18:02 ABŞ-nyñ biologiki uruş maksatly ulanýan ölüm howply ýaraglary | |
ABŞ-nyñ BIOLOGIKI URUŞ MAKSATLY ULANÝAN ÖLÜM HOWPLY ÝARAGLARY
Medisina
Tehnologiýanyñ ösüş tizligine eýermek kyn düşýän asyrymyzda dünýäni gorpuñ gyrasyna iteklän uruşlar hem ösüşi başdan geçirdi. Gylyç-galkanyñ ýerini ilki ot açýan ýaraglar, soñra bombalar eýeledi. Indi bolsa döwletler himiki we biologiki ýaraglar bilen adamzadyñ tepbedini okamaga taýýarlanýar. Kesel ýaýradýan dron siñekler, ysmaz edip taşlaýan gülleler, guş we doñuz dümewi, ýigrimi bäş ýurtda gurlan 500 laboratoriýa we onlarça ölüm... Jemgyýeti ýok etmäge abanan howp - Biologiki uruş... Türkmen halk dessanlarynda Gürjüstan diýip atlandyrylan Gruziýanyñ paýtagty Tbiliside gurlan ylmy-barlag laboratoriýasy kesellere garşy göreş alyp barýan we derman önümçiliginiñ üstünde işleýän laboratoriýa hökmünde tanadylsa-da, gelip gowuşýan ýeñasty habarlara görä, ol ýerde ölüm howply synaglary, ýagny, biologiki ýaraglaryñ synagy geçirilýärmiş. Özem şol synaglarda syçanlar däl-de, hut adamlar ulanylýarmyş. Muny habar berenem Gürjüstanyñ öñki howpsuzlyk ministri Igor Giorgadze... Ynanmabilşiñe ynanma!.. Türkiýe birwagt şarbon wirusynyñ ýaýramagyndan endişe edip howsala düşüpdi. Şol wagt Russiýa Gürjüstanda ABŞ tarapyndan bina edilen Riçard Lugari adyndaky Halk saglygyny goraýyş merkezi ylmy-barlag laboratoriýasynda ölüm howply synaglaryñ geçirilýändigini paş edipdi. Rus teleýaýlymynda çykyş eden köne ministr Giorgadze ýalana çykaryp bolmajak ýüz müñlerçe fakty orta atdy. Şol faktlaryñ birinde siñekleriñ hereket ediş ugruna görä sazlanan we munuñ netijesinde siñekleri kosmos hemrasyndan islän ugruña gönükdirmegi üpjün edip bilýän elektron enjamyñ barlygy aýdylýardy. Şeýlelikde siñekler ölüm howply patogenleri we mikroplary ýaýradýan ganhor drona öwrülýärdi. Ýene bir faktda bolsa düzümindäki syñraklary gana aralaşan wagtynda ysmaz edip taşlaýan gülleden söz açylýardy... Bularyñ ählisi kagyz ýüzünde "halk saglygy boýunça ylmy-barlag işlerini geçirýän laboratoriýada" taýýarlanýardy. Laboratoriýada 2015-nji ýylyñ aprel aýynda otuz adamyñ Gepatit C keselinden bejergi alýan döwründe ýogalandygyny çaklaýan Giorgadze 2016-njy ýylyñ aprel aýynda 30, awgust aýynda-da 13 adamyñ ölendigini, olaryñ ölüm sebäbi baradaky kepilnamasynda bolsa "ölüm sebäbi anyklap bolmady" diýen kesgitleme goýulandygyny, emma bu ölümler boýunça hiç hili derñew işiniñ açylmandygyny habar berdi. Öñki ministr ölen görgülileriñ atlarynyñam aýdylmandygyny, diñe meýdiñ belgilenen sanynyñ, doglan ýylynyñ we jynsynyñ aýdylandygyny habar berdi. Gürrüñi edilýän ölümleriñ gepatite garşy göreşiñ çäginde ýüze çykandygyny öñe süren Giorgadze "bejergi" döwründe näsaglara bermek bolmaýan dermanlaryñ berilendigini-de sözüniñ üstüne goşdy. Ynha, ABŞ-nyñ ölüm laboratoriýalary we biologiki uruşyñ inkär edip bolmajak ajy hakykaty... Biologiki uruş zäherli maddalar ulanmak arkaly adamlary, haýwanlary we ösümlikleri ýok etmäge gönükdirilen uruş tilsimleriniñ biridir. Entomologiki uruş hem biologiki uruşyñ bir görnüşi hasaplanýar. • Taryhda biologiki uruşyñ jansyzlarynyñ ilkinji gezek ulanylyşy Iñ gorkunç ýaraglaryñ sanawynda ýadro ýaraglaryny çañyna garyp biljek güýje eýe bolan biologiki ýaraglar Ikinji jahan uruşynda ünsi çekipdir. Pidalaryna berýän ejiri, anyklama işindäki kynçylyklar, ýaýrama tizligi, biologiki jansyzyñ ýarag hökmünde saýlanyp alynmagyna getirýän kriteriýalaryñ birnäçesidir. Kaffa şäherini gaban tatarlaryñ söweşde ospa keselinden ölen esgerleri manjynyklara salyp galanyñ içine atmagy we agyz suwuna taşlamagy taryhda ilkinji gezek biologiki söweş tilsimleriniñ ulanylyp başlan wagty hasap edilýär. Ondan öñem Gannibal Ewrimedont söweşinde garşydaş goşuna garşy zäherli ýylanlary ulanandygy aýdylýar. Orta asyrlarda ýewropalylar Amerika yklymyny basyp alanlarynda çuma keseliniñ wirusyny ýerli ilata - indeýlere garşy ýaýrandygy barada-da maglumatlar bar. Taryhyñ iñ ýaramaz tejribelerini biri-birine garşy ulanan ABŞ-da we SSSR-de hem biologiki uruş serişdeleri boýunça birnäçe ylmy-barlag işleri geçirilipdi. 1972-nji ýylda Kuba ABŞ-nyñ Merkezi Razwedka uprawleniýesi (CIA) 500.000-e golaý doñuzyñ ölümine sebąp bolan doñuz dümewiniñ wirusyny (swine fever virus) ýaýratmakda aýyplady. 1979-njy ýylda bolsa "Waşington Post" ("Washington Post") gazeti Kubanyñ garşysyna taýýarlan biologiki uruş maksatnamasynyñ bardygyny aç-açan mälim etdi. 1980-1981-nji ýyllarda ABŞ-nyñ Maýami ştatynda we Porto-Rikoda köpsanly gaitili göçegçide ginekomastiýanyñ alamatlarynyñ bardygy belli bolupdyr. Özem şol göçegçiler ýurda girenlerinde dürli barlaglardan geçendiklerini aýdypdyrlar. Ýagny olara ýurda girenlerinden soñ gormon goýberilendigi öñe sürülýär. • Kesel dörediji ýa-da öldüriji jansyzlar Patogen mikroorganizmler biologiki taýdan öndürilen bioaktiw maddalar adamlary, haýwanlary we ösümlikleri öldürmek ýa-da uly möçberde zyýan ýetirmek maksady bilen iñ gadymy döwürlerden bäri ulanylypdyr. Häzirki döwürde bolsa biologiki uruş kategoriýasyna degişli edilen bu ölüm howply jansyzlar terrorçylykly toparlar tarapyndanam howp salmagyñ serişdesi hökmünde ulanylmaga başlandy. Biologiki jansyzlar himiki jansyzlardan has beter öldüriji güýje eýe. Sebäbi olar tebigy şertlerde arkaýyn hereket edip, añsatlyk bilen ýaýrap we köpelip bilýärler. • Jansyzlary üç topara bölüp öwrenmek bolar: 1. Kesel güýçden gaçyrma, ölüm we beýleki alamatlar bilen adamlara täsiri astyna alýar. Muña mysal hökmünde, protozoa, bakteriýa, wirus, bakteriýal toksini, rikesiýa dagylary görkezmek bolar. 2. Adamlara ýakyn ýerdäki ýabany we eldeki haýwanlara ýolugyp, olaryñ üsti bilen infeksiýa ýaýramagyna sebäp bolýaj keseller. Muña mysal hökmünde, ospa, guduz, antraks, brýusella, leptospirozis ýaly keselleri görkezmek bolar. 3. Ekerançylyk önümlerini we serişdelerini zäherläp adamlara zyýan berýän keseller. Meselem gök önümleriñ we iýmişleriñ düzümine goýberilýän gormonlar, mör-möjekler, bakteriýalar, sepilýän himiki dermanlar. @ Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||