21:47 Açlykdan ölüm Gaza halkynyñ ajy hakykatyna öwrüldi | |
AÇLYKDAN ÖLÜM GAZA HALKYNYÑ AJY HAKYKATYNA ÖWRÜLDI
Publisistika
Gazada açlyk belasy çagalaryñ nowçalygyna gyrylmagyna sebäp bolýar, maşgalalalaryñ ýakynlaryny aýaklarynyñ aşagyna gömmekden başga alajy ýok. Fotosurat: Mahmud Hams / AFP "Açlykdan öldi". Gazada öý-öwzaryndan jyda düşürilenler üçin gaçybatalga nokatlaryna öwrülen mekdepleriñ birinde gujagyna gyzynyñ jesedini gysyp duran Hani üç gezek yzly-yzyny şeýdip gygyrdy. Haniniñ gyzy Ýana Kudih açlykdan ölümleriñ bolup geçýän Gazasynda iýmäge bir döwüm çörek tapman ölenleriñ diñe birjesi. On dört ýaşlyja Ýana ömrüniñ soñky üç gününde hiç zat iýmedi. Diñe hapa suw içip oñan Ýana şondan öñem uruşyñ dowam edýänlerinde bary-ýogy üç sany hurma iýip bilipdi. • Owkat çeýnemäge ýagdaýy ýokdy Ýana "serebral palsi" (beýin ysmazy) keselinden ejir çekýärdi we ýörite medisina idegine mätäç bolandygy üçin göwnüniñ islän zadyny iýip bilenokdy. Ýananyñ maşgalasy ysraýyl serhedine golaý bir ýerde, Gaza sektorynyñ günortasyndaky Han Ýunus şäherinde ýaşaýardy, emma uruş zerarly öýüni taşlap, gaçybatalga öwrülen mekdebe sygynmaga mejbur boldy. Ýananyñ diñe suwuk iýmitler bilen iýmitlenip bilýändigini gürrüñ beren kakasy Hani "Bir şpris bilen iýmitlendirýärdik, iýmeli zady suwuk bolmalydy. Emma uruşda iýmäge zat ýok, elektrik togy ýok, iýjek zadyny üwär ýaly elektrik enjamy-da ýok" diýdi. Ony hurma bilen iýmitlendirmäge mejbur bolandygyny aýdan kakasy Hani munuñ gyzy üçin ýaramly, amatly we ýeterlik däldigini bilýändigine garamazdan, başga alaçlarynyñ ýokdugyny aýtdy. Hani gyzynyñ ýeterlik iýmitlenmeýändigi zerarly kösenýändigini we munuñ onuñ ömür tanapynyñ üzülmegine sebäp bolandygyny aýtdy. Ölmezden öñ Ýananyñ göwresi mejalsyzdy, ýüzi saralmaga başlapdy we dowamly içi sürýärdi. Ýagdaýy erbetleşip başlansoñ, Hani ony hassahana äkitmegi makul bildi, emma oñarmady. Edil şol wagtam Ysraýyl Han Ýunus şäherine gury ýerden hüjüm edip başlady we şol sebitdäki ähli hereketi togtatdy. • Mekdebiñ howlusynda jaýlandy Mekdebiñ daş-töwereginde howa we artilleriýa hüjümleriniñ üznüksiz dowam edip durandygyny aýdan Hani ysraýyl goşunynyñ sebitde hereketi baglap goýandygyny gürrüñ berdi. Mekdebiñ daşyna çykmak ullakan howpam bolsa, gyzyny halas etmek üçin adam hukuklary boýunça edaralara we halkara guramalara ýüz tutan Haniniñ dady-perýadyna hiç kimse gulak asmady. Görgüli ata gonamçylygyñ bary-ýogy 800 metr golaýynda ýerleşýändigine garamazdan, harby maşynlaryñ keserip durandygy sebäpli mekdebiñ howlusynda öz eli bilen gyzyna niýetläp mazar gazdy we jaýlady. Ýana iýmit ýetmezçiligi sebäpli aradan çykdy, emma ol açlyk belasyna uçran ilkinji we iñ soñky gazaly däl. Halkara guramalar we adam hukuklary boýunça guramalar ähli gazalylaryñ açlyk çekýändigini we munuñ bilen ýeke özleriniñ göreşýändiklerini bilýänem bolsa, dekabr aýynyñ başyndan bäri bolan 98 wakada-da hiç kim halas etmäge ýetişilmänkä şol bir sebäpden aradan çykdy. Ýewropa-Ortaýer deñiz Adam hukuklary boýunça Gözegçilik öýi (Euro-Med) Gaza sektorynyñ günortasyndaky gaçybatalgalarda çakdanaşa açlyk zerarly köp sanly çaganyñ ölendigini, bularyñ köpüsiniñ BMG-niñ Ýakyn Gündogardaky Palestinaly bosgunlara kömek etmek boýunça gullugyna (UNRWA) degişli mekdeplerde bolýandygyny aýtdy. • Açlykdan ölmek Açlyga bagly ölümler diñe Han Ýunus şäheri bilenem çäklenmedi, Gaza sektorynyñ orta sebitinde, Gaza şäherinde, şäheriñ demirgazygynda adamlaryñ wepat bolýandygy hasaba alyndy we bh ýerlerde ýola goýlan izolýasiýa sebäpli, ýagdaýlar hasam ýaramazlaşdy. Deýr el-Balahyñ merkezindäki "Mesjidi-Aksa" hassahanasynda lukmanlar ýeterlik iýmitlenmändigi üçin ölüm halynda medisina merkezine getirilen Suha el-Ajlany halas edip bilmedi. Ol hassahana ýerleşdirilenden birnäçe minut geçenden soñ aradan çykdy. Suhanyñ dogany Kemal el-Ajla: "Marketlerde iýmäge zat tapmadyk. Uýamyñam psihologik ýagdaýynyñ ýaramazlaşmagy sebäpli iýip-içmekden ýüz öwürdi. Ol altmyş alty günden gowrak wagt hiç zat iýmedi. Ölmezden öñ diñe suw içdi" diýdi. Ajla: "Ynsanperwer kömek konwoýlarynyñ geçip barýanyny eşitdik, hatda gördük. Emma bize paýlanan zat bolmady, bu ýagdaý juda erbet we şol sebäpli uýamyzy elden giderdik. Azyk kömegine mätäçligimiz ýok, emma bazarlarda-da iýere zat ýok, ýaşaýyş gorkunç boldy, "açlykdan ölen bolmaz" diýilýärdi, emma Gazada ýeterlik azyk bolmandygy üçin ölýäris" diýdi. • Ölümler artýar BMG-nyñ Ynsanperwer işler koordinasiýasy gullugy (OCHA) Han Ýunus şäherindäki dartgynlylyk we ysraýyl goşunynyñ orta sebiti, Gaza şäherini we demirgazygyny izolirländigi sebäpli Gaza sektoryna giren çäkli kömegi birnäçe günde zordan Refah şäherine paýlap bolandygyny aýtdy. Şeýle-de, "Euro-Med"-iñ başlygy Ramy Abdu azyk ýеtmеzçiligi sebäpli saglyk problemalaryny başdan geçirýän UNRWA-nyñ mekdeplerinde açlykdan ölen çagalaryñ sanynyñ artýandygyny aýdýar. Birküç gün öñ UNRWA-nyñ baş komissary Filippe Lazzarini beren duýduryşlarynda açlykdan ölýänler hakda-da aýdyp geçipdi. Lazzarini "Gazada açlyk ýetjek derejesine ýetdi. Bir, iki, üç gije-gündizläp tagam datmadyk adamlaryñ sany barha artýar. Adamlaryñ iýmäge zady ýok" diýdi. • Kömekleriñ kemterlik etmegi Şu mesele babatda Bütindünýä Azyk maksatnamasyny Ýerine ýetiriji komitetiñ direktory Kindi Makkaýn "Gönüden-göni açlyk zerarly ölümler ajy hakykata öwrüldi. Iýmitbwe suw tapylmaýandygy sebäpler hemme zat üst-üstüne bolýar" diýdi. Makkaýn çykyşynda "Häzirki ýagdaýda açlygyñ hötdesinden gelmek mümkin däl, şonuñ üçinem gelýän ynsanperwer kömegiñ artdyrylmagy we Gaza sektoryntñ hemme ýerine paýlanylmagynyñ ýola goýulmagy gerek" diýdi. Ysraýylda syýasy we howpsuzlyk işleri boýunça jogapkär mini-ministrler geñeşiniñ başlygy Kerem Şalom söwda-gümrük nokadynyñ diñe gelýän ynsanperwer kömekleri geçirmek maksady bilen açylmagyna, häzirki wagtda Gaza sektoryny azyk bilen üpjün edýän "Refah" araçäk nokadynyñ ýany bilen işlemegine rugsat berdi. Goşunyñ press-sekretary Awiçaý Adraý "Gaza sektoryna 195-den gowrak haýyr-sahawat kömegini alyp barýan uly ýük awtoulagy geçdi. Biz Gaza sektorynyñ parahat ilatyna däl-de, "Hamas" toparyna garşy söweşýäris" diýip, beýanat berdi. Izzeddin Ebu AÝŞE, Gazaly žurnalist. Sişenbe, 19.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |