12:38 Deň-duşlarym, kärdeşlerim: basyş güýçlenýär | |
BASYŞ GÜÝÇLENÝÄR
Ýatlamalar
Şu gün meniň üçin hormatly adamlaryň biri bolan ýazyjy, alym, diplomat Gylyç Mämmedowiç Kulyýewiň aradan çykan güni. Eýýäm dört ýyl geçipdir. Gylyç Mämmedowiçiň aýaly Anna Gurýewna her ýyl onuň doglan hem aradan çykan gününi dost-ýarlaryny, gatnaşykda bolan adamlaryny ýygnap belleýär. Bu gün hem belledi. Olaryň baga bürenip oturan salkyn howlusyna altmyş-ýetmiş adam gelip, nahar iýdiler, Gylyç Mämmedowiçi ýatladylar. Biz bu güni has giň bellemekçidik. Hudožnikleriň sergi zalyna ýygnanyp, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Ylymlar Akademiýasynyň habarçy agzasy, SSSR-iň Adatdan daşary hem Ygtyýarly baş ilçisi Gylyç Kulyýew barada ýatlama agşamyny geçirmekçidik. Emma hökümet rugsat bermedi. “Kulyýewi ýatlajak bolsaňyz öýünde ýatlaberiň” diýipdirler. Kim diýipdir? Şony diýen emeldaryň takyk kimdigini bilmek maksady bilen şol ýerde oturan, Ýazyjylar birleşmesiniň jogapkär sekretary Atamyrat Atabaýewe ýüzlenýärin. Ol takyk jogap bermekden gorkýar. “Kimdigini bilmek hökmanmy?” diýip aljyraýar. “Umuman, üýşmeleň edip ýörmek gerek däl diýdiler, indi bize prawleniýäniň mejlisini geçirmäge-de rugsat berenoklar” diýdi. Onuň sözüni ýazyjy Taňryberdi Hojakgaýew hem eşitdi. Men Gylyç Mämmedowiç hakynda ýazan oçerkimde ol baradaky pikirlerimi beýan edipdim. Bu gün ondan näme üçin gorkulýandygy meniň üçin geň däl. Onuň ýadygärligini ebedileşdirmek maksady bilen prezidentiň çykaran kararyndaky bellenen ýönekeýje çäreler hem üç ýyl geçendigine garamazdan amal edilip gutarlanok. Ol hakda döredilen üç bölümli telewizion filmi juda kynlyk bilen ýeke gezek tomaşaçylara görkezmek başartdy. Milli teleradio kompaniýasynyň esasy ýolbaşçysy Kakamyrat Ballyýewiň görkezmesi bilen ony gaýtalap programma salmaýarlar. Ýazyjynyň gubrunyň üstüne dikilmeli ýadygärlik ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Oraz Aýdogdyýew, medeniýet ministri Geldimyrat Nurmuhammedow ýaly býurokratlaryň biperwaýlygy zerarly heniz hem gutarlanok. Heýkeltaraş Juma Jumadurdynyň bürünçden ýasan býusty bir ýyl bäri taýýar dur, emma ony oturtmaga edilmeli sähelçe işe pul goýbermän saklap gelýärler. Emma prezidentiň ýüzläp-müňläp ýasalýan heýkellerine garýansyz pul tapylýar. Gylyç Kulyýewiň dogruçyllygy býurokrat emeldarlaryň ýadyndan çykanok. Ol dirikä Nyýazowyň alyp barýan syýasatyny godamandy. Şonuň üçin hem Kulyýewiň jemgyýetde ýatlanmagyny islänoklar. Özüne ynamy bolmadyk režimler diňe dirilerden däl, ölenlerden hem gorkýar. 12-nji sentýabr, 1994-nji ýyl. Tirkiş JUMAGELDI | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |