12:33 Deň-duşlarym, kärdeşlerim: Aşyr Nazarow | |
AŞYR NAZAROW
Ýatlamalar
Öýlän ýazyjy Aşyr Nazarowy jaýladyk. Men Aşyr aga bilen altmyşynjy ýyllaryň başynda telewideniýede, ýetmişinji ýyllarda ýazyjylar soýuzynda işläpdim. Aşyr aga ýazyjylar soýuzyndaky ilkinji partiýa guramasyna biregne 12 ýyl ýolbaşçylyk edipdi. Urşa gatnaşan, köp ýyllary harby gullukda geçiren, podpolkownik. Bu adam tüýs sowet sistemasynyň döreden adamydy. Kiçi göwünlilige, halallyga sarpa goýýandygyna garamazdan, wezipe taýdan özünden ýokarda durýan adamyň buýrugyny, görkezmesini, nähilidigine garamazdan, ýerine ýetirmäge taýýardy. Aşyr aga bu häsiýete goşun gullugynda bolan ýyllarynda has-da imrigen bolsa gerek, soňra bolsa, partiýa düzgüni üstüni ýetirendir. Dogrusyny aýtsaň, düzgüniň hökmanlygy babatda partiýa bilen sowet goşunynyň arasynda parh azdy. Ikisinde-de ýokardan berilýän buýrugy, görkezmäni seljerip oturmak, oňa özüňçe baha bermek gadagandy. Men bir gezek Aşyr aga amerikaly ýazyjy Ernest Hemengueýiň gowy soldat hiç mahal gowy ýazyjy bolup bilmez, gowy ýazyjy-da hiç mahal gowy soldat bolup bilmez diýen pikirini aýtdym. Aşyr aga bada-bat muňa düşünmedi, düşünmändigi üçin hem beýik ýazyjynyň pikiri babatda bada-bat bir zat diýmek oňa kyndy. Özüm düşündirmeli boldum. Gowy soldat berlen buýrugy seljerip durmaýar, oňa beýle etmäge harby düzgün rugsat bermeýär. Gowy ýazyjy welin, berlen buýrugy seljerer, onuň ahlak-moral tarapyna sereder, şu bolsa, ony eýýäm gowy soldat bolmakdan mahrum edýär. Ol nädogry berlen buýrugy ýerine ýetirmekden boýun towlar. Barybir, uruş hakynda dünýä belli eserler ýazan Hemingueýiň ynanjy Aşyr aga düşnüksiz bolup galdy. Aşyr aga soldatdy, onuň soldatlygy Hemengueýiň iňňän jaýdar pikirini tassyklamaga oňa päsgel berýärdi. Men onuň ýagdaýyna düşünýärdim. 27-nji sentýabr, 1994-nji ýyl. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |