16:43 Deň-duşlarym, kärdeşlerim: Çaryny ýatladyk | |
ÇARYNY ÝATLADYK
Ýatlamalar
Agşam sazçylyk uçilişesiniň zalynda berlen simfoniki sazlaryň konsertine bardym. Türkmen döwlet simfoniki orkestri dirižer Aşyr Hojatowyň ýolbaşçylygynda rus kompozitory Rahmaninowyň 2-nji fortepiana konsertini hem belli türkmen kompozitory, meniň jan ýaly dostum Çary Nurymowyň “Maru-Şahu Jahan” atly simfoniki poemasyny çaldy. Konsert şowly geçdi. Professional sazyň bu agşamy häzir çeper höwesjeňleriň derejesine çenli peselip barýan medeni durmuşymyzda seýrek bolýan waka. Konserti diňläp, SSSR mahalynda üns berlen professional sungata nostalgiýa duýýarsyň. Eger şu orkestrde çalýan adamlar hem sazy, sungaty, ýurdy taşlap gidäýseler nätmeli bolar diýen howsalaly pikirler kellä gelýär. Häzirki inkär edilmek syýasatyna olaryň çydamazlyklary juda ähtimaldyr. Indi Çary Nurymow hakynda. Bu eser Çarynyň soňky eserleriniň biri. Çary 1993-nji ýylyň 1-nji fewralynda agyr kesel zerarly aradan çykdy. Konsertden soň Çarynyň işdeş ýoldaşlary, dostlary Halyk Garajaýew (konserwatoriýanyň professory), Orazmyrat Amanmyradow (opera we balet teatrynyň baş režissýory) biziň öýmüze gaýtdyk, Çaryny ýatlap oturdyk. Eger Çarynyň özi diri bolan bolsady, öňden gelýän endige eýerip, onuň öýüne giderdik, onuň döredijilik üstünligini gutlap tost götererdik. Arman, ir gitdi-dä! 12-nji dekabr, 1994-nji ýyl. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |