16:05 Afrika syýahat | |
AFRIKA SYÝAHAT
Ýol ýazgylary
Afrikany öwrenmegiñ taryhynda rus syýahatçysy Wasiliý Wasilýewiç Ýunker özüniñ gysga ömründe (1840-1892) Ýokarky Niliñ we läheñ derýalaryñ biri bolan Kongonyñ hanalarynyñ demirgazyk sebitlerini barlamak işinde ilkinjileriñ biri hasap edilýär. Wasiliý Wasilýewiç (Wilgelm) ruslaşan nemes Ýunkeriñ maşgalasynda eneden dogulýar. Onuñ kakasy görnükli bank işgäri bolupdyr. Moskwada, Peterburgda we daşary ýurtlarda olaryñ bankynyñ şahamçalary bar eken. Ýöne W. W. Ýunker ata kesbine eýermän, Peterburgdaky gimnaziýany tamamlansoñ, Tartuwyñ (şol döwür Derpta) we Gýottingen uniwersitetinde lukmançylyk hünäri boýunça bilim alýar. Emma lukmançylyk käri ony gyzyklandyrmaýar. Döwrüniñ barjamly adamy bolansoñ, ýaş lukman ömrüni syýahat etmeklige bagyşlamagy ýüregine düwýär. Şöhraty bütündünýä ýaýran Afrika köpýyllyk syýahatyna Ýunker 1870-nji ýyllaryñ ahyrlarynda - 35 ýaşynda başlaýar. 1873-1874-nji ýyllarda Ýunker Peterburgyñ Ylymlar akademiýasynyñ hormatly agzasy bolýar, nemes taryhçysy Teodor Mommzeniñ Tunise gurnan arheologik ekspedisiýasyna gatnaşýar. Ol ýerde Ýunker arap dilini öwrenýär. Arap dilini bilmegi oña demirgazyk-gündogar Afrikanyñ arap bölegine uzak möhletleýin özbaşdak syýahatlary gurnamaga uly ýardam berýär. Ýewropalylar tarapyndan juda az ýa-da asla öwrenilmedik Afrikanyñ içki sebitlerine amala aşyrmagy meýilleşdiren syýahatlaryna taýynlygyñ çäginde W. W. Ýunker topografik surata düşüriş tehnikasyny hem özleşdirýär. Munuñ üçin ol Berline, kartograf Kippertuwyñ ýanyna gidip, onuñ eýeçiligindäki bar bolan ýörite enjamlary öwrenýär. 1875-nji ýylyñ tomsunda ýaş syýahatçy Parijde geçen Halkara geografiýa kongresine gatnaşýar. Ol ýerde Ýunker dünýä belli Afrikany öwrenijiler G. Nahtigal, G. Rolfe we G. A. Şweýnfurt ýaly öz döwrüniñ öñdebaryjy, tanymal geograflary bilen duşuşýar. Hut şol adamlar rus syýahatçysynyñ Afrika syýahatynda ugur almagyna we onuñ geljekki ylmy barlag işlerine düýpli täsirini ýetirýär. Köpýyllyk syýahatlaryndan we ylmy-barlag işlerinden soñ W. W. Ýunker 1887-nji ýylyñ başynda ýurduna dolanyp gelýär. Şol ýylyñ 9-njy aprelinde Rus geografiýa jemgyýeti Peterburgda W. Ýunkeriñ uzak möhletli syýahtyndan sag-aman dolanyp gelmegi we ony özüniñ hormatly agzasy edip saýlamagy mynasybetli ýörite dabaraly ýygnak geçirýär. Şol dabarada W. W. Ýunker ''Ekwatorial Afrika gurnalan ýedi ýyllyk syýahat barada'' atly tema boýunça çykyş edýär. Soñra bu hasabat şol jemgyýetiñ neşirlerinde çap edilýär. W. W. Ýunkeriñ amala aşyran syýahatlary we ylmy işleri onuñ adyny Afikany öwreniji iñ meşhur syýahatçy alymlaryñ hataryna goşýar. Russiýada bolsa ol Afrika syýahat eden rus syýahatçylarynyñ iñ tanymaly hasaplanýar. Gornung Mihail Borisowiç, SSSR-iñ döwlet baýragynyñ eýesi, Rus geografiýa jemgyýetiniñ hormatly agzasy Bilimi boýunça lukman Wasiliý Wasilýewiç Ýunker Merkezi Afrika ylmy-syýahatçylyk ekspedisiýalaryñ birnäçesini amala aşyrýar. 1877-1878-nji we 1879-1886-njy ýyllara Merkezi Afrikanyñ doly öwrenilmedik ülkelerine onuñ gurnan syýahatlary jahankeşde alyma dünýäniñ kartasyndaky birnäçe ''ak tegmilleri'' aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Afrikany öwreniji syýahatçynyñ ýazan giñişleýin kyssalary Ýeriñ nähili öwrenilendigini bilmäge höwes edýän her bir okyjyny biparh goýmaz diýen umyt bilen bu gymmatly maglumatlary türkmen okyjylaryma hem ýetirmegi makul bildik. 1877-1878-nji ýyllar I bap Sobat derýasy boýunça syýahat Adybelli rus syýahatçylarynyñ birnäçesi bilen 1875-nji ýylyñ 1-11-nji awgusty aralygynda Parijde geçen Geografiýa kongresiniñ işine gatnaşdym. Bu ýerde dünýä belli Afrikany öwrenijiler Nahtigal, Rolfe we Şweýnfurt bilen tanyşdym. Indi meniñ hyýal edýän syýahatlarym hakykata öwrülip, anyk göz öñüme gelip başlady. Meşhur syýahatçylar bilen pikir alşanymdan soñ, meniñ bar pikrim şol döwürde geografiýany öwrenijileriñ üns merkezinde duran Gündogar Sudanda ýerleşen Darfur ülkesine gönükdi. Men duman bilen örtülen bu syrly ülkäni ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen saýlap aldym. 1875-nji ýylyñ oktýbar aýynyñ başynda Triýeste portunda Aleksandriýa barýan uly gämä mündüm-de, bäş günden soñ Müsür kenaryna gelip düşdüm-de bäş günden soñ Müsüriñ kenaryna gelip düşdüm. Salam saña, Nil derýasynyñ döreden täsinlikler ýurdy, iñ gadymy medeniýetiñ we ylmyñ watany! Gomeriñ ''Odisseýasynyñ'' on dördünji aýdymynyñ ''Bäş günden Müsüriñ durnañ gözi ýaly dury suw akymyna geldik...'' diýen setiri biygtyýar hakydama geldi. 1876-njy ýylyñ awgustynda Hartumda bolanymda, meni Ak Niliñ goşandy Sobat derýasy boýunça ''Ssafiýa'' gãmisi bilen syýahat etmäge çagyrdylar. Gämi Nasser duralgasyna azyk eltip, pil süñkleriniñ ýygnalýan täze ýerleri barada maglumat toplamaly eken. Bu çakylygy uly höwes bilen kabul etdim. Meni bu syýahat boýunça esasy gyzyklandyran zat ㅡ ýigrimi ýyl mundan öñ ýewropalylaryñ ilkinji sapar öwrenmek üçin ýekeje ýola baryp gaýdan ýeri bolan Ak Niliñ we Sobatyñ ýokarlygyna uzap gidýän ýüzlerçe kilometr kenarýakalarydy. 25-nji awgustda syýahatymyzyñ altynjy gününi sag kenarda hünnüleriñ eden gurluşyklarynyñ görnüşi boýunça aýratyn tapawutlanýan ilkinji obasyny gördüm. Şu wagta çenli gabat gelen tukkullarymyñ* tersine, bu ýeriñ kümeleriniñ üçekleri konus görnüşinde bolman, diwarlaram ýerden göni ýokaryk galmaýan eken; üçekler beýik gümmez şeklinde gurlupdyr. Bu obanyñ şilluklaryñkydygyny bildim. Uly agajyñ astyna üýşen hünnüleriñ birtoparyny gämide duran ýerimde saýgardym. Olar naýzalaryny agaja diräp, biziñ gämimizi üns bilen synlaýardylar. Şu ýerde arap ilatly ýerler tamamlanýar. Hünnüleriñ ülkesine gadam basýas. Günbatar kenarda şilluklar ýaşaýar, gabat garşysyndaky kenar bolsa dinkalaryñky. Günbatarda ululy-kiçili agaçlaryñ jeññellikleri görünýär. Olaryñ arasyndan her ýerlerden şilluklaryñ obalarynyñ tukullary gözüñe ilýär. Gündogarda uç-gyraksyz düzlükden, ot bilen basyrylan sähralykdan başga hiç zat görünmeýärdi, diñe kenaryñ erñeginde käýerde ㅡ seýregem bolsa jeññellikleri görse bolýardy. Otluga basyrylan alañ meýdanyñ her ýerlerinden £irafalary men ilkinji gezek gördüm. Haýwanlar deñesinden geçip barýan gämiden gorkman, arkaýyn otlap ýördüler, şol sebäpden olary dürbi bilen synlap bildim. Endamynyñ şar gara reñki bilen beýlekilerden saýlanýan £irafa ünsümi çekdi. Ol garry £irafa bolsa gerek. Bu owadan haýwanlary doly synlamaga ýetişmänkäm, düýeguşlaryñ bir sürüsi peýda boldy, ýöne olar kenardan daşdady. Şonuñ üçin olary dykgat bilen synlap bilmedim. Ak Niliñ £irafalary we düýeguşlary Öýlän gözýetimde Faşoda obasy göründi. Tugunda ýarymaýly baýdak pasyrdaýardy. Tiz wagtdan Müsüre birikdilmegi bilen döwleti dolandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan ilatly ýere baryp ýetdik. 1867-nji ýyldan soñ şilluklar şalarynyñ köne düşelgelerinden Bahr el-Abiaddan ýokarlygyna galan nubiýler we donkolonlar tarapyndan ''Denab'' (guýruk) diýlip atlandyrylýan bu ýer müsürlileriñ şäherine öwrülip, hökümet wekiliniñ gelýän ýeri we günorta serhetlerini goraýan port ㅡ gämi menzili bolupdyr. Şilluklaryñ bu obasy kenaryñ demirgazygynda, iki kilometr çemesi uzaklykda ýaýylyp ýatyrdy, obanyñ köp sanly kümeleri bir-biri bilen ep-esli aralykda gurlup, olar giñ meýdany eýeläp otyr. Odun ýükleýänçäler balyk tutýan şilluklary synladym. Olar öñ tarap ujy ýokaryk galdyrylyp, gondollara meñzedilen kiçijik sallarynda balyk ýaly çaltlyk bilen ýüzýärdiler. Bu sallar amgabo agajyndan (''Aedemone mirabilis Kotschy'') ýasalýar, olaryñ egri, insiz uçlary ýokaryk galyp, ýokarky dañylar bilen birigip, burun emele getirýär. Olar şeýlebir ýeñil welin, hatda üç adamlyk saly bir adam arkaýyn kellesinde göterip bilýär. Ýöne bu öýjükli agaç çyg eken, şonuñ üçin ony çalt-çaltdan guratmaly bolýar. Hünnüler gaýygy kenara çykaryp, gamyşlaryñ üstünde guratmaga goýýarlar. Meniñ synlap duran sallarymyñ hersiniñ üstünde bir şilluk bardy. Balykçy elleriniñ aýasy bilen oturgyja direnip, dyzynda oturýar, gysga kürek bilen saly ugrukdyrýar. Onuñ ýanynda uzyn agaç saply, demir çişlerden edilen köp sanly dişjagazly balyk tutmak üçin niýetlenen naýza bardy, naýzanyñ sapy bäş metrlik şekerçiñrik bilen uzaldylypdyr, ol gaýygyñ yzy bilen ýüzüp gelýär. Akymyñ ugry bilen aşaklygyna ýüzüp, şilluk Sobata we Bahr-el-Abiadda toplum-toplum bolup gezýän balyklaryñ sürüsine naýzasyny urýar, suwda ýüzýän müñlerçe guş hem bu ýerde özlerine iýmit tapynýarlar. (dowamy bar) Wasiliý Wasilýewiç ÝUNKER, rus syýahatçysy Terjime eden Kakamyrat GELDIÝEW __________ *Tukul ㅡ Hebeşistanda, Sudanda we gündogar Afrikanyñ beýleki ýerlerinde gurulýan tegelek görnüşli öýlere aýdylýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |