06:57 "68-ler" nesli we palestin meselesi | |
"68-ler" NESLI we PALESTIN MESELESI
Publisistika
Wýetnamyñ 1974-nji ýyldaky owazaly ýeñişi ýyllaryñ geçmegi bilen ýatdan çykdy. "68-ler" hamana hippiler ýaly aktiw göreş arenasynyñ daşynda galmaga başladylar, ýaşlary sebäpli. Emma palestin meselesi elmydama dowam edip geldi Dünýä altmyşynjy ýyllara tenha, ümsüm, wekilçilikli ýetinmegiñ şertlerinde asudalygyñ höküm sürýän, tradision, düzgün-tertipli, konserwatiw, durnukly ýöne asuda durmuşlaryñ ornaşykly ýagdaýynda gadam basdy. Soñra "Beatles", yzyndanam "Rolling Stones" iñlis rok we blues toparlarynyñ agalyk sürýän küljümekligi hezil edip reñklendirdiler. Adamlary doñup galan fotosurat ýaly görünýän dünýäni sarsdyrmaga, soñam üýtgetmäge synanyşdylar. Durmuşa bolan höwes şeýle bir artypdy welin, garaşylman durka "Hippi" ýyldyrymy çakdy, gözler gamaşdy, könä garşy ýañsylaýjy, toleranssyz toply-tüpeñli göreş başlady. Emma täzäni döredip we öndürip edildi bu, elbetde başdan geçirip. Agalyk sürüji konserwatiw paradigma derñelmäge, rok we Hippi zarbalary bilen gaubisa täsirini döreden hüjümleri bilen gegemoniýasyny ýitirmäge başlady. Durmuş festiwal joşguny bilen ýaşalýardy. Asyk ýüzli we her hili özgeriş heýjanyny ýigrenýän ylymly bolmaga we çenden-çakdan çykmazlyga çagyrýan çakylykçy tipleriñ ýerini şadyýan, güler ýüzli, çeper edebiýaty we aýdym-sazy söýýän ýaş, topalañçy ýaşlar almaga başlady. Begendik. Emma belli bir wagtdan soñ absurd antagonizma bu begenji kölegelemäge başlady. Meniñ aýdýanym şagalañ we uruş antagonizmasydy. "Flower Power", "Beatiful People" arzuw we keýp bilen "Summer of Love" şagalañyna "Beatles"-iñ Sergeant Pepper… Albomy goşa-goşadan çykarmagyñ joşy bilen gaýnalyp-daşylyp ýörkä, 1966-njy ýylda yzly-yzyna gynançly wakalar bolup geçdi. Gazetlerde hippileriñ fotosuratlarynyñ aşagynda kartada ýerini-de görkezip bilmejek ýurdumyz Wýetnamyñ, Ho Şi Miniñ we Wýetkongyñ atlary öñe çykmaga başlady. Wýetnam amerikan goşuny we harby-howa güýçleri tarapyndan ýakylýardy, adamlar köpçülikleýin ýagdaýda wagşyýana gyrylýardy. Biraz wagt geçenden soñam habar beriş serişdelerinde "Fedaiýýun" diýilýän dañyly we awtomatiki ýaraglar bilen ýaş oglan-gyzlaryñ gerilla suratlary "Palestina" sözüniñ ýanyna tirkelip başlandy. Ýaser Arafat - PAEG, Jorj Habaş - PHAEJ, "Gara sentýabr" atlary añlara siñýärdi. Palestinanyñ simwoliki şahsyýeti Leýla Halid Frontda jemlenişen palestinalylar Çünki "Alty günlük" uruşyñ ýa-da "Iýun uruşy" diýilýän we 1967-nji ýylyñ 5-nji iýunynda duşenbe güni Ysraýyl bilen Müsüriñ, Iordaniýanyñ, Siriýanyñ arasynda başlan we alty gün dowam eden gandöküşikli uruşyñ soñunda Ysraýyl gutarnykly ýeñiş gazanyp, şeýle-de: Müsürden Sinaý ýarymadasyny, Siriýadan Golan depelerini, Palestinadan Gaza sektory bilen Günbatar Şeriany okkupirläp, çäklerini dört esse ulaldypdy. Bu hadysa Palestina meselesi bilen bir hatarda biziñ günlerimiziñ Ýakyn Gündogary ýaly birnäçe problemanyñ gözbaşyny emele getirdi. Altmyşynjy ýyllaryñ şagalañly durmuşy 1967-nji ýylda bilkastlaýyn bir köpçülikleýin gahar-gazap we öýke-kine bilen tanyşdy. Şol ýyl ugursyzlyklaryñ yzly-yzyna gelen ýyly boldy. Palestinada, Wýetnamda bolup geçenlerden başga-da birnäçe gynançly wakalar bolup geçdi. Hippileriñ çokunma derejesinde halaýan jaz kompozitory Jon Koltreýn bimahal aradan çykypdy, Çe Gewara Boliwiýanyñ daglarynda atylypdy, "Beatles" indi göni efirde konsert bermegi bes edipdi. Şular ýaly absurd antagonizma durmuşymyzda ýapyp bolmajak jaýrylmalara sebäp boldy. Çünki şatlyk we dünýämiziñ has gowy ýere öwrülip, bagtly durmuşlaryñ ýaşalmaly wagtynda inçe utopiki söweşleriñ agyr kölegesiniñ astynda galyp, çataklaşmaga başlady. Ýaponiýa, Fransiýa, soñky gezegem ABŞ tarapyndan basylyp alynmaga synanyşylan Wýetnam alyp baran legendar uruşlarynda 15 milliona golaý adam pidalaryna garamazdan dünýä halklarynyñ we "68-ler" nesliniñ uly goldawlary bilen ahyrynda ýeñişini gazanypdy. Emma indi bu goldawlaryñ öñbaşçylaryndan "Hippiler we "Beatles" ýokdy. Palestina bolsa halkara problemasyna öwrülipdi. Arena çykan "68-ler" palestin meselesine aýratyn gyzyklanma bildiripdi. Olar Ysraýylyñ palestin halkyna garşy ýigrenje beslenen rehimsizligine garşy juda berk durdular. Wýetnama nähili goldaw berilen bolsa, palestin halky üçinem şeýtdiler. "Rote Armee Fraktion"-dan, Ýaponiýanyñ Gyzyl Goşunyndan we başga ýurtlardan M-L "68-ler" palestin frontuna haýdadylar. Türkiýäniñ rewolýusioner "68-leri" hem çetde durmady. Okuwlaryny, ýagty geljeklerini taşlap, Palestina gönüden-göni kömek etmäge gitdiler. Ysraýylyñ basybalyjy goşunyna garşy okoplarda söweşdiler. Şol eagt Bora Gözen we onuñ ýedi ýoldaşy ysraýyl güýçleri tarapyndan öldürildi. Deniz Gezmiş, Ýusuf Aslan, Hüseýin Inan, Kadir Manga, Mustafa Ýalçyner we beýleki "68-li" rewolýusionerleri-de front meýdanyndady. Soñ olar sag-aman gaýdyp geldiler we ilkinji üçüsi ölüm jezasyna höküm edildi. Kadir Manga Nurhakda atylyp öldürildi, Ýalçyner şol ýerdäki gabawda agyr ýaralandy, diri ýesir alyndy we soñundan 13 ýyl türmede ýatdy. Şol jaýrylma bolup geçen şular ýaly wakalar bilen hasam çuñlaşdy we onuñ trawmatiki yzlary hasam ýiti boldy. Wýetnamyñ 1974-nji ýyldaky owazaly ýeñişi ýyllaryñ geçmegi bilen ýatdan çykdy. "68-ler" hamana hippiler ýaly aktiw göreş arenasynyñ daşynda galmaga başladylar, ýaşlary sebäpli. Emma palestin meselesi elmydama dowam edip geldi. Ganly "Alty günlük" uruş wagtynda Ysraýylyñ premýer-ministri Gold Meýr atly bir zenandy. Has soñra "Beýrut gassaby" adyny alan, "Sabra" we "Şatilla" bosgunlar lagerindäki köpüsi çaga 3500 palestinaly bosgunyñ 1982-nji ýylda öldürilmeginden, Said Haddad atly ganojak bilen birlikde jogapkär hasaplanan Ariel Şaron palestinalylaryñ durmuşyny dowzaha dönderme däbiniñ simwoliki şahslarydy. Elli ýyldan soñ, ýagny häzir Netanýahu adamkärçilige, kowum-kowhada sygmaýan işdä bilen idollarynyñ meşrebine mynasyp usullar bilen şol ýörelgäniñ talaplaryny harpma-harp ýerine ýetirýär. Denizler, Jorj Habaş, Abu Ammar, RAF, "68-liler" indi gös-göni we fiziki taýdan bolmasa-da, başlan göreşiniñ içinde gezip ýören adamlaryñ dünýäniñ birnäçe ýurdunda pasyrdaýan Deniz halyna öwrülip, global hereketliligiñ elementlerine öwrülişine şaýatlyk edýäris. Adamzat jentrifikatoryñ däl-de, altmyşynjy ýyllaryñ gül çagalarynyñ başlap ýarpy goýdurylan söýgi ýazyny we şol global şagalañy şygyr bilen, saz bilen doly ömürleri parahatçylykda we asudalykda täzeden ýaşamaga mynasyp. Bu ugurda göreşmegiñ özü-de şol dabaraly durmuş ýaly gözeldir we adamkärçiliklidir. Elbetde, real syýasy gaýgylary bilen ejiz galan döwletleriñ däl-de, ynsanperwer gözelligiñ mobilizlän adamlaryndan düzülen raýat jemgyýetiniñ Gazany gabaw astyna alan Netanýahuny gabamaga başlamagy umydymyzy artdyrýar. Üstesine olaryñ arasynda köp sanly ysraýylly we başga ýurtlarda ýaşaýan jöhit raýatlary-da meýletin ýagdaýda bu gabawa gatnaşýar. Indi şol antagonizmanyñ ebedilik dep edilip, sebäpkäri bolan jaýrygy ýapmagyñ wagty-sagady geldi. Munuñam ilkinji ädimi palestin halkynyñ azatlygyny gazanmagy bilen ädiler. Deniziñ gerilla şahsyýetnamasy Deniz we onuñ ýoldaşlary palestin lagerinde Deniz üstüne çozulan palestin obasynda söweşiñ bolýan ýerine tarap ylgap barýarka Deniz söweşde Murat BŽEDUG / lennonbjedug@hotmail.com "T24" internet gazeti, 01.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |