20:32 Adam kitaphanasy: Okamak üçin kitaplaryñ däl-de, adamlaryñ berilýän ýeri | |
ADAM KITAPHANASY: OKAMAK ÜÇIN KITAPLARYÑ DÄL-DE, ADAMLARYÑ BERILÝÄN ÝERI
Edebiýat täzelikleri
Adam kitaphanasynda - siziñ dykgatyñyza okamak üçin kitabyñ deregne adam hödürlenýär. Birinji gezek eşdeniñizde geñ görseñizem, Daniýada durmuşa geçirilen "The Human Library", ýagny, adam kitaphanasy sizi kitaplar bilen däl-de, adatdan daşary hekaýatlary bolan adamlar bilen tanyşdyrýar. Girdeji maksady bolmadyk "Adam kitaphanasyna" gelýän agzalara kitabyñ deregne adam berilýär we bu kişiler bilen gürrüñ edilýär. "Adam kitaplar" bärde meýletin ýagdaýda hyzmat edýärler. Olaryñ hersiniñ aýry-aýry başdan geçirmeleri, aýry-aýry hekaýatlary bar. Arasynda çişigigi-de bar, jynsy zorluga uçrany-da, tenini satyp gün göreni-de (seks işçisi), otizmlisi-de, jynsyny üýtgedeni-de, emigranty-da… "The Human Library Organization" diýip at berlen bu gurama birinji gezek 2000-nji ýylda Kopengagende geçirilen festiwallaryñ birinde işläp başlady. Häzirki wagta çenli ýetmiş ýurtda adam kitaphanasynyñ medeni çäreleri gurnaldy. Gurama agzalygyñ şertleriniñ birem hoşgylawly gatnaşyklary wagyz edip, dürli häsiýetli adamlara bolan ýigrenji ortadan aýyrmak. Bu kitaphanada adamlar hekaýalary birinji agyzdan diñläp, biri-birlerini tanaýarlar we jemgyýetiñ özlerine gönükdiren ýigrenç gatyşykly pikirlerinden saplanyp, mähirli gatnaşyklary pugtalandyrmaga mümkinçilik tapýarlar. "The Human Library" arkaly holokostdan halas bolan adamlar bilen, öýsüz-öwzarsyz galan ykmandalar bilen, syganlar bilen, ýetim-ýesirler bilen we otizm keselli adamlar bilen tanşyp, bir ýarym sagatlap olaryñ täsin başdan geçirmelerini diñläp bolýar. Gelejegiñ adam gatnaşyklaryny sagdyn dowam etdirmek üçin öwrenmäge mynasyp zatlarynyñ birem duýgudaşlyk... Şeýle asylly başlangyç entek biziñ ýurdumyzda synag ediliwwp görülmedigem bolsa, muny ählitaraplaýyn doly öwrenip, seljerip, belki-de, gelejekde şular ýaly gowy işiñ ýola goýulmagyna sizem gatnaşyp bilersiñiz. Facebook sahypalary: https://www.facebook.com/humanlibraryorg/ Web saýtlary: https://humanlibrary.org/111118qyqe131qqq1qqqqq1qqq3qqq11q3111q1515115111t15q1t13111 111116141151 is 111111 1111r511151111511 | |
|
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
√ Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi - 12.08.2024 |
√ Adam hekaýalary: Prawoslaw monah Dostoýewskini kürt diline geçirýär - 16.06.2024 |
√ Salman Rüşdiniñ münberde pyçaklanmagy barada aýdany - 15.06.2024 |
√ "Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024 |
√ Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi - 27.08.2024 |
√ Kitap arakesmesi - 14.05.2024 |
√ Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024 |
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||