15:33 Ölüme höküm edilen iñ ýaş oglan | |
ÖLÜME HÖKÜM EDILEN IÑ ÝAŞ OGLAN
Geň-taňsy wakalar
Jorj Stinni ABŞ-da ölüme höküm edilen iň ýaş ýigitdi, has dogrusy kämillik ýaşyna ýetmedik çagady. Ol elektrik toguna çatylan oturgyç arkaly öldürilende ýany on dört ýaşapdy. Ol sud wagtynda we jeza beriljek gününe çenli özüniň günäsizdigini aýdyp, hemişe eline Injil alyp gezipdir. Jorj on bir ýaşly Betti we ýedi ýaşly Meri atly akýagyz gyzlary öldürmekde aýyplanýar. Şol wagtlar sudýalaryň hemmesi akýagyzdylar. Sud bary-ýogy iki sagat dowam etdi we on minutdan soň jeza hökmi okaldy. Şol wagt Jorjuň maşgalasyny gorkuzyp, şäherden kowupdylar. Öldürilmezinden öň Jorj ata-enesini görmän segsen bir gün ýaşady. Şäherden segsen kilometr uzaklykdaky hüjrede ýeke özi saklandy. Ata-enesiz we adwokatsyz ýeke özi. Soň kellesine 5,380 wolt elektrik togy goýberildi. Ahyryn ýetmiş ýyl geçip, günasizdigi Günorta Karolinaly sudýa tarapyndan subut edildi. Çaga aýypsyz eken. Onuň ýekeje aýby garaýagyz bolanlygydy. Stiwen King bu wakadan ylhamlanyp 1996-njy ýylda "Ýaşyl mesgen" ("The Green Mile") atly eserini ýazdy. Soňra bu eser esasynda kinofilm surata düşürildi. Taýýarlan Saparmyrat DÖWLETOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |