12:26 Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowa | |
TÜRKMENISTANYŇ AT GAZANAN ARTISTI GÜLÄLEK AKMYRADOWA
Teatr we kino sungaty
Gülälek bu günem hemişekileri ýaly teatra tarap ugrady. Onuň üçin şol wagt özünden bagtly adam ýok ýalydy. Aslyýetinde Gülälek ruhubelent, hyýalbent adam. Ol her bir zatdan köp adamyň duýup bilmeýän gözelligini görmegi başarýar. Gülälek pasyllaryň içinde bahary, şahyrlardan Gurbannazar Ezizowyň goşgularyny, artistlerden Atageldi Garýagdyýewiň aýdymlaryny diňlemegi diýseň halaýar. Göwnüne bol- masa şolaryň goşgulary, aýdymlary bilen ýaşaýan ýaly. Ol öz-özünemi ýa-da gyzjagazy Maýsajygamy gürrüň berýän ýaly: — Baharam soňlap barýar... Baý, bu günleriň, bu gülleriň gowudygyny. Tebigatyň eçilen göm- gök otlarynyň ysyny diýsene. Has-da, ýaňyja orlan gök maýsalaryň ysynyň baryny demiňe dartyp alaýasyň gelýär. Bu beýhuş ediji ysdan şonda-da doýup bolar öýdemok. Arman, biz muňa üns bermän bir ýerlere ýetişip bilmeýän ýaly howlugýarys. Bu gözelligiň ortarasynda oturyp, ony synlamaga, bu ýakymly yslardan doýmaga «elimiz degme- dik» bolýarys. Belki, biz tebigata has ýakynlaşsak, ony diňlesek, duýsak, söýsek öz häsiýetimizem şonuň ýaly owadan bolsa bolardy... Şeýle oý-pikirler bilen baglaryň arasyndan işe haýdap barýarka, öz şahsy durmuşyňda-da Bahar ýaly bolaýsaň. Ýok, bu owadan tebigatyň bahary däl-de, ýazyjy Nargylyç Hojageldiýewiň «Bagyşla ýarym» romanyndaky Bahara meňzäsi gelýär. Ol şol Bahary soňky wagtlar tiz- tizden ýatlaýar. Sebäbi, ol Türkmen döwlet medeniýet institutyna okuwa girişe gelen-de, Baharyň monologyny aýdyp berip, mugallymlaryň «Berekellasyny» alypdy. Şondan bärem ol Bahary gözüne ýaş aýlap, ýatlaýar: — Ondan bäri köp wagt geçipdir. Dürli temadan dürli keşpleriň ençemesini janlandyranam bolsa, Gülälek şojagaz monology özüne has ýakyn görýär. begenjini paýlaşýar. Ol: — Eger meniň döredijiligimde bir üstünlik bolsa. ol ejemjanyňkydyr — diýýär. Gülälegiň ejesi Soltan Marydaky mugallymçylyk mekdebinde okap ýören wagtlary-da, ony tamamlandan soň hem Mary şäher medeniýet öýündäki gurnaga gatnaşypdyr. Şol wagt oňa Atageldi Garýagdyýew, Kakajan Aşyrow, öz kakasy Amannazar Ataýew dagy hem gatnaşýan ekenler. Olar bile çykyş edipdirler. Ol durmuşa çykýar we soň gurnagy taşlamaly bolýar. Şol döwürde Soltan daýza wokal aýdymlaryny aýdýar eken. Ol diýseň owadan sesi bilen aýdym aýdanda kakasy dutar çalýardy. Soň konsertleriň alyp baryjysyda bolupdyr. Tans sungatyny diýseň söýýär. Gülälegiň göwnüne bolmasa ejesi öz ýetip bilmedik arzuwlaryny Gülälege goýup giden ýaly. Gülälek hem mekdep okuwçysy wagtlary-da, goşgy okamagy, aýdym aýtmagy gowy görýärdi. Ol şol döwürde eýýäm ykbalyny sungata bagyşlamagy ýüregine düwüpdi. Orta mekdebi üstünlikli tamamlap, Türkmen döwlet medeniýet ins- titutyna okuwa girmäge synanyşýar. Birinji ýyl synaglardan geçip bilmeýär. Şonda synag alýan N.Keşikow oňa: — Gülälek sen indiki ýyl hökman gel — diýipdi. Ol şonda Nargylyç Hojageldiýewiň «Bagyşla ýarym» romanyndan Läläniň monologyny aýdyp beripdi: «... — Daýanç, bilýäňmi, men seni ilkinji gezek haçan gördüm. Sen mellek ýeriňizde kerpiç guýýardyň. Ol ýer biziň howlymyzdan görnüp durdy. Howa tüp yssydy. Gün depäňi deşip barýan petişdi. Emma sen hiç zady duýmaýan ýaly, durman işleýärdiň. Sen, hatda, seni şeýle üns bilen synlaýan gözlerdenem bihabar, şol eglip-galyp, kerpiç guýýardyň. Her egleňde-de özüňe kiçi bolan köýnegiňden ýagyrnyňa Günüň ýiti şöhlesi düşýärdi... Soň sen jaý saldyň... soňra-da göçüp geldiňiz. Bahar ikiňiziň ýa- şaýşyňyzy görüp: «Beýle-de bir agzybir ýaşaýan maşgala bolar eken» diýip haýran galdym. «Şeýle pukara ýaşaýyşda bular ýaly bagtly bolup bolýar eken» diýdim... Sen Bahara, Baharam saňa dünýäni bagyş etmä- ge taýýardy. Men size duşýançam bagt diýen düşünjä başgaça gara- ýardym. Owadan matalardan, altyn şaý-seplerden doly dünýäm birden boşap galdy. Meniň gözlerim indi diňe seni görýärdi. Meniňem Baharyň ornunda ýaşasym geldi. Edil şonuň ýaly söýlesim geldi... her gün seniň mähriban didaryňa gözüm düşüp, oýanasym geldi... Daýanç! Eýsem, men günäkärmi? Saňa Bahardan öň duşmanlygym üçin, ykbalyň bu oýny üçin men günäkärmi?! Haýyş edýän meni ýazgarma... ýazgarma...». Gülälek şonda şeýle bir keşbe giripdi welin, agşama çenli gözüniň ýaşyny saklap bilmändi. Umuman, Gülälek gussaly keşpleri gowy görýär. Belkem, bu onuň ejesiniň gussaly zaryn hüwdüsiniň, aýdymynyň owazyndan geçendir... — Onuň bile 20 ýyldan bäri, teatra gelelimiz bäri bir grim otagynda. Janypkeş, özboluşly dogumly gyz. Ol okaýarka saçy iki örümli tahýa- lyja bir gyzdy. Biri teatra, dürli mesele bilen gelse-de, kömek etmäge çalyşýardy. Sahnada özüni aýanok, keşbe durky bilen berlip işleýär. Hossarçyl, dostana. Teatrdaky 10 aýlyk studiýada mugallym boldy. Ejesi bilen kakasyny juda gowy görýär. Şol maşgalada näçe çaga bolsa hem onuň bilen maslahatlaşýarlar. Çagalykdan eýe çykmak, hossarçylyk etmek duýgusy bar. Belki, oňa bu häsiýet ejesinden geçendir. Her gezek baýrak alanda ejesini ýatlaýar. Talyp wagty öýe baranda, ejesi oňa telewizorda Ýelizaweta Garaýewany görkezip, «artist boljak bolsaň şular ýaly bol» diýipdir. Onuň terbiýesine-de, artistligine-de ejesiniň hyzmaty uly — diýip, Türkmenistanyň at gazanan artisti Maýagözel Annaýewa gürrüň berýär. Gülälek 1998-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutyny drama we kino aktýory hünäri boýunça tamamlady we şol ýyl ozalky Mol- lanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda döredi- jilik ýoluna başlady. Ol Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akade- miki drama teatrynyň sahnasynda milli dramaturgiýanyň we dünýäniň nusgawy eserlerinden sahnalaşdyrylan spektakllarda iň ajaýyp keşpleri janlandyryp, teatr muşdaklarynyň göwnünden turmagy başardy. Magtymguly Pyragynyň «Gökje kepderi» poemasy esasynda sahnalaşdyrylan «Kepderi» spektaklynda Kepderiniň keşbini ussatlyk bilen janlandyrdy. Bu keşp G.Akmyradowa drama artisti hökmünde uly meşhurlyk getirdi. Gadymy türkmen rowaýaty esasynda goýlan «Söýüň gara gözlerim» sahna eserinde Gülälek Akmyradowa Ýylanperiniň — Hüýrzabunyň keşbini döretdi. Ýylanperiniň keşbi bilen artistiň sungata söýgüsi tomaşaçylara ýetirildi. «Gelin gelýärde» Ülkeriň, «Galada» Armanyň, «Türkmennamada» Banu Çiçegiň, «Soltansöýün Myralyda» Gülpamyň, «Bernarda Alba- nyň öýünde» tansçy gyzyň, «Şeýtan zürýatlarynda» Klaranyň, Bibiniň, «Ýar gara gözleriň bendiwany mende» Jazaýrynyň, «Bakylyk binýa- dynda» Gysyrjanyň, «Göroglynyň sawçylarynda» Hupnyşanyň, «Awa- zanyň güllerinde» Suw perisiniň, «Saňa ýalan, maňa çynda» Selbiniň, «Sakawyň soňuna seretde» Mähriniň, «Hudaýberdi batyrda» Aýyň, «Romeo — Žulýetta» spektakllarynda hanym Kapulettiniň keşpleri ýaly sahna oýunlaryndaky döreden dürli häsiýetdäki zenanlaryň keşpleri onuň drama artisti bolup kämilleşmegine ýardam edip, aýratyn öwüşginde tomaşaçylara ýetirildi. Ol B.Mämmedowyň sahnalaşdyran «Perişdeler gijesi» atly sahna eserinde Karkaranyň keşbini ýokary ussatlyk bilen janlandyrdy. Gülälek Akmyradowa teatr sungatyndan başga-da, kino sungatynda hem birnäçe ýatda galyjy keşpleri ussatlarça döretmegi başardy. Ol «Kasam edýärin», «Seniň yşkyňda», «Maýagözel», «Şa geňeşiniň öňýa- ny», «Watan ogly», «Aglasa enem aglar», «Ülker» ýaly filmlerde dürli häsiýetdäki zenanlaryň kalbynyň owazyny öz zehini bilen özboluşly döredip, kino sungatynyň inçe syrlaryna aralaşdy. Onuň tebigy hem owadan sesi radio diňleýjilerine tanyş. Ol öz owadan sesi bilen türkmen nusgawy edebiýatynyň şahyrlarynyň şygyrlaryny, häzirki zaman şahyrlarynyň täze ýazan goşgularyny okap, radio diňleýjileriň ruhuna ruh goşýar. Ol režissýor O.Gummadowyň sahnalaşdyran «Galkynyşyň ak gülleri» atly sahna eserinde baş keşbi — ýaş lukman zenanyň keşbini döretdi. Garaşsyz Türkmenistanyň milli teatr sungatyny ösdürmekde we halk köpçüligine ýaýmakda bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, zenan artistimize 2008-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy. Şeýle hem ol «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XX ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesidir, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisidir. Gülälegiň joşup duran kalbynda entek döredilmedik keşpler köp. Şonuň üçinem ol: — Beýik Arkadagly zamanda, rowaçlygyň ýylynda adamlaryň kalbynda müdimilik yz goýjak üýtgeşik bir gahryman gelniň keşbini döredesim gelýär — diýip, gürrüň berýär. Biz zehinli, owadan zenanyň arzuwlarynyň amala aşjagyna tüýs ýürekden ynanýarys. Sebäbi, biziň bagtyýarlyk zamanamyz arzuwlaryň amala aşýan zamanasydyr. Çeşmesi: https://turkmenteatrlary.gov.tm/item/282. 27.03.2023ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||