21:54 Çagalarymyz ölýär, siz tomaşa edýärsiñiz | |
ÇAGALARYMYZ ÖLÝÄR, SIZ TOMAŞA EDÝÄRSIÑIZ
Medisina
Professor Loren Moşer… Amerikaly psihiatrist. Bakalawr derejesini Stanford uniwersitetinden, medisina işgäri derejesini Garward uniwersitetinden aldy. Ýel uniwersitetinde işledi. Ençeme ýyllap ABŞ-nyñ döwlet ruh saglygy institutynyñ direktory bolup işledi. "Şizofreniýa býulletenini" döretdi. Ýüzden gowrak ylmy ylmy-populýar makalalary ýazdy… Döwrüñ gegemonlyk sürýän psihiatrik tärlerine we bejergisine gönükdirilen dermanlara barha artýan garaşlylyga garşy çykdy. 90-njy ýyllarda mung zol-zol ýazýan makalalarynda agzap başlady welin, wezipesinden boşadyldy... Ol şonda-da yza tesmedi. Otuz ýyllap agza bolan ABŞ-nyñ Psihiatriýa bileleşiginiñ we Psihofarmakologiýa birleşiginiñ agzasy bolmagyñ mundan beýläk özüne bolan “ýigrenç duýgusyny” göterýändigini aýtmakdan çekinmedi: “ - Psihiatriýa doly diýen ýaly derman öndüriji şereketler tarapyndan satyn alyndy.” Dr. Moşeri ynjalykdan gaçyran bu kirli gatnaşygyñ psikihatriýa ulgamyna aralaşan weýran ediji täsiridi, psihiatrlaryñ köpüsiniñ adamlary sosial-sferalaýyn şertler bilen bitewilikde görmeýänligidi. Ol psihiatriýanyñ has añyrdan gelýän düýpli döreýiş sebäbiniñ bardygyny bilýärdi. Derman senagatyna garşy çykanokdu. Emma himikatlaryñ giñ gerimli we nädogry peýdalanyşyna dowam etjek kärinde mundan beýläk işläsiniñ gelmeýändigini aýtdy: “ - Pul, syýasat we bilim meselelerinde hakykatdan daşlaşmañ, her birini bolşy ýaly görkeziñ, dogruçyl-dürs boluñ…” ■ “STOP DSM” Dünýädäki birentek psihiatrist, ABŞ tarapyndan taýýarlanan “gollanma kitaplara” seredip, derman ýazyp berýär! 1952-nji ýyl Psihologiýany klinika baglan we ABŞ-nyñ Psihiatriýa bileleşigi tarapyndan taýýarlan “Ruhy näsaglyklaryñ diagnozy we statistiki gollanmasy” (DSM) ruhy hassalyklara bolan düşünjänin gerimini giñeltdi. Ilkinji gollanma kitabynda 108 sany kategoriýa bar bolan bolsa, 1980-nji ýylda neşir edilen üsti ýetirilen dördünji neşirde 410 sany kategoriýa bardy. 2013-nji ýyldaky bäşinji gollanmada kategoriýalaryñ sany iki esse artdy! Her täze “gollanma kitap” çykandan soñra “täze ruhy näsaglyklary” seljermezden kabul edip bejerji ýazyp berýänlere garşy 2011-nji ýylda Fransiýada, Italiýada, ABŞ-da, Argentinada, Braziliýada, Belgiýada “Stop DSM” hereketi döredildi. Hereketiñ öñbaşçylaryndan psihiatrist professor Gerard Pommier 2014-nji ýylda Parižde kärdeşlerine şeýle seslendi: “ - Gündelik durmuş meseleleriniñ (hatda söýgi gatnaşyklarynyñam) näsaglyga öwrülmegi üçin goýulýan nädogry diagnozlaryñ zyýanyny görkezmeli diýen karara geldik… Hiç bir ylmy tutarygy bolmadyk we gitdigisaýy has bulaşyk we howuñy basyjy tokaýa meñzeýän bu epidemiologik gollanmasy bilen ne-hä talyplaryñ gowy ylym biljegine, ne-de mugallymlaryñ göwnejaý formasiýa berip biljegine ynandyk… “ - Şäherlerdäki lukmanlaryñ derman paýlaýjysynyñ derman öndüriji şereketleriñ wekiline öwrülendigine, çünki hemme ýerde kesel görýän bu gollanmanyñ adamy gorka düşürýändigine göz ýetirdik… “ - Soñ yza dolanmak mümkin däl weýrançylyk howpy bilen ýüzbe-ýüz bolandygymyzy duýmakda gijä galandygymyz hakykat…” Ýeri… Bu “yzygiderli derman berme” derejesine nähili gelindi? ■ ÝÜZLEŞMÄGE MEJBURDYRYS Rokfelleriñ pikiriçe “añ gigienasy”! Türkiýede medisina maksatnamasyny taýýarlan Rokfeller toparyndan Dr. Alan Gregg (1890-1957) ýigrimi ýyllap "Rockefeller" fondunuñ medisina ylymlarynyñ esasy ugrunda başlyklyk etdi. Rokfelleriñ psihiatriýa strategiýasyny durmuşa geçirdi: – 1931-1944-nji ýyllarda medisina fakultetlerinde psihiatriýany okuw maksatnamasyna aldyrdy… (Ýurdumyzda psihiatriýa bölümi ilkinji gezek Rokfelleriñ puly bilen gurulan Ankara uniwersitetiniñ binýadynda 1945-nji ýylda açyldy.) – 40-njy ýyllarda başlangyç ylmy-barlag merkezlerini gurdy… – Hassahanalara, okiw jaýlaryna, sudlara we sosial hyzmatlar pudagyna psihiatriýany aralaşdyrdy… Dr. Gregg derman senagatyna goşan goşandy üçin "Lasker" baýragyna mynasyp boldy. Onuñ psihiatriýa tejribesiniñ “beýnisi” ABŞ boldy. Döreden “diagnoz inflýasiýasy” bilen dünýäde depressiýa garşy dermanlaryñ söwdasyny ýokarlandyrdy. Meselem… Türkiýede 2000-nji ýylda 11 million guty antidepressiýa dermanlary ulanyldy. Bu görkeziji 2018-nji ýylda 55 million guta ýetdi. Bu dermanlaryñ döredýän goşmaça täsiri nähili? Bulary hiç agzamalyñmy? Kapitalistik medisina garaýşyny hiç aýyl-saýyl etmäliñmi, seljermäliñmi? Heniz şu hepdäniñ içinde: – Psihiatriýa bejergisini alan Ankara uniwersitetiniñ medisina fakultetiniñ talyby on dokuz ýaşly N.G. öz janyna kast etdi. – Psihiatriýa bejergisini alan Stambul uniwersitetiniñ Edebiýat fakiltetiniñ talyby ýigrimi ýaşly S.Ü. öz janyna kast etdi. Türkiýede günde azyndan on adam öz janyna kast edýär! Bu jemgyýetçilik ruhy ýaranyñ üstünde durmaly dälmi? Adamy, adamzady kimler gorpa itekleýär? Meseläniñ ykdysady taraplaryny ara alyp maslahatlaşmaly. Meselenäniñ syýasy-medeni taraplaryny ara alyp maslahatlaşmaly. Emma. Gürrüñsiz meseläniñ medisina taraplaryny-da ara alyp maslahatlaşmalydyrys. Sferalaýyn şereketleriñ bäş-üç günlük-bir hepdelik gezelenç howasynda gurnaýan badyhowa medisina konferensiýalary bu meseläni çözmeýär, gaýtam çuñlaşdyrýar… Soner ÝALÇYN. 10.01.2020 ý, "Sözcü" gazeti. Terjjme eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |