15:28 Deň-duşlarym, kärdeşlerim: Atabaýew şahsyýetmi | |
ATABAÝEW ŞAHSYÝETMI?
Ýatlamalar
Günortan şahyr ýoldaşymyz Kakabaý Gurbanmyradowlara bardym. Aýdylan janly berdi. Otagda bäş-alty adam bolup otyrdyk. Iýdik, içdik, gümür-ýamyra gezek gelende şahyr Atamyrat Atabaýew girdi. Atamyrat öň içerde oturanlar bilen dost-ýoldaş hökmünde ençe ýyl gatnaşypdy. Ol salam berdi, oturanlar onuň salamyny göwünsiz aldylar. Gürrüň galdy. Hiç kim oňa gep atmady. Soňra biz turma bilen bolduk, otagda Atamyradyň ýeke özi galdy. Elbetde, bu epizod meni oýlandyrdy. Dört-bäş ýyl ozal onuň sowuk garşylanmajagyna güwä geçip biljek. Eýse, indi näme bolanmyş? SSSR döwründe ideologiýa ýurtlaryň arasyny bölen bolsa, häzir Türkmenistanda Türkmenbaşy ideologiýasy bir halk hökmünde ýaşap ýören türkmenleriň arasyny böldi. Atamyrat şol ideologiýany halkyň aňyna siňdirmek üçin zehinini, gaýratyny gaýgyranok, prezidentiň permany bilen “Gaýrat” medalyna mynasyp bolan adam. Özünden öňki “Gaýrat” medalyny alanlaryň sanawy çykanda Atamyradyň gülüp aýdan bir sözi ýadymda galypdyr: “Bigaýratlar “Gaýratly” boldular” diýipdi. Özüne berlende näme diýdikä? Ýazyjylar Akmuhammet Welsaparow bilen Hudaýberdi Hallyýew birleşigiň agzalygyndan çykarlanda, birleşigiň birinji sekretary hökmünde ol işeňňirlik görkezenleriň hatarynda durýar. Men oýlanyp oturşyma, meniň bilen açyk gatnaşyk etmekden çekinýänler häkimiýetiň gysyşyndan gorkýandyrlar diýeli. Onda näme sebäbe Atamyrat ýaly köşgüň golaýyndaky adamlara beýle sowuk garaýarlar, halk arasynda olaryň abraýy ýok, dogrusy, olary ýigrenýärler? Bu sowalyň jogabyny aç-açan pikir aýdylanda takyk eşidip bolar. Adamlar goldaýanlaryna-da, ýigrenýänlerine-de ýüreklerindäki duýgyny aýdyp bilenoklar, çekinýärler. Il arasyndaky pikire görä, men prezidente oppozisiýada duran adam, emma men oppozisiýada duraýyn diýip edemok. Asyl maňa häkimlik üçin göreşmegiň derkary ýok, men ýazyjy. Meniň öz ynanjym, adamyň mertebesine öz garaýyşym, adalata baha berşim bar. Şoňa gabat gelmedik düşünjäni, düzgüni unap bilemok. Bu meniň adam, graždan hökmündäki hukugym. Eger häzirki häkimler meni oppozisiýada hasap edýän bolsalar, diýmek, meniň garaýyşym olaryň islegine ters gelýändir. Atamyrat häkimligiň ýörelgesini kabul edýär. Eger kabul etmän, güni üçin oňa hyzmat görkezýän bolsa, bu ýagdaý onuň ikiýüzlüliginden habar berýär. Beýle adama şahsyýet diýip bolmaz. Eger şu iki pozisiýa aç-açan baha bermäge jemgyýet ejiz bolsa, entek onuň ahlak-etiki gymmatlyklary saýgarmaga zerurlygy duýmaýanlygydyr. Bu halatda jemgyýet haýynlyga-da, mertlige-de parh goýmaz, olary parhlandyrjak kriteriýa işlänok. Bu ýerde ähli zat gün-güzeranyň aladasyna ýugurlan bähbidiň çäginde ölçenilýär. Bu ölçeg bilen çemeleşilen ýagdaýynda para alýan, raýatlaryň zyýanyna kanuny bozýan emeldary-da, köşge hyzmat edýän şahyry-da, žurnalisti-de “aklasa” bolar. 20-nji fewral, 1995-nji ýyl. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |