10:07 Siriýaly raýatyñ durmuşyndan | |
SIRIÝALY RAÝATYÑ DURMUŞYNDAN
Geň-taňsy wakalar
«Çagalaryma çörek gözläp çykyp gitdim. Birden hemme ýer gümmürdän tozanyň içinde galdy. Hasanaklap yzyma ýüwürdim. Gykylykdan ýaňa gulagym gapylypdy. Baryp görsem öýüm ýer bilen ýegsan bolupdy. Gözüm garaňkyrap maşgalamy gözläp başladym. Oglum Ebu Bekri gördüm, ol ölen eken. Ah çekip beýleki perzentlerimi gözläp başladym. Uly gyzym Leýlanyň betonyň aşagynda gysylyp ýatanyny gördümde, janhowluma çykaryp almaga synanyşdym. Görsem, olam jan beren eken. Gözüm garaňkyrap, demim içime dykyldy. Aýalymyň aýagyny gördüm. Gymyldanokdy. Gygyryp goýberdim. Janymdan artyk görýän maşgalam bir pursatda meni terk edipdiler. Gulagyma iňňildeýän ses eşidildi. Howsala düşüp sesiň nireden gelýändigine üns etdim. Kiçi oglum Omaryň eli. «Oglum! Oglum, dirimi sen» diýdim, aglap. Kalbymda umyt uçgunlary döredi. Ony daş, betonyň aşagyndan sogrup almaga çalyşdym. Üstündäki ýüki aýyryp taşlamak aňsat bolmady. Ony elime aldym. Ol diridi. Ýüzüni ýüzüme basdym. Oglum diýdi: «Kaka, siz aglamaň! Biz elebetde jennetde görüşeris! Özüňiz aýdypdyňyza: « Jennetde hezil edip ýaşarys», diýip. "Ýok öglum, haýyş edýän, senem taşlap gitme kakaňy!" diýdim, aglap. Ol zordan ýylgyrdy. Asmana seretdi. "Kaka, men jenneti görýärin! Ol şeýle bir gözel ýer eken. Meň o ýere tizräk barasym gelýär" diýdi ýuwaşjadan. Men ony gujaklap, bagryma mäkäm basdym. Gygyryp agladym. Ony gujagymdan göýberemde bolsa ol jan beripdi. Gözleri açyk, ýylgyryp asmana seredip gatap galypdy. Men maşgalama wada berdim. Bigünä ölüp giden näçeden-näçe çagalara wada berdim. Men ar alaryn! Maşgalam üçin, möminler üçin ar alaryn! Zalymlary ýer bilen ýegsan edinçäm gitmerin. Men Hudaýyň öňünde wada berýärin!" Taýýarlan Saparmyrat DÖWLETOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |