19:56

Deň-duşlarym, kärdeşlerim: Ikiýüzli

Ýatlamalar
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 766 | Добавил: merdan18 | Теги: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 12
0
1 Money  
1834
Şul adamy şeýle görmek isleýän. Nesip bolsa Aşgabada aýak bassam görerin. Obamda bir köçede doganlary bilen bile ýaşaýas. Doganlarynyň agtyklaryndan birinden soradym Aşgabada gitseň habarlaşaý nomerni bererin, habarlaşyp baraý, ýogsa kabul etse-de nägileligni bildirip galýar diýdi. Üýtgeşik gün tertibi bar eken. Kabul etse bärde-de gürrüň bererin

0
2 pezzek  
1631
Täze oba Çkalowdan bolmaly asly. Meniňem göresim gelýär. Garrylyk suraty ýok internetde, ýa men tapmadym. 86 ýaşly goja, çal saç bolup gidendir

0
3 Moderator  
1471
Hiç bir ýazyjynyñ doly hakykaty ýazýandygyna ynanyp bolmaýar. Aslynda bu mümkin hem däl. Tirkiş Jumageldiýewi ýakyndan tanaýan ýaşuly ýazyjylarymyzyñ biri onuñ "Deñ-duşlarym, kärdeşlerimde" Atamyrat Atabaýew, Baýram Jütdiýew we beýlekiler boýunça aýdýanlarynyñ hakykatdygyny harpma-harp tassyklasa-da, Aman Amangeldiýew hakda aýdýanlarynyñ ýalñyşdygyny, şeýle-de käbir zatlary bukýandygyny aýdýar. Meselem, Aman aga onuñ ýegre dosty. Nämüçindir makalada ol hakda öñden alagöz adam ýaly gür berýär. Şeýle-de, sada, ynanjañ, ýüregi arassa Tirkiş aga bu ýerde ýene-de adam arasyny bulaşdyrmagyñ ussady Öwezdurdy Nepesowyñ intrigasyna aldanýar we Aman Amangeldiýewi aýyplamaga synanyşýar...
Aman aga ýokarky makalada suratlandyrylyşy ýaly ýaramaz we yrga adam däl. Ýolum bir düşmedi, meñ prinsipime eýermedi diýip başgalara kembaha garamak, artykmaç taraplaryny gömjek bolmak birtaraplylyk bolýar.

0
4 Serkerde2209  
1922
Umuman men ýazyjy Öwezdurdy Nepesowy «Adam arasyny bulaşdyrmagyň ussady...» hökmünde häsýetlendirmegi kän bir unap baramok. Wezipeli şahs bolup işlemekligiň juda kynlygy hemmelere äşgärdir. Biri ulumsy diýer, biri ýalançy diýer, ýene biri Alla ýalkasyn maňa kömek etdi diýer. Ýöne olar seniň nähili ýol geçenligiňi, senden edilýän talaby, adamlaryň raýyny ýykmajak bolup öz bähbitleriniňi pida eden ýerleriňi asla hasaba almazlar. Umuman durmuşyň gurlyşy şeýle. Wezipeli bolup hiç kime ýaranyp bolmaýa. Wezipede oturybam hiç himiň hiç kimden üýtgeşik bolmajaklygy durmuşy hakykat. Ýazyjy Öwezdurdy Nepesowa Atajan Tagan şeýle baha berýä: «Men onuň iki romanyny okadym. Meniň baha kesişime görä, onuň döredijiliginiň derejesi häzirki türkmen prozasynyň derejesinden asla pes däl. Fantaziýasy güýçli, sagdyn, ýerbe-ýer, dili oňat bilýär, dartgynly sýužet gurmagy başarýar, original obraz döredýär». Ýazgylarynyň dowamynda bolsa oňa otersatel baha berilmegini halanok. Wezipe eýesi wagtyka onuň bile tirkeşen ýoldaşlarynyň biri bilen bolan gürrüňdeşligi şeýle suratlandyrýar: «Öwezdurdyny uniwersitetdenem erte-birigün kakýalar» diýdi. Men oňa: «Sen ertir uly bir roman ýazmak niýeti bilen öz peýwagtyňa arza ýazyp, wezipäňi taşlasaň, iň ýakyn ýoldaşlaryň biri-de «Işinden pyzypdyrlar» diýip gürrüň ýaýratsa, özüň nähili görersiň?» diýen sowal berdim. Ol gaharlanjak boldy. Men «Atylan ok daşdan gaýtmaz» etdim – oňa hut iki ýyl mundan ozal Öwezdurdy Nepesowy arşa çykaryp gazete makala ýazandygyny ýatlatdym. Emma ol şonda-da şu mahal ýalňyşýandygyny boýun almady». Ýazgylarynyň dowamynda Atajan Tagan wezipe eýesi bolup otursa-da Öwezdurdy Nepesowyň kän bir etmişi ýokdur diýýä. Sebäbi onuň beýleki işleýän ýerlerinde kärdeşleri bilen gatnaşygynyň erbet däldigini, başyny dik tutup gezýänligini ýaňzydýar. Şu ýerde ýene bir belläp geçesim gelýän bir zat: şahyr Allaýar Çüriýewiň hem öz gündeliginde haýsydyr bir zatdan öýke saklap ýazyjyny sähelçe bir bahana tapsa ýamanlajak bolup ýörmegi okyjy hökmünde meni juda gynandyrdy. Onuň Döwlet kasamyny hem Berdinazar Hudaýnazarow däl-de Öwezdurdy Nepesow ýazandyr diýmegi töhmetden başga hiç zat dälmikä diýýän. Onuň ýazgylaryny okanyňda içinde kitüwiň barlygyny syzmak kyn däl. Ýöne näçe kesek atsaňam halkyň käbir ykrar eden şahsyýetini hiç mahal peseldip bolmaýar, gaýtam şol adamyň özüni peseldýär. Muňa käbir meşhur şahsyýetleriň mysalynda hem göz ýetirmek mümkin.

0
5 Serkerde2209  
1922
Şu ýerde ýazyjy Öwezdurdy Nepesowyň "Çyn bedewler meýdanynda bellidir" atly kitabyndan şu sözleri getirmegi müwessa bildik: "Jumadurdam oturyp bilmedi.
– Nä, eşitmediňizmi, dowzahda dört sany gazan gaýnap durmuşyn diýip. Şol dört gazanyň üçüsiniň ýanynda-da ezraýyl dur diýýär. Ol baryp şol gazanlary bulap-bulap goýberýär diýýär. Beýleki gazanyň ugruna-da seredenok diýýär. Onsoň ondan: «Näme üçin bu üç gazany çalt-çalt bulaýarsyň» diýip sorapdyrlar. Şonda Ezraýyl: «Olarda agzybir milletler bar. Bulap durmasaň, olar biri-biriniň aýagyndan göterip, ýokary çykaýýarlar» diýen. «Onda ol çetki gazany näme üçin bulaňok?» diýip, Ezraýyldan ýene sorapdyrlar. «Aý, onda türkmenler bar-laý. Biri ýokary galjak bolsa, olar derrew onuň aýagyndan çekip, aşak ýykýarlar-laý. Onsoň olary bulamak gerek däl» diýen-ä...
Ýaşuly jany ýangynlylyk bilen:
– Ana, gördüňmi, biziň türkmenlerimizi, jan inim – diýdi".
Umuman biziň türkmenler birek-biregiň aýagyndan aslyşmagy, edeniň däl diýilse özüňden başga adamy günäkärlemegi endik edinen halk.

0
6 pezzek  
1631
ýazyjy Öwezdurdy Nepesowy prozada men-ä gaty pes görýän. Munuň üçin saýtdaky eserlerini okap görmek ýeterlik. Haýran galýaryn, ýaşulynyñ ýaltanman şunça eserleri ýazmagyny.

0
8 kyssacy  
1745
Öwezdurdy Nepesowyň "uzak -uzak ýyllar"atly kitabyny, Magtymguly hakyndaky romanyny haladym, emma "Ak guwlary atmaň", "Dirilik suwy", "Gyrnak", "Köne mülk" ýaly eserleri gaty çişirilip ýazylypdyr, çeper eser bolanda-da onda durmuş hakykaty şöhlelenmeli, ýöne şoňy dört eserde şol şöhlelenme gaty pes derejede. dogry ýazyjy okyjyny sýužetleriň üsti bilen özüne çekmäge synanşýar, ýöne sýužtlerdäki wakalar ynandyryjy däl. okyjy höküminde meniň pikirlerim şeýleräk.

0
7 Serkerde2209  
1922
Ýazyjy Öwezdurdy Nepesowyň "Muhammet pygamber", "Zyýarat", "Kyýamat magşara çenli", "Uzak-uzak ýyllar", "Pyragy" ýaly birnäçe romanlarynyň okyjysy hökmünde men siziň bu aýdýanlaryňyz bilen doly ylalaşamok.. Saýtda ýazyjynyň heniz çapdan çykmadyk, redaktirlenmedik, has dogrusy gün ýüzi görmedik eserleriniň hem aglabasy ýerleşdirildi.. Ýazyjyny bir okyjynyň pes diýeni bilen peseldip ýene biriniň beýik diýeni bilenem beýgeldip bolmaz! "Elli gepden belli gep", umuman onuň eserleriniň okyjylaryň arasynda uly gyzyklanma bilen okalýandygy we soralýandygy welin hak!

0
9 Demirgazykly  
1528
Kerim Hallam häzir Gurbannazardan ýa Kerim Gurbannepesowdan has gowy dinlenyar diyyarler, hatda tamadalaryn yany bilen toylara çagyrmagam moda bolupdyr :)) "Uly gyzyklanma" bilen soralmagyn ya okalmagyn senin ussat yazyjydygyny gorkezip bilyamika?

0
11 kungfuu  
1292
"Olar" mediýanyň saýasynda tanymal bolýalar. Sosial torlar ýapylsa, şonda nähili derejede ussatdygy aýan bolar.

0
10 kyssacy  
1745
Ö.Nepesowyň "Zyýarat" diýen kitabynyň tarypyny eşitdim, gaty gowy, we aç-açanlyk bilen ýazylan roman diýip. ýöne okap görmedim, tapsam okap görmekçi. saýtda ýerleşdirseňiz okardym.

0
12 Serkerde2209  
1922
Saýtda ýazyjynyň "Zyýarat" romany bilen bir hatarda ähli eserleri diýen ýaly bar...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]