12:13 Daronyñ intellektual aýratynlygy | |
DARONYÑ INTELLEKTUAL AÝRATYNLYGY
Publisistika
Şu ýyl... ABŞ-ly Dewid Beýker, angliýaly Demis Hassabis, ABŞ-ly Wiktor Embros, ABŞ-ly Geri Rawkan medisina ugrundan Nobel baýragyny aldy. Uzatmaýyn. Bu ýyl Nobel baýragyny alanlar tanadylanda ýurtlary ýazyldy. Emma... Daron Ajemogly Nobel baýragyny aldy welin, Türkiýede käbir gatlaklar onuñ "aslynyñ ermenidigini" öñe sürdi. Hatda käbiri "genosidden indi ötünç soraýañyzmy?" diýip ýazdy! Gadyrdan! Nobel baýragyny alan Beýkeriñ añyrsynyñ jöhitdigini, Hassabisiñ kiprli rumdygyny, Embrosyñ polýakdygyny, Rawkanyñ jöhitdigini dünýäde hiç kim agzamady. Hiç kimse Hassabise "ABŞ-ly kipr rumy" diýmedi... Türkiýede bolsa milletiniñ gelip çykyşyndan başga Daron Ajemogly hakda başga aýdylan zat bolmady. Näme üçin? PKK-dan, dinçilerden, ikiýüzli liboş çepçilere çenli käbir gatlaklar Türkiýäni soñky kyrk ýylyñ dowamynda etniki aýratynlygyñ, milletparazlygyñ batgasyna sokdy. Etniki gelip çykyşyñdan, milletiñden başga gyzyklanýan zatlary ýok... Ajemogly hakda gürrüñ etjek zadymyz diñe onuñ "aslynyñ türkiýeli ermeni amerikan raýaty" aýratynlygy bolmalymy? A onuñ intellektual aýratynlygy? Kimiñ piñine. Ýöntemlik ýurdumyzy gysyp-gowrup barýar... * * * Ykdysady-syýasy ugurdan işleýän Daron Ajemoglynyñ bilelikde Nobel baýragyny alan Jeýms A.Robinson bilen ýazan "Uluslaryñ düýşi", "Dar koridor" kitaplaryny okadym... (Bile baýrak alan Simon Jonson bilenem "Häkimiúet we tehnologiýa" kitabyny ýazdy). Aýdylyşyndan Ajemogly kitaplary däl-de, makalalary üçin baýraga mynasyp hasaplandy. Nobel baýragyny alan biri hakda bulary ýazmak kyn - onuñ kitaplary jemgyýetçiligiñ añlamagy üçin ýöntemräk göründi maña! Çylşyrymly taryhy döwürleri aşa ýönekeýleşdirip beýan edipdir. (Şu ýerde men ýazjagam däl, adam başyna düşýän girdejiniñ üleşdirilişi we adalatsyzlyk boýunça iş alyp barýan Branko Milanowiçiñ aýtmagyna görä, Ajemoglynyñ ylmy işlerindäki çemeleşmeler "wikipediýa derejesindäki maglumatlardan doly"). Beýleki bir ýandan Ajemoglynyñ makalalary has ylmy, has çuñ. Özem bular 240 müñ salgylanma bilen rekordy elden berenok. ("Täze Keýnesýen Greg Mankiw we kapitalizme "miras iýijiler" diýen Nobel baýragynyñ eýesi Pol Krugmandan soñ dünýäde iñ köp salgylanylan ykdysatçy. Gyzyklanýanlar üçin aýratyn bellik, Mankiwdir Krugmanyñ asly ukrainaly! Eý hudaýjan, nämeleriñ gürrüñini edýäris). Ajemoglynyñ kolonializme bolan garaýşyny hemişe jedelli görýärin. Eger kolonialist aýak basan ýerine döwlet edaralaryny gurup, jemgyýetçilik tertip-düzgünini ýola goýan bolsa, ol ýurt gülläp ösenmiş! Onuñ pikiriçe döwlet edaralary ykdysady ösüşiñ we bolçulugyñ esasy kesgitleýjisimiş. Meselem, sosial gatnaşyklary üýtgeden Angliýa koloniýasy Hindistany ösdürenmiş! Döwlet edaralaryny döretmedik Fransiýa bolsa koloniýasy Kongony garyplyga bent edenmiş! * * * Ajemogly iñ gowy döwlet edaralarynyñ Günbatar demokratiýasyndadygyny öñe sürýär... Oniñ pikirini delillendirmek üçin taryhdan "belli-başly mysallara" ýüzlenen iş stili we delilleri käbirleri üçin problemaly. Şonsuzam oña Nobel baýragyny berenleriñ özi tekstde berýän maglumatlarynyñ, ölçeg tehnikalarynyñ problemalydygyny aýdýar... Hawa, ylmy jemgyýetçilikde Ajemoglynyñ tezislerine edilýän tankydy bellikler köp... Muña garamazdan Ajemoglynyñ dünýä boýunça ykdysady-syýasy ugurda saýlama alymlardan biridigine şek-şübhe bolup bilmez. Kitaplarynda az-owlak-da bolsa markistik öwüşginleriñ bolmagynyñ sebäbi onuñ kakasy Dogan Awjyoglynyñ toparyndan Kework beý, belki-de öñki troskiçi Seýmur Martin Lipset ýaly çepçi mugallymlar bolmaly, kim bilýär. Ajemoglynyñ täsirlenen şahsyýetleri aýry makalanyñ gürrüñi. Gynansak-da, Daron Ajemoglynyñ ady biziñ ýurdumyzda etniki aýratynlygy bilen agzalýar. Hatda amerikan komplimasiýaçylaryna çenli "Trampa garşy durýandygy üçin Nobel berildi" diýip, samsyklykda bizden bir ädim öñde barýar! Türkiýeden biriniñ Nobel baýragyny almagy, hernäme-de bolsa, bizi ruhy taýdan galkyndyrandygyna ynanýaryn. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 16.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |