmäni-de etmeli: * * * Zuhd (zahyt), çilleçilik... Köplenç magnawy sepgitlere ýetmek maksady bilen, dünýewi zowky-sapalardan daşda durmak bilen häsiýetlendirilen ýaşaýyş-durmuş terzi... Buddizm, induizm, hristianlyk, iudaizm, yslamyýet ýaly birnäçe dini we pelsepewi tradisiýada çille çekmek däbi bar... A ideologiýalar näme? Narkotiki täsirlenme ýaly täsirini ýetirip bilýän çilleçi ideologiýa barmy? Ýa-da amallary zahyt bolan bolan syýasy hereketler? Meselem, işçileri aşa bişen görmek, beýgeltmek, zähmeti fetişistleşdirmek çilleci ideologiýamy? Zynjyrlaryndan sypyp bizi-de azatlyga çykarar diýlen proletariat tersine biziñ özümizi zynjyrlara baglap goýaýdymy? Kapitalizmiñ krizislerinden peýdalanyp, dünýäni "jennete" öwrüp bilmezligimizde munuñ täsiri barmy? Çyndanam... Dünýäni özgertme babatda azmymyz bardy-da, ony dogry düşündirme babatda tagallamyz ýokmudy? Ideologiki hoşniýetsizligi, fanatikligi añlatmak üçin ulanylan "syýasy dogruçyllyk" bizi boýun egdirdimi? Uzatmaýyn: Täzeden radikal pikir öwürmä, tankydy formula mätäçligimiz bar. Gürrüñsiz, teoriýadyr praktikanyñ gymmatyny pese gaçyrmalyñ, sapak alalyñ. Elemente, jisim görnüşine getirilen, saýrylaşdyrylan adamy gazanma göreşimizi dowam etdireliñ. Indi çepçi-syýasy kürt hereketi barada aýdalyñ... Reallygyñ bagjygyny açalyñ: * * * PKK-niñ elli ýyllyk agressiýa jeñbazçylykly prosesiniñ gürrüñini edýäris. Gan akdyrmagyny, gan ýitgisini dowam etdirip geldi. Häzirem şeýle... Her ganly teraktda öz-özüme şu soragy berdim: Bjzuñ käbir çepçi akymlarymyz ýaly bularam kösençlikden, horlukdan keýp alýarmy? Ölümi mukaddesleşdirýän "Kürdüstan Işçiler partiýasy" - PKK ýa-da kürt syýasaty çilleçi akymmy? Ölümi mazamlap ýaş juwanlary mazara itermekden ýadamadymy? Haýp dälmi, şindizem ýaşajyk oglanlaryñ öz mazarlaryny özlerine gazdyrýar... Ýene näçe müñ adamy gurban berjeklerkä? Añ-beýni ölümini başdan geçirýärler. Ýarag bilen üstünlik gazanyp bilmejekdiklerini kejeñeklik bilen göresleri gelenokmyka? Bolup duran zatlaryñ üýtgewsiz we ömürlik däldigini nädip añşyranoklar? Dünýädäki bulara meñzeş gaty köp syýasy akym legallaşmagy saýlap aldy. Añ-düşünje taýdan rehberlige (ýolgörkezijilige) mätäçlikleri bar. Seretseñizläñ gelip ýeten ýerlerine: ABŞ-nyñ ätiýaçlyk harby güýjüne öwrüldi duruberdi! Olar imperializmiñ Ýakyn Gündogar sakçylygyny etmekden gutulmasa bolmaýar. Ýaragy taşlap türk halky bilen birleşmekden başga ýeke-täk halas boluş ýollary bar: Çilleçi durmuşy dowam etdirip, ölüme gitmek... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 11.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |