18:54 Agzybirlk we Watansöýüjilik mekdebi | |
AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI
Magtymgulyny öwreniş
Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir. Ol öz ykbalyny bagyş eden işinde günbe-günden kämilleşip, öz döwrüniň ussat şahyry hökmünde halkyň söýgüsini gazanypdyr. Magtymguly Pyragy öz döwrüniň öne süren ýiti meselelerinin oňyn çözgüdini gözläp, durmuşda bolýan nogsanlyklary, olaryň pajygaly netijelerini ýürek hesreti bilen berk ýazgarypdyr. Türkmenleriň bir döwlete birikmek, goňşy halklar bilen dostlukly ýaşaşmak ideýasy şahyryň eserlerinin süňňüne ornaşypdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki in uly hyzmatlarynyň biri onuň agzybirlik ugrundaky tagallasydyr. Berkarar döwleti döretmek barada arzuw eden beýik şahyryň we akyldaryň röwşen umyt-ideýalarynyň hakdygyny taryh subut etdi. Örän çylşyrymly döwürde ýaşan Magtymguly öz döwrüniň her bir nogsanlyklaryna, ýaramaz hadysalaryna ýakyndan seslenipdir, köňül eleginden geçirip, olary berk ýazgarypdyr, olaryň öňüni almagy öz döwrüniň esasy wezipesi hasap edipdir hem-de türkmenleri agzybirlige, özara birleşip döwlet döretmäge çagyrypdyr. Magtymgulynyň döredijiliginde agzybirlik, Watan, il-gün baradaky eserler esasy orun tutýar. Beýik şahyr öz halkynyň ykbaly barada ýakyndan alada edip, onuň erkinlik, özbaş-daklyk baradaky asylly arzuw-umytlaryny, isleglerini ussatlyk bilen beýan edipdir we halky agzybirlige çagyrypdyr. Ol özüniň «Türkmeniň» atly ajaýyp şygrynda Köňüller, ýürekler, bir bölüp başlar, Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar, Bir suprada tayýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň. Magtymguly agzybirligi erkin, rehnetli durmuş gurmagyň esasy we ilkinji şertleriniň biri, parahat, asuda durmuşyň girewi hasaplapdyr. Şu röwşen ideýalary amala aşyrmak üçin «bir äriň daşyna jemlenmelidigi» baradaky pikirleri öne sürüpdir. Magtymguly ata-babalaryň penilerine we Firdöwsiden, Nyzamydan, Nowaýydan gaýdýan progressiw syýasy düşünjeleriň dessurlaryna wepaly adam hökmünde döwleti parasatly, bilimli we ynsanperwer hökümdaryň dolandyrmagy zerur diýip hasap edipdir. Magtymgulynyň özüniň hem şeýle hormat goýýan we onuň ynamlaryny ödäp biljek adamlaryň kabirlerine ýakyn durandygyny käbir subutnamalar tassyklaýar. Şeýle adamlaryň ikisi barada onuň goş-gularynda agzalyp geçilýär. Olar Öwez batyr we Çowdur han ýaly adamlardyr. Ol «Ärden» diýen şygrynda: Agyr döwletler aýrylar, Bir agza bakmaýan ärden — diýen bolsa, «Ýalydyr» goşgusynda: Öter ömrüň — dünýa seýliň, Hak ýoluna bagla biliň, Agzy ala bolan iliň Döwleti gaçan ýalydyr — diýip, bu pikiri dowam edýär. Magtymguly öz il-gününi, Watanyny dine bir oňal görmek bilen çäklenmän, onuň özbaşdaklygyny saklamak, gerek bolsa janyny gurban etmek ýaly watançylyk pikirlerini öňe sürüpdir. Şonuň üçin ýigidiň edermenligini, mertligini Watan bähbidi, il-halk bähbidi bilen içgin baglanyşdyrýar. Şu jähetden ol halkyň erkin durmuşy ugrunda gaýratly göreşen ýigitleri wasp edip, gara nebislerine hyzmat eden namartlary, gorkaklary bolsa pugta ýazgarýar. Magtymguly Watana, halka wepaly bolmagy hem-de yhlasly hyzmat elmegi jemgyýetiň gözelligi, adamyň ajaýyplygy, gaflatparazlygy ýoga çykarýan şamçyrag hasaplaýar. Magtymguly öz goşgularynda iliň-halkyň güýjüne mynasyp baha berýär. Ol «Ýaşymyz» diýen şygrynda şeýle ýazýar: Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn, Ýurt binamyz gaýym botsun, gurulsyn, Çille mest nerlermiz barça aýylsyn, Bir suprada eda bolsun aşymyz. Watansöýüjilik temasy beýik şahyryň döredijiliginiň esasy meselelerinin biri bölüp, onuň eserleriniň içinden eriş-argaç bölüp geçipdir. Şahyr hakyky watançylaryň halk köpçüligidigine düşünýär, şonuň üçin hem ol Watanyň üstüne howp abanan wagty, olara ýüz tulup, iliň-ýurduň ar-namysyny gorap saklamaga bütin türkmen halkyny çagyrýar. Magtymgulynyň «Türkmeniň», «Gürgeniň», «Gökleň», «Türkmen binasy», «Ili gözlär», «Bilinmez» ýaly ençeme goşgulary onuň watansöýüjiliginiň beleni mertebesini görkezýär. Ol şu hili eserleri bilen adamlarda öz ýurduna, iline söýgi, guwanç häsiýelleriniň döremegine hemaýal edipdir. Hak sylamy ş, bardyr onuň saýäsy, Çyrpynşar çölünde neri, maýasy, Reňbe-reň gül açarýaşyl ýaýlasy, Gark bölmüş reýhana çöli türkmeniň. Tebigat bilen berk baglanyşygyň joşguny netijesinde şahyrda watanperwerligiň çuňňur we güýçli duýgusy döreýär. Bular bolsa onuň goşgularynda şahyryň ruhy dünýäsiniň iň möhüm sülünleriniň biri bölüp durýar. Magtymguly Watana, halka wepalylygy we söýgini adamyň kämilligi, onuň ruhy gözelligi hasap edipdir. Bitewi türkmen döwlelini dörelmäge çagyrmak bilen, ol öz goşgularynda halk köp-çüliginiň güýjüne mynasyp baha berýär. Şahyr hakyky watançylaryň halkyň uly bölegini düzýändigine düşünýär. Magtymguly Pyragynyň agzybirlikde ýaşamak, Watany ak ýürekden söýmek baradaky arzuwlary Berkarar döwleliň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurt Baştutanymyz döwleliň güýjüniň milletiň bitewüliginde we agzybirligindedigini mydama nyglap geçýär, döwleliň üstünlikleriniň esasynda bolsa parahatçylygyň we agzybirligiň durandygyny belleýär. Beýik akyldaryň türkmen halkynyň durmuşyndaky orny barada söz açyp, hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň bize ajaýyp eserleri miras goýan şahyr we akyldardygyny belläp geçýär. Häzirki wagtda tutuş adamzal beýik filosofyň we ynsanperwer şahyryň şygryýetinden joşgun we ruhy kuwwat alyp, parasally türkmen danasynyň döredijiligine uly hormat goýýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly: «Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr». Atageldi BAÝLYÝEW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent. # turkmenistan_2016 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |