16:39 "Derdimi kime diýeýin?" ýa-da ahlak nirede? | |
''DERDIMI KIME DIÝEÝIN?'' ýa-da AHLAK NIREDE?
Jemgyýetçilik tankydy
Kitaphana gatnaýan wagtlarym gazetdir-žurnallary agtaryşdyryp gyzykly makalalar ýa bolmasa maglumatlar bar bolsa şolary belläp alýardym. Şol gözleglerim hem, ünsümi ''Owadan'' žurnalynyň deňinden boş geçirmedik bolara çemeli! Şol žurnalyň birnäçe ýyllyklardaky çykan sanlarynda Ahlak, edep-terbiýe, many almaly makalalar gaty köp welin olaryň haýsy birini ýazyp belläp çykjak? Esasy mesele welin bu däl. Şol žurnalyň 92-nji ýylda çykan sanynda sözbaşyda ýazylan ''Derdimi kime diýeýin?'' atly hat gowşupdyr. Bu haty adyny tanatmak islemedik G.B. atly naçar gyzy A atly zalym, wagşy biriniň çykgynsyz ýagdaýa düşürendigini beýan edýän hatdyr. Belkäm ýoly kän haýynlar bu haty okap ters işlere ýolugyp bir naçaryň gyzlyk mertebesini ýere salmaz! Şeýle ýoldaky azgynlaryň belkäm soňy geläýedi... Bu haty bolsa üýtgetmezden siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik. ''Derdimi kime diýeýin?'' Şol wagtlar men özümi gaty bagtly saýýardym. Sebäbi okuwçylar meni komsomol guramasynyň sekretarlygyna saýlapdy. Begenjimiň çägi ýokdy. Komsomol durmuşynda ýüze çykýan meseleleri maslahatlaşardyk, juda kyn meseleleri bolsa raýon komsomol komiteti bilen çözerdik. Ýöne okuwy gutarmagymyza az wagt galanda bagtyma boran ýagdy duruberdi. Men komsomol işi bilen raýon merkezine ýygy-ýygydan gitmeli bolýardym. Şol gezek konferensiýaörän giç gutardy. Biz ýola çykanymyzda, oba gaýdýan awtobus eýýäm giden ekeni. Meniň ýanymda taryh mugallymym bardy. Ikimiz duralgada durus. Günem batyp barýar. Maşynlaram seýrek gelýär. Ine, birden öz obadaşymyz hususy maşynynda ýanymyzda saklandy. Tanyş adam bolansoň mündük onuň maşynyna. Mugallymymyz bizden aýryrak ýaşaýardy. Ol öýüniň deňinde düşüp galdy. Meni-de ynjytman öýe eltip gaýtmagy maşyn eýesine sargady. A. agraslyk bilen boýun aldy. Ýöne ýola çykdyk weli, ol ''Şu ýerde ýaşaýan wraçyň öýüne baryp-gaýdaly, bir minutlyk işim bar'' diýdi. Menem otyryn, maşynam onuňky. Has beterem, düşüp nirä gideýin?! Töwerek tümlük. Onsaň maňa diňe ümsün oturmakdan başga zat galmady. A. aýdyşy ýaly wraçyňka bardy, işinem bitirdi. Soň ýola düşenimizde ol maşyny gyra sowdy-da ''Maşyna bir zada bolýar'' diýdi. Men ol maşyny gyra sowandan düşjek boldum. Ol: ''Sen näme menden gorkýaňmy? Men saňa hiç zat diýemog-a, häzir näme bolanyny göreli, soň ugrarys'' diýip meni köşeşdirdi. Ol düşüp maşynynyň ol - bu ýerlerine seredişdirdi-de yza meniň ýanyma gelip oturdy. Meniň şol wagt onuň nähili pikiriniň bardygyna gözüm ýetdi. Men oňa: ''Meni öýe eltip gaýdyň, ejem dagy maňa garaşýandyr'' diýip ýalbardym. Ol sözüme gulak asarly däldi. Soň men aglamaga durdum. Gözýaşam ony saklamady. Şeýdip orta ýoluň üstünde wagşylyga duşup, men gyzlyk buýsanjymy ýitirdim. Soň ol meni öýe getirdi-de: - Daýza, ynha gyzyňyz, bulary ýolda mündürdim. Mugallymasynam ýaňyja düşürip gaýtdym. Bulam sowukdan ýaňa üşäp gidipdir, gözlerem ýaşaryp dur -diýýär. Men onuň sözüne aňk bolup galdym. Ertesem mekdebe geldim. Mekdepde-de, öýde-de şol öňki-öňkilik. Emma meniň kalbymda bolsa uly harasat gopýar. Ondan bäri üç ýyl geçdi. Men bolsa, şol gaýgy-hesretde. Toýa-da, köpçüligiň üýşen ýerlerine-de barasym gelenok. Meniň gowy görüşýän ýigidim bar. Emma men ony aldap biljek däl. A. bolsa gaty arkaýyn, hiç zat bolmadyk ýaly gezip ýör. Onuň gül ýaly gelni, 4 çagasy bar. Ine bir näkesiň duýgusy meniň bagrymy şeýdip daglady. Indi men nätmeli? G.B.'' Biz bu haty Aşgabat şäheriniň Proletar etrabynyň prokurory Oraz Çaryýewe okatdyk. Ine-de onuň pikiri: Türkmenistanyň jenaýat kodeksiniň 122-nji maddasynda aýal-gyzlaryň garşysyna fiziki zorluk ulanyp, haýbat atyp ýa-da olaryň biçäreliginden peýdalanyp, zorluk bilen zyna işiniň edilendigi üçin erkek adamlara jenaýat jogapkärçiligi göz öňünde tutulýar. "OWADAN" žurnaly, 1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||