16:48 Deň-duşlarym, kärdeşlerim: Ajy hakykat | |
AJY HAKYKAT
Ýatlamalar
Bu gün Türkmenistanda hatyra güni. Gündiz sagat ikide Çary Nurymyň jaýlanan öwlüýäsine gitdik. Mazaryna gül goýduk. Ýakyn gatnaşykda bolan ýazyjylarymyzyň, kompozitorlarmyzyň başynda aýat okadyk. Şähere dolanyp, heýkeltaraş Juma Jumadurdynyň ussahanasynda Çaryny, aramyzdan gidenleri ýatlap oturdyk. Çarynyň mazarynyň üstüne ýadygärlik dikeltmegiň, aprel aýynda, doglan gününde onuň eserleriniň konsertini geçirmegiň guramaçylyk taraplaryny maslahatlaşdyk. Çary, Çary!.. Aramyzdan örän ir giden zehinli kompozitor dostumyz!.. Seniň agyr dertden çeken ezetleriň hiç mahal ýadymyzdan çykmaz. Seniň derde çydamyň, ýaşamaga höwesiň, optimizmiň meni geň galdyrypdy. Sen dertden beter ikinji bir zadyň derdini çekipdiň. Seni, syrkaw adamy bihaýalyk bilen aldapdylar. Ýagdaýyň agyrlaşyp ugranda prezident Nyýazowyň adyndan prezident sowetiniň agzasy Geldimyrat Nurmuhammedow ýanyňa baryp: prezident örän arkaýyn bolsun, Çary üçin serişde gaýgyrmarys, daşary ýurtlaryň atly medisina merkezlerine ibereris diýýär diýipdi. Sen şol söze aldanyp, 70 gün garaşyp ýatdyň. Saňa Gamburgdaky klinika gitmek üçin bary-ýogy 20 müň marka gerekdi. Eýýäm ol ýerde ýaşaýan türkmenler guramaçylyk tarapyny gepleşip goýupdylar. Emma şol puly tapyp bermediler. Iki gezek prezidente hat ýollap, kömek sorapdyk, peýdasy bolmandy. Wraçlar bolsa, her sagadyň jana barabardygyny aýdýardylar, gyssaýardylar. Sen agyr derdiň azarynyň daşyndan bu gödek aldawa düşünip bilmän gaharlanýardyň, ýöne umydy elden bermejek bolýardyň. Hatda kömek üçin başga ýerlere ýüz tutalyň diýlen teklibe-de razy bolmandyň. Kompozitorlar soýuzyna 12 ýyl başlyklyk edip, býurokrat apparatyň içinde gezen hem bolsaň, onuň tebigatyna önjeýli göz ýetirmän ekeniň. Sen göwnüňe, öz ýüregiňe osýardyň. Seniň rehimli ýüregiň bardy, dostum! Ahyry, awgustyň aýagynda, halyň juda peselendigine garamazdan, hassahanada eşigiňi çalşyryp, Nyýazowyň köşgüne gidipdiň, ýagdaýyň barada hut onuň özüne aýtmakçydyň, onuň kömekçisi Hramow seni prezidentiň ýanyna goýbermändir. Olar eýýäm seni ölenleriň hasabyna goşupdylar. Paltaň daşa degip, bulara ynam gutarandan soň, öz harjyňa Leningrada operasiýa gidipdiň, ýöne üç aý ýitirlipdi. Şol hem ölümi gutulgysyz etdi. Togsan üçünji ýylyň awgustynda Nyýazow ýazyjylary ýanyna çagyranda, men Çary Nurymowyň ýadygärligini ebedileşdirmek hakynda mesele gozgadym. Şonda prezidentiň bir aýdany meni haýran edipdi. “Çarynyň derdi agyr ekeni. Ysraýylda operasiýa edilmeli, oňa-da 200 müň dollar gerek diýdiler, ýöne ol operasiýa-da ony gutarnykly halas etjek däl ekeni” diýdi. Men Çarynyň dosty hökmünde gapdalyndadym, ähli gürrüňleri bilýändirin öýdýän, ýöne Ysraýyl hakynda gürrüň çykandan men-ä habarsyz. Eger Çary habarly bolsady, ol maňa hökman aýdardy. Ol Gamburga gitmek üçin bary-ýogy 20 müň marka sorapdy. Indi 200 müň dollar nireden geldi? Wada berip, syrkawy aldanlary bilen oňman, dirileri aldamagyň ýoluna düşene meňzeýärler. Çary Leningraddan, operasiýadan gelenden soň maňa bir fakt aýtdy. Gitmezinden öňinçä Nyýazowa hat ýazypdyr, göwnümdäkini ýazyp, içimi sowatdym diýdi. Emma bimahal ajaldan sypyp bilmedi, 1993-nji ýylyň 1-nji fewralynda irden jan berdi. Şol gün türkmen halky beýik ogluny ýitiripdi. Beýle ogluň gidendigini bu halk entek hem bilenok, häzirki ýagdaý dowam etjek bolsa, entek-entekler biler hem öýdemok. 12-nji ýanwar, 1995-nji ýyl. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |