15:33 Deň-duşlarym, kärdeşlerim: "Ýaşasym gelenok" | |
"ÝAŞASYM GELENOK"
Ýatlamalar
Agşam sagat ýedilerde öýe til edip, Şamuhammet Halmuhammedowyň aradan çykandygyny habar berdiler. Men onuň öýüne ýetmäge howlugdym. Barsam üç gat kerpiç tamyň birinji gatyndaky üç otagly kwartirasynyň eýwanynda ýatan ekeni. Milisiýadan, prokuraturadan, sud-medekspertizadan gelen adamlar dokument doldurşyp otyrlar. Şamuhammet mundan bir sagat ozal gaz trubasyndan özüni asypdyr. Hat goýupdyr: “meniň ölümim üçin hiç kimi günäkär etmäň, özüm etdim, ýaşasym gelenok” diýipdir. Şamuhammet meniň mekdep, uniwersitet ýoldaşym, oňa köplenç Şapy diýýärdik, yzyna “ýetim” sözüni goşýanlar-da bardy. Öten ýyl edebiýat boýunça doktorlyk dissertasiýasyny gorap, döwlet konserwatoriýasynda işleýärdi. Halk döredijiliginden işleýän gowy edebiýatçylyryň biridi, edebi tankytçydy. Ýüregi açyk, maşgalasynyň gün-güzeran aladasy bilen haýdap ýören adamdy. Sekiz çagasy bardy. Aýaly kakasynyň saglyk ýagdaýy zerarly üç-dört günlükde Mara gidipdir. Iki kiçisi bilen öýde galan ekeni. Olar daşarda oýnap ýörkäler, gapyny içinden gulplap özüni heläk edipdir. Bu heläkçilige ymtylyş onda öňräkden bäri duýdurýardy diýdiler. Wagtal-wagtal “ýaşasym gelenok” diýýän ekeni. Hawa, Şamuhammet gün-güzeran ýagdaýyna gezek gelende aladaçyl adamdy. Häzirki ýurduň başyndan inen agyr ýagdaý onuň durmuş bilen hoşlaşmagyna itergi beren bolsa gerek. Ýurdy tozduryp, ylymyň-bilimiň esasyny dargadan, halky bir döwüm çöregiň yzynda ylgap ýörmäge mejbur eden prezident Nyýazowy pygambere deňäp, serdar diýip aýdymlar ýazýan Nazar Gullaýew hem tragediýanyň üstüne barypdyr. Ol hem biziň mekdep, uniwersitet ýoldaşymyzdy. Häzir ol ýüzüni asyp durşuna, özüne ideal tutunan serdarynyň syýasaty bilen şu aýylganç ölümiň arasynda baglanyşygyň bardygy hakynda pikir edýärmikä? Eger şeýle ajy pursatda şony pikir etmeýän bolsa, bu onuň adam hökmünde tepbediniň okalandygyny aňladar. Şamuhammet neresse, meniň bilen ýaşytdy, elli ýedisiniň içindedi. Biz ony gije biriň ýarynda maşyna goýup, dogduk mekany Mara ugratdyk. Eýýäm täze gün, 27-nji aprel başlanypdy. Şu gün ony şäheriň etegindäki Gökje obasynyň mazarçylygynda jaýlarlar. Indi ol dirileriň derdi-aladasyndan dyndy. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Şapy jan! 26-njy aprel, 1995-nji ýyl. • Mansurow üýtgedimikä? Şu günki çykan gazetlerde prezident Nyýazowyň kinorežisser Bulat Mansurowy kabul edendigi barada informasiýa berlipdir. Suratda Mansurowyň gapdalynda Aşyr Mämiliýew (emeldar), Myrat Ataýew (režissýor, telekeçi) otyr. Habarda olaryň ady tutulmaýar, mynasyp görlen däldir. Bulat Mansurow “Ýer titremesiniň çagalary” ady bilen epopeýanyň senarisini ýazýarmyş, epopeýa esasan Saparmyrat Nyýazow hakynda bolmaly. Men Mansurowy 1967-nji ýyldan bäri tanaýaryn, “Türkmenfilm” kinostudiýasynda bile işlän wagtym-da bolupdy. Wagt, döwür üýtgeýär, adamlar, olaryň mertebesem üýtgeýär. Meniň tanaýan Mansurowym demokratiýa, pikir erkinligine ymtylýan adamdy. Eger ol bu gün erkinligi düýbünden bogup taşlan prezident hakynda epopeýa döretmäge isleg bildiren bolsa, men-ä näme diýjegimi hem bilemok. Adamlaryň aglabasy gara bähbide, pula, gazanja gezek gelende mertebelerini peseltmegi hiç zatça-da bilenoklar. Belki, Mansurow hem şolaryň hataryna goşulandyr?! 9-njy iýun, 1995-nji ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |