10:06 Abdylhekim Gulmuhammedowdan üç goşgy | |
ABDYLHEKIM GULMUHAMMEDOW
Goşgular
(1885-1931) Köpsanly ylmy işlerinden başga-da, türkmen prozasynda ilkinji çeper hekaýalaryñ we "Deñsinmedik dul galar" atly powestiñ awtory Abdylhekim Gulmuhammedowyñ döreden goşgulary 1926-njy ýylda "Umyt ýalkymlary" ady bilen aýratyn ýygyndy görnüşinde neşir edilýär. Stambul uniwersitetiniñ uçurymy A.Gulmuhammedow öz şygyrlarynda XX asyryñ ilkinji inçe lirik şahyry hökmünde özüni görkezmegi başarypdyr. ■ AGLAN ÝAR Añ-bilimden yzda galyp aglan ýar, Ruhum köp uzakdan agyñy duýýar. Çalyşgyn, çytraşgyn, açyk bu gün ýol, Çalyş bu gün, nadanlykdan algyn ar! Aglama, gözüñiñ ýaşyny gurut, Ýüpek ýaglyk bilen gözüñi sürüt! Owal gylyç tutan batyr türkmensiñ, Batyrlygyñ dünýä mälim edensiñ. Indi gylyç ornuna galamyñ algyn, Bu gün isleg-myradyña ýetensiñ. Medeniýet üçin ýaragyñy dakyñ, Çalyşgyn, wagtyñy ötürme sakyn! Günbatardan öwser añ-bilim ýeli, Medeniýet bagynyñ açylsyn güli. Täze ekilen her hil daragt bagynda Gymmatly iýmişler bersin nahaly. Eý, türkmeniñ ylym ýurdunyñ gülleri, Ýükseldiñ, parladyñ bu gün illeri! ■ BAG GÖRÜNER Öñüme oýlap seretsem, Uçmah atly bag görüner. Ol bag içre bir gözel gyz, Serinde saçbag görüner. Geçmişde sönmüş umydy, Saçyn çözüp, zülpün ýaýdy, Gözün süzüp, gaşyn gyýdy, Ýürek-bagry gan görüner. Bagyñ bagbany olana, Köllerinde ýüzýär sona, Umydy ýetmiş bir çene, Uran gepi çag görüner. Hazar deñzi, Amyderýa, Ortarasy umyt berýä, Uçmaha ogşaýyp durýa, Öñde umytly bag görüner. ■ SIL EDER Gül açylýar bu gün ýaryñ bagynda, Ruhum şatlyk bilen güle seýil eder. Gaýgy-gamlar köñlüm basan çagynda, Gözüm ýara, köñlüm güle meýil eder. Bu bagyñ gülleri her ýana paýrar, Bilbiller daşynda çarh urup saýrar, Gözel nagmalary dört ýana ýaýrar, Ýene bag içinde ile meýil eder. Bagbany bu bagyñ gözel illerim, Ter açylan, al-gyrmyzy güllerim, Jürrüldeşip saýran bu bilbillerim Ýagşy aýdym, gözel dile meýil eder. Öñ bakan ýazgydym gaýtadan bakýar, Duýgy derýasynda şar-şarlap akýar, Öñdäki böwediñ barysyn ýykýar Begençli gözýaşym güýçli sil eder. Çapa taýýarlan: Myratgeldi SÖÝEGOW. | |
|
√ Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Arzuwlar / Goşgular - 07.08.2024 |
√ Agyr meseläniň ýeňil çözgüdi / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Ikatýok bilen horaz / basnýa / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Bolsa eder / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ynsabym – adyl sudum! / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |