12:18 Uzaga çeken tümlük / gündelik ýazgylary | |
UZAGA ÇEKEN TÜMLÜK
Ýatlamalar
Gündelik ýazgylary 1-nji kitap Sentýabr, 1994 ý. – dekabr, 2002 ý. SÖZBAŞY 2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda prezident Saparmyrat Nyýazow öldi. Onuň ýeke-täk häkimliginiň Türkmenistana getiren tümlügi 15 ýyl bäri dowam edýär. Bu gazaply ýyllar ýurduň betbagtlygy hökmünde taryha girmeli. Eger ýowuz hakykatyň änigine-şänigine ýetmesek, ony syýasy, ykdysady, ahlak taýdan içgin derňemegi başarmasak, onuň hakyky ýüzüni açyp bilmesek, tümlük dowam eder. Bu garaňky döwri öwrenmekde, döwlet möçberindäki galplygy paş etmekde ony gözi bilen görüp, egni bilen çeken şaýatlara uly paý düşýär. Şolaryň döz gelen jebriniň beýanyndan taryhyň hakyky ýazgysy döremeli. Men şol döwrüň janly şaýady. Ýyllaryň dowamynda alyp baran ýazgylarym, çeper eserlerim döwrüň taryhyny çynlakaý ýazmaga kömek eder diýen ynanjym bar. Gündelik ýazgylar 1994-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlanýar. Öňki üç ýylyň wakasy bilen bagly pikirlerimi bilmek isleseňiz «Biz kim ekenik?» atly kitabymy okamagy maslahat berýärin. 28-nji dekabr, 2006-njy ýyl. 1994-nji ýyl Şu gün kiçi oglum Begenjiň 22 ýaşy doldy. Agşam ony gutlamaga birgiden adam geldi, olaryň arasynda türkmen, täjik, rus, osetin, gruzin, golland, iňlis, irland bardy. Olar birek-birege düşünýän, sarpa goýýan adamlar. Şeýle bolanda dynç almak, keýp çekmek, pikir alyşmak hem ýakymly bolýar. Eger biziň ýurdumyz milletleriň dürlüligini ýitirse, onuň ösüşinde negatiw ýagdaýlaryň döremegi juda ähtimaldyr. Ýurduň abadanlygyny diňe bir halkyň anjaýyn ýaşaýyşy üpjün etmeýär. Eger dürli halkyň wekillerine kadaly ösüş, medeni hem ruhy durmuş şertleriniň döredilýän ýurduna abadan ýurt diýse bolar. *** Gündiz sagat ikide Çary Ataýew atly şahyr ýigit ýanyma geldi. Ol Azady adyndaky diller institutynda işleýär. Onuň şygyrlar toplumyny okap, şahyrdygyna göz ýetirdim. Goşgularda onuň ýüzi, häsiýeti, dünýä bolan gatnaşygy duýulýar. Meniň oňa pylan hilli ýaz diýmäge çakym ýok, diýmeli hem däl. Eger diýsem, öz islegimi awtoryň boýnuna dakmaga synanyşyk bolmazmy? Çarynyň goşgularynda mistika ýykgyn etmek meýli duýulýar. Ol hakda-da söhbet etdik. Bu ýagdaý belli bir derejede häzir ýurtdaky durmuşyň agyrlygy, öňki ideallaryň bozulyp, täzäniň gözleginde gezilýändigi bilen hem bagly. Mistika ýykgyn edilmegi awtoryň dörediji şahs hökmünde dürli öwüşginde özüni görkezmegine päsgel hem bermän duranok. Hakyň ýoly ýeke, onuň ykrar edilen kadalary bar. Poeziýa kada eýermeýär, ol ýüregiň, kalbyň keýpe bagly üýtgäp durşy ýaly täsin reňklerde ýüze çykýar. Poeziýada akyl satmaly däl, hemmä belli ahlak normalaryny gaýtalaýan öwüt-ündew, nesihat beriji setirler çyn poýeziýa bolup bilmez. Hakyky poýeziýa şahyrana ýüregiň gaýtalanmaýan özboluşlylygyndan ugur alýan sazdyr, öwüşgindir, jadyly duýgudyr. Onuň aňyrsyndan paýhasa, pikire baý şahsyň ýüzi görünmelidir. Informasiýa poýeziýanyň ganymydyr. Çary bilen şu meseleler hakynda pikir alyşdyk, birek-birege düşünişen bolsak gerek. 7-nji sentýabr. *** Agşamlyk telewizordan Balkanda geçirlen ýaşulylaryň bäşinji maslahatyndan doly gepleşik görkezdiler. Öz ýurduňda bolup geçýän paýhasly işler hem, wejeralyk hem hemmä degişli bolany üçin oňa seretmegi makul bildim. Prezident Nyýazow ýene ýüz gezek gaýtalan sözlerini gaýtalady. Ýene şol bir çykyş edýän adamlar, ýene şol bir suwjuk sözler bilen «beýik serdary» alkyşladylar. Iki müň adam öwran-öwran kasam etdi. Ýeri, şu spektakl üçin ýüzlerçe million manat çykaryp, ýarym ýyl taýýarlyk görüp ýörmek nämä gerekdi? Halk geýere eşik, iýere un tapman otyr, kösenip ýör. Agyr ýagdaýdan habarly adamlar bu ýerde «ajaýyp durmuşdan» ýalan gep urup durlar. Çykyş edenleriň arasynda ýazyjylar hem bar. (Berdinazar Hudaýnazarow, Nargylyç Hojageldiýew). 1991-nji ýylda bolsa gerek, ýaşulylaryň Manyşda geçirlen birinji maslahatyna meni hem çagyrypdylar. Men gatnaşmajagymy aýtdym, gitmedim. Öýlän sagat üçden soň ýokary sowetiň başlygy Saparmyrat Nyýazow öýüme til edip, sen bir zatdan öýkeläp ýörmüň diýdi. Sen biziň atly ýazyjymyz ahyry! diýen ýaly sözler bilen goltugyma kädi gysdyrjak boldy. «Sapar Ataýewiç, men beýle sözleri köp eşitdim» diýdim. Garaz, gepimiz alyşmandy. Soňra maslahatyň teleýazgysyny görüp, gatnaşmanyma begenipdim. Häzir hem şol adamlaryň arasynda bolmandygyma şükür edýärin. 10-njy sentýabr. *** Her şenbede çykýan «Subbota» atly hepdelik gazet bu gün hem ýaýramady. Onuň nobatdaky sany çykmandyr. Bahana: kagyz ýokmuşyn. Onuň sebäbi başga bolmaly. Bu gazetde ýurtdaky ýaramaz ýagdaý barada ujypsyzam bolsa, garaz, käbir informasiýa berilýärdi. Satylýan azyk önümleriniň ýaramaz hili barada ekspertizanyň maglumatlary çap edilýärdi. Eýrandan getirilýän harytlaryň adamlaryň saglygyna howpludygy barada habar berilýärdi. Elbetde, bu fakt eýranparaz prezidente ýaran däldir? Welaýatlardaky satylýan harytlaryň bazar nyrhlarynyň ýokarydygy hakynda maglumat çap edýän ýeke-täk gazet «Subbotady». Telim sapar oňa duýduryş berlipdi. Ahyry ony bogan bolsalar gerek, sebäbi kagyz monopoliýasy döwletiň elinde, diýmek, seniň janyň döwletiň elinde. Gazetleri hem adam ýaly ap-aňsat ýok edip bolýar. 12-nji sentýabr. *** Irden «Serdar oýny» atly romanymy ýazmagy dowam etdirdim. Arakesmeden soň işe baryp gaýtdym. Men Dünýä türkmenleriniň gumanitar birleşiginde işleýärin. Bu gün awans güni, maňa 300 manat berdiler. Bu summadaky puluň nähili iş bitirip biljegine meniň getirjek deňeşdirmämiň üsti bilen özüňiz göz ýetiriň. Bazarda etiň bir kilosy 85 manat, kartoşka 35, sogan 30 manat. Gazetler prezidentiň Mary welaýatyndan dolanyp gelendigini habar beripdir. Şonda Mary şäheriniň çörek bilen üpjün edilişindäki agyr ýagdaý aýdylyp, Nyýazowyň görkezmesi bilen dört wagon un iberlendigi ýazylýar. Men bu habara geň galdym. Edil bir aý öň Mary welaýatynyň häkimi Gurban Orazow uly ýygnakda çykyş edip, welaýatda gallanyň bol hasylynyň ýygnalandygyny, harazlarda täze bugdaýyň üwelýändigini aýdyp durdy ahyry! Bu nähili bolýar? Eýýäm bir aýyň dowamynda bol hasyl iýlip gutaraýdymyka? Meni prezidentiň ýene MTS-ler açmak hakyndaky teklibi geň galdyrdy. Elbetde, ol MTS diýip göni aýtmady. Emma kolhozlardaky ähli mehanizasiýany alyp, täze birleşigiň ygtyýaryna berilmelidigi, şertnama esasynda onuň kolhozlara iş edip berjekdigi, eýse, bir mahalky MTS-leriň işini dikeltmegi aňlatmaýarmy näme? Sowet sistemasyny saklamakda, olary dikeltmekde Türkmenistan gaýrat görkezjege meňzeýär. Nyýazow kakasynyň uruşda öldürilişi hakynda bu saparky Maryda aýdyp beren hekaýatyna täze detallar girizipdir. 1992-nji ýylda Gypjak obasynda beren gürrüňinde, ýesir düşen kakam kommunistdi, ony nemeslere şugullapdyrlar diýmändi. Nemesler: kim kommunist bolsa, hatardan öňe çyksyn diýýärler, Nyýazowyň kakasam öňe çykýar. Bu sapar kakasynyň şugullanandygyny, şugullan ýigidiň milletiniň rusdygyny aýtdy, özi-de çilim sordurmany üçin şugullapdyr diýdi. Bu habary haýsy dokumentden tapandygyny aýtmady. Ýeri, şugullan rus ýigidi diýip, Nyýazow nähili utuş gazanjak bolýarka? Umuman, onuň äheňi juda ynamsyz, aýdýanyna özem ynanmaýana çalym etdi. 16-njy sentýabr. *** Irden aýalym Bike bilen oglum Begenç iki hepdelik Çülä gitdiler. Olar amerikalylaryň «parahatlyk korpusynda» işleýärler. Dört aýlyk şertnama baglaşdylar. Bikäniň şertnama boýunça alýan 270 dollary biziň gün-güzeran ýagdaýymyz üçin uly goldaw. Onuň pensiýasynyň möçberi 650 manat. Bazarda bir kilo etiň bahasy 85 manatka, orta hilli köwüş 4 müň manatka nähili anjaýyn ýaşarsyň diý! Men galam haky alamok, sebäbi meniň eserlerimi çap etmegi gadagan edýän görkezme berlipdir. Özümem häzirki çykýan gazet-žurnallara material bermäge göwünjeň däl. Birinjiden, meniň eserimi olaryň çap etmejegini bilýärin, ikinjiden, galam hakyny halys püçege çykarypdyrlar. Uly gazetiň bir sanyna 200 manat gonarar berilýän bolsa, näme diýersiň?! Üstesine-de Nyýazowy öwmeli diýen talap biriji orunda dur. Men muny başaramok, başarmaga meýlim hem ýok. Ondan, bir garnym dok, bir garnym aç gezenim gowy. 23-nji sentýabr. *** Rossiýanyň käbir gazet-žurnalyna ýazylmaga rugsat edilenini eşidip, merkezi poçta bardym. Abunanyň tölegi rus pulunda hem dollarda ekeni. Mahabatlandyrylan türkmen manady hiç ýerde ýöränok. Adamlaryň köpüsi öňki söýgüli neşirlerine ýazylmakdan mahrum. Dogrusy, bu ýagdaý türkmen ýolbaşçylaryna ýaraýar. Olara ýurtda informasiýa ýetmezligini döretmek gerek. Rus neşirleri demokratik meýilleri bilen parhlanýar, olarda wagtal-wagtal biziň döwletimizdäki totalitar düzgün hem tankytlanýar, bu bärdäki emeldarlara ýaranok. Gündiz çyra söndi, agşam dokuzda ýakdylar. Telewizory açsam Nyýazowyň döredijilik işgärleri bilen duşuşygyny görkezýän ekeniler. Nyýazow öň: meni çakdanaşa öwýärsiňiz, men utanýan diýen bolsa, bu sapar bada-bat: öwýäniňiz üçin janyňyz sag bolsun diýdi. Soňra sylag alan, at berlen adamlar goşgy okap, aýdym aýdyp, prezidenti ýüzüne şeýle bir öwdüler welin, çende-çakda durmadylar. Leýla Şadurdyýewa diýlen aýdymçy aýal: «Ak başly perişdämiz, sen döwrümiziň Magtymgulysy, sen Muhammet pygambere gol beren perişde» diýip gygyrdy. Prezident utanan boldy. He-eý, türkmen halky, günüňe ýanaýyn! diýeniňi duýman galýarsyň. Gullara at bereňde, zat bereňde näme, olaryň şol gul ýagdaýy. Gullara azatlyk bermeli, ýöne köşge ýygnanan ol gullar azatlykdan öler ýaly gorkýarlar. 29-njy sentýabr. *** Gije «Azatlyk» radiosyndan ýakymsyz habar eşitdim. Bu radionyň türkmen bölüminiň Moskwadaky synçysy, «Türkmenistan» fondunyň baş direktory, «Türkmen ili» žurnalynyň redaktory Myrat Esenowyň üstüne garakçylykly hüjüm edilipdir. Ýaşaýan öýünden çykyp, «Otradnaýa» metro stansiýasyna barýarka, gündiz sagat 12-de elleri demir taýakly alty adam topulyp, kellesini mynjyratjak bolupdyrlar. Güýjüne, türgenligine görä, ol ölümden sypsa-da, agyr ýagdaýda syrkawhana getirlipdir, bir günden soň huşuna gelipdir. Kelleçanagyna şikes ýetipdir, köp gan ýitiripdir. Garakçylar bada-bat onuň elindäki diplomata ýapyşypdyrlar, alyp gaçypdyrlar. Diplomatyň içinde žurnalyň täze sanynyň materiallary, fonduň dokumentleri hem-de Myradyň gatnaşýan adamlarynyň telefonlary, adresleri ýazlan depderçe bar ekeni. Radiodan çykyş eden Halmyrat Söýünow şol maglumatlar esasynda Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň repressiýa çärelerini görmegi gaty ähtimal diýdi, bu çozuşy şol gulluklaryň gurnandygyny aýtdy. Sebäbi, öň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Boris Şyhmyradow, KGB-niň başlygy Sapar Seýidow Esenowa duýduran ekeniler. Eger-de oppozision işiňi taşlamasaň, biz seni heläk ederis diýipdirler. Olar şol sözlerinde durmaga çalşan bolarly. 5-nji oktýabr. *** Aşgabatda mergi keselinden ölenler bar diýen habar il arasyna ýaýrady. Iki-üç aý ozal bu aýylganç kesel Pendi etraplarynda ýüz beripdir diýdiler. Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde bu pajyga barada ýeke agyz söz aýdylanok. Aýtmaly däldigini prezident berk tabşyrypdyr diýýärler. Ýeri, beýle howply keseli gizläp, ýurdy gyrgyna bermek hyýaly barmyka? 11-nji oktýabr. *** Umuman, meniň iş düzgünim bir meňzeş. Irden turup, günortana çenli ýazýaryn, öýlän işe görnüp gaýdýan. Agşamlaryna telewizora seredýärin, okaýaryn. Indi köp bir öýden çykamok, çykaňda nirä gitjek? Medeni durmuş togtady. Öňki gatnaşýanlarym bilen ara kesildi diýen ýaly. Käbiri meniň ýanyma gelmäge gorkýar. Meniň prezidente bolan garaýyşym olar üçin esasy tutaryk. Ol namartlar bilen gatnaşyk etmäge özümde-de höwes ýok. Onsoňam, prezidente ýaranjaňlyk edýändikleri üçin menden utanýarlar. Olar bilen meniň näme işim bar! Her kim öz ynsabyna görä ýaşaýar. 14-nji oktýabr. *** Bu gün habar beriş serişdeleri düýn Moskwada garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna girýän öňki sowet respublikalarynyň prezidentleriniň maslahatynyň jemleri barada habar berdi. Bu maslahatda döwletara ykdysady komiteti, döwletara töleg birleşigini döretmek hakyndaky dokumente gol çekilmeli ekeni. Nyýazow gol çekmändir. Onuň pikiriçe, haýsydyr bir komitetiň döredilmegi eýýäm döwlet garaşsyzlygyna wehim salýarmyş. Diýmek, gol goýan respublikalar, ýagny garaşsyz döwletler öz garaşsyzlyklaryndan el üzýärmişler-de, diňe Türkmenistan garaşsyzlygyny goraýan bolup çykýar-da? Ähli prezident samsyk-da, diňe Nyýazow akylly ekeni-dä? 22-nji oktýabr. *** Irden işleýän edarama, Dünýä türkmenleriniň gumanitar birleşigine bardym. Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli birleşik dürli ýurtda ýaşaýan türkmenleriň ýüzden gowragyny myhman çagyrypdy. Sagat dokuzda Türkmenistanyň Mejlisiniň zalyna ýygnandylar. Hemmeler prezident Nyýazowyň gelerine garaşýar. Birleşigiň üçünji konferensiýasynda oňa ylymda görkezen «ajaýyp hyzmatlary» üçin Al-Horezmi adyndaky halkara baýrak gowşurylmaly. Bu baýragy döreden hem, ony ilden öň alýan hem Nyýazowyň özüdi. Baýrak 5 müň dollar. Men Nyýazowyň gelerine garaşman zaldan çykyp gaýtdym. Töwerekdäki ýaranjaňlaryň maýmyn boluşlaryny synlamak, iň ýamany-da, olaryň arasynda oturmak meniň mertebämi peseldip barýan ýaly oňaýsyzlyk duýdum. Prezidente bermek üçin ýygnalan gül çemenleriniň sany-sajagy ýokdy. Sorap görsem, şol çemenleriň pesrägini 2-2,5 müň manat berip alypdyrlar, gowulary 3 müňden geçýär diýdiler. Şu ýönekeý fakt. Halk görgüli 2-3 ýüz manatlyk aýlygyny alyp bilmän, ýarym aç, ýarym ýalaňaç gezmeli bolanda, onuň puly, gör, nämelere sowrulýar! 25-nji oktýabr. *** Bu gün Türkmenistana garaşsyzlyk berlenine üç ýyl doldy. Prezident Nyýazow düýbi tutulan köşgüniň öňünde 15 million dollar harç edip, Argentinanyň gurluşykçylaryna parad kabul eder ýaly äpet tribuna saldyrdy. Şol tribunadan parada hem demonstrasiýa syn etdi. Ol 5 sagat dowam etdi. Telewideniýeden doly görkezildi. Umuman, 27-nji oktýabrdaky Garaşsyzlyk baýramynyň dabaralary hakynda näme aýtsa bolar? Bu baýram bu ýyl hem döwletiň, halkyň garaşsyzlygynyň baýramy bolman, prezident Nyýazowyň garaşsyzlygynyň baýramy bolandygyny aňlatdy. Onuň öňki sowet imperiýasynyň çäginden daşlaşmagynyň, onuň öňündäki gulçulyk psihologiýasyndan ara açyp, öz häkimligini dabaralandyryşynyň baýramy boldy. «Serdar» diýlen Nyýazow özüni näçe erkin duýsa, halk şonça-da baknalyga tabyn edilýär. 27-nji oktýabr. *** Öten gije awtobusly Aşgabatdan Mara geldim. Halkyň gün-güzeran ýagdaýy üç aý ozalky gelip gidenimden bäri has-da agralypdyr. Etraplarda jan başyna berilýän una derek her iki adama bir buhanka gara nan paýlap başlapdyrlar. Bu ýagdaý Türkmenistanda hiç mahal bolmadyk zat. Şäherlerde çörek kartoçkasyna geçilen ekeni. Ýetişdirilen pagtanyň ýygylmadyk, hatda içine girilmedik meýdanlaryň bardygyny gözüm bilen gördüm. Sebäbi, welaýat emeldarlary baýramçylyga plan dolduryldy diýip, serdara ýalan maglumat beripdirler. Maglumat berlen dessine işiň bady gaçýar, halkyň eli sowaýar. Mekdeplerde okuw ýok, pagta ýygylmaýan-da bolsa, mekdepler ýapyk. Mugallymlar işden çykyp gidýärler. Aýlyklar wagtynda berilmeýär. Okuw esbaplary ýetenok. Geýimi, aýakgaby ýokdugy üçin çagalaryň mekdebe gatnamaýany köpelip gidip otyr diýdiler. Bu meseleler hiç kimi gyzyklandyranok. Häkimleriň gaçgyny halk, sebäbi barara ýüzleri ýok. Ýene bir fakt. Indi arassalanmadyk pagtany kiplere daňyp, Eýrana ugradýarlar. Ony arassalamak, çigdinden ýag almak, mal üçin şulha, künjara almak şol ýerde geçirilmeli. Biz, gör, näçe zat ýitirýäris! Gowaça çigidiniň ýagy ilatyň esasy iýmiti ahyry! 29-njy oktýabr. *** Agşamara ýazyjy, hudožnik Juma Hudaýgulyýew jaň etdi. Golaýda Saragtdan gelendigini aýtdy. Ol soňky üç aý dogduk mekanynda bolupdyr, gazanç edeýin diýip gidipdir, ýandak ýygyp satypdyr. Her petde ýandagy 7 manatdan beripdir. Bu fakt wyždany päk, ýaranjaňlyk edip ýaşamak islemeýän adamlaryň Türkmenistanda düşjek agyr ýagdaýynyň başlangyjyndan habar berýär. Juma gowy hekaýalar, dogruçyl publisistik makalalar ýazyp bilýän adam. Gynansak-da, häzir Nyýazowyň Türkmenistanyna beýle admlaryň asla geregi ýok. 4-nji noýabr. *** Dünýä türkmenleriniň gumanitar birleşiginiň wise-prezidenti Muhammet Aýdogdyýewiň kabinetinde her hepdäniň başynda bolýan ýygnanyşyk geçdi. Indi gumanitar birleşmäniň ştabyny ýapyp, ony dünýä türkmenlerini öwrenýän ylmy instituta öwürýäris diýdiler. Elbetde, bu birleşme entek hakyky jemgyýetçilik roluny ýerine ýetirip bilenok. Ol häzir esasan prezident Nyýazowyň kultuny galdyrmak bilen meşgul diýsek ýalňyşmarys. Hakykatda, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň problemasy näçe diýseň bar. Siriýada, Owganystanda, Ürakda, Eýranda olaryň milli dillerinde okadar ýaly mekdepleri ýok. Graždan hökmünde olaryň hukuklary, milli mertebeleri kemsidilýär. Birleşme olaryň goragyna çykmaly, emma biz syýasy işlere gatyşmaly däl diýen bahana bilen dymýarys. Birleşme jemgyýetçilik gurama hökmünde halkara adam hukuklaryny goraýan guramalaryň öňünde mesele goýup biler-ä! Edilenok, sebäbi, öz içimizde adam hukugy äsgerlenok. Daşary ýurt türkmenleri üçin ýüz tutmaga ýüzümiz ýok, entek siz öz içiňizi oňaryň diýiljek. 14-nji noýabr. *** Türkmenistan kinomatograflarynyň ýygnanyşygy boldy. Ýygnak çagyrlanyna, dogrusy, biz geň galdyk. Soňky bir ýylda döredijilik soýuzlary dargadyldy diýse boljak. Olaryň ýolbaşçylary döwlet edaralaryna işe geçirlip, býužetiň hasabyna aýlyk alýarlar. Iň ýaman ýeri, soýuzlara agzalary ýygnamak, maslahat geçirmek gadagan edildi diýen ýaly. Bu hakda ýazmaça bolmasa-da dilden görkezme berilipdir. Ýazyjylar birleşmesi indi bir ýyl bäri agzalaryny ýygnanok, ýiti sowallardan, jedelden gorkýarlar. Bäş sany döredijilik birleşmesiniň gazeti bolan «Edebiýat we sungaty» hem olardan alyp, hökümetiň gazetine öwürdiler. Ine, şu sebäplere görä-de bu günki ýygnanyşyk geňdi. Biz ol ýerde ýagdaýyň juda agyrdygyna şaýat bolduk. Türkmen filmleri hiç ýerde görkezilmeýär. Häzir diňe bir çeper film etmäge rugsat edilipdir. Moskwada ýokary bilim alyp gelen režissýorlaryň sanynyň ýigrimiden geçýändigini göz öňünde tutanyňda meseläniň nähili çatakdygyna göz ýetirse bolar. Öňki sowet respublikalary bilen döredijilik aragatnaşygy doly kesildi. Hawa, prezident Nyýazowyň döreýişi, döwlet işi barada film alan, ýa-da alyp ýören çemeçi režissýorlar bar, ýöne men hakyky sungatyň gürrüňini edýärin. Neneňsi bolanda-da goňşular, aýratyn hem Rossiýa bilen döredijilik gatnaşyklaryny ýitirmeli däl, kinematorgafiýa institutyna okamaga studentler ibermäge serişde tapmaly. Ýygnananlar çekinjeňlik bilen şu meselelerden söz açdylar. Häzir ylym-bilimli, paýhasly adamlar bilen gürrüňdeş bolsaň, derrew Moskwa gitmek, Rossiýada ýaşamakdan söz açylýar, emma gitmek hem aňsat däl. Şonda-da ýyl saýy gidýänler köpelýär. Käbir ýerden berilýän maglumatlara görä, soňky on aýyň dowamynda Türkmenistandan üç müň türkmen başga ýurtlara gidipdir. Ol adamlar başarnykly, öz güýjüne göwni ýetýän adamlar, asgynlara bu agyr zamanda ýat ülkelerde başyny çaramak aňsat düşmez, olar gitjek-de bolmaz. Umuman, emigrasiýa diýen derdeseri indi türkmenler hem görmeli boldular. 16-njy noýabr. *** Agşam «Azatlyk» radiosyndan aýylganç habar aýtdylar. Moskwanyň ýurtlara getirilýän azyk harytlaryny kontrolda saklaýan guramasynyň beýanatynda Türkmenistanyň kommersiýa dükanlarynda eneleri çaga dogurmakdan saklamak üçin ulanylýan garmonal serişdäniň-sakgyjyň hemmelere açyk satylýandygy habar berildi. Şu sebäbe görä-de moskwalylary ol ýurtda ägä bolmaga çagyrdylar. Şol ätiýaç serişdesini çagalar hem çeýnäp ýör diýilýär, ol bolsa, çagalaryň jyns organlaryna zeper ýetirip biler diýip, duýduryş berilýär. 19-njy noýabr Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||