09:31 Uluslaryñ peselişi | |
ULUSLARYÑ PESELIŞI
Publisistika
Türk jemgyýetçiliginiñ iñ esasy meselesi - garyplyk. Adamlar garyplaşmakdan ejir çekýärler, nägile bolýarlar. Eýse... garşa zeýrenmegiñ ýerine garyplaşmagyñ baş sebäpleriniñ üstünde ymykly durulsa bolmaýarmy? Bir özüñ tebil tapanyñ bilen meseläni çözüp bolmaýar. Çekişme we çözgüt gözleme ukybymyzy ösdürmek gerek. Meselem: Daron Ajemogly Nobel baýragyny aldy. Onuñ ýazan makalalarynyñ üstünde durup geçýän barmy? Ýok! Syýasy-etniki aýratynlygyndan başga ylmy-barlag işleri barada kelam agyz dil ýarýan ýok. Garyplygy başdan geçirýän bolsak, Daron Ajemoglynyñ Garward uniwersitiniñ syýasatşynas professory Jeýms A.Robinson bilen bile ýazan "Uluslaryñ peselişi" kitabynyñ jedelini etsek gowy bolmazmy? Sebäbi bu awtorlar 15 bölümlik kitapda neolitiki-daş eýýamyndan biziñ günlerimize çenli taryhy kesişmede baý-garyplygyñ köklerini ykdysady-syýasy perspektiwa bilen analiz etdi... Ýetde-gütdeligiñ we gurplylygyñ sebäplerini, girdeji paýlanyşygyny, emele gelme formalaryny öwrendiler. Şeýle diýdiler: * * * - Syýasy güýjüñ dar galypda jemlenmegi garyplygyñ, häkimiýetleriñ raýatlara garşy jogapkärçilikli bolmagy gurplylygyñ sebäbi... Bu garaýyş häzir bizdäki garyplyga dahylly pikir berýärmi? Garşylyklaýyn oikir alyşmak gerek. Mysal üçin: "Anadoly gaplañlarynyñ" (neoliberalizmiñ başlan) segseninji ýyllardan biziñ günlerimize çenli türk ykdysadyýetindäki paýlary ünsi çekýär. Onuñ çaltlyk bilen artýan baýlygy ýurdy-da baýadýandygy barada medeni gipoteza bar. Baýlygy medeniýet bilen baglanyşdyrýan bu garaýşyñ köki protestant ahlagynyñ Ýewropanyñ häzirkizaman senagat toplumynyñ ösüşini añsatlaşdyran açar roluny oýnandygyny öñe süren Maks Webere degişli. Bizde munuñ düýbi (mukaddesatçy häkimiýetleriñ propogandasy üçin) diñe esaslandyryldy. Başga ynançlara, gymmatlyklara we ahlak garaýyşlaryna onçakly ünsi çekilmedi. Ýurdumyzda-da bolup geçýän şeýle medeni gipoteza bütindünýä deñsizligine düşünmekde derege ýararmy? Ajemoglydyr Robinsonyñ pikiriçe baý-garyplyk köplenç edara-guramalaryñ miwesi, özbaşdak sebäbiniñ däl. Dini we ykdysady üstünligiñ arasyndaky gatnaşygam örän çäklidi. Protestantlyk bilen ykdysady üstünligiñ arasynda aýratyn gatnaşygyñ bardygyny görkezip biljek onçakly köp subutnama ýokdy... Hawa, şu zatlaryñ üstünde pikir alyşsak gowy bolmazmy? * * * Galyberse-de, zol-zol agzalýan "jahylyýet gipotezasy" bar. Ol ýolbaşçylaryñ ýurdy we adamlaryñ özlerini nädip baýatjakdyklaryny bilmezliginiñ tezisine esaslanýar. Ýagny: Syýasatçylar ýurdy ykdysady şowsuzlyklardan nähili halas etmelidigini bilmeýändikleri we nädogry doktrinadan ýöreýändikleri üçin garyplygy ýeñip bilenokdylar. Dogrumy bu? Bu gipoteza Ajemoglydyr Robinson garşy çykýar. Olaryñ pikiriçe ýurtlaryñ ykdysady üstünlikleri edara-kärhanalara, ykdysadyýetiñ işleýişini kesgitleýän düzgünlere we şahslary ruhlandyrýan höweslendirmelere görä bolup geçýärdi. Meselem, ýene ýurdumyzda mazmunyna onçakly düşünilmese-de, zol-zol agzalýan bir aýtgy bar: "Geografiýa - ykbaldyr" (ýagny "doglup, ýaşaýan ýeriñ mañlaýyña ýazylan ýeriñdir" manysynda). Ýaşaýan geografiki zolagyñ bilen ykdysady ýagdaýyñ adam ýaşaýşy boýunça täsirlerini şekillendirýän we umuman otrisatel manyda ulanylýan aýtgy bu... Diñe bizde däl, dünýädäki geografiki dürli-dürlilikler baý we garyp ýurtlaryñ arasyndaky uly tapawudyñ sebäbi hökmünde görkezilýär. Ajemoglynyñ we Robinsonyñ pikiriçe, bulam harsallyk bilen dereksiz gipotezalae diñe añ garjaşyklygyny döredýärdi. Iki alymyñ aýtmagyna görä, medeni-geografiki bilen ykdysady üstünligiñ arasynda durnukly baglanyşyk ýokdy. Bu dogrumy? Netijede iñ bolmanda Nobel baýragynyñ berilmegi barada çekişme guramagymyza mümkinçilik bermeli... Mysal üçin, 2009-njy ýylda bilelikde ýazan kitabynda bu iki alym Hytaý ýaly totalitar ýurtlaryñ ykdysady ösüşi dowam etdirip bilmejekdigini öñe sürdi. Hawa, global kapitalizmiñ döreýşini we häzirki ýagdaýyny analizleýän Daron Ajemoglynyñ bular ýaly tezisleriniñ jedelini etmeli. Bu temalary "halap-halamazlyk" ýa-da "saýry" lagerleşmesindwn çykarmaly. Ýogsam bolmasa, elbetde Ajemoglynyñ ylmy-barlag usulyny, ikinji derejeli çeşmelerini we umumylaşdyryjy tezislerini jedelleşmekden gaýra durmaly däl. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 18.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |