15:38

Gebbelsiñ ramkasy

Psihologiýa
Категория: Psihologiýa | Просмотров: 222 | Добавил: Moderator | Теги: Saparmyrat Döwletow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Psihologiýa bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Aurora  
1960
Gebbels we Gebbelsiň ramkasy barada 21 sözlemde düşündiriş beriljegi hiç wagt akylyma gelmändi

0
2 sawyerlostthomas  
1894
"dokguz" däl-de, "dokuz" bolaýmasyn ol.

Dürs ýazuwa üns bereliň, gaýrat edip!

Bellik: Bu kommentariýam temanyň awtoryna degişli. Aşakda ýazdym welin gitmedi.

Şu saýtyň şular ýaly ýeri gaty nejis ekeni. Islän kommentariýaňy islän wagtyň, islän ýeriňde goýup bolanok. "Onuň aly-hezretleri" moderatora ibermeli, ol tassyklasa, geçirse, onsoň goýulýarmyşyn kommentariýa.

Ben böyle bir sitenin... Neyse, küfür etmicem...

0
3 Moderator  
1471
Saýtda nejislik görýän we ýa şeýle zadyñ ysyny alýan bolsañyz, ol siziñ öz synañyzda bir ýerdedir. Göz-burun arassalygyna üns beriñ. Her kim görmek isleýän zadyny görýär.
Agzalaryñ islän wagty, islän pikirini ýazan teswirlerine seredip goýberip oturmaga biz islän wagtymyz mümkinçilik tapamzok. Biziñem işimiz, başga hysyrdylarymyz bar. Saýt bütin bu zatlardan sypynyp boş wagtymyz göz gezdirilýän dördünji, bäşinji derejeli güýmenje. Şonsuzam gündelik kesgitlän sagadymyzdan köp wagtymyz gidýär şuña. Muña garamazdan hemişe harpy-da üýtgedilmän goýuldy. Jogapkärçilige düşünýän hiç bir agza düzgünlerden nägile däl. Muny hemmelerden gowy siz bilýän bolsañyzam, garaz öwrenilen endik örkleseñem durmaz edip daş oklap galmasañ günüñ geçenok öýdýän?
Etjek bolup bokurdagyñda gaýnadan küpüriñi ömürboýy synañda göterip, operasiýa bilen kesselerem aýrylmaz ýaly agyr sözleri aýdardym welin, onuñ üçin ýene siziñ derejäñize düşmeli boljak...

0
4 Aurora  
1960
Aslynda biziň milletimiz üçin şu düzgün jüpüne düşen hasaplaýan. Bolmasa edil käbir ünsden düşen harby bölümleriň garnizon tuwaledine dönderýärler. Meselem ozalky talyplar.com, islenen.ru...
Chelseanews ru pwnews net ýada formula 1 baradaky käbir saýtlary yzarlaýan welin şol ýerdäki ruslaryň kommentirlemeleri okaýaň welin köpçüligiň içinde ýaly duýulýar, içiň gysanok. Garaz ölşüňe görä gömşüm. Şu saýtyň ömrüniň uzaklygynyň sebäpleriniň birem az bolsa-da, belli bir derejede kommentariýa bilen bagly düzgünleriň täsiri bar bolmaly...

0
5 Moderator  
1471
Ine, munyň rast gürrüň. "Käbir adamy urma, sökme, geplet" diýişleri ýaly, saýta salyp sesiňi çykarman synlap dursaň, iki günde hajathanadan has beter etjekler bar. Käbir adamlar ylla jeňňelden çykan ýaly. Jemgyýetimiziň köp bölegine erkinlik berseň, çäkden-çygyrdan çykyp depäňe münjekleri az däl. Hudaýam garynjanyň bilini bilmän bükmändir. Ýogsa bizem her warianty synap gördük. Agza bolmanam islendik okyjy tassyklamasyz teswir ýazylýan etdik, äjit-mäjit çozan ýaly etdiler. Liçkadan hat-habar alşylýan bölümi bardy, ol ýerini publiçny doma öwürdiler, soň ony ýapdyk. Hemme agza tassyklamasyz teswir ýazar ýaly hem etdik, olam bolmady. Adamyň şahsyýetine kesek atmagy tankytdyr öýdýän içi güjükli pidullardan ýaňa diňe edebiýat maksatly girýän okyjylarymyz ürküp başlady. Onsoň diňe saýtyň adminstrasiýasynyň ygtyýarlygyny alan ýörite awtor-agzalardan başga ýönekeý agzalaryň ýazan teswirlerini tassyklap soň geçirmegi makul bildik. Diňe teklip ýazylýan myhman depderi doly açyk ýagdaýda galdyrdyk. muny bilenler o taýynam haraplap çykdylar. Düzgünlerimiziň berkemegine käbir näkesleriň şular ýaly hereketleri sebäp boldy. Ýogsa bizem siziň aýdýan saýtlaryňyzdaky ýaly giň gözýetimli edebi sferanyň bolmagyny islemän duramzok. Giň gözýetimli, diňe okan zadyna pikirini galdyrýan salyhatly agza toplamak hemişe kyn boldy, elbetde hiç hili sesini çykarman diňe okap ýören akylly agzalar we agza däl okyjylar hem barmak büküp sanardan kän.
Saýtyň şeýle düzgünleriniň näme üçin girizilendigine düşünse-de düşünmediksireýän käbir agzalar özleriniň aň taýdan yzagalaklygyndan habary ýok. Boýun almagy näçe kyn görsegem, biz entek jemgyýet derejesinde intellektual pikir alyşarlyk derejä ýetmedik, gaýtam yza gaýdýarys şolar ýaly nadanlaryň tagallasy bilen. Şeýle netijä jemgyýetiň umumy ýagdaýy boýunça hem gelmek mümkin. Saýtyň kiçijik döwresi munuň şeýledigini alty ýylyň dowamynda görkeze-görkeze gelýär.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]