13:42 Deň-duşlarym, kärdeşlerim: "Guş adasy" | |
“GUŞ ADASY”
Ýatlamalar
Şu gün “Türkmenistan” gazetinden şahyr Baýram Jütdiýewiň “Guş adasy” diýen makalasyny okadym. (19-njy awgust sanynda). Näme üçin bu makala üns berdim? Ol türkmen ýazyjylarynyň köpüsiniň häkimiýete gatnaşygyndan häsiýetli mysal. Jütdiýew: “Ata-babalarymyz ýeňil eklenji ykrar etmändir. Olar çöregini daş ýaryp iýipdirler” diýýär. Şu hakykata özüni juda ynsaply saýýan Jütdiýewiň öz gatnaşygy nähilikän? Eger ata-babalary ýaly daş ýaryp çörek iýip ýaşajak bolsa, ol häkime beýle ýalynjaňlyk edermidi? Bu adam soňky dört-bäş ýylyň dowamynda her tüýsli öwsüp gördi. Onuň esasy gözlegi ýeňil gazanç gözlemek bolan-a däldir?! Ol: “Ýowuz takdyrlara taýyn türkmeniň ownan güni özüm ölesim geldi” diýip, okyjylary ynandyrjak bolýar. Meniň pikirimçe, türkmeniň şu mahalky ýaly ownan ýeri ýokdur. Jütdiýew ölmeg-ä beýlede dursun, gaýta: “Ýurdumyň şu gününe heýkel dikýän bolsam, ol meniň pozisiýamdyr, ertäňe döneýin diýýän bolsam, ol meniň ogullyk buýsanjymdyr!” diýip, uly harplar bilen ýazýar. Ol soňra ýene şeýle ýazýar: “Dünýädäki ähli türkmenler Ata ýurtly boldy! Saparmyrat Türkmenbaşy olary ýurtly, halkly, ymmatly etdi!” Bu sözler wezipe basgançagyny kompartiýanyň merkezi komitetiniň instruktory bolup başlan kommunist Jütdiýewiň diýäýjek sözi. Ol öň ýokarky anjaýynlyklary türkmene Lenin berdi diýýärdi, bu gün biraz başgarak sözler bilen ol hyzmaty merkezi komitetiň öňki birinji sekretary Nyýazowa ýöňkeýär. Ýene şeýle ýazýar: “Ykbal bizi ajaýyp döwre ýetirdi. Garaşsyz Türkmenistanyň täze edebiýatyny döretmeli, ýogsa-da, ol nähili bolmaly? Kyn sowal, ýöne hökman jogaby tapylmaly sowal.” Şu sözlerden soň: kommunistler aýtsa, hökman bolaýmalydyr diýen ynanç ýadyňa düşýär. Buýruk bilen taryh hem “ýazylýardy”, täze adamlar hem döredilýärdi. Düýnki täze adam bolan Jütdiýew bu gün täze edebiýaty döretmäge gaýrata galýar. Belki, ol şu publisistik makalasyny täze edebiýatyň başlangyjy hasap edýändir? Onuň terjimehalyny öwrenjek nesil: “Täze türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujy Baýram Jütdiýew” diýip, söze başlamaly bolar. Jütdiýewiň şeýle boljagyna ynamy zor bolmaga çemeli. Türkmen klassyk şahyry: “Kişi özün bilmez, ham-hyýal bolar” diýýär. Bu setirler, elbetde, köne sowet edebiýatyndan hem öňki köne edebiýatyň wekiline degişli. Köneden könä Jütdiýewiň gulak asmajagy belli zat! Jütdiýew: “Ozalam aýtdym, men hiç wagt ruhy elgarama ýagdaýda ýaşamandym” diýip ýazýar. Asyl ol öň Leniniň ruhundan, indem Saparmyrat Türkmenbaşynyň ruhundan bidin ýaşaýar ekeni. Haýp, biz duýmandyrys! Ýeri, nädip duýarsyň! Ol şu makalasynda şeýle ýazýar: “Men bolsa, ynha, Guş adasynda dynç alyp ýörün! Häzir menden: “Garaşsyzlyk saňa näme berdi?” diýip sorasalar, “ol meni guş adasyna ýetirdi” diýerdim”. Gör-ä, şahyr görgüliň göwnüne ýetmek üçin sähelçe zat gerek ekeni! Türkmenbaşy ony türk baýynyň hossarlyk etmeginde Türkiýä on günlük iberlen topara goşmadyk bolsa, nähili bolardy?! Heý, beýle-de bir ownuklyk bolarmy, şahyr! Ol: “Men şundan uly bagt arzuw etmäge-de gorkardym” diýýär. Şeýle diýýän adamyň: “Men hemişe gözüňize seredýän – Kuran deý okaýan – ýaşasym gelýär” diýip, Nyýazowa ýüzlenişini geň görmäň! 21-nji awgust, 1995-nji ýyl. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |