10:48 Ahal hakda Bedew hakda | |
AHAL HAKDA BEDEW HAKDA
Çagalar edebiýaty
Ine size ýelden ýyndam, Ýyldyrym deý bedew aty Söýüp gelen türkmenleriň Goýup giden rowaýaty. Gadym zaman, hol görünýän Harabalaň şäher wagty, Durmuş diýlen beýik zadyň Ajy wagty, zäher wagty. Ýol talaýan garakçylaň, Galtamanlaň kän mahaly, Bir bedewsiz, bir gylyçsyz Gün görmäniň kyn mahaly, Ýaşanmyşyn Ahal atly Gerçek ýigit, zor ýigitmiş. Görogly-ha dälmiş welin, Görogluça bar ýigitmiş. Ýaşlygyndan göreş tutup, Ýany ýere degmänmişin. Men-men diýen pälwanlarňam Ondan ini dyglanmyşyn. Bolanmyş bir bedew aty Ile meşhur dor atmyşyn. Rahşam däl, Şebdizem däl, Şol atlarça bar atmyşyn. Keýerjekläp ýola çyksa, Durşy bilen zynatmyşyn. Çapanynda dört aýagy Uçup barýan ganatmyşyn. Käte-käte messan basyp, Käte galyp çarpaýyna, Tüýs mynasyp bolan atmyş Telim toýuň serpaýyna. Dab-dabasy ýatyrmanmyş Eýran şasyn, Hywa hanyn. Ine şolar şol at üçin Hödürlänmiş dünýäň malyn. Ýöne welin, köşeklerim, Ýokdur entek gören kişi, Serçe bolsun, bürgüt bolsun, Öz ganatyn satan guşy. * * * Şu ýerlerde ýaşanmyşyn Bir bölejik erkin oba. Eýrana-da, Hywa-da ol Baş egmänmiş ata-baba. Minnet çekmän ýaşanmyşlar Ganhor şadan, ýowuz handan, Şonuň, üçin, köşeklerim, Kä oýandan, kä bu ýandan Talaňçylar, galtamanlar Dökülermiş mahal-mahal. Ine bir gün üç ýigidiň Biri bolup gerçek Ahal, Gelýän wagty bir ýerlerden Sataşanmyş topar duşman. Gaçanmyşyn iki ýigit Olar bilen güýç synaşman. Atlaryna çalyp gamçy, Atdan beter sojap, haşlap, Gaçanmyşlar, bu meýdanda Ahalyň bir özün taşlap. Ahal bolsa duşmanlara At salanmyş, gyljyn sogrup. Dabyrdaşýar bedew atlar Toýnaklary toprak sowrup. Ulanýar ol şo söweşde Serkerdeleň paýhasyny, Göroglunyň «it urşuny», Onuň «wellemşahasyny», Gylyç gylja degeninde Çabrap-çabrap çykýar ýalyn. Deň bolmadyk agyr söweş Dowam edýär ençe salym. Duşman halys köplük bolup Agdaranmyş ony atdan. Bürgüt näme, serçe näme Aýrylansoň guş ganatdan. «Iňlär siňek ýok bu çölde Ýigdiň özi ýalňyz-ýeke, Urna-urna ölsün — diýip — Jebir baryn çeke-çeke». Daňyp, taşlap gidenmişler Sypmaz ýaly mäkäm sarap. Näderini bilmän ýigit Ýatanmyşyn gögün garap. Urunýar ol, el-aýagyn Çözjek bolýar dyzap-dyzap. Halys bolup eňki gidýär, Netije ýok, gury azap. * * * Hol beýleden ýaşan Günüň Ýaşan ýeri durşuna gan. Göýä inen ýaly ýigdiň Depesinden ahyrzaman. Aždarha deý gara hasrat Şemal bilen sogup gelýär. Dünýä gara gaýa bolup. Oň üstüne agyp gelýär. Ýuwaş-ýuwaş al reňke Öwrülýär bu gara duman. Beýleden Aý dogup gelýär Aýyň ýüzi durşuna gan. Synlap ýatyr töweregin Şonuň symgylt ýalkymyna. Wagt bolsa süýşe-süýşe Ýetýär daňyň alkymyna. At toýnagnyň dükürdisi Tisgindirýär ony birden. Ýöne oba tarapdan däl Eşdilýär ol başga ýerden. Görse ine öz bedewi Baş egip dur, ýüzün ýalap. Ölen umyt direlenmiş, Buza dönen kalby ýylap. Sarap ýigdi tanap bilen, Daňsalar-da näçe gaty, Dişi bilen çekip, çeýnäp Ýolanmyşyn bedew aty. Ýigit onuň maňlaýyna, Ýüzlerine ýüzün oýkap, «Dostum» diýip, begenjinden Aglanmyşyn başyn ýaýkap. * * * Olja edip, ýesir ýigdiň Atyn alyp giden duşman Hiç bir ýerde aýak çekmän, Hiç bir ýerde atdan düşmän, Ýetenmiş öz galasyna, Al asmanda ýyldyraşyp, Görneninde ak ýyldyzlar, Ysyrga deý bulduraşyp. Galadaky adamlaryň Hemmesi bir ýere üýşüp, Synlanmyşlar dor bedewi, «Päh-päh bu bir gudrat» diýşip. Çyra düşüp simap beden Lowurdanmyş altyn öwsüp. Ýigitleriň biri ine Oň gerşine münýär towsup, Çarpaýyna galan bedew Meňzäp ýaýdan sypan tire Öňe tarap okdurylýar. Sägin nire, saklan nire. Ýaňky towsup münen ýigdi Hol beýlede pylçap, ýykyp. Gabat gelen päsgellerden, Haýatlardan böküp-böküp, Öňki gelen yzy bilen Çapa-çapa, ýorta-ýorta, Uzak ýoluň tanapyny Çeke-çeke, darta-darta, Uçup barýan laçyn ýaly Käte galkyp, käte ýerläp, Eýesiniň gaşyna ol Gelenmişin sojap, derläp. Şonuň ýaly bedew aty Durup bormy heý-de öwmän, Sany ýokmuş goç ýigidiň Gözlerinden gaçan düwmäň. Bagra basyp sypalaýar Käte boýnun, käte dyzyn... Ýöne welin duşmanlaram Gaçyp gaýdan atyň yzyn Alyp şo dem eňenmişler Haýal-ýagal etmän sähel Gün beýleden doganynda Atlylary görüp Ahal, Böküp atyň eýerine, Bir silkenmiş jylawyny. Düş-düş bedew oba tarap Ýapyranmyş gulagyny. * * * Dor bedewiň ýyndamlygyn Tarypladym ilki başda. Eýermez oň aýagyna Bükefal-da, Rahş-da. Burunlaryn parryldadyp Ýüzüni bir ýelä tutsa, Oň yzyndan ýetjek bedew Ýokmuş onsoň bu ulusda. Duşmanlaram galman ondan Başlananmyş gaç-ha — kowluk. Dor at welin gabat gelen Päsgellerden, zatdan sowlup, Geçjek bolup wagt ýitirmän, Geçip gidýär towsa-towsa. Ýetdirerli dälmişin ol, Atlar-a däl, guşam kowsa. Bykynyna elin urup Durşy deýin gara döwüň. Keserenmiş gara gaýa Garşysynda dor bedewiň. Ýene ýagyň penjesine Düşäýmeli bormy gaýdyp?.. Kowgy bolsa şu pursatda Oň yzyndan ýeterin öýdüp, Begenenmiş öz ýanyndan Atlaryny gyssap hasam. Sypara ýol tapaýmagy Mümkin onuň, gijä galsaň. Ahal bolsa ine şonda Dor atyndan medet diläp, Diýenmişin: «Dostum, meni Orta ýolda etme heläk. Berme duşman ellerine Gaçyp giden dostlam ýaly. Dor bedewim senden medet, Galan ömrüm saňa bagly...» Gamçysyny galdyranda Ýene näme-näme sarnap, Bir bökenmiş şonda bedew. Edil gaplaň ýaly arlap. Gelýän kowga pursat bermän Göz aýlara o ýan, bu ýan, Ýaňky bedew bir görseler Gerşindemiş gara gaýaň. * * * Gerçek ýigit şondan soňra Şol ýagydan halas eden, Gulaklary gamyş ýaly Altyn reňk, symap beden Dor bedewi söýenmişin Söwer dostuň deregine Deňänmişin ony dünýäň Gudratyna, keremine. Bir gezegem silkmänmişin Gaýdyp onuň jylawyny. Ilki ata hödürlänmişin Öz iýmeli palawyny. Soň ol seýis bolanmyşyn, Halypasy ähli seýsiň. Hokranarmyş bedew atlar Eşdeninde onuň sesin. Goja seýis öleninde Il-gün oňa hormat goýup, Onuň ýaşan obasyna Adyn dakýar Ahal diýip. Içi bilen geçen söz bu Müňläp ýazyň, müňläp gyşyň. Bu ýerlere Ahal ady Ine şondan galanmyşyn. Müň bir toýda ula gidip Öňüne at geçirmedik, Seýisleriň söýgüsini Asyrlarda öçürmedik. Durky tylla ergininden, Gulaklary ak gamyşdan, Ýaryşanda öňe düşüp, Ozup gelen uçar guşdan, Müň gerçegi halas eden Çozup gelen müň bir ýowdan, Ahal-teke atlary-da Gaýdanmyşyn dor bedewden. Agzyn açyp gaşyňyzda Rowaýatly köne haltaň Ine size, köşeklerim, Diýjek sözi Sarman ataň. Awgust, 1980 ý. Mämmet SEÝIDOW. "ALTYN AÝ" kitapdan, 1993 ý. TÜRKMEN MILLI ÝAZUWYNA GEÇIREN YOUTUBE KANALY MIRASYM | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |