15:42 Inçe umyt yşk heseri | |
INÇE UMYT YŞK HESERI
Pedagogika we edep-terbiýe
◾Ahlak temasyndan Ahlak temasyna degişli hat-petekler redaksiýa gelip gowuşsa-da olaryň käbirine jogap berilse, käbiri jogapsyz, kä-te bolsa hatlaryň özem çap edilmändigine Owadan žurnallaryny okaşdyranymdan soň bilip galdym. Ahlak temasy şu günki-gündäki ýüze çykan ýa gozgalan mesele däl, ol öňlerem gürrüňi edilýän gyzgalaňly meseleleriň biri bolupdyr. Ýalňyşýan ýa-da aldanýan gyzlaryň hatlary, ahlak meselesine degişli problemmalary öwrenmäge ýardam eder. Şol hatlaryň biri hem adyny familiýasyny aýtmagy gizlin sargan zenanyň ýazgylarydyr. Belkäm haty ýazan zenan ýalňyşlyk goýberenleriň soňkusy bolsun-da. Bu hat Owadan žurnalynyň ''Inçe umyt yşk heseri'' ady bilen ''GYZLAR DÜNÝÄSI'' rubrikasyna çykan hatlaryň biridir: ''Iň gowy görülýän 18 ýaşda meni yşk heseri urdy. Men joram A. bilen onunjyny gutaryp, kolhozymyzda ýerleşýän professional-tehniki uçilişä okuwa girdim. Biz A. bilen okuwa bileje gatnardyk. Ol gün-günden maňa has üýtgeşik garaýardy. Bir gün arakesme wagty joram meni öz ýanyna çagyryp, bir ak maşynly ýigidiň meniň bilen tanyşmak isleýändigini aýtdy. Biz arakesmede şol ýigidiň ýanyna baranymyzda ol bir zada güýmenip oturan eken. Ol göräýmäge owadan, görmegeý, daýaw ýigitdi. Men salamlaşyp bir gyra çekilip durdum. A. onuň bilen bir zatlar gepleşdi. Joram sapakdan soň ol ýigidiň meni duşuşyga çagyrýandygyny aýtdy. Şol gije biz dört bolup duşuşdyk. M. özüni salyhatly alyp barýardy, ol maňa sorag üstüne sorag ýagdyrýardy. Enem-atamyň hünärini, ýaşyny, doganlaryny soraýardy. Aralygynda hem özüniň näme işleýändigini, ýaşaýan ýerini aýtdy-da, çekinjeňlik bilen meni söýýänligini duýdurdy. Bellenen günler biz öýümize golaý bir ýerde duşuşdyk. Ol mähri, süýji sözleri bilen meni özüne tabyn edipdi. Ony görmesem, dünýä maňa dar görnüp ugrady, onsuz durmuşy göz öňüne getirip bilmeýärdim. Men onuň geljek günlerine, duşuşyk wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. Ol her duşuşykdan soň mähirli hoşlaşyp geljek günlerini aýdyp giderdi. Ol maňa ýüzük sowgat etdi. Ol ýüzügi gördügimçe, oňa bolan söýgim artýardy. Joram maňa ol ýigidiň Saýatdandygyny, özüniň milisiýa işgäridigini aýdypdy. Iň soňky duşuşyk gijesi meniň bagtyma gara çekildi. Şol gezek duşuşyga çykanymda, ýagyş damjalap ugrady. Ol maňa çeträge çykyp dursak, gowy boljakdygyny aýdanda men göwnüme hiç zat getirmändim. Soň ol meni bagryna basdy-da mensiz oňup bilmejekdigini aýtdy. Yzyndanam özi bilen gitmegi teklip etdi. Men maşgala ýagdaýymyzyň agyrlygyny, kakamyň ýarawsyzlygyny aýtdym hem garaşmagy sargadym. M. ''Bu agyr ýagdaýda seni maňa bermezler'' diýip, ýaýdanyp dur. Gaýtjak bolanymda ol meniň garşylygyma-da seretmän, maşyna mündürdi. Biz joramyň söýgülisiniň obasynda bir öýüň deňinde saklandyk. Şeýdip, söýgiň soňy zorluga ýazyp, toýsuz-tomgusyz durmuş gurdum. Onuň Saýatda däl-de, Gowurdakda ýaşaýandygyny baramsoň bilip galdym. Özem men onuň üçünji aýaly bolup barypdyryn. Adamymy ýürekden söýemsoň, şonda-da ody bilen girip, küli bilen çykýardym. Göwnünden turjak bolup, bar işi özüm edýärdim. Ýanýoldaşymdan bir minut aýra ýaşasym gelmeýärdi. Ýöne hemmesi wagtlaýynça eken. Bäş-alty aý ýaşap-ýaşamankak, ol meni gabanyp başlady. Ahyry aýrylyşmaga mejbur boldum. Öýe dolanamsoň, gyzym boldy, ol häzir iki ýaşyny doldursa-da, atasyny bir gezegem görenok. Biwepa ata dördünji gezek öýlenipdir. Men gyzym bilen enemiň öýünde ýaşap ýörün. Ine, yşk heseri meni şeýdip çawlady. R.H. Sakar raýony'' "Owadan" žurnaly, 1992. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |