17:08 Ada Lawleýs | |
ADA LAWLEÝS
Zenan şahsyýetler
Dünýä belli iñlis şahyry Jorj Baýronyñ we Izabella Milbenkanyñ az salymlyk dowam eden nikasyndan doglan ýeke-täk gyzy Awgusta Ada King 1815-nji ýylyñ 10-njy dekabrynda dünýä inende oña Awgusta Ada Baýron ady berilýär, emma kakasy onuñ diñe Ada adynyñ tutulmagyny makul hasaplapdyr. Ada heniz bir aýlyk bäbbekä ejesi Lord Baýron bilen aýrylyşýar. Lord Baýron Angliýany terk edip, uzak wagtlap Ýewropa syýahata çykýar we gyzy bilen hiç hili gyzyklanmaýar. Şahyr sag aýagynyñ kemisligi zerarly çagalygyndan bäri psihologik näsazlyklary başdan geçirensoñ, Şweýsariýada we Gresiýa-da derdi hasam gozgaýar. Munuñam üstesine "ite bir sümek bergisi" bolan Baýron Gresiýada aradan çykýar. Adanyñ şol wagt ýañy dokuz ýaşy dolupdy. Izabella Milbenka gyzynyñ matematika we logika bolan aýratyn zehininiñ bardygyny duýup, onuñ gelejekde progressiw adamlaryñ biri bolup ýetişmegi üçin enelik aladasyny gaýgyrmandyr. Ol Uilýam Frend, Uilýam King, Meri Somerwill ýaly XIX asyryñ iñ meşhur alymlarynyñ elinde matematika we ylymyñ beýleki ugurlary boýunça bilim alypdyr. Onuñ iñ soñky mugallymlarynyñ biri-de matematikaçy we logikaçy alym Ogastes de Morgandyr. Heniz 13 ýaşly gyzjagazka uçýan enjam ýasap, onuñ momental hasaplaryny işläp çykaran Ada 17 ýaşyny dolduranda eýýäm matematikadan töweregini haýrana goýýan ukyplary görkezipdir. Ylymyñ matematika ugruna ömrüni bagyş edenem bolsa, belli fizikaçy Çarlz Uitston, ýazyjy Çarlz Dikkens, elektrohimiýanyñ atasy hasaplanýan Maýkl Faradeý ýaly öñdebaryjy adamlar bilen dostluklu gatnaşyklary saklapdyr. On dokuz ýaşanda arostokrat Uilýam Kinge durmuşa çykýar. 1838-nji ýylda King Lawleýsiñ gersogy bolanam bolsa, bu derejä köplenç Ada Lawleýs mynasyp görlüpdir. Ada üç çaga dogransoñ, belli bir wagta çenli mayematikadan uzaklaşýar. 1843-nji ýylda halypasy Meri Somerwill ony kompýuteriñ düýbüni tutujylardan bolan Kembriž uniwersitetiniñ matematika professory Çarlz Bebbij bilen tanyşdyrýar. Bu tanyşlyk onuñ ylmy karýerasynda düýpli öwrülişik sepgidi bolýar. Bebbij şol wagta çenli amala aşyrmagyñ hemişe arzuwynda gezen äpet hasaplaýjy enjamlary baradaky tamamlanmadyk taslamalary bilen meşhurlyk gazanypdy. Lawleýsiñ hem edil Bebbijiñki ýaly geñsi hüý-häsiýetleri bolupdyr. Biri-biri bilen jyny jyñkyryşan alymyñ Ada Lawleýs bilen dostlugy ömürbaky dowam edipdir. Bebbij ony häsiýetlendirende "Ol Jadygöý, jadygöýlük tilsimini ylymyñ iñ bir kesgitli ugruna aralaşdyrdy we birnäçe erkek adamyñ bäs gelip biljek güýji bilen dolap aldy" diýip, 1843-nji ýylda bolsa "Eger başarsañyz bu dünýäni, dünýäniñ dertlerini we birnäçe şarlatanlary ýatdan çykaryñ. Bu ýalançyda sanlaryñ jadygöý aýalyndan başga hemme zat wagtlaýyn..." diýip ýazypdyr. Ada Lawleýs Bebbijiñ ilkinji bolup taýýarlan uzyn hasaplamalary ýalñyşsyz işläp çykarýan "Fark" hasaplaýjy enjamynyñ esasynda "Analitik" atly täze taslamanyñ üstünde işleýär. Deşik kartly işe giriziji ulgamly, differans motorynyñ çarh goşulyp birleşdirilen geñsi "Analitik" enjamynyñ işleýşi Lawleýsiñ özüni-de haýrana goýýar. Bu enjam bug ýa-da el bilen işledilýän çarh bilen işledilip, diñe hasaplamalary däl, eýsem başga çylşyrymly işleri-de ýerine ýetirip bilmäge ukyplydy. Enjam zerur halatynda ýerine ýetirilen şol bir işi gaýtalamak üçin yza dolap, makullaýjy we funksiýalary ýerine ýetirip bilýärdi, hatda onuñ özüniñ ady-da bardy. Bu enjam hiç wagt öndürilmedigem bolsa, onuñ taslamasy häzirkizaman kompýuterleriniñ binýady bolup hyzmat edipdir. Ada Lawleýs italiýaly matematikaçy Luiji Federiko Menabreanyñ "Analitik" enjamy hakyndaky makalasyny Angliýada çap etdirmek üçin iñlis diline terjime edipdir. Bebbij Lawleýsiñ terjime eden makalasy diýeñ ýarapdyr. Ol öz bellikleriniñem makala goşulmagyny haýyş edipdir. Bellijiñ bellikleri bilen göwrümi üç esse ulalan makalada hasaplaýyş usullaryndan söz açylypdyr. Bebbijiñ "Analitik" enjamynyñ hasaplaýjysy" makalasyna ýazan ilkinji algoritmi häzirkizaman kompýuterleriñ ýazuw funksiýasynyñ binýady hasaplanýar. Makala#@ asyl nusgasyndan üç esse ululukda bolup, saz çalma, simwollaryñ el bilen ýerine ýetirilmegi, enjamyñ potansial funksiýalary ýaly gelejekde gazanyljak ösüşler öñden görüjilik bilen aýdylýar. Bebbijiñ we onuñ kömekçileriniñ öñ hem bu enjam ücin taslama programmalary işläp taýýarlandygyna garamazdan, Lawleýsiñ taýýarlan wersiýasy has jikme-jikligi we has artykmaçlygy bilen tapawutlanýar. Hut şonuñ üçinem Ada ilkinji komýuter programmisti hasaplanýar. Bebbij Ada Lawleýsiñ hasaplaýjy enjamy bilen orta goýan özboluşly oýlap tapyşyna we matematiki ukybyna "telpek" goýupdyr. Enjamyñ ýerine ýetirjek her bir işi üçin dürli-dürli maglumatlardyr sanlar görkezilmelidi. Ada Lawleýs sanlary, harplary we simwollary añladýan kodlary işläp taýýarlaýar. Kompýuter tehnologiýasynda yza öwrülme ("loop", "cycle") funksiýasy kompýuter programmalarynyñ aýrylmaz bölegidir. Yza öwrülmeleriñ teoretiki binýadyny we bulary "Analitik" enjamy bilen ýerine ýetirmegiñ usullaryny-da Ada Lawleýs işläp düzüpdir. Şol sanda "Analitik" enjamyñ "Bernoulli" sanlaryny hasaplaýjy funksiýasyny döredip ilkinji algoritmiñ düýbüni tutupdyr. Alymlaryñ käbiri Ada Lawleýsiñ kompýuter ylmyna goşan goşantlarynyñ gereginden artyk çişirilýändigini öñe sürýär we Bebbijiñ kömegi bilen algoritmleri ýazan bolmaly diýip çaklaýar. Emma Bebbij öz ýatlamalarynda "Men Ada käbir maslahatlary berdim. Oña wagty tygşytlamak üçin "Bernoulli" sanlarynyñ hasaplanyşy baradaky pikirlerimi ýazdym. Ýöne Ada maña ýazan hatlarynda meniñ gödek ýalñyşlyklarymy subut etdi" diýip Lawleýsiñ özünden has öñde bolandygyna ünsi çekýär. Ada Lawleýs çagalygyndan bäri ýarawsyzlygy, hroniki kelleagyrysy bolupdyr. Munuñam üstesine 15 ýaşynda ysmaz bolup, bir ýyldan soñ zordan ýöräp başlapdyr. Gynansak-da, ol 1852-nji ýylda, bary-ýogy 36 ýaşyndaka rak keselinden aýñalybilmän aradan çykypdyr. Ada Lawleýs Angliýada tä 1832-nji ýyla çenli aýal-gyzlaryñ ylmy ýygnanşyklara gatnaşmaga rugsat berilmedik we ylmy makalalar bilen çykyş etmegiñ hyýaly arzuwlygyna galan döwründe özüniñ aýaldygyny bildirmejek bolup adynyñ diñe baş harplaryny (A.A.B.) ulanyp kompýuter baradaky makalasyny ylmy žurnallaryñ birinde çap etdiren ilkinji zenandyr. Ada Lawleýsiñ hormatyna onuñ adyny ebedileşdirmek maksady bilen ilkinji programmirleýji dilleriñ birine "Ada" ady berildi. Her ýylyñ oktýabr aýynyñ ikinji penşenbesi bolsa "Ada Lawleýsiñ güni" hökmünde bütindünýä aýal-gyzlarynyñ ylymda, tehnologiýada, inženerçilik ugrunda we matematikada gazanan üstünlikleriniñ bellenýän gününe öwrüldi. Çarlz Bebbij pul ýetmezçiligi sebäpli "Analitik" enjamyny doly tamamlap bilmedigem bolsa, 1900-njy ýyllarda onuñ "Fark" enjamynyñ esasynda häzire çenli Londonyñ Ylym muzeýinde saklanylyp gelinýän "Fark" enjamy ýasaldy. Ada Lawleýsiñ kompýuter ylmyna goşan goşantlary 1950-nji ýyllara çenli öwrenilmän gelindi. 1953-nji ýylda B.W.Bowden Ada Lawleýsiñ ýazgylaryny we ylmy işlerini çap etdirdi. Netijede ilkinji kompýuter programmistiniñ Ada Lawleýsdigi mälim boldy. Ylym dünýäsinde mynasyp ornuny eýelän Lawleýsiñ hormatyna 1979-njy ýylda ABŞ-nyñ Goranmak ministrligi "ADA" atly programma dilini işläp düzdi. Bu dil biziñ günlerimizde-de ulanylyp gelinýär. 1998-nji ýyldan bäri ýylyñ-ýylyna Angiýanyñ Kompýuter jemgyýeti (British Computer Society) Ada Lawleýs adyndaky medaly mynasyp eýelerine gowşuryp gelýär. 2008-nji ýylda kompýuter ugrundan okaýan zenan talyplar üçin Lawleýsiñ adyny göterýän ýyllyk bäsleşik ýola goýuldy. Angliýada zenan talyplaryñ okaýan Lawleýs kolleži-de (BCS Women Lovelace Colloquium) onuñ adyny göterýär. # Internet maglumatlatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |