15:56 Bigünälik prezumpsiýasy | |
BIGÜNÄLIK PREZUMPSIÝASY
Publisistika
Häzir şu ýazgyny ýazmak kyn. Ýöne belkäm-de şu gün ýazylmalydyr. Mysaly iñ elýeterden beresim gelýär... RHP-niñ ýaşlar toparynyñ Beýogly raýonynyñ dürli ýerlerine asan ýazgysy ünsümi çekdi: "Eli ganly "Yenidoğan" bandasynyñ serdary Türkiýe respublikasynyñ prokuroryna haýbat atma miltini syýasy baglanyşykdaky adamlaryndan alýar!" Bir göräýmäge ýazgyda ýazylanlarda ullakan mesele ýok ýaly. Prokurora haýbat atan wideony görmedik ýok bolsa gerek. Diñe şu sud işi däl, şuña meñzeşlerine-de köp gabat gelmäge başladyk. Ha Narin Güran bolsun, ha-da Dilan Polat wakasy bolsun, şu soragyñ üstünde pikir alyşsak gowy bolmazmy: Ýurdumyzda "hasap bermek" babatda säwlik goýberýärismi? Halkara hemmetaraplaýyn esasy hukuk düşünjesini ýatlatmaly bolýaryn: “Presumption of innocence”, ýagny "bigünälik prezumpsiýasy"-günäsizlik prinsipi... Etmiş doly subut edilmedik ýagdaýynda hiç kimi sud edilen hökmünde aýyplap bolmaýar... Bigünälik prezumpsiýasy bolmasa, öñünden ýetirilen soñky hökün basyşy sud prosesine täsirini ýetirýär we usullaýyn alnyp barylýan derñew anyk sud kararyna öwrülýär! Ynha... Iñ uly ýalñyşlyklaram şu ýerden çykýar, hakykaty anykladygy bolmaýar! Özümden mysal bereýin: * * * FETÖ-nyñ guran duzagy netijesinde iki ýyllap Siliwri türmesinde ýatdym. Aýyplama on aýdan soñ çykdy. Şol ikiaralymda men barada ýazylmadyk ýalan galmady. (Jikme-jiklikleri "Samizdat. Hakykatlara döz gelip biljek güýjümiz barmy?" kitabymda ýazdym). Ilki sud mejlislerinde dymanymy gowy gördüm. Sebäbi hukuk kadalaryna laýyklykda rayatyñ bigünädigini subut etmegiñ hajaty ýok, onuñ günälidiginiñ doly subut edilmändigi ýeterlik. Hawa, diñe bildirilen etmişleriñ subut edilmeginden soñ höküm çykarylyp bilner. Işimi derñeýän prokurorlardyr sudýalara "günämi subut ediñ" diýibem bilýärdim! Ýöne munuñ giñ jemgyýetçilikde näme täsiri bolup bilerdi? Bigünälik prezumpsiýasy kimiñ piñine? Hukugy bozdular, adalaty ýok etdiler. Täze sud medeniýetini gurdular. Wyždany, ynsaby ýaraladylar... Muña ýeñilmejek bolmaly. Hakykata ýetmek üçin dürli pikirler çaknyşmaly bolýar. Munuñ üçin derñew biri-birine deñ üç wezipä mätäçlik duýýar: aýyplama wezipesi - garalawjy prokuror, goranma wezipesi - aklawjy, sud etme wezipesi - höküm çykaryjy sudýa... Hakykat şu üç wezipäniñ pikir çaknyşygyndan orta çykýar. Turzulan galmagal kanunlaryñ şu üç sesini basmaly däl... * * * Şeýle diýýän bolmagyñyz mümkin: Siz haýsy suduñ gürrüñini edýärsiñiz? Konstitusiýada diñe kagyz ýüzünde galan hukugyñ gürrüñini edýärsiñizmi? Dogry aýdýarsyñyz. Kanuny düzgüniñ soñuna nokat goýup öz keýpine kybap sistemany ýola goýan AKP bilen syýasylaşan sud jemgyýetiñ adalat medeniýetini sozdy. Üstünde durup geçmek isleýäninem edil şu bozuklykdyr. Häkimiýet başynda oturanlara ýeñilmejek bolmaly. RHP-li ýaşlara çenli köptaraply hukugy syýasata perde tutunyp bilýär. Gaýtam tersine, bigünälik prezumpsiýasynyñ arkasynda durup, suda eýe çykma medeniýetini berkitmeli. Jemgyýetçilik düzgünini başga hili ýola goýmak mümkin däl. Seniñ hukugyñ, meniñ hukugym diýen zat ýok. Esasy köptaraply prinsipleriñ gürrüñini edýärin, ýogsam bolmasa syýasat-sud gatnaşygyny bilmän duramok. Soñly mysal: RHP tussag astyna alynan Esenýurt munisipalitetiniñ başlygy Ahmet Özere arka durmagynyñ birinji şerti-de bigünälik prezumpsiýasy bolmaly. Gürrüñsiz... Häkimiýetiñ we onuñ garamagyndaky mediýanyñ şobada höküm çykarjagyny çak etmek kyn däl. Öwrenişibem gitdik indi bu zatlara. RHP aýry garaýyşdadygyny görkezmeli. Ýagny, RHP-li ýaşlar jemgyýetçilik wyždanyna eýe çykanda köptaraply hukuk prinsuplerini hem gözden salmaly däl. Mahatma Gandi şeýle diýipdir: "Adalatsyzlyk edip ähli adamlar bilen bile bolanyñdan, adalatly bolup ýeke özüñ galanyñ has gowy". Dewizimiz zulumam däl, rehim etmegem däl - diñe adalat bolmaly!.. Köpugurly hukugy ýola goýmak hökmany. Seretseñizläñ.... Mejlisiñ gün tertibinde "täsir çawuşlygy" kanuny bar. Uly howpuñ abanyp gelýändigini bileñzokmy? Bigünälik prezumpsiýasyna köp mätäçlik duýarys entek. Bize öñde kyn günler garaşýar... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 31.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |