14:40 Deň-duşlarym, kärdeşlerim: Hoşlaşyk | |
HOŞLAŞYK
Ýatlamalar
Öýlän sagat üçüň ýarynda Öwlüýäguly Hojagulyýew öýe hoşlaşmaga geldi. Öwlüýäguly zehinli ýaş režissýor. Ol dünýäniň birnäçe ýurdunda tanalýar diýsem, lap edip aýtdygym bolmaz. Ýapon ýazyjysy Kobe Abeniň meşhur “Ženşina w peskah” atly romany esasynda goýan “Tozanda tozan aýal” diýen spektakly festiwallarda baýraklara mynasyp bolupdy. Öwlüýäguly Aşgabadyň ýaş tomaşaçylar teatrynda baş režisser bolup işledi. Meniň Tomas Mannyň hem-de Nurmuhammet Andalybyň eserleriniň esasynda ýazan “Pygamberler nalasy” pýesamy sahnada goýup, birnäçe halkara festiwallaryna gatnaşdy. Festiwallar Sewastopol, Daşkent, Aşgabat şäherlerinde, Finlýandiýada, Polşada bolup geçdi. Aýratyn hem Polşanyň Torun şäherinde dünýäniň 22 ýurdundan gelen teatrlaryň bäsleşiginde türkmen spektaklynyň režissýoryna öIň gowy ýaş režisseryň işiň diýip, baýrak berilmegi biziň buýsanjymyzy, ruhumyzy arşa göteripdi. Türkmenistanda bu spektaklyň abraýyny äsgermezlige salmaga, başarsalar ol hakda ýaramaz pikir döretmäge çalyşýardylar. Muňa Kakabaý Ylýasowyň redaktorlyk edýän “Türkmenistan” gazetindäki ýüzleý, samsyk, tendensioz makala şaýatlyk edýär. Düýp sebäp, pýesanyň awtory prezidentiň halamaýan adamydy, onuň oppozisiýada durýandygy ýaranjaň emeldarlar üçin iň degerli görkezmedi. Spektaklyň režissýory hem özdiýenli, ýaranjaňlygy ýigrenýän adam. Ol çykyşlarynda ýeke gezek hem beýleki kärdeşleriniň edişleri ýaly Nyýazowa minnetdarlyk sözlerini aýdanokdy. Aşgabatda geçirlen “Nowruz” halkara festiwal-bäsdeşliginde “Pygamberler nalasy” köpleriň pikiri bilen baş baýraga mynasyp diýen ynanç bardy, oňa birinji ornuň beriljegine şübhe edýän azdy. Emma prezident sowetiniň duýdurmagy hem-de medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylarynyň, Kakajan Aşyrow ýaly görip režissýorlaryň ägirt uly tagallasy bilen spektakla birinji baýrak berdirilmedi, daşary ýurtdan gelen žýuri agzalaryna basyşlar edildi. Öwlüýägula iň gowy režissura üçin baýrak berdiler. Bu spektakl dürli halkara festiwallara respublika dahylly bolmazdan, şol festiwallaryň wekilleriniň hödür etmekleri, çagyryşlary zerarly gatnaşdy. Medeniýet ministrligi onuň ýoluna böwet basmak üçin elde baryny edýärdi. Şu gün Öwlüýäguly Hojagulyýew Türkmenistany taşlap gitmäge mejbur boldy, ol Daşkende işlemäge gidýär. Bu fakt bizde eýýäm emigrasiýanyň başlanandygyny aňladýar. Ony medeniýet ministri Geldimyrat Nurmuhammedow hem-de onuň töweregine ýygnanan göripler, ýaranjaňlar gitmäge mejbur etdiler diýse bolar. Oňa ýaşamaga jaý bermediler, maşgalasy bilen dört ýyl harap bolan umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşady. Aşgabatda jaý bermäge wada berleni üçin ol Çärjewde teatryň baş režissýoryka berlen jaýyny hem döwlete tabşyryp gaýdypdy. Edil häzir ýaş tomaşaçylar teatrynyň işgärlerine dört sany kwartira hem beripdiler, emma baş režissýor ondan almaly dälmiş. Garaz, ony gitmäge mejbur etdiler. Ady belli zehinli režissýory ministriň kürsüsinde oturdylan, partokrat, sungatyň nämediginden bihabar Nurmuhammedow kabul hem etmek islemedi, näme sebäbe işden gidýärsiň diýip hem soramady, bada-bat öňünde goýlan arza gol çekip goýberdi. Ine, Türkmenistanda öz graždan pozisiýasyny eý görýän, halal, zehinli adamlara bolan gatnaşyk şundan ybarat. Edil awgust aýynda ýaranjaňlykda ýakasyny tanadan edebiýat we sungat işgärleriniň uly topary Nyýazowyň beren täze kwartiralaryny ogul-gyzlary üçin aldylar, emma ýurdy dünýä tanadýanlara kwartira-da, alada-da ýok, olaryň çaltrak güm bolup gitmeklerine garaşýarlar. Häzir Türkmenistanda ruhy petişlik dowam edýär. Halkyň gün-güzeran ýagdaýynyň gün geldigiçe agyrlaşyp barmagy, emeldarlaryň eden-etdiligi “gaçan gutular, duran tutular” diýen sözüň döwrebaplygyny artdyrýar. Öwlüýägulyny ugratmaga aeroporta baramda men oňa “Merwden Mekgä çenli” diýen kitabymy şeýle ýazgy bilen berdim: “Işdeş ýoldaşymyz, zehinli režissýor Öwlüýägulynyň emigrasiýadan çaltrak watana dolanmagyny arzuw etmek bilen, awtor Jumageldiýew.” Elbetde, bu sözlerde meniň umydym beýan edilýär, ýöne bu umyt diňe meniňki däl, köpleriň umydy. Jemgyýetde syýasy, medeni ösüş togtanda, ýurduň tutuş süňňi porsap başlar ekeni. Şol agyr porsulyk her birimiziň bedenimizi gurşap alyp barýar. Dogrusy, dem alara howa ýetenok!.. 18-nji sentýabr, 1994-nji ýyl. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |