11:31 8-nji martda tomaşa edip biljek 10 feministik çeper filmiñiz | |
8-nji MART GÜNÜNDE TOMAŞA EDIP BILJEK 10 FEMINISTIK ÇEPER FILMIÑIZ
Teatr we kino sungaty
"Telma we Luiza" feministik temaly çeper filmleriñ iñ gowusy hasaplanýar. (MGM) Sanawdakylaryñ aglabasy aýal režissýorlar tarapyndan surata düşürilen we aýalyñ baş rolda oýnaýan çeper filmlerinden düzülen. 1). "WAJDA" («Ваджда») "Wajda" ("Wejide") dolulygyna Saud Arabystanynda bolup geçip, arabystanly ilkinji zenan režissýor Haýfa al-Mansuryñ 2012-nji ýylda surata düşüren ilkinji çeper filmidir. Welosiped satyn almak islän 10 ýaşlyja Wajdanyñ şu maksat bilen Kurany ýatdan okama ýaryşyna gatnaşmagynyñ yzyndan başdan geçirmeleri gürrüñ berilýär. Çeper film konserwatiw jemgyýetde gyz çagajyk we aýal bolmagy ýönekeý we düşnükli dilde suratlandyrýar. "Wajda" (Thunderbird) 2). "Roma" Kinorežissýor Alfonso Kuaronyñ 2019-njy ýylda üç ugur boýunça "Oskar" baýragyna mynasyp bolan çeper filmi geçen asyryñ ýetmişinji ýyllarynyñ Meksikasynda ýokary gatlakly maşgalada hyzmatkär bolup işleýän Kleonyñ durmuşyndan söz açýar. Paýtagt Mehiko urha-urly wakalar bilen bulaşýar, Kleo bolsa şahsy hem syýasy meseleleriñ ortasynda näderini bilmän galýar. "Roma" (Netflix) 3). "Persepolis" 2007-nji ýylda surata düşürilen "Persepolis" Merjen Satrapiniñ komiks roman görnüşinde ýazan awtobiografiýasynyñ kinolaşdyrylan animasion çeper filmi. Wensan Paronno bilen bilelikde surata düşürilen "Persepolis" Yslam rewolýusiýasyndan soñky ýyllarda 80-nji ýyllaryñ Tähranynda ulalan dokuz ýaşlyja Merjeniñ durmuşyndan söz açýar. Çeper film 2007-nji ýylda "Cannes" kinofestiwalynda eminleriñ ýörite baýragyna-da mynasyp bolupdy. "Persepolis" (IMDb) 4). "Başly-barat" ("Vagabond" / «Без крыши, вне закона») Anýes Wardanyñ 1985-nji ýylda surata düşüren çeper filminde ýaş gelniñ doñup gatap galan bedeni Fransiýanyñ düzlüklerinde tapylýar. Çeper filmiñ ondan soñky minutlary Mona atly ýaş gelniñ ömrüniñ soñky hepdelerinde başdan geçiren birtopar wakalaryny gürrüñ berýär. Fransuz ýaýlasynda başyboş aýlanyp ýören we köpçülikden çetde ýaşamagy saýlap alan Mona erkekler bilen gabatlaşanda seksuallygy synap görýär, aýallar bolsa oña has näzik çemeleşýär. Hatda käbirleri onuñ azat durmuşyna imrinýär. Mona çeper filmlerdäki güýçli aýal obrazlaryny döretmek bilen tanalan Wardanyñ döreden iñ rewolýusioner gahrymany hökmünde tanalýar. "Vagabond" (Artificial Eye) 5). "Läheñiñ arkasynda" ("Whale Rider" / «Оседлавший кита») 2002-nji ýylda surata düşürilen "Läheñiñ arkasynda" çeper filminiñ wakalary Täze Zelandiýanyñ ýerli halky maorileriñ arasynda geçýär. Ene-atasy gyz çagasynyñ Uangaranyñ şefi bolmagyna rugsat bermese-de, 11 ýaşly Peikeajyk munuñ bilen ylalaşyp bilmeýär. Peikea mañlaýyna läheñiñ arkasyna münmek we taýpasyna ýolbaşçylyk etmek ýazylandygyna ynanýar. Kinorežissýor Niki Karonyñ surata düşüren çeper filmi batyrgaýlyk, liderlik, göz görkezme düşünjelerine üns berýär. "Whale Rider" (Icon) 6). "Makul çemeleşme" ("Appropriate Behavior" / "Соответствующее поведение") Asly eýranly aktrisa Dezire Akhawanyñ hem senaristlik, hem režissýorlyk eden, hem baş rolda oýnan "Makul çemeleşme" çeper filmi awtobiografik tokunyşlar bilen doly bruklin komediýasydyr. Şirin ýanýoldaşy bilen aýrylyşandan soñ öýsüz-öwzarsyz we işsiz galýar. Eksiztensial derñeýji pikirdäki Şirin hossarlaryna özüniñ biseksualdygyny aýdyp bilmän kösenýär. "Makul çemeleşme" (Peccadello Pictures) 7). "Başsyz aýal" ("The Headless Woman" / "Женщина без головы") Argentin çeper filmi "Başsyz aýal" Lukresiýa Marteliñ režissýorlyk we senaristlik edip, 2018-nji ýylda surata düşüren psihologiki kinofilmidir. Çeper filmde bir tarapdan awtoulag heläkçiligine uçran orta ýaşly aýalyñ başdan geçiren ruhy sarsgynyna görmek bolýar. Bir tarapdanam Argentinada 70-nji ýyllaryñ diktatorlyk döwründe müñlerçe sindikatçynyñ, çepçi talybyñ, aktiwistiñ wepat bolşuny hem açyp görkezýär. "Başsyz aýal" (IMDb) 8). "Telma we Luiza" 1996-njy ýylda surata düşürilen çeper filmde Susan Sarandon we Gena Dewis hemme zady yzda goýup we hepdäniñ ahyrynda awtoulagly ýola çykan iki aýaldan söz açylýar. Biri-birini goldaýan iki aýal diñe jynsy tapawutlary bolandygy üçinem özlerine ala bakýanlara we ýanamalara garşy durýar. Režissýory erkegem (Ridli Skott) bolsa, çeper film dünýä boýunça "medeni we taryhy ähmiýetli" feministik çeper filmlerden hasaplanýar. "Telma we Luiza" (MGM) 9) "Jenjel" ("Вombshell" / "Скандал") Jeý Rouçyñ "Jenjel" çeper filmi bolan waka esasynda surata düşürildi. Çeper film "Fox News" teleýaýlymynda işleýän aýal işgärlere ýaýlymyñ direktory Rojer Ailesiñ edýän jynsy eden-etdiligi we aýal-gyzlaryñ ony näme bolsa şo bolsun edip, wezipesinden pyzdyrjak boluşlary gürrüñ berilýär. 2019-njy ýylda surata düşürilen çeper filmde Şarliz Teron, Nikol Kidman, Margo Robbi ýaly ýyldyzlar oýnaýar. "Jenjel" ("Lionsgate") 10). "Ýolbars ýürekli" ("Lionheart" / "Львиное Сердце") Adeze Obiagunyñ kakasy syrkaw. Kakasy öz erkek doganynyñ şereketiñ başyna geçmegini isleýär, emma Adezäniñ özi şereketiñ başlygy bolmaga höwesli. Nigeriýaly Ženewýewa Najiniñ režissýorlyk eden we öz oýnan çeper filmi (2018 ý) "Ýolbars ýürekli" garaşylmaýany etmekden başga alajy bolmadyk aýalyñ başdan geçirmelerini gürrüñ berýär. "Ýolbars ýürekli" (Netflix) # Vogue, Harper's Bazaar, BFI, Hello. Taýýarlan: Keremjan KARABATAK. Ýekşenbe, 08.03.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||