Bu toprak ~ mukaddes toprak
▶ 360 PIRLER ÝATYR BU ÝERDE...
Mukaddes Köneürgenç topragyndaky ýadygärlikler ençe külpetleri, dürli gowgalary, köp gyrgynçylyklary, talañçylyklary başdan geçirdi. Indi olara medeni miras hökmünde seredilýär we olar goralyp saklanylýar.
Geçmişde ata-babalarymyz bu ýerini keramatly öwlüýä, dürli dert-azaplardan gutarýan ýer diýip tanadypdyrlar. Şonuñ üçinem oña uýup, zyýarat edip, öten-geçene töwir galdyrypdyrlar. Elbetde, ýaşuly nesliñ tagallasy bilen biz öz taryhymyzy rowaýatlaryñ üsti bilen baýlaşdyryp, öwrenip gelýäris.
Taryhy ýadygärlikler bilen baglanyşykly şahsyýetler bolan Il Arslanyñ ýadygärligi halk arasybda Fahreddin Razynyñ ady bilen baglanyşdyrylýar (Fahreddin Razynyñ Hyrat şäherinde jaýlanandygy barada taryhy çeşmelerde bellenýär). Soltan Tekeşiñ - Şeýh Şerap babanyñ Gök gümmez atlary bilen (Şeýh Şerap baba özüniñ gezip ýören diwana bolanlygy üçin beýle haşamly ymaraty mazar etmegi uslyp bilmän, ölenden soñ diñe daşarda jaýlanmagyny wesýet edipdir) baglanyşdyrylmagy, Seýit Ahmet işanyñ ýadygärliginiñ "Garagapy ata" diýlip atlandyrylmagy, şonuñ ýaly Nejmeddin Kubranyñ "Şikebir ata", 360 öwlüýä, Soltan Alynyñ ýadygärliginiñ "Äraly hanyñ mazary" diýlip atlandyrylmagy muña mysal bolup biler.
Şeýh Şerap babanyñ keramatyny, gudratyny diýseñizläñ, ol tüýnükden ýeñini sallap, köşgi altyndan dolduranda, köşgüñ gupbasynyñ darka ýarylyşyny, Şikebir atanyñ ~ 360 öwlüýäniñ keramatyny şol ýere ýöräp bilmän, dürli dertler bilen gelenler onuñ şypa berşini, Garagapy atanyñ duşman ýaman niýet, ýaman päl bilen gelende dünýäni garañkyradyp, duşmany yza serpikdirişini, Äraly hanyñ şerigatdan çykyp, dini bozanlygy üçin öz ogluny 81 gamçy urup öldürmekligi buýruşyny, onuñ 60 gamçydan soñ ölüp, 21 gamçynyñ onuñ öli jesedine urluşyny, 40 mollanyñ Hudaýdan nalyş edip uly depeligi emele getirişini bu gün biz taryhy rowaýatlar hökmünde kabul edýäris. Bu zatlar keramat hökmünde halkyñ ýüregine giripdir. Indi olar rowaýat däl-de, gudrat hökmünde kabul edilýär.
Halkyñ maddy medeniýeti, olaryñ döreden zatlaryny öwrenmek, halka wagyz etmek häzirki nesliñ öñünde durýan uly wezipe. Tebigat hadysalaryna, ýaşaýşyñ kanunlaryna her döwürde dürlüçe düşünipdirler.
1950-60-njy ýyllarda ýazylan kitapda biziñ bu günki gün "keramatly ýer", "öwlüýä", "mazarystanlyk", "gabyrystanlyk" diýip atlandyrýan ýerlerimizde diñe "taryhy ýadygärlikler" diýmek bilen çäklenilýär. Munuñ özi şol döwrüñ syýasatyna laýyk bolan ýagdaýdyr.
Köneürgenjiñ taryhy şu günki günde ylmy esasda, şol töwerekde arheologiýa işleriniñ geçirilmegi bilen doly öwrenilip, halkyñ dini garaýyşlary, saklanyp galan rowaýatlar bilen üsti ýetirilip, halk köpçüligine ýetirilip durulýar.
Mekge Medinä zyýarata gidilmegine giñ ýol açylmagy, oraza, gurban baýramlarynyñ arkaýyn bellenilmegi düşünen adama diñe döwletlilikden nyşandyr.
Bahar DURDYÝEWA,
Köneürgenç etrabynyñ merkezi kitaphanasynyñ kitaphanaçysy.
Taryhy ýerler