04:19 Oguz han kim? | |
OGUZ HAN KIM?
Söhbetdeşlik
(Söhbetdeşlik) Oguz han Taryhy şahsyýetmi ýa-da legendar gahrymanmy? Bu hakda Azerbeýjan Milli bilimler Akademiýasy Nesimi adyndaky diller Instituty, Gadymy diller we medeniýetler müdüri Professor Dr. Ilhami Jafersoý bilen gürrüňdeşligi geçirmegi makul bildik. Kaýseri Gündem: - Oguz Dessany ''Kitaby - Atam Gorkudyň'' Ýewropada öwrenilmeginiň 200 ýyllygy mynasybetli Oguz han hakyky taryhy şahsyýetdir...'' diýipdiňiz. Muny aýtmak üçin sizde tutaryk barmy? Ilhami Jafersoý: - Bu hakykatdanam şeýledir. Rus alymy Şopen 1866-njy ýylda Sankt-Peterburgda neşir etdiren ''Kawkaziýa we onuň gadymy sessizligi hakynda täze maglumatlar'' atly kitabynda Oguz han taryhy şahsyýet bolup m.ö.XIII asyrda ýaşap geçen, özem 80 müň arabalardan ybarat goşun bilen Nil deltasyny basyp alypdyr. K. G. - I. I. Şopeniň - Kawkaz häkimi bolan Paskewiçiň ýakyn adamsydygyny bilýäris. Onuň ýazanlaryna ynansa bolarmy? Haýsydyr bir alymyň öňe süren pikirleri çeşmeler, arheologik tapyndylar bilen subut edilmeli dälmi? I. J. - Elbetde, ileri sürülen pikirler çeşmeler bilen görkezilmeli! Şol çeşmeler Jan Fransua Şampolýonyň 1822-1832-nji ýyllarynda okan Müsür ýazgylaryna degişli. Bu ýazgylarda görkezilen Nil jülgesi gadymy orta asyr döwürlerde, ýagny m.ö. XXIII - m.ö.XVIII asyrlarda Aziýaly çopan patyşalar tarapyndan dolandyrylypdyr. Bu dolandyryjylaryň başynda ''Han'' lakamyny göterýän Oguz ogullary bardy. Iň gyzykly ýeri hem Oguz han taryhy şahsyýet bolup Müsürde faraonlyk edipdir. Iňlis arheolog Flinders Petri 100 ýyl mundan ozal onuň galyndylaryny tapypdyr. Ol şonda Oguz hanyň mermeriň ýüzüne resmi ýerleşdirilen barelýefini tapýar. Heýkel zyýan çekip ikä bölünipdir. K.G. - Gürrüňini edýän arheologik tapyndylaryňyz bir asyr öň tapylypdy, bu dogry, ýöne näme üçindir bu Dünýä ylmynda ünsden düşürildikä? I. J.: - Ilkinji arheologik tapyndylar geçen asyryň başlarynda Ýewropanyň ylmy neşirýatlarynda neşir edildi. Ýöne syýasatlaşdyrylan Günbatar taryhçylary uzak wagtlap bu hakykaty inkär edip geldiler we soňlugy bilenem ders kitaplaryna we Ensiklopedik neşirlerinde bu hakdaky maglumaty ýerleşdirmekçi hem bolmadylar. Sebäbi Günbatar Ýewropa taryhçylary diňe Gresiýany gadymy medeniýetiň gözbaşy hökmünde galama alypdylar. Olaryň pikiriçe Ellada etnik siwilizasiýanyň üstünde ýerleşen gadymy medeniýetiň watany bolupdyr. Bu ýalňyş ylymam soňlugyna galdy. K.G: - Gürrüňini edýän Oguz hanymyzyň şekil baralýefi onuň ölüminden soňra mumiýalanan görnüşdäki şekilidir. Onuň ýaşlyk ýyllaryna degişli maglumatlar barmyka? I.J: - Oguz hanyň ýeňişlerini ýaňzydýan suratlar, mermeriň ýüzünde oýulyp şekillendirilipdir. Bu görkezmeler Palestina bilen Sinaý daglary aralygynda Oguz hanyň çozup giren Saruhan, Arazhan we Awar şäherlerindedi. Täze döwrüň faraonlary Palestinany basyp alanlaryndan soňra bu şäherler ýer bilen ýegsan edilipdir, taryhy eserleriň köpüsi zyýan çekipdir. K.G: Onda nädip Oguz hanyň gubury biziň günlerimize çenli gelip ýetdikä? I. J: Çünki Oguz hanyň jesedi Aziýada ýok. Nil derýasynyň günbatarynda jaýlanypdyr. Şol döwürdäki ynançlara görä günüň batýan ýeri ölüler dünýäsi hökmünde kabul edilip, keramatlaşdyrylýardy. Oguzlaryň we onuň egindeşleriniň Müsürde 511 ýyllyk häkimiýetiniň subutnamasy hökmünde ýadygärlik galdy. Şolaryň birem Faraon Hanjaryň guburhanasydyr. Hasam gyzykly ýeri Aran we Oguz neslinden çykan faraonlaryň piramidalary daş diýlip atlandyrylýardy. Bu barada Klota begiň 1843-nji ýyldaky Abdyýewiň 1948-nji ýyldaky neşir etdiren kitaplarynda maglumatlar bar. Oguz han bilen birlikde Müsürde ýerleşen obalaryň birem Tekle diýlip atlandyrylýar eken. Tekle Türkmen aşyrat, obalarynyň biri. Akademik Q.Maspero m. ö. II müňýyllygyň başlarynda Müsürde Tekeli I we Tekeli II atly hanlar faraonlyk edipdirler. Teke türkmen taýpasydyr. Muňa hiç kimiňem şübhesi ýok. Q.Maspero bular hakda-da maglumat galdyrypdyr. Oguz asylly faraonlar mirasdüşerkäler ''Şat'', tagta çykanlarynda bolsa ''Aga'' lakamyny göteripdirler. Aýratynam ''Han'' lakamy orta eýýam döwrüniň faraonlary Şat atly taňra çokunýardylar. Piramida ýazgylarynda ''St'' görnüşde ýazylan teonimi, käbir terjime düşündirişini berenler ''Set'', käbirlerem ''Şat'' diýip okaýarlar. Esasanam Altaý Şaman dogalarynda Şat atly Haýyrly Ruh bolupdyr. Şeýle bir baglanyşyk bar, Altaý kosmogoniýasyndaky ruhlaryň birnäçesi Müsür, Hebeşi, Arnawut dogalarynda we tilsim ýazgylarynda bolşy ýaly gaýtalanýar. Aran aksakallary Kaşmirde we soňra Müsürde ýaradan medeniýetlerini Afrikanyň gündogaryna we günbataryna getiripdirler. Su Mali taýpalary bilen oňuşmandyrlar we olar bilen söweşipdirler. Häzirki Malililer öz yrklaryny üýtgedip Afrikanyň günbatarynda Somalilileriň we Hebeşleriň goňşuçylygynda ýaşaýarlar. Häzirki Palestinada Urdunda we Müsürde Oguz neslinden patyşalar höküm sürüpdirler. Jacob Xer (Ýakup pygamber) ogly görmegeý Ýusup pygamber Oguz hanyň we onuň yzyny döredenleriň soňkusydyr. Bu hakda Ýewropa taryhçylary birgiden kitaplary ýazypdyrlar. Semitologlar Ioseph adyny ''Iýo'' we ''sep'' söz ýasaýjylary aýryp ''Birleşdirilen'' diýen manyda düşündirýärler. Çünki ol m.ö. 1730-njy ýylda biri-birinden aýra galan Aziýa asylly etnoslary birleşdirip Nil derýasynyň deltalaryny eýeläpdi. Iosep Koku we sap arassa diýmekdir. ''Iý'' iňňe sözüniň köküdir. Azerbeýjan türkçesinde häzir oeadanlyk üçin dakylýan simlere koku diýilýär. B.A. Turaýew şeýle diýýär: ''Ýusup pygamberiň bir oglunyň ady Sadakhdyr. Diňe Sadakh däl, Kenan asylly hanlaryň köpüsiniň türki totem atlary göze ilýär. Ýusubyň jigsi Bunýaminiň ogullaryna Gurt, Guýu, Tengiz (Deňiz), Arslan, Kul (belkäm Gul - t.b.) atlary dakylypdyr. Borçalydaky Sadakhly obanyňam halky hezreti Ýakupdan gelýändikleri aýdylýar. Biz olary Oguz hanyň we Ýusup kenanyň ogullary ýaly ezizlemelidiris. K.G: - I.Berezin we Orhan Şaik Gokýaý, Oguz hanyň Hun hakany Mete bilen ikisi bir adam diýip aýdýarlar. Bu hakda näme diýersiňiz? I.J. Çyn ýazgylarynda ady Mao Tun diýlip görkezilen Mete hanyň m.ö. II asyryň soňlarynda ýaşap geçipdir. Aralarynda müň ýyl tapawut bar. Hiç bir delil Oguz han bilen Metäniň bir adam bolandygy hakda maglumat ýok. Ady agzalan alymlar Hunlar bilen Türkileriň meňzeş däp dessur we ediň gylymlaryna, söweş taktikasyna we ş.m. meňzeşlige esaslanyp aýdandyrlar. Oguz hanyň taryhy şahsyýetdigini onuň Mete handan has öň ýaşandygyny Müsür iýeroglifleri, papirus ýazgylary, ruhany Manetinyň (m.ö.III a.) ýyl ýazgylarynda ýazylypdyr. K.G: Mahmyt Kaşgarlynyň diwanynda Karnak, Oguz şäherlerinden biridir... Aýdyşyňyz ýaly Müsürdäki baş ybadathananyň Karnak diýlip atlandyrylandygyny aýdýaňyz. Bu tötänleýin meňžeşlikmikä? I.J: Bu ýerde tötänleýin meňzeşlik ýokdur. Biziň atalarymyz ýaradan gadymy medeniýetleriniň Türküstandan Şumere, Elama, Müsüre getiripdirler. Finikiýalylar, Rimliler, has soňra Latynlar bu medeniýeti özleriçe alyp göteripdirler. Semitolog Reweka Rubinşteýn gadymy Müsür Gresiýanyň ýazgysyny getiripdir diýýär we bulardan başga-da ''Grekler okuw - ýazuwy, ekerançylygy, Müsüri we Finikiýany dolandyran Aranlylardan öwrenipdirler. Soňra bu medeniýet Ýewropa halklary tarapyndan özleşdirilýär. Şol sebäpden Şotlandiýadaky Aran adasyna, adadaky gowaklara ýazylan Runik harplary bilen ýazylan ýazgylara tötänleýin meňzeşlik diýip bolmaz. Taryh Gündogarda döräp, Günbatara hereket edipdir. Ol ýerden täzelenip gündogara dolanyp gelipdir. Bir döwürler haçly ýörüşleri geçirenler elleri gylyçly Kudsa geldiler. Häzir bu ýol bilen Ýewropanyň Russiýanyň bombardýorlary gelýär. Müň ýyllardyr gül tutduran ellerimize daş zyňýarlar. Kayseri GÜNDEM, Ilhami JAFERSOÝ. 06.06.2016. Terjime eden: Çarymuhammet SUGTYÝEW | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |