23:33 2024, uruşlar we halklar | |
2024, URUŞLAR we HALKLAR
Publisistika
ABŞ-nyñ 31-nji prezidenti Gerbert Guwer "Uruşy garrylar-a turuzýar, ýaşlaram ölýär" diýipdir. 2024-nji ýylyñ ikinji gününden ýer ýüzüne we dowam edip duran uruşlara göz aýlap, şeýle diýsegem bolar: "Uruşy kompaniýalar-a turuzýar, halklaram ölýär". Kompaniýalar uruş turuzýar, çünki ABŞ başlyklaýyn birnäçe "demokratik" ýurtlarda häkimiýet başyna gelýänleri raýatlaryñ saýlawlardaky sesleri däl-de, kompaniýalaryñ seçýän dollarlary kesgitleýär! "Lockheed", "General Dynamics", "RTX" ýaly ýarag öndürýän amerikan kompaniýalary Ukraina we Gazä işdämenlik bilen seredýärler. "General Dynamics"-iñ maliýe işleri boýunça müdiri Jeýson Aýkeniñ 2023-nji ýylyñ ahyrynda "Aýda öndürilýän 14 müñ top okuny 20 müñe çykardyk. Munuñ möçberini 85 müñe, hatda aýda 100 müñe ýetirmek üçin işleýäris. Meniñ pikirimçe Ysraýylyñ ýagdaýy bu islegiñ üstünde diñe ýokary ugurly basyş döreder" diýmegine başga nähili düşünmeli? "General Dynamics"-iñ bronly awtoulaglary, tanklary we Ukrainanyñ ulanýan toplaryny ulanýan "Söweşjeñ sistemalary" bölüminiñ girdejisi 2023-nji ýylda ondan öñki ýyla garanda 25% artdy. Ukrainada ulanylýan "AMRAAM" raketalaryny öndürýän "RTX" kompaniýasy-da Putiniñ 2023-nji ýylyñ 24-nji fewralynda başlan "ýörite harby operasiýasyndan" bäri üç milliard dollarlyk zakaz aldy. Olar kiselerini galñadyp ýörşüne üçünji ýylyna gadam basan Ukrainadaky uruş eýýäm gyzygyny gaçyrdy. Ýogsam bolmasa, ol ýerde diñe iki ýurduñ goşunyndan biriniñ ýeñşi bilen tamamlanman, belki-de, bütin dünýäniñ akymyny düýbünden üýtgedip taşlajak çaknyşyk birinji başlan günündäkisi ýaly gyzgalañly dowam edýär. Staliniñ aýdandygy aýdylýan "Bir ölüm tragediýa, müñ ölüm bolsa - statistika" sözi Gazada tassygyny tapýar. Biz eýýäm palestinaly ölüleriñ on müñler bilen berilmegine mazaly öwrenişdik. Netanýahu "Uruş ýene birnäçe aýa çeker" diýdi, eýsem Ukrainada näçe wagta çekerkä? NATO-nyñ we Russiýanyñ ýüz müñlerçe adamyñ şirin janyny bir übtük tüssä öwrüp bilýän ýarag sistemalary biri-biri bilen ýaryşýan mahaly kim üstün çykarka? Käbir günbatarly analitikleriñ pikiriçe "Russiýanyñ we NATO bileleşiginiñ iñ gowy ýaraglarydyr harby taktikalarynyñ arasynda bolup geçen garpyşykda" kimiñ üstün çykjakdygy belli däl, belki-de hiç haçanam belli bolman galar. NATO-nyñ kämil ýarag sistemalaryna garşy Russiýa Ukrainantñ garşylyklaýyn hüjümini ýeke garyş ýer gidermezden yzyna serpikdirmek bilen çäklenmedi, şol bir wagtyñ özünde öz garşylyklaýyn hüjümini başlar ýaly taýýar ýagdaýa geldi. Halkara Ýakyn Gündogar we Balkan ýurtlary boýunça ylmy-barlaglar institutynyñ (IFIMES) 2023-nji ýylyñ ahyrynda çap edilen giñişleýin analizi täsin ýagdaýda üç tarapyñ üstýn çykandygyny aýdýar: 1. Ýerini giderenem bolsa, ýurt gurma ukybynyñ bardygyny subut edip bilen Ukraina; 2. Ýer ýüzüniñ ep-esli bölegine we NATO bileleşigine garşy alyp baran uruşynda ýeñilmän, gaýtam tersine, sowet döwründäki at-owazasyny dikelden Russiýa; 3. Dünýäniñ iñ uly iki slawýan we prawoslaw ýurduny gyrlyşdyryp, bir okda iki towşan uran we bu gyrlyşykdan uly ykdysady, syýasy, harby üstünlikleri gazanan ABŞ. Bärde diñe wepat bolanlary we öñlerine goýulan garañky ertirleri bilen halklar ýeñildi! IFIMES Dejan Azeskiniñ ýazan “Ukraina 2023: Çaknyşykda kim ýeñildi, uly uruşda kim üstün çykarka?" atly analiziniñ soñky jümleleri üstün çykanlardan biri saýylýan ABŞ üçin bolup biläýjek üýtgeşmelere yşarat etmek bilen bir hatarda, Ysraýylyñ harby doktrinasynyñ Gazada çagşandygyny we munuñ ABŞ üçinem şeýle bolup biljekdigini aýdýar. Hem hasam gyzyklandyryp, sözüni şeýle tamamlaýar: "Eger Russiýa şumatky depginini gowşatman gitse, munuñ özi ABŞ üçin gönüden-göni ýeñliş bolar. ABŞ ýyllar boýy dünýäni köplenç gorky we ýeñilmezeklik mifi bilen dolandyrd. Bu agalyk sürüji rowaýat se gorky sumat bolsa, Waşington Rimiñ wizigotlaryñ eline düşüşinden has tiz ýagdaýda warwarlaryñ eline düşüp biler". Mundan soñ kimi warwar hasaplaýan bolsañyz! L. Dogan TYLYÇ. "BirGün" gazeti, 02.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||