23:38 ABŞ-nyñ ilkinji garaýagyz zenan prezidenti Kamala Harris bolup bilermi? | |
ABŞ-nyñ ILKINJI GARAÝAGYZ ZENAN PREZIDENTI KAMALA HARRIS BOLUP BILERMI?
Publisistika
Endrýu Bankomb Jo Baýdeniñ gözleýän iñ esasy aýratynlygynyñ iñ ýokary wezipä taýýardygyny ýazýar. Jo Baýden iş başyna gelen gününden bäri ynanyp bolaýjak birini gözleýär (AP) Demokratlaryñ birinji diskussiýasynda bolup geçen we hemmeleriñ ýadyna düşüp duran pursat bar. Geçen ýylyñ iýun aýynda Miamide bolup geçen çäräniñ altmyşynjy minudynda Kamala Harris "jyns hususynda" birnäçe düşündirişler bermekçidigini aýdypdy. Soñra birnäçe toksiki syýasy garaýyşlara eýe respublikanlar bilen enceme ýyllap Senatda dowam etdirip gelen gatnaşyklaryny aklamaga synanyşandygy üçin güýçli nägilelikleriñ döremegine sebäp bolan Jo Baýdeniñ garşysyna dikilipdi. Respublikan senatorlaryñ käbirleri jyns diskriminasiýasyny goldamakdanam gaýra durmandy. Harris şeýle-de Baýdeniñ federal hökümet tarapyndan ýetmişinji ýyllaryñ başynda durmuşa geçirilen we "awtobusly daşama" ady bilenem ýatlanýan mejbury okuw integrasiýasyna gönükdiren garşylygyna-da nägilelik bildiripdi: - Kaliforniýada dõwlet mekdeplerine integrasiýalaşdyrylmaly ikinji klasdan meksebe her gün awtobus bilen äkidilýän kiçijik gyzjagaz bardy. Şol gyzjagaz mendim. Bu polat ýalpyldysy birnäçe zady amala aşyrdy. Kaliforniýa senatoryny ilkibaşda partiýanyñ öñdebaryjy kandidatlarynyñ arasyna saldy we ikinji diskussiýada Baýdeniñ Harrise "Gyzym, maña kän hüjüm ediberme" diýip, iki elini galdyrmagyna sebäp boldy. Şeýle-de partiýanyñ Harrisi prezident ýa-da prezidentiñ orunbasarlygyna kandidat hökmünde saýlan ýagdaýynda taryhy boýun alma tarap ädim ädiljeginiñ ykrar edilmegine ünsi çekdi. Harris "Bu meselede Demokratlaryñ arasynda intellektual çekişme bolmaz" diýipdi. Floridadaky şol gijäniñ üstünden bary-ýogy on üç, Harrisiñ "ömrümiñ iñ agyr kararlarynyñ biridi" diýen prezidentlik kandidatlygyndan çekilmeginiñ üstündenem dokuz aý geçdi. Şeýle-de uly partiýanyñ aýtymyndaky akýagyz däl ilkinji zenan bolmak üçin ädim ädilen ýurdunda eýýäm başgaca atmosfera duýulýar. Bäş milliondan gowrak amerikana ýolugyp, 160 müñ adamyñ ölümine sebäp bolan koronawirus pandemiýasy ýurdy gurşap alan strukturalaýyn jynsparazlyga we diskriminasiýa ýene bir gezek ünsi cekdi. Şol ikiarada Minneapolisde ýaragsyz garaýagyz raýatyñ polisiýa tarapyndan öldürilmegi bilen başlan jynsparazlyga garşy adalat demonstrasiýalary üýtgeşmä gönügen açlyga, üýtgeşmeler üçin göreşme arzuwyna we munuñ amala aşjagyna bolan ynanja yşarat edýär. Sişenbe güni beren beýanatynda "Ömrüni biziñ üçin göreşe sarp eden Jo Baýden amerikan halkyny birleşdirip biler" diýip, Baýdeniñ teklibini kabul eden Harrisiñ ses tony Floridada diskussiýa guran gijesinden biraz tapawutlydy: - Ol Prezident hökmünde ideallarymyza kybap Amerikany gurar. Prezidentlik ýa-da orunbasarlyk üçin bäsleşýän kandidatlar agzalanda, Harris ýaly adam kän däl. Şirli Çisholm Saýlaw kampaniýasyny Baltomordan ýöredýän Harris 2019-njy ýylyñ başlarynda kandidatlygyny yglan edende, muny eden ilki garaýagyz kandidat däldi. Taryhda bu synanyşyk Wekiller palatasynyñ demokrat agzasy Şirli Çisholma degişli. Şol bir wagtyñ özünde garaýagyzlaryñ arasyndan Kongrese giren ilkinji zenan bolan Çisholm 1972-nji ýylda Ak Tam üçinem bäsleşipdi. Harris akýagyz däldigine garamazdan prezidentiñ orunbasarlygyna kandidat görkezilen ilkinji zenan däl. Ýaşul partiýadan prezidentlige kandidaturasyny goýan Ralf Neýderiñ 1996-njy we 2000-nji ýyllarda bäsleşeni amerikan indeýi Waýnona Ladýukdy. Waýnona Ladýuk Ýaşyllaryñ bu ýylky orunbasarlyga kandidaty Milweýkden 46 ýaşly afro-amerikan aktiwisti Angela Walker. (Birden-bire Amerikanyñ prezidentiñ orunbasarlygyna kandidaturasyny goýan iki garaýagyz aýal boldy duruberdi). Angela Walker • Bu sms-i Instagramda gör @joebiden picks @kamalaharris for VP at his home in Delaware today over zoom. #bidenharris2020 #ridinwithbiden #kamalaharris #joebiden #zoomconference #sonymagic Adam Şulsyñ (@schultzinit) paýlaşan sms-i (11.08.2020 ý, 1:49 ös PDT) Aýna potoloklaryñ döwülmegi, azyndan sarsmagy barada aýdylanda, dört ýyl öñ Hillari Klinton prezidentlik üçin agyr we tutanýerli göreş alyp barypdy. Jemi ses sanynda Donald Trampdan ozan Klinton "Oval Ofis"-i 80 müñden azajyk ses azlygy bilen Saýlawçylar edarasynda ýeñilipdi. (Klinton we Harris 1984-nji ýylda Uolter Mondeýl bilen bile bäsleşen Jeraldin Ferraronyñ we Jon Makkeýniñ 2008-nji ýyldaky orunbasarlyga kandidat Sara Peýlin bilen bile uly partiýalaryñ biri tarapyndan prezident ýa-da orunbasarlyga kandidat görkezilen dört aýalyñ biri). Sara Peýlin Elli bäş ýaşly Harris başga görnüşde taryha girýär: Uly partiýanyñ akýagyz däl ilkinji aýal kandidaty bolmasa-da, häzirki pikir soralşyklaryñ netijesine görä, Harris we Baýden ýeñse gerek. Bulam Ladýugyñ ýa-da Çisholmyñ hiç mahalam ýetip bilmedik zady. Başga bir zady-da ýadyñyzda saklañ. Pandemiýa we demonsyrasiýalar Amerikany üýtgedenem bolsa, üýtgemän galan bir zat bar: olam - Jo Baýdeniñ ötüşen ýaşy we fiziki taýdan gowşaklygy. Hillari Klinton Demokratlar Donald Trampyñ soñuny görmek üçin beýle umytsyz we muny ýola goýmak üçin Baýdeniñ iñ gowy çykalgadygy bilen ylalaşmadyk bolsa, beýlekin dereje köp adamyñ düşünje zynjyryny ýygylyk bilen sypdyrandygy görlen 77 ýaşly adamy saýlamagy o diýenem mümkin bolmazdy. Noýabrda Baýdene ses berjekleriñ köpüsi sesini megerem onuñ bir möhletlik işlejegini göz öñüne tutup berse gerek. Onuñ saýlaw kampaniýasy wagtynda prezidentlikde ikinji möhlete kandidaturasyny goýmakdan ýüz öwürýändigi görüldi. Baýdeniñ özüniñem kesgitli nygtaýşy ýaly, saýlaw bäsleşigindäki şärikdeşini saýlanda iñ esasy faktor özüniñ ýerini eýeläp biljek birini kesgitlemekdi. Gerek bolsa işe başlan ilkinji gününden başlap. Baýden bir ýyl öñ "Iñ esasy zat haýsydyr bir ähtimallyga garşy saýlanan gününden soñ ABŞ-nyñ prezidentligine taýýar biriniñ gerekligidir" diýipdi. Bu bizi haýsy netijä alyp barar? Baýdeniñ arkasynda durjagyna we Trampy ýeñmeginde kömekçi boljagyna ynanýan zenanyna. Bu näbelli we aladaly döwürde köp wagt geçmänkä öñe çykyp prezidentligi kabul edip almagyny talap edip boljak saýlaw partnýory biziñ dykgatymyza ýetirildi. Prezident Kamala Harris? Eger bu şeýle bolaýsa, onda aýratyn taryhy ähmiýetli waka bolar. Endrýu BANKOMB / @AndrewBuncombe Anna, 14.08.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |