10:33

2 сентября

Taryhda şu gün
Категория: Taryhda şu gün | Просмотров: 224 | Добавил: Haweran | Теги: Sentýabr | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhda şu gün bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 yaran_yagmur_9  
1578
Mekdep ýyllarymda, dogrusy, kitap kän okalmansoň awtorlar hakda-da oňly düşünje galmandyr. Annaberdi Agabaýew bilen Atamyrat Atabaýewiň tapawudyny teý bilmän geçdim, indi internet bar, emma giç. Emma, diýjek bolýanym, Gurbangylyç Hydyrowyň ady, suratyny görmesem-de, çagalykdan beýnimde galypdyr. Şu häzirki berilýän hekaýalaryny "Tokmak" žurnalynda okaýardym. Başga dünýä düşen ýaly bolýardyň. Ýalňyşmasam, ol şol wagt kän reklama edilmeýärdi, ýene-de, ýalňyşmaýan bolsam ol hakynda söz açylsa esasan "Pyhy aganyň şägirdi" diýilýärdi öýdýän. Emma ol beýle çygyrlardan has çykan şahsyýetdi. Häzir berilýän hekaýalaryny şol çagalykdaky "Tokmakdan" täzeden okaýan ýaly bolýaryn.

Garaz, edebiýatyň wekilleriniň bize täsir ediş derejesi olara resmi nomenklaturada bellenen orunlaryndan başgaça bolýar. Häzir sowet döwrüniň nusgawy (klassiki) wekilleri bellenen ýazyjy-şahyrlaryň käbirleri-hä özümde jinnek ýaly täsir galdyran ýeri ýok. Emma onçakly ullakan figuralar hasaplanmasa Hemra Şirowyň we Azat Rahmanowyň döredijiliginiň meniň-ä estetiki dünýämiň emele gelmeginde täsiri uludy. Haýsynyň bolanda-da parhy ýok, emma olaryň çagalara bagyşlan ertekili älemi ulalansoňam unudardan ajaýypdy:

"Çagalaryna
Paýlap süýtli çaý,
Älemi gezýär
Eneleri Aý"

ýa-da:

"Gaty gowy aýnanyň,
Öňündäki ýerjagaz:
Göýä onda bar ýaly
Bir enaýy syrjagaz!"

Çaga kalplary ýyladan şeýle mähirli şygyrýet älemini döredenlere alkyş bolsun!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]